19:29 Ukrainanyñ basylyp alynmagy Orta Aziýa üçin nämäni añladýar? | |
UKRAINANYÑ BASYLYP ALYNMAGY ORTA AZIÝA ÜÇIN NÄMÄNI AÑLADÝAR?
Publisistika
Ukrainanyñ Russiýa tarapyndan köp wagtdan bäri garaşylan, jedeli edilen okkupasiýasy başlady we Orta Aziýadaky türki respublikalar gyzykly tennis oýnuna tomaşa edýän ýaly Günbatar bilen Russiýanyñ arasyndaky kesek atyşmalary hem-de hemleleri syn edýär. Oýun indi täze başlady we tomaşaçylardan hiç biri taraplar üçin heniz hiç zat pyşgyrmasa-da, kimiñ haýsy topara janköýerlik edýändigi belli. Orta Aziýanyñ bäş respublikasy tutuşlygyna diýen ýaly Günbatar bilen Russiýanyñ arasyndaky "çopan göreşinde" agalary Putiniñ ýanynda ýer alýarlar. Munuñam birnäçe sebäpleri bar, iñ esasysy-da 150 ýyllap rus agalygynda ýaşamagyñ beren öwrenşikli endikleri bilen hemişe, aýratynam daşarky meselelerde Russiýanyñ öñbaşçylygyna we ýol görkezijiligine mätäçlik duýýandyklary. Galyberse-de, Orta Aziýanyñ döwlet ýolbaşçylary boýlaryndan aşan bir mesele ýüze çykanda "Russiýa näme diýerkä, bize nähili ýol görkezerkä?" diýip, derrew Moskwa ýüzlenýärler. "Biz indi garaşsyz ýurt, özbaşdak karara geleliñ, öz ýolumyzy özümiz kesgitläliñ" diýmek hiç biriniñ aklyna gelmeýär. Geçen tomus talibanlar Owganystanda häkimiýeti eýelände Orta Aziýanyñ bäş respublikasynyñ "Indi näme ederkäk?" diýip, Moskwa ýüzlenmekleri we Putiniñ görkezmesi bilen Owganystan serhedinde bilelikde harby-okuw türgenleşiginiñ geçirilmegi munuñ iñ bärkije mysaly. Gazak prezidenti Tokaýewiñ şu ýylyñ ýanwar aýynyñ başynda öz ýurdundaky tolgunşyklary basyp ýatyrmak üçin Russiýadan goşun soramagy hem ýene bir mysal. Orsyýete isleseñiz kaka diýiñ, isleseñiz är, isleseñizem aga - ol Orta Aziýa üçin soñky karary berýän, soñky nokady goýýan maşgalanyñ ulusy hökmünde çykyş edýär. Hemmeleriñ bilýän bir hakykaty bar: Orta Aziýadaky ýolbaşçylar we hökümetler öz halklary tarapyndan halanylmaýar, munuñam özüne ýetik sebäpleri bar. Halanmak beýlede dursun, soñky Gazagystan mysalynda görşümiz ýaly, Orta Aziýa halklary ýurtlarynyñ baýlyklaryny talaýan, ogurlaýan, öz keýpi-sapalaryna harçlaýan liderleri itden beter ýigrenýär. Olardan halas bolmagyñ ýoluny tapmaýandyklary üçin bialaç garaşýarlar. Emma geñ ýeri, täjiginden özbegine, gazagyndan gyrgyzyna Orta Aziýalylaryñ barsy ilkinji gezek bir meselede - Russiýa meselesinde öz häkimiýetleri bilen bir tarapda ýer alýar. Orta Aziýada halk köpçüligi hemişe bolşy ýaly bu gezegem Russiýanyñ tarapynda, olar Putiniñki dogry bolansoñ, ABŞ-nyñ Ukrainadaky oýnuny bozmaga jan edýändigini düşünýärler. 2018-nji ýylda Täjigistanda tanşyp, öýüne myhman bolanymda bir türkmen gojasy "hernä, başymyzda Orsyýet ýaly uly güýç bar, ýogsam ABŞ bizi ýöne goýmazdy" diýýär. Türki respublikalarda ýüzlerçe adamdan şuña meñzeş pikirleri eşidemsoñ, bu meni geñ galdyrybam durmady. Sebäbi bu ýerlerde Orsyýete bolan söýgi bedene gazylyp çekilen tatiurowka ýaly ýüreklere siñip gidipdir. 2015-nji ýylda Russiýa bilen bolup geçen uçar konfliktinde Orta Aziýa respublikalarynyñ barsy Orsyýediñkini dogry hasaplapdy. "Russiýadan müñlerçe kilometr uzaklykdaky türk serhedinde rus istrebiteliniñ nä köri bar?" diýip soramak bolsa hiç bir kowumdaşymyzyñ ýadyna düşmändi. Orta Aziýa liderleri we halklary ukrain topragyny depgiläp öñe barýan rus tanklaryny ýürekden alkyşlaýarlar, emma olaryñ özlerine garaşýan howpdan habarlary ýok. Şu gün Ukrainada saklatmadyk Russiýa erte-birigün Orta Aziýanyñ bir ýerine girip, arkaýynlyk bilen öz düzümine birikdirip biler. Munuñ üçin edil Donbasda bolşy ýaly ruslaryñ köp ýaşaýan ýerinde halky aýaga galdyryp, özüne kiçiräk bahana döretmesi ýeterlik. Bu meselede iñ uly howp astynda galýanam Gazagystandyr. Şeýle-de rus parlamentindäki birnäçe deputat eýýäm birnäçe wagt bäri Gazagystanyñ rus ilatly demirgazyk-günbatar oblastlarynyñ Russiýa degişlidigini öñe sürýärler. Pul bolanda-da, añsat ýoldan edinip bolýan her dürli maddy we magnawy zatlaryñ o diýen gymmaty ýok. 1991-nji ýylda añsatlyk bilen garaşsyzlyklaryna gowşan Orta Aziýa respublikalaryna garaşsyzlyk edil häzir, gynansak-da, kän zady añladyp duranok. Bu ýagdaý diñe Orta Aziýa üçin däl, Çeçenistan ýa-da Pribaltika ýurtlary ýaly biri-ikisi bolaýmasa, öñki sowet geografiýasyna girýän ýurtlaryñ ählisine mahsus. Birnäçe aýlap dowam eden uruş alkymlaryna gelip direýänçä we 150 müñden gowrak rus esgerine garamazdan ukrainalylaryñ howsaladan uzak, arkaýyn görünmekleri hem şonuñ üçin. Umuman alanda adamlaryñ bolşy "Kim gelse şo gelsin, asudalygymyz bozulmasa bolýar" diýýäne meñzeýär. Orta Aziýa ykdysady taýdanam Orsyýete garaşly. Meselem, Gazagystan Russiýanyñ öñki sowet geografiýasyndaky iñ uly ykdysady partnýory. Belorussiýanyñ, Russiýanyñ, Gazagystanyñ düzen ykdysady regionynda harytlaryñ we hyzmatlaryñ ýöreýşi erkin ýagdaýda. Üç milliondan gowrak özbek, 1,6 million täjik we 620 müñ gyrgyz raýaty arzan işçi güýji hökmünde Russiýada gezip ýör. Bütindünýä bankynyñ berýän maglumatlaryna görä, Russiýadaky täjik işçileriñ öýlerine ugradýan pulundan alynýan töleg Täjigistanyñ daşardan gelýän girdejisiniñ 30%-ni tutýar. Bu görkeziji Gyrgyzystanda 28%-e, Özbegistanda 18%-e ýetýär. Başgaça aýdanda, bu üç ýurduñ her on raýatyndan biri Russiýada işleýär. Türkmenistanlylaryñ iş gözläp gidýän ýurdy bolsa, Türkiýe. Türkiýäniñ çar künjünde, hatda Demirgazyk Kiprde müñlerçe türkmenistanly gaçgak ýagdaýda işläp ýör. Türkmenler soñky döwürde Polşanyñ has gowudygyny gördüler, olar Stambuldan topar-topar bolup bu ýurda gidýärler we gurluşyk, ekerançylyk işlerinde işlemäge başladylar. Günbataryñ goýýan sanksiýalary sebäpli Russiýada başlajak krizis bütin Orta Aziýa ýurtlaryna ýiti täsirini ýetirse gerek. Mundan has köp täsirlenjekler raýatlarynyñ öýüne ugradýan pulundan görýän peýdasyna mätäçlik duýýan Özbegistan, Tajigistan, Gyrgyzystan hem-de Russiýa bilen düýpli ykdysady gatnaşyklary bolan Gazagystan. Rus krizisinden iñ az täsirlenjek ýurt bolsa, gaz-nebitden gelýän puly bilen ykdysadyýetini häzire çenli çökertmän saklamagy başaran Türkmenistandyr. Gysgaça aýdanda, Ukrainanyñ okkupirlenmegi Orta Aziýa üçin syýasy-ykdysady taýdan uly howp abandyrýar. Putin eger Ukrainada öñünde goýan maksadyna ýetse, birmahal ölüp giden SSSR-i ýa-da onuñ başgacarak wersiýasyny täzeden janlandyrmaga synanyşyp biler. Siziñ pikiriñizçe, Ukrainany görmezlige salan dünýä rus tanklarynyñ zynjyrlarynyñ astynda iñleýän Orta Aziýa gañrylyp sereder öýdýäñizmi? Esedullah OGUZ. 24.02.2022 ý. * Makalada beýan edilýän pikirler awtoryñ özüne degişli we "Independent Türkçe" saýtynyñ editorial syýasatyna gabatlaşman biler. © The Independentturkis | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |