08:40 Uly öwrülme | |
ULY ÖWRÜLME
Maliýe we ykdysadyýet
Ýene bir ykdysady krizis bilen ýüzbe-ýüz bolduk. AKP-niñ ýigrimi ýyllyk häkimiýetiniñ soñunda Türkiýäni uçurymyñ gyrasyna getirendigini görýäris, başdan geçirýäris... Emma... Mesele diñe Erdoganmy näme? AKP-niñ ýerine geljek häkimiýet haýsy ykdysady düzgüni, nähili bina eder? Kyrk ýylyñ içidir, eýýäm sekizinji gezek maliýe krizisini başdan geçirýäris. Häkimiýete geljek partiýanyñ ykdysady sistemalaryñ iñ kesgitleýji aýratynlygy bolan syýasy pozisiýasy nähili bolar? Kyrk ýyl bäri eýerilip gelnen ykdysady sistemada ýalñyşlygyñ bardygyny iñ bolmanda indiden soñ ara alyp jedelini etmegimiz gerek dälmi? Gündelik bolar-bolmaz gep-gybatlara wagtymyzy öldürmegiñ ýurdumyza peýdasy ýok! Ýurduñ düşünje dünýäsinde neoliberalizmiñ gegemoniýasy bar we biziñ muny tary-mar etmegimiz lazym. Muny başarmasañyz üçüsi meñzeş - Özal, Çiller, Erdogan gider, ýene şolara meñzeşleri häkimiýete getirersiñiz. Hawa. Sistemany soraga çekmek gerek - bu kyrk ýyllyk ykdysady maksatnamadan daşgaryn başga ýöremäge ýol ýokmy? Werziş etdirilenlerden gutulyp, kelläñizi ýokaryk galdyrsañyz, dünýäde neoliberalizme garşy bildirilýän tankydy synlary we gidiljek täze ýollaryñ gözlenýändigini görersiñiz. Elmydama ýazyp gelýärin: kişileriñ däl-de, sistemalaryñ üstünde pikir alyşalyñ. Şu klassyky sözi bilmeýäniñiz ýokdur: Kiçi adamlar kişileri, ortatap adamlar wakalary, beýik adamlar pikirleri ara alyp maslahatlaşar, pikir alşar… Ýumagyñ ujuny çöşlemäge dowam edeliñ... • NIJEME ÝYLDAN SOÑ GELEN ABRAÝ Soñky döwürde ýygy-ýygydan adyna we kitabyna ýüzlenilýän, mysal alynýan ykdysatçy bar: Karl Polani (1886-1964)… Günbataryñ agalyk sürüji ykdysady düşünjesine garşy çykandygy we gymmatly klassyky kitaby “Uly öwrülme” bilen tanalan wenger akyldary. 1944-nji ýylda ýazylan bu kitap neneñ edip has soñky ýyllarda mynasyp gyzyklanmasyny gördi? 2001-nji ýyl. Nobel baýragynyñ laureaty amerikan ykdysatçysy Žosef Stiglisiñ sözbaşysy we dünýäniñ görnükli ykdysatçysy we syýasy sosioglaryndan Fred L.Blokyñ giriş ýazgysy bilen “Uly öwrülme” täzeden neşir edildi. Şol wagt neoliberalizmiñ marksist däl ykdysatçylar tarapyndanam tankyt astyna alynan döwrüdi. (Kitaby türkçä Aýşe Bugra geçirdi. Osman Kawalanyñ aýaly professor Aýşe Bugra hakda aýratyn makala ýazjak.) Käbir ykdysatçylar dünýäniñ boýnuna dakylan wagşy kapitalizm-neoliberalizmiñ garşysyna “Uly öwrülme” bilen çykdy. Çünki, Karl Polani şeýle diýipdi: – Öz düzgünlerine görä işleýän bazar ykdysadyýeti doly utopiýadyr. – Şeýle sistemany gurmak jemgyýete düýpli zyýan ýetirer. Polaniniñ bu tankydy belliginiñ dogrudygy, hususanam bazar ykdysadyýetine geçilmäge jan edilen Russiýada işler öz akymyna goýberilende orta ullakan haos çykan wagty görüldi. Döwletiñ bolmadyk bazarynda boşlugy mafiýa doldurýardy. Edil şol döwürde döwletleriñ kadalaşdyryjy roly bilen Gündogar Aziýadaky käbir ýurtlaryñ çaltlyk bilen galkynyş döwrüne gadam basmagy Polaniniñ ýyldyzyny parlatdy... “Sosal syýasatlar gulçulyga äkidýän ýoldur” diýen neoliberalizmiñ atasy Fredrik Haýegiñ garşysyna Polani bilen çykyldy... • FAŞIZMIÑ SEBÄBI Polani Günbatar siwilizasiýasynyñ çökmegine sebäp bolan faşizmiñ gelejekde gaýtadan ýykgynçylyga ýol açmazlygy üçin onuñ orta çykyş sebäpleriniñ mazaly öwrenilmeginiñ gerekdigini ýañzytdy: “Faşizmiñ nämüçin ýüze çykandygyna, nämelerden gözbaş alandygyna düşünilmese, gelejekde warwarlykdan we uruşdan gaça durmak kyn bolar.” Kitabynyñ 1944-nji ýylda çapdan çykandygyny ýatladýaryn: Polani 1929-njy ýylyñ uly ykdysady krizisine sebäp bolan urdumşaly bazaryñ we faşizmiñ döreden urşunyñ janly şaýadydy... Ol şeýle diýdi: Bazara diñe ykdysady teoriýa arkaly düşünip bolmaz, eger-de ykdysady gatnaşyklary jemgyýetçilik gatnaşyklaryndan aýyl-saýyl edip (soyutlama, абстракция) bilmeseñiz... Ol jemgyýetçilik gatnaşyklaryny çym-pytrak eden bazar ykdysadyýetiniñ nähili çökendigini düşündirmek üçin taryha ýüzlendi - kapitalizmden owalky jemgyýetlere we hatda ilkidurmuş ykdysadyýetlere çenli gidip, antropologiki işleri geçirip, ykdysady gatnaşyklaryñ hemişe jemgyýetçilik gatnaşyklarynyñ funsiýasy bolandygyny görkezdi. Ol şeýle diýdi: Aýry-aýry jemgyýetlerde aýry-aýry ykdysady gurluşlar bardyr we şu manyda ýeke-täk kapitalizm ýokdur. Biziñ çepçilerimiz Günbataryñ klassyky ykdysady teoriýalaryna eýermeýän osmanly ykdysady düzgüniniñ - "aziýa tipli önümçilik formasynyñ" üstünde ýyllar boýy jedelleşdi. Emma... "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarlyşygyndan soñ ugruny üýtgeden çepçiler Günbatar terjimeleri bilen jemgyýetçilik gurluşymyza sazlaşmaýan kolonial gural neoliberalizmi ýurdumyzyñ boýnuna dakdy! Nepkeşligiñ bolmadyk, söwdalaşmagyñ ýazgarylýan, elindäki bar zady jomartlyk bilen eçilmegiñ artykmaçlyk hasaplanýan "Ahylyk" sosial guramasynyñ mirasdüşeri bolan jemgyýetiñ ýagyrnysyna konserwatiw Turgut Özalyñ, Tansu Çilleriñ, Erdoganyñ eli bilen neoliberalizm ýüklendi. Üstesine yslamy-da bozdular… Häzirki gün iñ uly meselämiz şu: kyrk ýyllyk ykdysady boýunturygy nädip tary-mar etmeli? Gelejege düşünmek we ony şekillendirmek isleýänler üçin "Uly öwrülme" diýseñ gymmatly gollanma çeşmesidir... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |