09:42 Uly tomaşa | |
ULY TOMAŞA
Publisistika
Tramp şäheriñ iñ belent diñinden edinen tejribelerinden nähili tomaşa görkezmelidigini gowy bilýändigi üçin hukugy we sudy hödürlän reallygyndaky telewizion tomaşasynyñ dowamyna öwürdi. ABŞ-da hemme zat tomaşadan ybarat. Hemme zatda ep-esli derejede Golliwud industriýasy we pelsepesi bar. Sahna garaşylmadyk öwrümli epizodlardan doly bolmaly, hakyky gahryman artist däl-de, režissýor. Artist režissýoryñ ony isleýşi ýaly hereket etdirýän gurjagyndan başga zat däl. Şonuñ üçin her kinofilmiñ ahyryndaky soñlama ýazgysynda berilýän ähli adam atlarynyñ yzynda režissýoryñ goly bar. Las-Wegasdaky baýlar kazinolarda pullaryny we baýlyklaryny utdurmaga çagyrylýar. Gurbanlary özüne çekmek, olary damagy çalynmaga äkidilýän goýunlar ýaly ýitirmäge iterme tapgyryny añsatlaşdyrmak maksady bilen olar üçin iñ uly we gymmatbahaly medeni çäreler gurnalýar we bulara hemişe Golludowyñ iñ meşhur ýyldyzlary gatnaşýar. Donald Trampyñ garşysyna gurnalan Nýu-Ýorkdaky sud mejlisi bolsa taryhyñ iñ gyzykly we täsin tomaşasydy: wideokameralar onuñ mawy uçary Nýu-Ýorkuñ asmanyna aralaşan badyna işläp başlaýar. Uly uçar, suwa ýanaşyk ullakan uçuş-gonuş zolagy bar. Uçar argyn halda ýere inýär, tekerler ýere galtaşýar we tormozlar "polat guşuñ" tizligini ýuwaşatmaga başlaýar. "Hoş geldiñiz hormatly prezident!" Uçar togtandan soñ içinden yzly-yzyna adam bary düşýär. Kömekçiler, eskortlar, janpenalar we kim bilýär kimler... Şol pursatdan başlar ýerdäki wideokameralar uçaryñ eýesini "Columbus" meýdanyndaky hojaýynlyk edýän diñine çenli yzarlaýar. Dünýä boýunça millionlarça adam peteksiz-tölegsiz ýagdaýda muña tomaşa edýär. Soñra arakesme yglan edilýär we surata düşüriliş togtaýar. Ertesi gün irden ABŞ-nyñ iñ meşhur adamy suduñ zalyna gelýär. Ondan at-familiýasy, ýaşy, käri we doglan ýeri soralýar. Bu adam ömründe birinji gezek gopbamsy, galmagalçy we aladaly däl. Ol ümsüm, biparh we keýpsiz görünýär. Režissýor oña adamlaryñ söýgüsini gazanmagyñ iñ gowy ýolunyñ şudygyny maslahat beripdir. Özüñizi arkaýyn alyp baryñ, hormatly prezident. Duýgyñyza we eliñize doly erk ediñ. Hiç bir ýagdaýda ýylgyraýmañ. Hawa, indi surata düşüriş başlaberse-de bolar. Ýoldaş prokuror görünýär we birinji gezek öñki prezidente aýyplamalar ýöñkeýär. Olam nähili diýsene: ýaş garaýagyz prokuror. Ýok, tomaşanyñ şu bölegi iñ gowy we geñ galdyryjy ýeri bolsa gerek. Indi garaýagyz adam akýagyz ýolbaşçyny jogapkärçilige çekýär we onuñ at-abraýyna şikes ýetirýän, ony türmä atyp biljek aýyplamalary ýöñkeýär. ABŞ bu uly tomaşanyñ garşysynda agzyny açyp galýar, ýurt nämä alkyş okajagyny bilmän galýar: Hukugyñ hemme zatdan ýokarda tutulýanynamy ýa-da kanuna bolan hormat-sylagyñ gaçanlygynamy? Prezidentiñ jogapkärçilige çekilmeginemi ýa-da masgaralanmagynamy? Bu tomaşa Trampy golaýlaşyp gelýän saýlawlarda üstün çykan gurbana öwrermi ýa-da halkyñ gözünde gahrymana, konstitusiýanyñ gözünde ýeñlişe uçran şahsa? Tramp şäheriñ iñ belent diñinden edinen tejribelerinden nähili tomaşa görkezmelidigini gowy bilýändigi üçin hukugy we sudy hödürlän reallygyndaky telewizion tomaşasynyñ dowamyna öwürdi. Epizodlaryñ arasynda maşgalasy bilen birlikde diñlemegi maslahat berilen dilden-dile geçip gelen bir hekaýat hem gürrüñ berilýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 07.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||