20:18

Umumytürk elipbiýi nämäni añladýar?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 517 | Добавил: Gökböri | Теги: Esedulla Oguz | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 kungfuu  
1292
Awtor meselä birtaraplaýyn seredipdir. Makalanyň sözbaşysyndaky gürrüň diňe birinji we soňky abzaslarda gozgalýar. Şeýle hem, bize-okyjylara umumytürk elipbiýi barada anyk düşünjeleri ýetirmändir.
Hamala, "Şu umumytürk elipbiýi kabul ediljek gürrüňi çykaýsa bolýa, şonda türkler baradaky pikirimi şoňa ýanap ýazaryn" diýen ýaly bolupdyr.

0
2 Money  
1834
Ilki bilen bu žurnalistiň makalasyny tankyt etmek üçin şu adamyň bilýän zatlaryny bilmeli. Onsoň munyň bilmeýän zatlaryny bilmeli. Üstesine sen şu žurnalistiň şu saýtdaky makalalaryny başdanaýak okan bolsadyň tä sen dogulmazyňdan birnäçe (köp) ýyl ozaldan şu güne çenli köp-köp faktlary hatda seniň we bütin halkyň bilmeýän faktlaryny (bäh, edil içimizde ýaşap ýören ýalyla bu diýdirip bilýän) ýüzümize ýelmäp dur (özüm-ä diýýän "bäh içimizde ýaşap ýören ýalyla bu" diýip) Esedulla Oguz bu makalany çuňlaşdyryp gysga makalada köp zatlary aýtmazdan (türki halklar barada bilýän okyjylar) "aýtýanlary dogry" diýdirip biljek derejede ýazypdyr. Umuman makala gaty gowy, aslynda şu žurnalistiň makalalaryny höwes bilen okaýan, indiki makalalaryna-da garaşýan. Muňa janköýerlik edip tarapyny tutýandyr diýip pikir etmäň. Hemde edil şu žurnalistiň şu saýtdaky makalalaryny okasaňyz ýene-de köp zada düşünersiňiz. Okamagam maslahat berýän. Bu žurnalist meniň pikirimçe diňe türki halklaryň parahatçylygyny, Ýewropa-ABŞ, Ýaponiýa ýaly ösmegini goldaman, bütin musulman (Marokkodan Indoneziýa çenli) halklaryň bähbidine gürleýär.

0
3 kungfuu  
1292
Siz meň ýazan zadyma bir gram hem düşünmänsiňiz. Men ýöne bir adaty okyjy hökmündäki pikirimi ýazmak bilen, şu makalada gozgalan temanyň galapyn bölegi makalaň adyna görä ýazylmadygyny aýtjak boldum. Makalaň strukturalaýyn düzüminiň nädogrydygyny görkezjek boldum. "Umumytürk elipbiýi nämäni aňladýar?" Ine, men şu soraga nähili düşündiriş berilýändigini bilmek isledim. Nädip, nähili tertipde ulanyşa giriziler, şol zatlary bilmekçidim. Bu makalada bolsa meni kanagatlandyrýan jogaby tapmadym. Aýdýan zatlary, belki, dogrudyram, ýöne bu mowzuk o gürrüňleriň ýeri däl.
Alym bolsun, geniý bolsun, islendik adamam ýalňyşyp bilýär, muny hemmämizem bilýäs. Siz janköýerlik edemok diýýäňiz. A mundan beter näme gerek janköýerlik etmek üçin?! Hemme makalasy gowy diýýäňiz, men "dogulmankam hem" bolan wakalary bilýä, ýazýa, Türkmenistanda ýaşamasa-da türkmenler barada anyk zatlary aýdýa diýýäňiz. Nesip etsin bilýän bolsa, oňa hiç hili dawam ýok, bolubam bilmez. Şonuň aýdýan zatlary doppaja-dogram bolsa, ýalňyşam bolsa, nähili reaksiýa bermelidigini, kimi tankyp edip-etmeli däldigini özüm bilerin.
Bolýa, siz şoň makalalaryny sypdyrman okaýan ekeniňiz, gowy görýän ekeniňiz. Jan dogan, ýene bir gezek aýtýan, nesip etsin! Maňa o zatlaryň hijisem gyzykly däl. Men bu ýere kimiň näme okaýanyny, kimiň nähili wkusynyň bardygyny analiz etmäge gelemok. Men diňe okaýan, okan zadyma-da pikirimi ýazýan. Meň awtorlar barada ýazasym gelen islän zadymy ýazmaga böwet bolmaga hiç hili hakyňyz ýok.
Ondan-a, diňe Esedullaň eserine tiňkäňizi dikip oturmaň-da, boşrak çakyňyz garşyňyzdaka sylaşykly "siz" diýip ýüzlenmäni öwreniň, endik ediň. Olam öz aladaňyz.

0
4 Money  
1834
("Umumytürk elipbiÿi nämäni añladyar?"
Ine, men gu soraga nähili düsündirig
berilyändigini bilmek isledim. Nädip,
nähili tertipde ulanyga giriziler, gol zatlary
bilmekçidim. Bu makalada bolsa meni
kanagatlandyryan jogaby tapmadym.) ilki menem şu pikirde okap başladym. Soňra bu adamyň syýasata degişli makalalarynyň köplügi ýadyma düşdi we munyň makalasyna hem makalanyň adyna dogry düşünmegi pikirlendim. Adaty okyjy hökmünde ýaz başga biri hökmünde ýaz parhy näme? Teswiriňe jogap berdim.
Men kime ýalňyşyp bilenok diýdim? Janköýerlik etýän emma onuň üçin saňa jogap beremok. Şu makalany başga biri ýazan bolsa şol ýerdede şu teswiriňe şu jogaby bererdim. Aýtýan zatlary elbetde dogry, goşmaça aýdaýyn şu adam türkmen. Owganystanda dogulan gany milleti türkmen. Özi Turkiýede ýaşan we Germaniýada ýaşaýar. Kimi tankyt etseňiz ediberiň, emma sözleriňize görä kimdir birinden hiline tapawudy ýok jogap berilmegine garaşmaly. Saňa "siz", "sen" diýip ýüzlenmelimi ýa däl ony özüm bilerin :) Sebäbi ýeke şahsyýete bizde "sen" diýilýär. Dogry "siz" diýmek sylanşygyň ýokary derejesi emma "sen" diýmeklik uly-kiçi tapawudy ýok sylagsyzlygam bolanok. Diňe kabul edişiňize bagly. Sen makala gönümel manyda düşüneniňi we žurnalistiň içinde bir pitiw (şeýleräk bir söz bara, içiňde pitiw, kine saklamak manyda) bar ýaly diýipsiň. Menem şol sözleriňe jogap ýazdym. Şahsyýetiň bilen aladam ýok gardaş

0
6 Jeksparro  
405
''Dogry ''Siz'' diýmek sylanyşygyň ýokary derejesi emma ''sen'' diýmeklik uly-kiçi tapawudy ýok, sylagsyzlygam bolanok''

Düşüniň-dä indi düşünip bilseňiz!

0
5 studentmoskva65  
1659
Mmm-bähh diydirya şu türkmen žürnalisti. Edil häzirki bolup geçýän zatlary tüýs wagtynda aýdya, özi-de dogry aýdýa, häzir biziñ obamyzdan 15-20-si Türkiýede tutulyp, türmede ýatyp deport bolup geldi, içinde garyndaşlaram bar welin, ikisiniñ aýdýan zatlary bir gelýär. Gynandyryar, ajy hakykat :((

0
7 Moderator  
1471
Umuman galam ýöredişi erbedem däl. Ýöne onçakly ýiti däl. Ortatap žurnalist. Hakykaty aýtjak bolşy, wakalara öz görüş penjiresinden garap, obýektiw pikirleri orta atjak bolşy köplerde ýok artykmaçlyk. Owganystan, Türkiýe, Germaniýa temalarynda kän žurnalistden takyk ýazyp biler. Sebäbi Owganystan - doglan, çagalygynyñ geçen, Türkiýe - ýaşan, ulalan, Germaniýa - ençeme ýyllap işläp gelen ýurtlary. Emma beýleki ýurtlar boýunça berýän maglumatlary köplenç gulakdan eşitme maglumatlara we masmediýanyñ habarlaryna esaslanýandygy üçin onçakly takyk däl hasaplaýaryn.

* * *

Türkiýeli türkleriñ özlerini orta aziýaly garyndaşlaryndan ýokarda görýändigi ýalan däl (bulam özlerini ýigrendirmäge, olardan daşlaşmaga iñ uly esas bolýar). Muny Türkiýede bolup gelen tanyş-bilişleriñizden sorañ, hiç birisi gowy baha bermez. Özümizem tanyş-bilişlerimizden eşiden kän zatlary bilýäris. Häzir ýeri däl, hem sözümiz gereginden artyk uzajak. Ýaşlaryñ türk medeniýetine ýakyn durmaga meýil bildirmeginde, gündelik gepleşikde türk sözlerini köp garmagynda türk telekanallarynyñ täsiri uly. Dogry, türkler doganlyk halk, olar biziñ doganlarymyz. Emma biz olar bilen bir däl, türkmen aýry, türk aýry halk. Iki dogan Mämmediñ Ahmet, Ahmediñem Mämmet bolup bilmeýşi ýaly, herimiz özümiz bolup ýaşasak gowy bolar. Garmaly zadyñ bar, aýry tutmaly zadyñ bar. Edil iki doganyñ maşgalasynda bir saçakdan nahar iýip bilseñem, aýry otagda ýatyşyñ, aýry hammama we hajathana girişiñ ýaly. Soñ bir aýry makalanyñ çäginde bütin bu zatlar barada gürrüñ ederis.

* * *

Bärde umumytürk elipbiýi diýlende, aýratyn türki elipbiýdir öýtmäñ. Latyn elipbiýine geçmegiñ gürrüñi gidýär. Oña-da ýalñyşmasam, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan geçmedik bolmaly. Bizde bu problema Garaşsyzlygymyzyñ ilkinji ýyllarynda çözlüpdi.
Gazagystanyñ öñki prezidenti N.Nazarbaýewden hem bäş-alty ýyllykda haçan kirillden latyna geçjekdigi soralanda "geçmeli, ýöne entek gyssanamzok" diýen ýaly jogap beripdi.

0
8 kyssacy  
1745
Gazagystan bilen Gyrgyzystan-a bilemok wein, Özbegistan latyn elipbiýine öňräk geçdi. biz (umuman Daşoguzda ýaşaýanlaryň köp bölegi) Özbegistanyň teleýaýlymlaryny görýäris. şonda olaryň harplary biziňkä meňzeşräk. Ýöne okalyşynda tapawut bar. Meselem olarda "o" harpy "A" sesini berýär. ýenede ş, ç harplary iňlisleriki ýaly sh, çh görnüşde ýazylýar. "Ýaşlar" diýen teleýaýlymyň ady "Yoshlar" diýilip ýazylýar. Ýöne gazaklar bu boýunça öňki-öňkülik öýdýän. arada Gazagystanda öndürlen gara çaýa gabat geldim. şonda şol 100 gramlyk kagyz gabynyň daşyndaky ýazgylar ozalky kirill elipbiýinde ýazylan ekeni.

0
9 Gurgencli  
324
Özbekistanda şu elipbiý meselesi henizem ullakan problema, kirilden doly ýüz öwrüp latyne geçip bilenoklar, oňam sebäbi latyn elipbiýini öz dillerine uýgunlaşdyryp bilenoklar. Meselem olarda şu wagt latynda ö ä ş ç harplaryny ýazjak bolsaň şeýle ýazmaly: 'o a' sh ch., garaz latynda ýazmak gaty kyn. Şoň üçinem kiril latyn olarda deň ýöreýär, belli bir elipbiýi ýok.

0
10 Babyşgalaly58  
1794
Мен учин-а шу язып отуран харпларым говы. Тазе элипбийде язып, окабам билйан. Эмма, элде кагыза язылан болса душунжек болсан иш боляр, кабир адамларын язаны Ислеге гора выбор бар болса, шу элипбийи сайлап алардым.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]