20:25 Uruş we ýokluk bellikleri | |
URUŞ we ÝOKLUK BELLIKLERI
Publisistika
Gaza urşy araplary eýýäm werziş bolnuşy we öñünden çaklanyşy ýaly, öñki uruşlarda bolşy ýaly ysraýyllylary birleşdirdi. Ysraýylyñ Gazanyñ demirgazygyndan bir milliondan gowrak raýatyñ günorya gitmegi duýdurmagynyñ yzyndan günorta giden palestinaly aýal Raghda Abu Marasanyñ gyzy / Fotosurat: Mohammed Salem / Reuters. Heniz atlandyryp bilmedik. Bu uruşmy, heläkçilikmi, ýer yranmasymy, ýykgynçylykmy, ýok edişlikmi, telbelikmi, ýa bolmasa jenaýat festiwaly üçin hasaba alynan sahnamy? Häzirlikçe Gaza urşy diýäýeliñ. Gaza urşy araplary eýýäm werziş bolnuşy we öñünden çaklanyşy ýaly, öñki uruşlarda bolşy ýaly ysraýyllylary birleşdirdi. Hemişe bolşy ýaly goşuny, syýasaty, ykdysadyýeti, mediýasy bilen ABŞ ýene Ysraýylyñ ýanynda doly hüjüme geçdi. Ýöne bu gezek prezidentiñ hut özi Ysraýyla gitdi. Ýany bilenem araplar üçin birnäçe ikirjiñlenmeli düşünjeleri getirdi: Ierusalime däl-de, Tel-Awiwe indi. Iki döwletli çözgüt, ýagny iki ikinjisinden ýa-da ikinjisinden yzda galan zatlar hakda ugur-utgasyz gürledi. Ysraýyllylar çözgüt döwleti üçin ýer kesgitlemäge ýarfam etmek üçin gadymy däbe, ýagny özgäniñ kisesinden haýyr-sahawat etmäge ýüz urdy: Sina dagyna gidiñ. Prezident Abdylfettah Sisiniñ jogaby gijikmedi: Ýok, Nejebe gidiñ. Araplaryñ arasy mazaly açyldy. Emma millet derejesinde däl, ýerleri paýlaşylan we görnetin täsire duçar bolan araplar, aýratynam Müsür bilen Liwan. Müsür almytyny özüniñ aljak halkara ylalaşygyñ gorkusyny başdan geçirýär. Liwan bolsa hut öz başyna soñky kyýamatynyñ inmeginden gorkýar. Liwanda syýasatçylaryñ we metbugat işgärleriniñ arasynda Liwanyñ "soñy" söz açmak indi prezident hakda gürrüñ etmek ýaly adaty zada öwrüldi. Üçünji we iñ eserdeñ goñşy ýurduñ patyşasy bolsa birinji gezek şu tonda gürledi: Iordaniýa hem, Müsüre hem bosgun gelmez. Arap ar-namysyndan bu gezek nam-nyşan ýokdy ýa-da nirdedigi belli däldi. Eýranyñ barlygy bolsa mesaña görnüp durdy. "Araplygyñ urup duran ýüregi" Siriýada, Yrakda we onuñ iki şahasynda, ýagny, Arap Sosialistik BAAS partiýasynyñ iki döwletinde arap nagrasyny dartan bolmady. Araplygyñ gözbaşy we özeni bolan Palestinanyñ sesinde-de görnüp duran ýa-da has dogrusy mesaña eýran aksenti bardy. Patyşa Abdylla II ne bosgunlaryñ gelmegini isleýär, ne uruş. Prezident Sisi meseläniñ ynsanperwer tarapy we haýyr-sahawat kerwenleri bilen başagaý. Liwanlylar bolsa oñ-muñ arasynda bölünen ýagdaýda. Bular diñe gije-gündiziñ dowamynda adamkärçilik dessanynyñ sahnalaryna tomaşa edip oturanlaryñ şugünki günlerde eden bellikleri we synlamalary. Şular ýaly hasratyñ arasynda ekranlary ýüzüniñ nury bilen, ömrümizi-de dogruçyllygy, mähir-muhabbeti we salyhaty bilen dolduran Žizel Hurä* hoşlaşyk sözlerini ýazmaga bognum ysmady. Bu umumymilli gynanjyñ öñünde şahsy gynanjymy agzamaga utandym. Emma durmuşda bi: şahsyýet we jemgyýet. Žizel Huri syýasy gepleşiklerine baý gözýetimini we medeniýetini goşup, arap meselelerine aktiw gatnaşdy. Samir Kassiriñ göreşine goşuldy, ondan soñam onuñ azatlyga bolan ymtylyşyny ýitirmän saklady. Ol beýikler bilen deñleşýärdi we gepleşikleriñ ussadydy. *Žizel Huri - liwan-fransuz žurnalisti, talk-şow alypbaryjysy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 22.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |