19:59 Uruşly kinolar... Kitaplar, suratlar hakynda goşgy | |
URUŞLY KINOLAR... KITAPLAR, SURATLAR HAKYNDA GOŞGY
Goşgular
Hojaguly Narlyýewe Eger-de Siz urşy hakykatdanam ýigrenýän bolsaňyz, onda näme üçin uruş hakda müňläp kitap ýazýarsyňyz, surat çekýärsiňiz, kino alýarsyňyz? Urşy ýigrenýäniňiz çynyňyz bolsa, siz gowusy ony ýatlamaň. (Bir amerikan žurnalistiniň sowalyndan). Hawa, biz ýazýarys uruş hakynda, Ýazýas, urşuň goýan azary hakda. Piramida ýaly Asmana galan Näbelli esgeriň mazary hakda. Ýazyp, ýazyp urşuň gabryn gazmasak, Geçen urşy ýatlamasak eger-de. Eger uruş hakda şu gün ýazmasak, Onda ertir uruş tutaşar Ýerde. Ýigrim million dolanmady şol jeňden, Ýok, bu asyl 20 million dollar däl. Ýene million-million naçar eneleň “Geler” diýip gözi galdy ýollarda. Uýalar agasyz galdy şol ýowda, Gujaklary boşap galdy gelinleň. Gelenlerem boldy şol agyr ýowdan, Ýöne ýüzi ýylgyrmady gelenleň. Gaýdyp uruş bolmasyn diýp Zeminde, Olar janlaryny beren mertdiler. Omuzlarna alyp jahan urşuny Zeminiň üstünden birýan serpdiler. Synlap beton esgerleriň heýkelin, Dörüp galyň-galyň kitaplaň gatyn. Geçen uruşdan soň häzire çenli, Şol öwrenip ýörüs olaň häsiýetin. Adamyň maýmyndan gelip çykyşyn Öwrenişi ýaly goja Darwiniň. Biz olary öwrenýäris seredip, Gowy kinolarna Hoja Narlynyň. Jenap! Bu derde siz düşünmersiňiz: Ol esgerler juwandylar ölerden! Bilýäňizmi näme, gönimi aýtsam, Biz ýeňmegi öwrenýäris olardan. * * * Ol kör, Geçip barýar trotuardan, Käte hasasyny urup asfalta. Belet ol Moskwaň her köçesine, Twer bulwaryna, köne Arbada... Barýar ol, Çalaja müzzerip küýli, Hasanyň sesine tisginip birden. Dörjäp pikirleriň çuňňur teýini, Saklanýar bir dem. 41-iň gyşynda şeýle bolupdy: Gazaplydy Moskwanyň etegi. Duşman bilen söweşleriň birinde, Goraýarka jandan eziz Watany, Gözden galypdy birden. Barýar kör merdemsi tutup ýüzüni, Pikirin gutaryp uruş barada. Ýöne bir gynanýan zady oň häzir Paýtagty görmäge gelen myhmanlaň Ähli moskwala berýän soragy Uruşdan soň hiç wagt berlenok oňa: Graždanin! Bagyşlaň, Kyn görmän aýdyň, Paýtagtdaky pylan köçe nirede? | |
|
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ugrukdyrma / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |