00:56 Uruşyñ başga "penjiresi" | |
URUŞYÑ BAŞGA "PENJIRESI"
Publisistika
Adamyñ beýnisi bilen syýasy çemeleşmeler gatnaşygy boýunça ylmy işleri alyp baran amerikan filosofy professor Jorj Lakoff adamyñ syýasy pozisiýalarynyñ köklerini barlady. Meselem: - Adamyñ özüni alyp barşy näme sebäpli hemişe rasional, akylly-başly netijeleri döredip bilenok? Munuñ sebäbi hökmünde metaforalaryñ, simwoliki añlatmalaryñ (meñzetmeleriñ, kinaýanyñ) medeni-gündelik durmuşa agalyk edýändigini görkezdi. Meselem, döwlet - "ata" ornuny tutmalydy! Lakoff şeýle diýdi: "- Dekart döwrüne, ýagny 1600-njy ýyllara gidilende, Renessansyñ düşünjäni mantykly, rasional, bilnikli hasaplandygyny görýäris. Bu eýýäm möwriti geçen zat. Şol wagtdan bäri, düşünjelerimiziñ 98%-i bilnikli däl... - Syýasy karar alma proseslerinde duýgularymyzyñ doly daşarda goýulýan rasional çarçuwasy ýok! - Syýasy tarapdarlygymyzda psihologiki tejribelerimiz, trawmalarymyz, duýgularymuz ýaly duýguçyl faktorlar öñe saýlanýar..." Meselem, uly trawmatiki wakalara uçran jemgyýetleriñ ýas müddetleri rasionallygyñ öñüne geçýär. Toparyñ eden işine, gurnan hüjümine rasional jogap tapmagyñ manysy ýok. Edil "Hamasyñ" Ysraýyla eden hüjümi ýaly... Gürrüñsiz, ýeke-täk sebäp şu däl. Syýasy psihologiýany gözden salyp bolmaz diýýärin. Şuny aýtmak isleýärin: * * * Biziñ günlerimizde ýygy-ýygydan diýen ýaly gorky manipulýasiýasy bilen jemgyýetçilik razylygy import edilýär. Bu import syýasy bölünişiklere sebäp bolýar. Adamlar birtaraplaýyn añlatmalar arkaly öñünden ýöredýän pikiri bilen endişe merkezli duýguçyl bölünişigi başdan geçirýär: "Biz" we "keseki"... Ýa-da: "Dost" we "Duşman"... Hiç kim saýlap alan ýolunyñ ýalñyş bolup biljekdigini pikir etmeýär. "Emma şu babatda häkimiýet başynda oturan partiýanyñ edeni dogry" diýen badyñyza mähelläñizden gyrakladyp taşlaýarlar... "Ýöne "Hamasyñ" hüjümi..." diýen badyñyza mähelläñizden gyrakladyp taşlaýarlar... Ine, şular ýaly syýasy psihologiýanyñ arasyna dykyp goýdular! Akyl-paýhasyñ däl-de, içgin duýgularyñ ýesirine öwrüldik. Sizden şuña garaşylýar: - Tarapyñyzyñ "keseki" hasaplaýanyny senem şeýtanlaşdyr! Yzyndan şeýle diýilýär: - Ortada bigünä adam pidalary we adamkärçilige sygyşmaýan şeýtana garşy agressiýa ulanmak, ar almak gerek. Gorky, gahar-gazap, duşmançykyk bilen başgany şum şeýtan hasaplamak öç almak duýgusyny artdyrýar, agressiwligi añsatlaşdyrýar. Bular ýaly ýörelgä bolan ynanjyda-da artdyrýar: Biziñki dogry! Hiç kim adamkärçiligiñ çygryndan çykylýanyny agzanok. Hiç kimiñ öz tarapyna, toparyna ters durasy gelenok. Hemmeler şeýtanlaşdyrýan tarapyny jezalandyrmak, ýok etmek isleýär. Şeýdibem çaknyşmakdan, söweşmekden başga ýol galmaýar. Eýse: Nädip ýaraşyga gelmeli? * * * ABŞ-daky köp sanly meşhur sud prosesinde ekspertlik we "CNN", "ABC News" ýaly habar beriş gulluklarynda geñeşçilik eden psihiatrist Maýkl Welner "erbetlige" şeýle baha berýär: Duýguçyl trawma sebäp bolmak, ejizleri nyşanalap terrorizlemek, bolup geçen gynanjy dowam etdirmek we bularyñ hemmesi üçin şatlanmak niýeti! Täsin kesgitleme... Gitler Faşistik Germaniýada şeýtmedimi? Häzirem şeýdýän ýokmy? ABŞ-nyñ Eýrana bolan garaýşy şundan tapawutlymy? "Terrorçylygyñ goldawçysy, gan dökülmeginiñ we durnuksyzlygyñ sebäbi, demokratiýanyñ we azatlygyñ ganym duşmany" we ş.m. we ş.m. Iki ýurdam biri-birlerini "erbetligiñ gözbaşyndaky şeýtan" hasaplaýar. Jemläp aýdanymda: "Hamas"-Ysraýyl urşy boýunça başga bir penjire açmak üçin şulary ýazdym: Duýgular adama, topara ýa-da döwlete degişli bolmak we şoña görä dost we duşman tarapy kesgitlemegimize sebäp bolýar. Karar bermekde, garaýşyñy bildirmekde akyl-paýhasy ulanyp, "sürä" garşy çykanuñyzda, hemme zatdan çetleşdirilýärsiñiz. Bulam parahatçylyga zyýan edýär... Şübhesiz, her bir çaknyşyk-uruş öz baglanyşygynda öwrenilmelidir. Emma baha bermäñizi edeniñizde wakalaryñ psihiki-medeni ölçegini-de gözden salmañ... Ýene bir sitata bilen sözümi soñlaýyn. Haýwanlardaky şahsy we sosial çemeleşme görnüşleri boýunça alyp baran ylmy işi bilen Nobel baýragyna mynasyp bolan Nikolas Timbergen şeýle diýýär: "- Adam dawalaşýan müñlerçe jandaryñ arasynda dawasyny weýrançylyga äkidip, köpçülikleýin gyrgynçy bolup bilýän ýeke-täk jandardyr..." Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 17.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |