12:19 Utandyran Germaniýa | |
UTANDYRAN GERMANIÝA
Publisistika
Germaniýanyñ federal kansleri Olaf Şols / Fotosurat: Reuters Germaniýanyñ federal kansleri (premýer-ministri) Olaf Şols Türkiýede şu ýylyñ 6-njy fewralynda bolup geçen ýer yranmalarynyñ yzysüre "ýagşy dost kyn günde tanalýar" diýip, iñ agyr gününde Türkiýäniñ ýanyndadyklaryny mälim edende, mende oña gyzgyn minnetdarlyk duýgusy döräpdi, içimden "saýlawlarda alan sesleriñe mynasyp bolduñ" diýipdim. Köp sanly emigrant ýaly menem saýlawlarda sesimi sosial-demokratlara, hususanam Olaf Şolsa beripdim. Emma Ysraýylyñ Gazada amala aşyran wagşyýanalygy babatda Şolsyñ ýolbaşçylyk edýän nemes hökümetiniñ özüni alyp barşy meni gaty erbet lapykeçlige uçratdy. Federal kansler Şols iki sözünde bir "Ysraýylyñ özüni goramak hukugyndan" söz açsa-da, jöhit döwletiniñ Gazada amala aşyran genosidi hakda kelam agyz dil ýaranok. Jenap Şols munuñ bilenem çäklenmän, hemmeleriñ gözüniñ içine garap, içiñiz ýansyn ýaly Ysraýylyñ demokratik hukuk döwletidigini we Gazada halkara hukuga eýerýändigini aýdýar. Bu sözleriñ düýbünden ýalandygyny indi bütin dünýä bilýär. Adam hukuklary boýunça guramalar, raýat-jemgyýetçilik guramalary demokratiýa, adam hukuklary, ýaşaýyş hukugy, azatlyk ýaly gymmatlyklara tüýs ýürekden ynanýan islendik kişi Ysraýylyñ Gazada ýönekeý ilaty gyrýandygyny, Netanýahynyñam uruş jenaýatkäridigini aýdyp gygyrýar. Günbatarda Netanýahuny Gaaga Adalat diwanynda uruş jenaýatyny etmekde jogapkärçilige çekdirmek üçin üç müñden gowrak adwokat aýaga galdy. Ýewropanyñ üç lokomotiw ýurdundan Fransiýadyr Angliýa Ysraýyla berýän goldawyny gowşadyp, Tel-Awiwe tankyt oklaryny gönükdirenem bolsa, Germaniýa döwletine çañ gondurmaýar, şeýtmek bilen taryhyndan, geçmişinden gelýän iñ garañky sahypanyñ öwezini dolmagyny dowam etdirýär. Türkiýäniñ Prezidenti Erdoganam geçen anna güni Şolz bilen geçiren metbugat ýygnagynda "Ysraýyla bergisi barlar arkaýyn gürläp bilenok" diýip, ylla Germaniýanyñ ýarasyna barmagyny basdy. Ýewropadan ABŞ-na, Latyn Amerikasyndan Afrika we Uzak Gündogara çenli dünýäniñ birnäçe ýurdunda ýaşaýan adamlar Gazadaky genisidiñ duruzylmagy üçin herekete geçdi, köçeler "Free Palestine" ("Palestina azatlyk!") nedalary bilen ýañ salýar. Herr Şols bolsa utanman-uýalman bihaýalyk bilen "Ysraýylyñ özüni gorama hukugyndan" söz açan bolmagy geçmişi hapa Germaniýanyñ demokratiýa depderine ýazylan masgaraçylykly ýazgy boldy. Meñ pikirimçe-hä şu pursatdan başlap Germaniýanyñ demokratiýa babatda söz sözlemäge, başgalara akyl satmaga bolan hukugy gutardy. Nemes hökümetiniñ bolşy diñe bu ýurtda ýaşaýan musulmanlary däl, millionlarça ýerli nemesi-de lapykeçlige uçratdy. Muña garamazdan nemes şäherlerinde Palestinanyñ tarapyny tutup geçirilýän demonstrasiýalara gatnaşýan nemesleriñ sany barha artýar. Nemes habar beriş serişdeleri hernäçe görkezmese-de, Gazada tike-tike edilen çaga jesetlerini, öli bäbejiklerini bagryna basyp aglaýan eneleriñ suratlary sosial mediýa arkaly nemesleriñ öýüne baryp ýetýär. Nemes döwletiniñ we jemgyýetiniñ şuny bilmesi lazym: geçmişde Germaniýa jemgyýet bolup nasistik hökümeti goldandygy üçin uruşdan soñ halk kyn ýagdaýa düşdi. Nemesler uzak ýyllap taryhyñ iñ gorkunç genosilerinden birini goldamagyñ jezasyny çekdiler we utanjyna galdylar. Şol wagtlar iliñ öñüne düşýän nemesler dagy-duwara beýle ýalñyşlygy goýbemejekdiklere ant içdiler. Emma häzir Germaniýa ýene şol öñki ýalñyşlygyny gaýtalaýar. XXI asyryñ ilkinji genosidine gepsiz-gürrüñsiz arka durup, hem özüni, hem-de Ýewropanyñ adamkärçilikli gymmatlyklaryna ynanyp, şu ýerde täze öý-ojak diken meniñ ýaly emigrantlary utandyrýar. Esedulla OGUZ. Duşenbe, 20.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |