18:37

Wagt bilen bir zatlar bolýar...

Geň-taňsy wakalar
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 918 | Добавил: Moýsepit | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
1
1 Atayew  
493
Eger ýalňyşmasam ýerdäki 1000 ýyl Allahyň ýanynda bir gün bolmaly?
Çeşme?

1
2 Revo  
484
Elkyssa, Ol topragy Mekge bilen Ta‎ýyfyň arasynda Hanna diýen ýerde goýdular. Ol topraga Bahrul-ahzan diýen derýanyň suwundan biri kem kyrk ýyl gam ýagmyry, bir ýyl şatlyk ýagmyry ýagdy. Şol sebäpden adam perzendinde gaýgy-gam köpdür, şatlyk azdyr. Kyrk ýyldan ol toprak palçyk boldy. Ondan soň Allatagalanyň Adam alaýhyssalamyň suratyny ýaratmak maksady boldy. Ol kyrk säherde ol palçygy eýledi. Kyrk säher diýilýän wagt bu dünýäniň kyrk müň ýylyna deňdir.

Kyssasyl Enbiýa. (Dördünji pasyl Ýer ýüzünden Adam Aleýhyssalamyň topragynyň alynmagynyň beýany. Sahypa 96)

1
3 Haweran  
411
Alymlar 2021-nji ýylda Ýer togalagynyñ Günüñ we öz okunyñ daşynda aýlanyş tizliginiñ artandygyny aýdýarlar. Muny dini gollanmalara we hadyslara esaslanyp kyýamat alamatlaryna baglanyşdyrýanlaram bar. Meselem, biziñ göwnümize ýaly bolup görünýän "wagt suw ýaly geçýär..." duýgusy, göwnümize däl-de, hakykatdanam şeýle ýaly...
Kanadanyñ Ýork uniwersitetinden professor Paul Delaneý CTV teleýaýlymynda berlen “Your Morning” gepleşiginde Ýeriñ Günüñ daşyndan aýlanmagynyñ çaltlaşandygyny, şoña görä wagt hasabynyñ hem gaýtadan sazlanmasa bulaşjakdygyny... aýtdy.

1
4 Sergezzan  
707
Wagt diyen zadyñ özi bir barmyka aslynda? Boşluk bolaýmasa. Bu aýlanyp duran zatlaram wagty emele getirýän bolaýmasa

1
5 myhman  
732
Rahman akga-da düşer ýaly bolmady.

öňki paýlaşan "Hudaý bolýan bolsaň sud et" makalasynda birilerini Hudaýa bolan ynamy gowşatmakda aýyplapdy. şonda-da ýalan-ýalňyş zatlary ulanyp (makalaň adyndan başlap), öz ýanyndan...

bolýa, wagt hakda öz görüşleriňi aýt. käbir alymlaň görüşlerini (sitata hökman) özüňkä söýeg edin. ýöne Alla hakda bilmän bir zatlar aýtma hökmanmy!? beýtseň, özüň öňki makalaňda aýyplan kişileň ýagdaýyna düşmersiňmi!?

aslynda kim nämä ynananda-da öz işi. öňki makalada "Alla bolan ynamy berkitmekden" söz açansoň aýdaýýan. ilk-ä beý diýip, soňam ýokarky ýaly zatlary ýazsaň, "maksatly" edilen bir zat ýaly görünýä.

ýutupda ýa internediň beýleki platformalarynda hemme goýlan zada ynanyp oturmaly däl.

meň bir tanşym bardy. zehinli. şol internetde ýeriň tekizligi barada gaty ynandyryjy wideo görüpdir. ynanypdyr. bolmasa gaty zehinli oglan.
düşündirjek bolsaňam "nasa biziň gulagymyza depip ýör" diýýädi.

häzir nämä ynanýa Hudaý bilýä. kän wagt bäri göremok.

1
6 Sergezzan  
707
Dostluk.ru da hem biri bardy, ady yadymda dal, shol hem yerin tekizligni subut etmek ucin yuzlap tema acardy. Nik ady Akmyratsoltmy name

1
7 Sergezzan  
707
Şolam-a öz boluşly delil getiren bolardy. Oña göra aý hem yasy disk şekilinde tegelekmiş, ana şonyñ ucinem biz onyñ dine bir tarapyny gorip bilyaris diyar

1
8 spesnazmen  
526
Bilýäňmi şolar üçin gowy söz bar.
"Öleňizde ölüdigiňizi bilmersiňiz, bu samsyklar üçinem şeýle..."

1
9 Ependi  
284
Wagt bilen baglanyşykly teoriýa okuwçy wagtym döräpdi, astronomiýa hakynda gyzyklanýarkam. Ýagny, wagtlaryň deň däldigini subut edesim gelýärdi. Göz öňüne getiriň: öňüňizde gunuň şöhlesine düşýän iňňän kiçijik tozgajyklar çalt aýlanyp gaýyp ýörler. Biz hem Ýer planetasyndan million esse uly bolup şoňa seretsek, Ýer planetasam gözümiziň öňünde gaty çalt aýlanardy, edil tozanjyk ýaly. Wagtlaryň deň däldigi bu hakykat. Biz wagtdanam ozsak (bu bolup bilmejek zatlar entek) taryhy 1 minutda yzyna saradybam bolardy ýada geljek taryhyň sahypalarynam bilip bolardy. Wagt - hiç haçanam deň däl. Iň kiçijik zady bilip bolmaýşy ýaly, wagtyňam belli çägini bilerden ylym entek has yzda. Ýöne, birzady bilýän: Adamyň pikirleniş ukyby, fantaziýasy näçe güýçli bolubersin, Adam hyýalynda jadygöý bolsun, ýada tutuş galaktikany bir aýdanda ýok edýän bolsun, ýagny öz arzuwynda diýjek bolýan. Şol pikirler Älemde bolýan ýagdaýlardyr. Çünki, Älem özünden güýçli zady döretmeýär. Umuman, dogry hasaplaýan mowzukdaky ýazgylary.

1
10 Myrat4556  
767
“Ýerden näçe beýge göterilseň, şonça-da uzak ýaşaýaň. Kosmosa uçan astronawtlaryň garramaýanlygy hem şol sebäpden”.

Nädogry. Kosmos gämisinde organizme otrisatel täsirini ýetirýän faktorlar has köp. Alymlar garramaklyga täsir edýän faktorlary bireýýäm anykladylar. Şol faktorlar: stress, temperaturanyň üýtgäp durmaklygy, fiziki aktiwlik, dogry naharlanmak. Kosmonawtlar bolsa bularyň hemmesindenem mahrum, şonuň üçinem olarda biologiki sagat has çalt aýlanýar, kosmonawtlaryň saglygyna örän negatiw täsir edip, olaryň çalt garramagyna sebäp bolýar.

1
11 Alaýabyly  
788
Gyzykly, çyn ýa ýalan bolsun, ýöne gyzykly. Oýlanybermeli

1
12 Pero  
801
Rahman Zulfikar gyzykly temalara ýüzlenýär. Ýene garaşýas. Pikirleriñizi paýlaşyñ!

0
13 Injener  
1
@Atayew, çeşme Kerimi Kuran 22 süre, 47-nji aýat. Ahyrsoňy tapdym.

0
15 sabyrly  
908
Bize-de kömegi degdi, minnetdar. Menem gözläpdim şu barada.

0
14 Injener  
1
47. Они торопят тебя с наказанием, но Аллах не нарушает Своего обещания, и день у твоего Господа равен тысяче лет по тому, как вы считаете.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]