20:34 Wagtdan öñe geçmek | |
WAGTDAN ÖÑE GEÇMEK
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Syýasy lider-ýazyjy gatnaşygy babatda hemişe şu ikisi ýadyma düşýär: Iliç Lenin bilen Maksim Gorkiý! Dostluklary 1902-nji ýylda başlady, sürgün döwründe Parižde, Kapride, Londondan 1917-njy ýylyñ Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ Moskwada dowam etdi. Lenin Şekspir, Gýote, Puşkin ýaly ýazyjylaryñ okalan öýünde ulaldy. Çeper edebiýaty köp okardy... Gorkiý ýatlamalarynda Leniniñ bu tarapyny gürrüñ berdi: "Bir seretsem stolyñ üstünde "Uruş we parahatçylyk" ýatyr. "Hawa, Tolstoý! Aw epizodyny okasym geldi, ýöne bir ýoldaşa hat ýazmalydygym ýadyma düşdi. Okamaga wagt ýetenok. Tolstoý hakda ýazan kitapçañyzy-da düýn agşam okadym". Ol çalgyrt gürläp sözüni dowam etdi: "Nähili beýik adam! Ine, hojaýyn, sungat diýeniñ şular ýaly bolmaly..." Soñra gyýyk gözleri bilen ýüzüme dikanlap sorady: "Ýewropada ony kim bilen deñeşdirip bileris?" Jogaby ýene özi berdi: "Hiç kim bilen!" Men onuñ Russiýa, ruslara, rus edebiýatyna we sungatyna bolan buýsanjynyñ çäksizdigini kän gezek gördüm..." Gorkiý Leniniñ şekillendiriş sungatyna bolan garaýşy hakda-da ýazdy: “W.A.Desniskiý maña Lenin bilen Şwesiýada otly ýolagçylygy wagtynda Dýurer hakdaky nemes monografiýasy hakda pikir alyşandyklaryny aýdypdy. Goñşy wagondaky nemesler olaryñ elindäki kitabyñ näme kitapdygyny sorapdyrlar. Has soñrak nemesleriñ beýik suratkeşleri barada hiç zat bilmeýändikleri ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý nämüçindir Lenini begendiripdir we ol Desniskä iki gezek dagy: "Görýäñmi, biz bilýäris, olar öz suratkeşlerini tananoklar" diýipdir..." Ýogsa-da... Leniniñ Russiýada täze emele gelen, dörän wagtyndan öñe geçen awangard-öñdebaryjy sungata bolan garaýşy nähilidi? Awangardçylar özleriniñ rewolýusionerdikleruni we köne sungat formalarynyñ tersine rewolýusion eýýama laýyk eserleri döredýändiklerini aýdýanam bolsa, Leniniñ göwnünden turup bilmändir. Leniniñ pikiriçe awangardçylar islän eserlerini döredip bilseler-de, özüniñ olary halamagyna hiç bir sebäp ýokdy! Beýleki bir ýanda… Leniniñ aýaly Krupskaýa, Kollontaý, Buharin, Lunaçarskiý, Troskiý we başgalar rus awangardçylaryny gowy görýärdiler... Soñ näme boldy? • Bir grek Georgiý Kostaki (1913-1990)… Moskwada dünýä indi. Oktýabr rewolýusiýasy bolup geçende dört ýaşyndady. Lenin ölende on bir ýaşyndady... Ene-atasy Gresiýanyñ Zakinf adasyndandy. Temmäki söwdasyny edýän kakasynyñ ýanyna Moskwa göçüp barypdyr. Bolşewik rewolýusiýasy olaryñ durmuşyny düýbünden özgerdip taşlady... Kostaki 1939-njy ýyla çenli Gresiýanyñ Moskwadaky ilçihanasynda sürüji bolup işledi. Uruş zerarly ilçihana ýapylandan soñ Kanadanyñ Moskwadaky ilçihanasyna işe girdi. Kostaki şekillendiriş sungaty bilen içgin gyzyklanyp, surat çekýärdi. Ony jümle-jahana tanatjak waka 1946-njy ýylda bolup geçdi. Ol Olga Rozanowa atly rus suratkeşiniñ çeken suratyny görende haýran galdy. Şeýdibem XX asyryñ başlarynyñ rus eksperimental şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanmaga başlady... K.Malewiçe, W.Tatline, A.Rodçenko we onuñ aýaly W.Stepanowa, M.Şagala, M.Larionowa, W.Kandinskä, I.Klýuna, A.Zwerewe, L.Popowa çenli uzaýan rys awangard eserlerini gizlinlik bilen ýygnamaga başlady. Çünki… rus awangardçylaryñ eserleri 30-njy ýyllarda resmi sungat garaýşy bolan "sosialistik realizm" tarapyndan "buržuaz sungat" hasaplanyp, gadagan edildi! Kostaki pursatdan peýdalandy, üçekde, potologyñ arasynda gizlenen suratlary ujypsyzja bahalara satyn aldy. Onuñ Moskwanyñ Wernadskiý köçesiniñ ugrundaky jaýy resmi bolmadyk "zamanabap sungat muzeýi" ýalydy. Birdenem... 1977-nji ýylda Gresiýa dolanyp bararman boldy. Sowet ygtyýarlylary 5.000 parçadan ybarat kolleksiýasyndan 1.227-sini äkitmäge rugsat berip, galanyny Moskwadaky Tretýakow galareýasyna tabşyrmagy şert goýdy. Kostakiniñ ýany bilen alyp giden kolleksiýasy Günbatarda uly seslenme döretdi… • Bir azeri Ahmet Jaferogly (1889-1975)… Azerbaýjanyñ Genje şäherinde doguldy. Kiýew we Baku uniwersitetleriniñ Türk bilim bölüminde okady. Garaşsyzlyk hereketine gatnaşdy. 1920-nji ýylda Gyzyl Goşunyñ Azerbaýjana girmegi bilen Stambula göçdi. 1924-nji ýylda Edebiýat fakultetini okap gutardy. Berlin we Breslau uniwersitetlerinde türkologiýa boýunça barlag işlerini geçirdi. Doktorlyk dissertasiýasyny gorandan soñ Türkiýä dolanyp geldi, Stambul uniwersitetiniñ Edebiýat fakultetiniñ Türk diliniñ taryhy bölüminde dosent, yzyndan professor boldy. Türk dili boýunça makalalar we kitaplar ýazdy, halkara derejesinde meşhurlyga eýe boldy. 1942-nji ýylda gyzy Nazan dünýä indi. Ol gyzyna haly-kilim ýaly türk motiwlerini gürrüñ berip ulaltdy. Nazan sungatyñ taryhy boýunça hünärmenleşdi: Mýunheniñ Lýudwig Maksimillian uniwersitetinde etnologiýa ugrundan okady. Berliniñ Yslam sungaty muzeýinde işledi. Anadolyda praktiki-meýdan işlerini alyp bardy, Ýyldyz Tehniki uniwersitetinde mugallym bolup işledi. 1978-2003-nji ýylda Türk we yslam eserleri muzeýinde işledi we yzyndan Sabanjy muzeýiniñ müdiri boldy. Dr. Nazan Ölçeriñ gürrüñini edýärin. Gyzyl Goşundan gaçan atanyñ gyzy Nazan Кostakiniñ Sowet Soýuzyndan çykaran rus awangard sergisini Stambula getirdi. Leniniñ onçakly halamadyk... Staliniñ gadagan eden... Sowet taryhynda hemişe jedeli edilip gelinen rus awangardçylarynyñ sergisini aprel aýyna çenli aýlanyp görüp bilersiñiz. Wagtdan öñe geçmegiñ nämedigini bilersiñiz. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.12.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |