23:18 Wasp edeli gadym Garrynohury | |
«WASP EDELI GADYM GARRYNOHURY»
Goşgular
Gel, şahyrym, al eliňe galamy, Wasp edeli gadym Garrynohury. Säher bilen Güne berip salamy, Wasp edeli gadym Garrynohury. Çykaly biz gaýasyna, dagyna, Ser salaly Gün düşmeýen bagyna. Gara birdem hem soluna, sagyna, Wasp edeli gadym Garrynohury. Dereleri dilkaw-dilkaw zawlydyr, Her aýtymy tükeniksiz awlydyr, Betpäl bolup gelseň başyň ýowludyr, Wasp edeli gadym Garrynohury. Ojagynda mydam kerkaw közi bar, Saçagynda bereketli duzy bar. Gujagynda är-pirleriň yzy bar, Wasp edeli gadym Garrynohury. «Goçmyrat ahuny bardyr Nohuryň...» Diýen sözi ýüregimde şahyryň. Ýer almaz hiç haçan sözi bahylyň, Wasp edeli gadym Garrynohury. Başyn göge tutup otyr Manaman, Diýýän ýaly, «Bedasyly halaman». Joş göwün, gör niçik otyr il aman, Wasp edeli gadym Garrynohury. Dagy-daşy gözlerime togabym, Bu topraga janym bersem – sogabym. Müň bir sowalyňa ýalňyz jogabym: «Wasp edeli gadym Garrynohury». ▶ YNSAP OÝLANMASY Ynsap diýilen zat ene diýmekdir, Ýene bir beýik zat ata diýmekdir. Ynsabyňy iýmek günä iýmekdir, Ynsaba ikilik hata diýmekdir. Gyýylmaýyn, soguryp al ýüregim, Al saçakdan mele-myssyk çöregim, Gerekmidir, seňki bolsun garagym, Medetkärim ynsabymdan aýyrma. Teşne çagyň damja suwum bereýin, Köl sonasy ýalňyz guwum bereýin. Ertekilerdäki döwüm bereýin, Penakärim ynsabymdan aýyrma. Ölümden agyr zat ýokdur belki-de, Ömürden süýji zat ýokdur belki-de, Bereýin, baýlykdyr şatlyk-gülki-de, Ýöne welin ynsabymdan aýyrma. Ol meniň dünýäde ömür ölçegim, Geçmişim, şu günüm hem-de geljegim, Owal-ahyr aglajagym, güljegim, Tenakärim ynsabymdan aýyrma. Ynsabyň öňünde kändir sowalyň, Bagyşlanmaz bolsa birje zowalyň. Ynsabym ýeke-täk nesil dowamym, Şonuň üçin ynsabymdan aýyrma. ▶ BAGT Bagt näme? Elmydama üstüňde Ene-ataň aman bolsa başlary. Ýat illerde ýalňyz naçar doganyň Aýralykdan dökülmese ýaşlary. Bagt näme? Saglyk bolsa öýüňde Hem dogan-dogana bolunsa rakyp, Görübilmeýäniň gözleri çyksyn, Ýaşasaň dünýäde içlerin ýakyp. Bagt näme? Hem söýülseň, hem söýseň, Ýürek bolsa adamlara rehimdar. Eselmeseň, peselmeseň dünýäde, Diýilmese: «Şu adamdan wehim bar». Bagt näme? Geçip bilseň günäni, Seň öňüňde müýnli bolsa günäli. Bagt näme? Aşyk bolmak Watana, Onuň üçin janyň bermek bagtdyr. «Watan üçin çykdym gyrat üstüne...» Belki-de, şu günler şeýle wagtdyr. Bagt näme? Gülüp baksa medetkär, Hem gülseň ýürekden, batmasaň gama. Aglap gelen, gülüp çyksa gapyňdan, Agyr güni senden eýlese tama. Bagt näme? Belki, ýene köp zatdyr, Goşga girip bilmegem bir bagtdyr! ▶ «GEL, ÝAGŞY GÜNLERDEN SÖHBET AÇALY...» Durdymuhammet Nuralyýewe Ýüzüň soluk gördüm, tutduňmy berhiz? Geçeni geçdi bil, dolanmaz hergiz. Alada-gaýgydan beýik bol bir gez, Gel, ýagşy günlerden söhbet açaly. Aýtmyşlaýyn, bu dünýäni tutan ýok, Ýeňilmezek pälwandyr ol – utan ýok. Karun misli «doýdum» diýip öten ýok, Gel, ýagşy günlerden söhbet açaly. Göwnüň tämiz, açyk asman ýalydyr, Ol ynsan hakyky ynsan ýalydyr. Suwsuz ýatan çölde çeşme kölüdir, Gel, ýagşy günlerden söhbet açaly. Dana kişi, meger, Jemşit jamydyr, Harsydünýäleriň jaýy tamydyr. Olar üçin mukaddes zat bamydyr? Gel, ýagşy günlerden söhbet açaly. Hemra bolsun ýagşy niýet, ýagşy päl, Gözýaş döküp ýörmegem bir ýagşy däl, Şükür huda, şahyr bilen bagşy kän, Gel, ýagşy günlerden söhbet açaly. ▶ BAÝLYK HAKDA OÝLANMA Baýlyk däldir mal-garaň, Baýlyk göwün-hoşuňdyr. Baýlyk däl salan galaň, Baýlyk içiň-daşyňdyr. Aý geçer, ýyllar geçer, Ýanan çyragyň öçer, Ýurt tozup, iller göçer, Baýlyk ýaşan ýaşyňdyr. Niçe baýlar ötendir, Utulandyr, utandyr. Köşki-jaýlar ýitendir, Ählijesi düýşüňdir. Altyn, kümüş, şaý-sepi, Ýygnaber, degmez nepi. Bir gün açylar sepi, Baýlyk halal aşyňdyr. Poslaman ýatan piliň, Hiç kesden pes däl diliň. Guwanyp, söýse iliň, Baýlyk bagt guşuňdyr. Gabahatlyk – galadyň, Sahawatlyk dilediň. Elek ýaly elediň, Baýlygyň dik başyňdyr. Sözle sözüň Allaýar, Diýmesinler «Allaýar», Goý, güllesin Tylla ýar, Şol seň göwün joşuňdyr. ▶ BU ÝALANÇY JAHANDA Bir begenç, müň gamyň bar, Bir säher, bir şamyň bar, Müň agyz, bir jamyň bar, Bu ýalançy jahanda. Bir dostuň, müň duşmanyň, Tükeniksiz puşmanyň. Galar göwün hoşlanyň, Bu ýalançy jahanda. «Ýazy ýazdyr» diýdiler, «Gyşy gyşdyr» diýdiler, «Düýbi boşdur» diýdiler, Bu ýalançy jahanda. Çykyp seniň kasdyňa Ogluň düblär üstüňe, Salar ýeriň astyna, Bu ýalançy jahanda. Durkaň depen tapylar, Awy sepen tapylar, Dyzyň epen tapylar, Bu ýalançy jahanda. Nätjek, gürrüň, aly köp, Hoşka Rüstem Zaly köp. Garaz, şeýtan ýaly köp, Bu ýalançy jahanda. Joşsaň joşan şekilli, Daşsaň daşan şekilli. Ýaşsaň ýaşan şekilli, Bu ýalançy jahanda. 22.08.94. ▶ GARA DAG Bilmedim men ýalanmy ýa çynmy dag, Beýik bolup ýaşamaklyk kynmy dag?! Eý, gara dag, gara dag, Synam doly ýara, dag. Halymy aýdaýyn diýdim, Dymyp durma, sora, dag. Eý, gara dag, gara dag, Synam içre ýara dag. Içimi kime dökeýin, Daşam bolsaň ere, dag. Eý, gara dag, gara dag, Synam içre ýara dag. Şeýtan kysmy adamlardan Gel-de meni gora dag. 17-22.08.94. ▶ «ARZYM BUDUR BIRIBARDAN...» Ýüreklerde dag olmasyn, Muhannese çag olmasyn, Mertler başy egilmesin, Arzym budur biribardan. Ogul berseň bolsun dana, Oglanlykdan girsin sana, Dert bolmasyn hassa jana, Arzym budur biribardan. Akdyrmasa gözde ýaşyň, Ýykdyrmasa göwün hoşuň, Çekdirmese hasrat başyň, Arzym budur biribardan. Diýar berdi misli erem, Ol Asly, men boldum Kerem. Abat bolsun ene ýerim, Arzym budur biribardan. 20-22.08.94. ▶ «ÝAŞYŇ GIDIP, BAŞYŇ ÇALARMAK BILEN...» Durmuşdyr – ajysy, bolar süýjüsi, Pikirlerden ýatyp bilmen gijesi, Şatysyna çydamaly niçesi, Ýaşy gidip, başyň çalarmak bilen. Seredip ýüzüne ogluň, geliniň, Ýatdan çykararsyň aýtjak bolanyň. Hasaba alynar çynyň, ýalanyň, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Gapydan girmäkäň, diňşirgäp ilki, Ýüregiň galkynar eşitseň gülki, Şundan belent zady tapmarsyň belki, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Gözüňe görünmez ýygnan mallaryň, Elmydama suw üstünde sallaryň, Wah, soran tapylsa, «Niçik hallaryň?» Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Günbe-günden saçyň agy köpeler, Halyň sorman, daşlaşarlar şepeler. Bir ýaman söz bagryňa duz sepelär, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Geçen günleň ýatlap, dymyp durarsyň, Gören düýşleriňi ýagşa ýorarsyň. Eden işiň özgelerden görersiň, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Balalaryň gallap durka daşyňny, Gussadan ne peýda, galdyr başyňny. Garraýan diýip, pikir etme ýaşyňny, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. Käte şahyr borsuň, käteler bagşy, Dilegler dilärsiň ýagşydan-ýagşy. Sen bir haly bolsaň, çagalaň nagşy, Ýaşyň gidip, başyň çalarmak bilen. 16.08.94. ▶ ÝADYŇA SALAWER Hasap bardyr gudurasaň, Gazap bardyr gudurasaň, Azap bardyr gudurasaň, Sözümden many alawer. Suwsuz ýerde bitmez derek, Duza döner synan ýürek. Gynan ýürek, gynan ýürek, Aglamda hemdem bolawer. Kimler gider, kimler galar, Başyňda kändir söwdalar. Günä kylsaň oda salar, Halal-haramy bilewer. Dostuň bilen çep eýlegen, Bardyň gepiň gep eýlegen. Gerek derdim dep eýlegen, Derdim äkitsin ýele ber. Assalar assynlar dardan, Dönmez göwün söwer ýardan, Hem aýyrmasyn diýardan, Ikisine ýaşlar diläwer. Allaýar, bolma, näşükür, Otur-da – tur, eýle pikir. Halyň sorar eňkir-müňkür, Şuny ýadyňa salawer. 1994. ▶ ŞEÝLE ÝARY BOLAN AÝRY GEZERMI? (halk döredijilinden) Daglaryň başynda läleler biter, Açylar şemala dänesi ýiter. Ýar-ýardan aýrylmak ölümden beter, Şeýle ýary bolan aýry gezermi? Köçeden geçende köçäniň güli, Periler içiniň güli-bilbili. Ähli gözellerden süýjüdir dili, Şeýle ýary bolan aýry gezermi? Daglaryň başyny alyp oturdym, Synamy daşlara çalyp oturdym. Gül keşbini ýada salyp oturdym, Şeýle ýary bolan aýry gezermi? Çäýnege ataýyn çaýyň baryny, Käsede goýaýyn ýaryň paýyny. Gül bilen bezäýin ýatan jaýyny, Şeýle ýary bolan aýry gezermi? Dagda biten gök ýaprakly agaçlar, Ýarymy görmesem bagrym örç alar, Salamymy gowşur giden serçeler, Şeýle ýary bolan aýry gezermi? 1994. ▶ PUŞKINIŇ AŞGABATDAKY ÝADYGÄRLIGINIŇ ÖŇÜNDE OÝLANMA Gojaman Russiýaň eý, dana ogly, Baş egmäge geldim seniň gaşyňa. Halkymyň wyždany, namysy-ary Pyragymyz ýaly täçsiň başyma. Ýer berip göwsünde, söýdi ýürekden Söýüşi deý öz halkynyň merdini. Sen halkymyň gursagynda gürsüldäp, Deň paýlaşdyň ýürekleriň derdini. Saňa söýgi besläp gojadyr juwan Gelip sežde edýär heýkeliňe seň. Il-gün üçin dörän merdana ogluň Mertebesin näme bilen deňäýin! Onuň Alyhezretleri Poeziýaň Aleksandr Puşkin, gönezligi sen! Kökün ýere uran daglar mysaly Akarda bulagy – gözeligi sen. Ganatly sözüňe maýyl bolupdyr, Gözel Aşgabadym saňa garap dur. Bahara berimsiz gyşyň bu güni, Puşkin onuň hal-ahwalyn sorap dur. Ähli böwetleri, tümlügi böwsen Şahyry bagryna basdy Russiýa. A soň ol türkmeniň perzendi boldy, Döz gelip aňzaga, jöwza-yssyýa. Şygyrlaryň mukamy deý dutaryň Garagumda köp ýaňlandy aýdymyň. Setirleriň ýaňlanyp dur her öýde, Halyçy gözelleň bezäp öýdümin. ▶ HAÝYŞ BILEN ÝAZYLAN GOŞGY Bu gün doldy kyrk bäş ýaşyň, Ony aňmaz ýan ýoldaşyň. Gizle, görkezme gözýaşyň, Synan göwün, synan göwün. Ogluň halyň sormaz gelip, Muňa sen bilmersiň ölüp. Içden aglap, daşdan gülüp, Gynan göwün, gynan göwün. Ýetişdirdiň ogul-gyzyň, Olar tutarmyka yzyň? Pidasy sen ajy sözüň, Ýanan göwün, ýanan göwün. Gamlanma sen, göter başyň, Güldürme töwerek-daşyň. Agtyjagyň göwün hoşuň, Galkyn göwün, galkyn göwün. Şükür kyldyň barça zada, Eýe bolgun ýagşy ada, Kowalaşma şan-şöhrada, Ýalan göwün, ýalan göwün. Balalaňa saglyk dile, Mydam hoşsuň şolar bile, Ýetişersiň ýagşy güne, Ynan göwün, ynan göwün. 1994. ▶ TOST Iýip, Geýip, Söýüp bilýäniň üçin, Uçup, Guçup, Içip bilýäniň üçin. Ýöräp, Garap, Ýarap bilýäniň üçin Bagtly sen adam! Eger gitseň biwagt, Ýokdur senden bibagt Adam! ▶ ZEŇ BOLAR Agyr söwdalara goşup başyňny, Örtendiň köp, ýandyň gysyp dişiňni. Tapmadyň dünýäde göwün hoşuňny, Diýdiler: «Sabyrlyň işi oň bolar». Başda ýakan oduň öçer-de gider, Başa gonan guşuň uçar-da gider. Sapaly döwranyň göçer-de gider, Bäş gün ömrüň göýäki bir ýaň bolar. Bu dünýäniň öňün gören barmy, heý, Bu dünýäniň soňun gören barmy, heý, Magşar güni çaňyn gören barmy, heý, Mundan gitseň şahy, gedaň deň bolar. Daňdan turup, nalyş kyldym, hak huda, Katra-katra gözýaş syldym, hak huda, Mübtela men, ýanyp-soldum, hak huda, Bu dünýäniň işi mydam geň bolar. Döwür, döwran ötdi diýip ýyglar sen, Malym diýip gije-gündiz ylgar sen. Erkiň ýetse bu dünýäni baglar sen, Erkiň ýetmeý, halyň seniň teň bolar. Şükür huda, bagy-bossan eýlediň, Şirin zyban içre dessan söýlediň, Halal iýip, haramyny söýmediň, Nalama sen, ýogsam göwnüň zeň bolar. Bu dünýäniň lezzeti kän ekeni, Hezzeti kän, ezýeti kän ekeni, Aýal kysmy häsiýeti kän ekeni, Bilmeýene haryň sesem heň bolar. ▶ GIŇLIK BER Bolsa bolýar oňat owkat, hal diýip, Owalbaşda ylgamadyň al diýip. Karun ne günleri gördi mal diýip, Giňlik ber, giňlik ber, giňlik ber, taňrym. Sönmesin gardaşym, ojagyň ody, Çekmegin dünýäde ahy-perýady. Ýamanlyk garasyn görmeý zürýadyň, Deňlik ber, deňlik ber, deňlik ber, taňrym. Setirleri ýakyn edip yragy, Eger diňlenmese şahyr Pyragy. Söndügi dälmidir halkyň çyragy, Oňullyk ber, oňullyk ber, eý, taňrym. Nä bolsam bolaýyn, ýöne bir zarym: Harlanmasyn gül ojagym, diýarym. Zarlamasyn dogan-gardaş, dost-ýarym, Ýeňillik ber, ýeňillik ber, eý, taňrym. 27.01.1995. ▶ DÜNÝÄNIŇ Görmedim men munda baky galany, Aşyk bolup, magşugyndan ganany. Ýokdur sözlerimiň zerre ýalany, Bilseň, bir däl, köpdür syry dünýäniň. Bagy bag däl, meger hasyl bermese, Arymy ol? Meger asal bermese. Çagy çag däl, eger nesil görmese, Bilmez sen kaýdadyr hyry dünýäniň. Ýanar sen, bişer sen otly közünde, Selpär sen iki ýan atly yzynda, Bulaşarsyň harasatly tozunda, Ýörseň köpdür ýagmyr-gary dünýäniň. Göwnüň telwas eder görsem dünýäni, Ol bolsa ýowdarha – ýuwdar inýäni. Ýalmap gidip otyr göze ilýäni, Diýme ýuwaş, köpdür zory dünýäniň. Ynsan bu dünýäge hyrydar bolar, Hak permany bilen bradar bolar. Soň bilmedim neçün ýaradar bolar, Belki-de, şu bolar käri dünýäniň. Allaýar, artypdyr seriňde gussaň, Ýüzüňe urupdyr ak reňki hassaň. Gamlanma, gün dogar, açylar bossan, Kalbyňa çaýylar nury dünýäniň. 1995. | |
|
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ "Şeýlemidi ahyrynda etjegiň..." / Goşgular - 03.12.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Kimsi dosta barar... / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |