02:31 Windows operasion sistema | |
WINDOWS OPERASION SISTEMA
Ylym we tehnologiýa
Operasion sistema. Kompýuter toga çatylanda prosessor HÝSG (Hemişelik ýatda saklaýjy gurluşa) ýüzlenýär. Onda kompýuter sistemasyny barlaýan, gaty diske ýüzlenmegi üpjün edýän hyzmatçy programmalaryň toplumy ýazylandyr. Bu topluma BIOС (Basic Input/Output System – giriş-çykyş gurluşyň baza sistemasy) diýilýär. Biziň kompýuter bilen işläp bilmegimiz üçin buýruklarymyzy ýerine ýetirýän, hereketlerimize esewan bolýan programma gerek. Kompýuterde gurnalan apparat we programma üpjünçiligini dolandyrýan şeýle programma operasion sistema diýilýär. Operasion sistema programmalaryň (programma interfeýsi), programma üpjünçiligi bilen apparatyň (programma-apparat interfeýsi), adam bilen kompýuter sistemasynyň (ulanyjynyň interfeýsi) özara täsirlerini üpjün edýär. Şeýle-de operasion sistema ulanyjy bilen programma we apparat gurluşlaryň arabaglanyşygyny üpjün edýär. Windowsyň iş stoly. Iş stolynda Windowsyň obýektleri we onuň dolandyryjy elementleri şekillendirilen. Operasion sistema ýüklenenden soň esasy iş ekrany açylýar we oňa iş stoly diýilýär. Bu operasion sistemanyň esasy obýektidir. Işe goýberiş ( Пуск) düwmesi– iş stolynyň dolandyryjy elementi. Faýllar – Windowsyň obýektleri. Esasy menýu – bu Windowsyň dolandyryjy elementi. Menýunyň düzüjileri (punktlary) – dolandyryjy elementler bolup, ekranda buýruklar görnüşinde şekillendirilýär. Windowsyň iki dolandyryjy elementi bar: işe goýberiş düwmesi (Пуск) we meseleler paneli. Meseleler paneliniň sagynda görkeziji panel ýerleşýär. Munda ownuk görkeziji belgijikler: açyk penjireler, programmalar ýerleşýär. Syçan bilen dolandyrmagyň tärleri (1.1-nji surat): Faýllaryň gurluşy (strukturasy). Faýllaryň gurluşyny ugrukdyryjy (проводник) programmanyň kömegi bilen görüp bolýar. Bu buýrugy ”Пуск- Все программы - Стандартные - Проводник” yzygiderlikde bermek bolýar. Ugrukdyryjynyň çep panelinde diskler we papkalar şekillendirilýär. Sag panelde açyk papkalaryň içindäkiler – faýllaryň belgileri, iç-içe ýerleşen papkalar şekillendirilýär (1.1-nji surat). Faýllaryň atlarynyň käbir umumy kabul edilen giňeltmeleri. Faýlyň ady nokat arkaly iki bölege bölünýär. Mysal üçin. Ýazgy 1.doc bu ýerde : “Ýazgy1”- faýlyň ady; “.doc”-faýlyň giňeltmesi (faýlyň görnüşi, tipi). Käbir umumy kabul edilen giňeltmelere mysallar: .eхe – ýerine ýetirilýän faýl (programmalar, priloženiýeler). .sys – sistema faýly. .tхt– tekst faýly. .hтм – internetden alnan tekst faýly. .dос– dokument faýly. .gif – grafiki faýl (surat). .jpg – grafiki faýl (surat). .avi – wideo faýl. .wav – ses ýazgyly faýl. Informasiýalary gözlemek: 1-nji serişde (syçanyň sag gulagyndan peýdalanmak bolar): ПУСК – Найти (programma ýa-da faýl ). 2-nji serişde: haýsy-da bolsa bir diski, papkany (ýa-da “ Kompýuter” belgijigi) açyp F3 klawişi basmaly. Papkalaryň ady biri-birinden ► (ýa-da \) belgijik bilen aýrylýar. Iň ýokardaky papka kök katalogy diýilýär. Görnüşi ýaly (1.2-nji surat) C disk kök katalogydyr. Windowsyň penjireleri: 1. Papkalar penjiresi – priloženiýeleri (programmalary) we dokumentleri gözlemek, saýlamak we goýbermek üçin niýetlenendir (1.3-nji surat). 2. Priloženiýe penjiresi – dokumentler bilen işlemek üçin niýetlenendir. Bellik. Priloženiýe daşyndan alnan dürli maglumatlary peýdalanmak bilen programmadan tapawutlanýar. Şeýle bolsa-da priloženiýe adalganyň programma diýlip ulanylyşyna hem gabat gelinýär. 3. Gepleşik penjiresi – operasion sistemasyny ýa-da priloženiýäni sazlamak üçin niýetlenendir (1.5-nji surat). 1. Goşmaça informasiýalary almak üçin Windowsyň sorag sistemasy (1.6-njy surat) penjiresi. Papkalaryň penjiresiniň gurluşy: – penjiräni ýapyjy düwme. – penjiräni ýaýyjy düwme. – penjiräni öňki ýagdaýyna getirýän düwme. – penjiräni ýygnaýjy düwme. Bu buýruklaryň yzygiderligini ALT+PROBEL klawişleriň kömegi bilen açmak bolýar. Gurallar panelindäki esasy dolandyryjy elementler: Papkalar penjiresi (1.7-nji surat) 1. Öňdäki we yzdaky penjirelere geçmek. 2. Gurallar paneli (gurallar panelinde her elementiň niýetlenen işini ýüzýän kömekçiniň kömegi bilen bilip bolýar, “ýüzýän kömekçi” elementiň üstüne syçany elteňde açylýar). 3. Menýular setiri. 4. Salgylar setri. 5. Papkalaryň (faýllaryň) sanawy. 6. Gözleg. 7. Süýşürme zolagy. 8. Süýşürgiç. 9. Süýşürme düwmejikleri. 10. Maglumatlar zolagy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |