19:29 Windowsyň gepleşik penjiresi | |
WINDOWSYÑ GEPLEŞIK PENJIRESI
Ylym we tehnologiýa
Papkalaryň penjireleri Windowsyň obýektlerinden durýar. Gepleşik penjireleri Windowsyň dolandyryjy elementlerini özünde saklaýar. Gepleşik penjireleri sazlama, üýtgetme işlerinde ulanylýar. Gepleşik penjireleriniň 3 çeşmesi: 1. Ýörite dolandyryjy papka – Dolandyryjy panel (Пуск-Панель управления). 2. Syçanyň sag gulagyna basylanda açylýan gapdal menýu. Islendik obýektiň gapdal menýusyndan peýdalanyp onuň Häsiýetini (Свойства) sazlap bolýar. 3. Priloženiýäniň menýular setiri. Mysal: Файл–Параметры buýruklaryň yzygiderligi programmanyň işini sazlamak üçin, Word tekst redaktorynyň Парамeтры Word gepleşik penjiresini açýar (1.11-nji surat). Programmany (priloženiýäni) işe goýbermek. Dokumenti açmak. Priloženiýäniň berlenler bilen işlemek üçin programmadygyny bilýäris. Dokument – bu berlenlerdir. Priloženiýeden tapawutlylykda dokument "işläp” bilmeýär, ýöne ony açyp, görüp, üýtgedip (redaktirläp) bolýar. Priloženiýe işe goýberilýär, dokument açylýar. Priloženiýäni iş stolundan, papkanyň penjiresinden, esasy baş menýudan işe goýbermek mümkin. Dokumenti açmak üçin, syçany onuň üstüne eltip, iki gezek çep gulagyna basmaly, şeýle-de onuň üstünde syçanyň sag gulagyna basylanda ýüze çykýan gapdal menýudan peýdalanmak bilen açmak bolýar. Dokumentiň belgisini syçan bilen priloženiýäniň penjiresiniň üstüne çekip (süýrekläp) goýmak bilen hem ony açmak mümkin. Papkalaryň (faýllaryň) penjireleriniň birinden beýlekisine geçmegiň tärleri: 1. Syçanyň gulagyna basmak bilen penjireleriň birinden beýlekisine geçmek. Eger iş stolynda birnäçe penjire açylan bolsa onda gerekli penjiräni saýlap, onuň islendik ýerinde syçanyň gulagyna basmaly. Bu täriň amatsyz tarapy bar. Birnäçe penjire açylan ýagdaýynda bize gerekli penjiräniň görünmezligi mümkindir. 2. Meseleler paneliniň kömegi bilen penjireleriň birinden beýlekisine geçmek. Näçe penjire açylandygyna garamazdan meseleler panelinde olaryň belgijikleri (düwmejikleri) bardyr. Şol penjirelerden gereklisini saýlap (“ýokaryk” çykaryp) ony elýeterli edip bolýar. 3. Klawiaturanyň kömegi bilen penjireleriň birinden beýlekisine geçmekde Alt +Tab, ters tertipde Alt+Shift+Tab yzygiderlikde klawişleriň utgaşmalary ulanylýar. Bu tär meseleler paneli görünmeýän ýagdaýynda peýdalanylyp bilner. Buýruk beriji düwmejikler: OK – penjiredäki sazlamany saklamak bilen ýapmak. Отмена - girizilen üýtgeşmeleri (sazlamalary) saklamazdan penjiräni ýapmak. Применить – geçirilen sazlamany penjiräni ýapmazdan ulanyp görmek. Обзор – obýekti gözlemegi we saýlamagy ýerine ýetirmek. Настройка – täze gepleşik penjire açylýar we onuň kömegi bilen berlen topardaky elementleriň täsiri sazlanýar. Параметры …– dolandyryjy elementleriň toparyny sazlamak mümkin. Изменить – diňe bir dolandyryjy elemente degişli. Ol sazlamany üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Сохранить как – bu düwmejik sazlamany oňa at berip saklamaga mümkinçilik berýär. Допалнительно – operasion sistemasnyň ýa-da priloženiýäniň parametrlerini has çylşyrymly sazlamakda ulanylýar. Проверить – geçirilen sazlamanyň netijesini saklamazdan öňinçä barlamak. Печать – sazlamanyň parametrlerini printerde çap etmek. Свойства – sazlanýan obýektiň häsiýeti bilen tanyşmak. Далее – indiki tapgyra (etaba) geçmek. Назад – öň ýandaky tapgyra geçmek. Готова– sazlamany tamamlamak. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |