02:27 Word programmanyň penjiresi | |
WORD PROGRAMMANYÑ PENJIRESI
Ylym we tehnologiýa
Penjiräniň ýokarky böleginde buýruklar paneli ýerleşýär, oňa menýular setri we gurallar paneli degişlidir (2.1-nji surat). 1. Sistema menýusy. 2. Çalt buýruk bermek paneli. 3. Menýular setri. 4. Sözbaşy setri. 5. Gurallar paneli. 6. Çyzgyç. Çyzgyç (Вид-Линейка) – bu gural sahypanyň elementleriniň ýerleşişine gözegçilik etmäge, formatlaşdyrma amallaryny dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Programmanyň dik süýşürgijinden peýdalanyp sahypany aşak ýa-da ýokary süýşürmek bolar. Penjiräniň iň aşakdaky böleginde dokumentiň ýagdaýyny görkezýän setir ýerleşýär. Onda dokument barada maglumatlar görkezilýär. • Dokumenti şekillendirmegiň usullary: 1. Keseligine süýşürgijiň sag tarapyndaky düwmejikler iş çäginde dokumentiň görnüşini şekillendirmäge mümkinçilik berýär (2.2-nji surat). 2. Birinji düwmejik – okamak (режим чтения) kadada dokument ekranda, kagyzda nähili çap edilýän bolsa şonuň ýaly görünýär. Bu kada formatlaşdyrma amalynda amatly. 3. Ikinji düwmejik – belleme kadasy (разметка страницы) teksti girizmekde amatlydyr. 4. Üçünji düwmejik – bu kada Web dokumentlerde ulanylýar (eger tekst redaktirlenmän oňa seretmek gerek bolanda amatlydyr). 5. Dördünji orunda dokumentiň görnüşini ulaldyjy-kiçeldiji (masştab) ýerleşendir. Bellik. Dokumentlerde bir açyk penjireden beýlekisine geçmek aşakdaky klawişleriň utgaşmasy bilen ýerine ýetirilýär: Ctrl+F6 – göni tertipde, Ctrl+Shift+F6 ters tertipde. Menýular setirindäki Вид meýdanynda dokumentlere seretmegiň beýleki mümkinçilikleri hem bardyr. Word tekst redaktoryny sazlamak. Word tekst redaktory şol redaktoryň menýular setirinden Файл-Параметры buýruklaryň yzygiderligi bilen sazlanýar. Teksti girizmek we redaktirlemek. Tekst Goşulma (girizme) kadasynda ýazylanda girizilýän simwol öňki ýazylan tekste goşulýar. Girizilýän tekst öň ýazylan tekste goşulman ony çalşyrsa oňa Çalşyrma kadasy diýilýär. Çalşyrma kada Insert klawişe basmak arkaly geçilýär. Eger klawiş Insert çalşyrma kadasyna geçirmeýän bolsa, onda, Файл-Параметры-Дополнительно buýruklaryň yzygiderliginden peýdalanyp: “Использовать клавишу INS для переключения режимов вставки и замены” ýazgyda “baýdajyk” goýmaly. Şeýle hem “Использовать режим замены” ýazgyda “baýdajyk” goýmak bilen çalşyrma kadasyna geçmek bolar. Bellik. Tekstiň bölegini ýok etmek, onuň nusgasyny döretmek (kopiýa etmek) ornuny üýtgetmek amallaryny ýerine ýetirmek üçin, degişli tekstiň bölegini başda bellemeli (tapawutlandyrmaly). Bellenen bölek Delete klawişe basmak bilen öçürilýär ýa-da ol ýazylýan tekst bilen çalşyrylýar. • Kursory dolandyrýan klawişler Annamuhammet ALLAGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |