15:49 Word tekst redaktorda suraty ýerleşdirmek | |
WORD TEKST REDAKTORDA SURATY ÝERLEŞDIRMEK
Ylym we tehnologiýa
1. Suratyň ornuny üýtgetmek üçin, ony tapawutlandyryp Формат-Положение yzygiderligi ulanmaly (2.12-nji a surat). 2. Формат -Упорядочить – Обтекание текстом yzygiderlik bilen tekstiň surat bilen özüni alyp barşyny kesgitleýär (2.12-nji b surat). Gepleşik penjiresiniň ýokarky böleginde surat bilen tekstiň ýerleşişiniň mümkin bolan görnüşleri görkezilen. Aşakda bolsa, käbir ýagdaýlarda saýlap bolýan goşmaça mümkinçilikler görkezilendir. 3. Формат рисунка -Положение -Дополнительно…- Положение -Параметры yzygiderlik bilen Перемешать вместе с текстом ýazga “baýdajyk” goýulsa surat tekstiň elementine baglanýar, şonda surat tekst bilen bile süýşýär. 4. Eger Установить привязку ýazga “baýdajyk” goýulsa, onda surat we tekst (oňa bagly) mydam şol bir sahypada ýerleşýär. 5. Şol gepleşik penjiresinde suraty ýerleşdirmegiň beýleki ölçeglerini berip bolýar. Tekste formula goýmak: 1. Вставка-Текст-Объект - Вставка объектa - Создание -Тип объекта - Equation 3.0 buýrukaryň yzygiderligi bilen aşakdaky Формула penjirejigi açylýar (2.13-nji surat). Buýruklaryň bu yzygiderligi Вставка menýudan –Текст paneldäki Объект (obýekti goýmak) guralyny işjeňleşdirilende açylýan Вставка объектa penjiräniň Создание goýundysyndaky Тип объекта sanawdan Microsoft Equation 3.0 ýazgyny saýlamalydygyny aňladýar (2.13-nji surat). 2.Вставка menýunyň Символы panelinden π Уранение sanawyň kömegi bilen taýýar formulalary ulanmak bolýar (2.14-nji surat). Место для уравнения. 3. Вставка menýunyň Символы panelinden π Уранение sanawyň π Вставить новое уранение buýrugyndan peýdalanmak bilen gerekli formulany ýazmak bolýar (2.15-nji surat). 4. Şuňa meňzeşlikde Вставка - Ω Символы buýruklaryň yzygiderligi bilen gerekli simwollary saýlamak bolar (2.16-njy surat). Word tekst redaktorynyň düzümine girýän wektor redaktorda şekil döretmek. Wektor redaktorda bütewileşen geometrik figuralary döretmegiň mysalyna seredeliň: Word tekst redaktoryny işe goýberip Вставка-Фигуры buýrugyň kömegi bilen kuby goýalyň. Ýokardaky buýruklaryň yzygiderligi bilen ýene-de bir geometrik figurany (sekizburçlugy) goýalyň. Syçanyň kömegi bilen kuby tapawutlandyrýarys we Формат menýudan peýdalanyp kubuň granlarynyň we gapyrgalarynyň reňklerini berýäris. Edil şeýle usul bilen sekizburçlugyň içini we taraplaryny reňkleýäris. Ctrl klawişi basyp saklap, kuby we sekizburçlugy syçanyň kömegi bilen tapawutlandyrýarys. Olaryň üstünde syçanyň sag gulagyna basmak bilen, gapdal menýuny açýarys we Группировка-Группировать buýrugy berip, figuralary bir bitin figura öwürýäris. Netijede bir bütew figura ( 2.17-nji surat ) aldyk. Bu figuranyň ölçegini üýtgedip, ony öwrüp, süýşürip bolar Şeýlelikde şu usuly ulanmak bilen birnäçe şekili bir bitin şekile öwürmek bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |