10:23 Ýagşydan at galar | |
ÝAGŞYDAN AT GALAR
Edebi makalalar
Weli han Batmanly hakda kyssa Häzirki Wekilbazar etrabynyň Ak Goňur obasynda ýaşap geçen tüçjar baý, täjir Weli han Batmanly hakda il arasynda rowaýata öwrülip giden ýagşy ýatlamalar şu günlermize çenli ýitmän gelipdir. Ol Russiýa imperiýasy bilen Eýranyň arasynda iki taraplaýyn söwda edipdir. Onuň baýlygy ýere-göge sygmandyr, il-halky üçin sansyz haýyr-sahawat işlerini geçiripdir, şonda-da onuň baýlygy egsilsmän, gaýta rysgaly rowaçlanyp, at-abraýy öz obasynyň çygryndan çykyp ülkä ýaýrapdyr. Ogul öýerjege, jaý saljaga kömek edip, garyp-gasaryň sadakasyny hem özi sowup goýberer ekeni. Resminamalaryň habar berşine görä, 1911-nji ýylyň ýedinji noýabrynda şaýatlar: Ýusuf Rafiýew, Asadulla Useýnow we Ýusuf Süleýmanowyň gatnaşmaklarynda, Zakaspiý oblastynyň Merw uýezdiniň Togtamyş raýonynyň Ak Goňur obasynyň ýaşaýjysy, Weli han Allanazar han ogly Batmanly, Eýranyň raýaty Zabiulla Asdullaýewden, Merw şäheriniň Çernýaýewskiý meýdany1) bilen Bezymýannaýa köçesiniň on ikinji kwartalynda ýanaşyk ýerleşen, şäheriň gozgalmaýan emläklerini hasaba alyş kitabyndaky №130, №5 belgilerde hasapda duran, 143,06 kwadrat we 57 kwadrat sažen2) ýerleri tutýan iki sany jaýy 10 000 rubla satyn alandygy habar berilýär. 1912-nji ýylyň 23-nji maýynda Guty Söýündiren obasynyň ýaşaýjysy Oraz Gurban ogly bilen Çüri Çomalak obasynyň ýaşaýjysy Taýmaz Oraz Hojanyýaz ogly Merw şäheriniň Pirogow we Turkestanskaýa köçeleriniň dördünji kwartalynda ýerleşýän,160 kwadrat sažen ölçegli, №4 we №40 iki sany jaýy Weli han bilen onuň dosty Süleýman Isaakowa 20 000 rubla satýarlar. Bir ýyl geçensoň S Isaakow öz paýyny Weli hana berýär-de, ondan öwezine 8333 rubl alýar. 1915-nji ýylyň 10-njy fewralynda Merw şäheriniň Strelkowaýa köçesinde ýerleşýän I.P. Milohowyň notarial edarysynda iki tarapyň şaýatlarynyň gatnaşmagynda Buhara emirliginiň raýaty Ýaguda Jurabaýewiç Iglanow bilen Weli hanyň arasyndaky aluw-satyn işi resmileşdirilýär. Resminamalara laýyklykda, jenap Iglanow Murgap derýasynyň kenary bilen şäheriň Kladbişenskaýa köçesiniň arasynda ýerleşýän umumy meýdany 2235,04 kwadrat sažen ýere ýerleşýän 2 sany ýaşaýyş jaýyny, ýag öndürýän zawodyny, pagta arassalaýjy zawodyny, un eleýän hazaryny, mehaniki ussahanasyny (maşynlary we stanoklary bilen birlikde), 2 sany ammary, 2 sany saraýy we 1 teläri 60 000 rubla satandygyny we mundan beýläk emläk eýesi Weli han Allanazar han ogly işçileriň we gullukçylaryň zähmet haklaryny wagtly-wagtyna bermeklik, we betbagtçylyga uçran (we uçraýjak) işçileri, gullukçylary hem-de olaryň maşgala agzalaryny kömek puly bilen üpjün etmeklik borçly edilýär3) 1916-njy ýylda gurakçylyk zerarly Welihan Batmanlynyň obasyna açlyk gelýär. Obadaşlaryny açlykdan çykarmak üçin kim dänä ýa-da una mätäç bolsa, geregini alyp, bergini indiki ýylyň hasylyndan karzyna alnan dänäniň ýa unuň mukdarynyň bir ýarym essesi bilen üzlüşmek şerti bilen jar çekdirýär. Hoş habary eşiden oba adamlary elleri ganarly, çuwally gelişip, bugdaý islese—bugdaý, un islese—un, kim putlap, kim batmanlap, kim harwarlap—garaz, her kim özüne geregini, hem-de karzyny üzüp biläýjek mukdaryny alyp, a:tlaryny belledip gidýärler. Indiki ýyl daýhanlaryň bagtyna hasyl bereketli bolýar we hasaplaşyk wagtynda Weli han Batmanly bergidarlaryň getiren dänelerini, unlaryny ammara dökdürmän, yzyna gaýtaryp, “Bergiňi üzdüň, hasylyň özüňe nesip etsin” diýip, geleniň adyny çyzyp otyrmyşyn. Oba adamlary: —Weli han, inim, eden ýagşylygyňdan Alla razy bolsun! —Baý aga, rysgalyň-bereketiň artsyn, döwletiň giňesin! —Taňryýalkasyn! Janyň sag, başyň dik bolsun! Oba ýaşulylarynyň degişrenrägi: —Weli han, inim, töwekgellik edip, öz sahylygyňdan özüň gallaç galasyň ýog-a!? —Müflis galasym ýok. Eger galaýamda-da, siz—obadaşlarym meni goldarsyňyz diýen ynamym bardyr. Obadaşlam-babadaşlam aç otyrka lukma bogazymdan geçmez. —Karz bereňde “sadakadyr” ýa-da “hutma-hutdyr” diýäýmeli ekniň-dä—diýip, ol ýaşuly eňek bermändir. — ll arasynda her hili adam bar. Eger-de, adamlar giden-gitdidigini duýan bolsadylar, onda olaryň käbirleri güýzki ekişden sowaşardylar. Iň beteri-de, hutma-hutlyk bolan bolsa, däne-un siz ýaly mätäçlere ýetmezdi, başga kişiler alyp giderdi—diýip jogap beripdir. Weli han Mekge-Medinä haja gitmegi ýüreginde besläp, maslahat sorap Molla Töre ahunyň ýanyna barypdyr. Ahun aga oňa: —Haç parzyny berjaý etmek külli musulmanyň borjudyr, inim. Alla ugruna edip, nesibäňde bar bolsa, inşallah, keramatly Mekge-Medinä gidip gelersiňiz. Haja ugramankaňyz Ýaradanyň we adamzadyň öňünde bar bolan bergileriňi berip, tä dolanyp gelýänçäňiz maşgalaňyz mätäçlik çekmez ýaly, olaryň harajadyny, çykdajylaryny üpjün edip, mal-baýlygyňzy tükelläp gidiň. Şu wagta çenli il-ulusa eden haýyr-sahawat işlerňize Alla şaýatdyr we eden ýagşylyklarňyzy adamlar aňyndan çykaran däldir. Magtymguly Pyragy: “Saýa bolar bir mätäje nan berseň, bir ajy doýurmak hajdyr ýaranlar” diýipdir. Ýyl-ýyldan obaň ilaty köpelýär, mal-garasy örňäp, ekin-dikini çygryna syganaok. Şol sebäpli täze öri meýdanlaryny, ekerançlyk ýerlerini açmaly bolýar, suw ýetmezçili zerarly hasyl çüteleşýär. Gökje obasynyň (häzirki Jumadurdy Atajanow adyndaky) Akyl ýabynyň biziň obamyza gelýän aýak ujynyň suwy ýyl-ýyldan egsilýär, çeträkdäki hojalyklaryň suw içmeýän döwürleri hem bolýar. Weli han, Siz bir baý adam, Haja ugramakaňyz kowum-garyndaşlaryňyzy, oba-babadaşlaryňyzy gaýgy etmez ýaly, olaryň gün-güzeranyny gowulaşdyrar ýaly oba ýene bir ýap çekdiräýseňiz näder?! Weli han obaň ýaşulylary bilen maslahatlaşansoň Goňur obasyna täze ýabyň gazuwyna haşarçylary toplaýandygyny we gazynyň ähli harajadyny özi çekip, gazyçylaryň hakyny nagt hasaplaşmakçydygyny jar çekdirýär. Gowşut bentden başyny alyp gaýdýan “Ak ýer” noburyň gutarýan ýerindäki bäş tarazly gatladan çekilen täze ýabyň adyna “Goňur” dakýarlar. Soň-soňlaram Goňur ýabyň haşarçylarynyň harajadyny Weli hanyň bir özi ýapyp goýberer ekeni. 1917-nji ýyl. Bolşewikleriň Beýik Oktýabr rewolýusiýasyndan soň ýöreden “harby kommunizm ” syýasaty zerarly Weli han Batmanly kän zelel we hupbat çekýär. Onuň ähli emlägi döwletiň haýryna geçirilýär. Soň-soňlar, ýyllar geçensoň, Wekilbazar etrabynyň Aýyt obasynyň ýaşaýjysy Lallyk aga (“Lallyk çonak”) alty-ýedi ýaşlarynda Weli hanyň obadaky jaýyndan ynkylapçylaryň iki sany uly sandygy ýegşerlişip göterip çykaryp barýandylaryna şaýat bolandygyny Welihanyň çagalaryna gürrüň beripdir. Raýatlyk urşy tamamlanyp, weýrançylygy dikeltmek we açlykdan çykmak maksady bilen bolşewikler hökümeti, 1921-nji ýylda “harby kommunizmi” ýatyryp, “täze ykdysady syýasata ” («НЭП»)4) geçýär. Bu taglymatyň maksady hususy eýeçiligiň ähli görnüşine rugsat berip, hususy telekeçilere erkinlik berip, bazar gatnaşyklaryna geçip, halk hojalygyny dikeldip, ony öňki kaddyna getirmekdi, ýöne, şonda-da entek synpy göreş dowam edýärdi. Bu özgerişliklere ynanan Weli han, 1924-nji ýylyň 30-njy martynda, Merw şäheriniň halk suduna, şäheriň gozgalmaýan emläklerini hasaba alyş kitabyndaky №10 belgili, Gogol (häzirki Merw köçesi) köçesinde 400 m2 ýerde ýerleşýän emlägini—jaýlaryny yzyna gaýtaryp berilmegini sorap, talapnama bilen ýüz tutýar. Emma... Emma, köp wagt geçmänkä, belli-külli günä ýüklenmezden Weli han tussag edilýär we ol 1927-nji ýylda näbelli sebäplere görä gazamatda ýogalýar. Aradan köp wagt geçmänkä, bu hasrata çydaman, 1928-nji ýylda onuň aýaly, Bibijemal gelneje hem aradan çykýar. Weli hanyň ogly Kamar mugallym ömrüniň kyrk alty ýylyny mekdep müdiri wezipesinde işledi, onuň agtyklary: Rahymberdi Kamarow we Sylapberdi Kamarow—lukmanlar, adamlaryň saglygyny goramakda we näsaglary dertlerinden saplandyrmak üçin gije-gündiz, janalaryny aýaman zähmet çekip ýörler. Bellikler: 1) köçeleriň atlary 1917-nji ýyla çenli. 2) sažen—2,134 metr bolan rus uzynlyk ölçegi. 3) makala üçin Weli han Batmnalynyň agtygy Sylap Kamarowyň öý arhiwinde saklanylýan resminamalar ulanyldy. 4) НЭП—новая экономическая политика. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |