09:27 Ýagşylygyň güýji / erteki | |
ÝAGŞYLYGYŇ GÜÝJI
Ertekiler
Ir döwürler il içinde özüni ýagşy işler bilen aldyran ýaş ýigit ýaşapdyr. Ol «Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir» diýen pähime uýup, ýamanlyk edenlere hem ýagşylyk eder eken. Emma bir gün onuň gursagyna ýaman pikirler aralaşypdyr. Şunça wagtlap ýigidiň dünýäsinde orun tutan ýagşylyk oňa garşy çykypdyr. Şeýlelikde, näçe urunsa-da, ýamanlyk ýigidiň içinden daşyna çykybilmändir. Ahyr bir günem ol ýagşylyga ýüzlenip şeýle diýipdir: — Ýigit seni gowy görýär. Ol hemişe seni adamlaryň arasyna alyp çykýar. Men bolsam gelelim bäri daşarygam çykyp göremok. Maňa bu ýerden gidenden gowusy ýokmuka diýýän. Ýamanlyk gidip barýarka, ýagşylyk oňa: — Gitseňem ýagşy niýet bilen gitgin. Sebäbi ýamanlyk durmuşda hiç kime gerek däldir. Ýamanlyga garaşyp duran ýokdur. Ýamanlyk sesini çykarman, ýigidiň dünýäsini taşlap gidýär. Şondan soň ýagşy ýigidiň gursagy giňäpdir. Ol janypkeşlik bilen ýagşy işlerini dowam etdiripdir. Annaberdi GOÇAMANOW. #"Edebiýat we sungat" gazetinden alyndy | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |