10:12 Bahana / satiriki hekaýa | |
BAHANA
Satiriki hekaýalar
Geldimyrat işden gelip, saçagyň başyna geçenden, telefon jyrlady. Aňyrdan daýysy Atadurdynyň sesi geldi: — Geldimyrat jan, öňümizdäki çarşenbede jaý toý edýäs, gelersiň-dä. Geldimyrat kän pikirlenmän jogap berdi: — Hä, şeýlemi, gutly bolsun! Neme, bu günler hasabat taýýarlanýan günler bolansoň, işim çakdanaşa köp. Barybilsem-ä bararyn, bolmasa-da aýyplaşmarsyň-da. — Giç gelseňem bolar. Şatlanan günümiz senem bolsaň gowy bolardy — diýip, daýysy telefony goýdy. Geldimyrat saçagyň başyna täzeden geçdi. Şol wagt ýene-de jaň geldi. Bu gezek institutda bile okan ýoldaşy Atajan jaň edýärdi. — Dost, ertir jaý toýumdyr. «Toý mekanynda» garaşýandyryn. Toýy alyp barmagy saňa tabşyrjakdyryn. Dostunyň sözüni diňläp oturyşyna, Geldimyrat täze bahana gözledi. — Uly höwes bilen gatnaşjak welin, şu günler işim başymdan agdyk. Barjag-a borun welin, gaty garaşmagyn, ýalançy bolaýmaýyn. Şol günüň agşamsy, edil dilleşen ýaly, goňşusy Meredem ogul toýuna çagyryp gitdi. Geldimyradyň jogaby ýene-de şol öňki boldy. — Ogul ýaşy uzyn bolsun, goç ýigit bolup ýetişsin! Bile şatlanjak welin, ýöne işden sypynyp biljek däl. Gatnaşan ýaly görersiň-dä. Geldimyrat ahyrsoňy «Agşam öýde işlärin» diýip, alyp gaýdan zatlarynam dyndym edip, ýerine, geçdi. Ýöne şonda-da kimdir biri jaň edip ýa gapyny kakyp, haýsydyr bir dabara çagyraýjak ýaly boldy durdy. Ol ahyrsoňy uka gitdi. Geldimyrat ir bilen işe baranda, edaranyň daşky gapysy açylmady. Göýä kimdir biri gapynyň aňyrsyndan saklap duran ýalydy. Ol şunça dyzasa-da, aňyrdaky güýç artyk geldi. Geldimyrat ahyrsoňy gaharyna bäs gelibilmän: — Kim bar-aý aňyrda? — diýip, batly sesi bilen gygyrdy. Aňyrdan parahat, ýöne güňleç ses eşidildi: — Geldimyrat, bu — men, seniň işiň. Geldimyrat äm-säm boldy. — Işim? O nämäň işi? — Iş-dä, özüň hemişe aýdýaň-a, «Iş — iş bolýar» diýip. Ana, men şol iş. Seni ähli zatdan galdyrýan işiň. — A-how, sen beýdip dursaň, men işe gijä galaryn-da. — Hawa, galarsyň. Sen hemişe bir ýere gidesiň gelmese, meni bahana edýäň-ä. Ine, indi men seni işe-de goýberjek däl. Başlygyň nämüçin gijä galanyňy sorasa, ýene meni bahana et. Birinji gezek seniň bahanaň aňyrsynda hakykat bolup görer şonda. Dogan-garyndaşlaryň, goňşularyň, dost-ýarlaryň seni sylap, toýuna-sadakasyna çagyrýar, senem meni bahanalaýaň. Gitmeseň gitme, ýöne meni bir ara goşma-da. Geldimyrat, gapynyň agzynda başagaý bolup durşuna, sagadyna seretdi. Iş wagty golaýlapdy. Ol elewräp ugrady: — Bolýar, indi seni bahana etmen. Aňyrky ses has haýbatly çykdy: — Sen maňa düşünmediň öýdýän. Meni seň bahanaň gyzyklandyranok. Maňa seň düzelmegiň gerek. «Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn» diýendirler. Sen köpçülige garyşmasaň, köpçülik seni öz içinden gaty bahym sogrup çykarar. Goňşy-golam, dost-ýar, dogan-garyndaş hemişe gerekdir, şony düşündirjek bolýan men saňa. Geldimyrat boýnuny burup durşuna, sussupes gürledi: — Düşündim, ähli zada göz ýetirdim. Indi olar ýaly hereketi gaýtalamajagyma söz berýän. — Sözüň sözmi? — Sözüm — söz. Şolbada gapy açyldy. Geldimyrat iş otagyna okdurylyp girdi. Birdenem niredendir bir ýerlerden jaňly sagadyň sesi geldi. Geldimyrat iş otagynyň içinden jaňly sagady näçe gözlese-de tapmady. Ol şol başagaýlykda-da tisginip oýandy. Geldimyrat başujunda jyrlap duran jaňly sagadyň düwmesini basdy-da, bir pursat gören düýşi barada oýlanyp oturdy. Ol içini gepletdi: «Iş-iş» diýip, töwerek-daşy halys unudaýan ekenim-ow. Käşgä, şeýdip, bahana edip ýörer ýaly, ýetişip bolmaýan işiň bolsa. Saňa ýekeçanak diýerler, Geldimyrat. Şu çaka çenli göwnüne degenleriňem ýeterlikdir, mundan beýläk bir çagyrylan ýere irinmämi bes edeýin. Agşam goňşyň toýuna-da hökman gideýin». Geldimyrat içinden şu sözleri ynamly aýtdy-da, işe taýynlanmak üçin ýerinden galdy. Annaberdi GOÇAMANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |