13:27 Ýakyn geljekde bize näme garaşýar? | |
ÝAKYN GELJEKDE BIZE NÄME GARAŞÝAR?
Publisistika
2023-nji ýylda hem-ä şahsy taýdan hem-de halk we döwlet taýdan köp sanly betbagtçylygy başdan geçirdik. Bularyñ ikisi meniñ kalbymda çuññur ýaralary galdyrdy. Biri Türkiýäniñ ona golaý welaýatyny ýer bilen ýegsan edip taşlan 6-njy fewral ýer yranmasydy. Şol ýer yranmasynda dost-duşman hemmeler türkleriñ dadyna ýetişipdi. Hatda kömege gelen grek topary Türkiýeden aglaý-aglaý, alkyş barsyny alyp gaýdypdy. Şol wagt içimden "käşgä dünýä hemişe şeýle bolsady, duşmançylyklardyr çekişmeler aradan aýrylyp, dünýä behişdi mekana öwrüläýedi-dä" diýip umytlanypdym. Emma ýer yranmasy heläkçiliginiñ üstünden birküç aý geçen badyna dünýä öñki ýagdaýyna öwrüldi. Ukrainada uruş öñküsindenem möwjäp dowam edip durka, bir ýandanam Gaza pajygasy partlady. Ol şeýle bir pajyga welin, hemme reñkden we milletden milliardlarça adamyñ jigerini daglamak bilen Günbataryñ ikiýüzliligini we ryýagärligini görkezdi. Şeýle hem Günbatar klubynda Ispaniýa, Irlandiýa, Belgiýa ýaly adamçylygyny, adamkärçilik duýgularyny ýitirmedik ýurtlaryñ we halklaryñ bardygyny-da gördük. Türkiýe Respublikasy döwlet hökmünde başdan geçiren ähli bela-beterlerinde başyny dik, mertebesini belent tutdy. Ukraina uruşynda Günbataryñ oýnuna aldanman we iki tarapyñ arasyndaky deñagramlylygy göz öñüne tutup, hem-ä öz döwlet bähbitlerini gorady, hemem galla koridory we araçylyk synanyşyklary ýaly köp sanly üstünlikli işi amala aşyryp, parahatçylyga goşant goşdy. Gaza genosidinde-de sesi iñ batly çykan yslam ýurdy Türkiýe boldy. "Hamas" Türkiýäniñ üstünden ätläp araçylyk etmek üçin Müsürdir Katary ara salanam bolsa, Türkiýe sowukganlylygy elden bermedi we her hili ýagdaýda palestin halkynyñ hak-hukuklarynyñ arkasynda durdy. Arap ýurtlarynyñ ministrleri Blinkeniñ öñünde gol gowşuryp dursalaram, Hakan Fidan amerikan kärdeşiniñ gujaklaşma hemlesini ussatlyk bilen başdan sowup pozisiýasyny belli etdi. Bular elbetde taryha geçen pursatlardy. Şahslar, jemgyýetler, döwletler 2023-nji ýylda teýini boýlady. Birnäçe ýurtlar bahalaryñ gymmatlamagy, işsizlik, garyplyk, ýaşaýyş-jaý ýetmezçiligi, önümçiligiñ pese gaçmagy ýaly meseleler bilen gidişdi. Dünýäniñ iñ ösen ýurtlarynyñ biri Germaniýa suwagy gopup gaçýan köne jaý ýaly patda-patda pytraýar. Punktuallygy bilen tanalýan nemes demirýollarynda gatnawlar ýygy-ýygydan ýatyrylýar we gijä galmalar köp bolýar. Arada meni görmek üçin Ştutgartdan Mýunhene gelen tanşym üç sagatlyk ýoly otly bilen zordan ýedi sagatda geldi. Nemes senagatynyñ lokomotiwi bolan awtoulag senagaty Hytaý bilen bäsleşmekden asgyn gelýär. Bu ýagdaý diñe dünýäde däl, nemes bazarynda-da şeýle. Bazarda nemes kysymly ýeke kompýuter ýa el telefony ýok. Azyk harytlarynyñ bahasy barha gymmatlaýar. Ukrain uruşy zerarly suwuk ýangyja we ýyladyş ulgamyna çykarylýan çykdajylaram üç-dört esse artdy. Germaniýada ýagdaý şular ýaly bolsa, beýleki ýurtlaryñ ýagdaýyny göz öñüne getiriberiñ. Bularyñ barsyndan beter meni iñ köp birahat eden zat Germaniýanyñ Ysraýyla berýän goldawy boldy. Ýüzünde utanç-haýa duýgusyndan zerre nam-nyşan galmadyk nemes kansleri Şols wideokameralaryñ öñüne geçip, müñlerçe çaganyñ ganyna galan terror döwletiniñ özüni goraýandygyny aýdýardy. Edil şol pursat "men bu ýurtda näme gözläp ýörün, şu taýda nä körüm bar?" diýip pikir etdim, soñundanam pensiýa çykmaga az wagt galanda otuz ýyllyk azabymy reýgan etmegiñ o diýen akyllylyk bolmajagy netijesine geldim. Bir ýandanam millionlarça türk raýatyny Ýewropada iş we bir döwüm çörek gözlemäge mejbur eden Türkiýäniñ dereksiz syýasy düzgünine, açgöz syýasatçylaryna, döwleti talamaga dyrjaşýan işewürlere, wezipesi arkaly baýan ýolbaşçylara gaharym geldi. Şolar dogry-dürs, halal, adalatly bolan bolsalar, biz bärde nemesleriñ, fransuzlaryñ ýa-da iñlisleriñ porsy ysyny ysgamaga mejbur bolmazdyk, nesibe çeken güni watanymyza dolanyp, adam şekilli ýaşap başlama umydy bilen ömrümizi geçirmezdik. 2023-nji ýyly uly betbagtçylyklar bilen soñladyk, emma geljek ýyl üçin has beter senarileriñ gürrüñi edilýär. Bularyñ biri-de ýakynda "Bild" nemes gazetiniñ çap eden Germaniýanyñ Goranmak ministrliginiñ habarnamasy. Habarnamada häzir Ukrainada dowam edýän çaknyşyklar şu ýylyñ ahyrynda ýa-da gijä galsa indiki ýyl NATO bilen Russiýanyñ arasyndaky uly uruşa öwrülip biler. Bu bolsa üçünji jahan uruşynyñ turjakdygyny añladýar. Şonsuzam Russiýanyñ prezidenti birnäçe öñ bu ähtimallykdan söz açyp: "NATO bir bitewilikde bizden güýçli bolmagy mümkin, emma biziñem ýadro ýaraglarymyz bar.. NATO ýurtlary entek gözüni açyp-ýummanka olaryñ ýoguna ýanarys" diýipdi. Putiniñ bu haýbatynyñ indi hakykata öwrülme ähtimallygynyñ gürrüñi edilýär. NATO Baltika ýurtlaryna dowamly esger ugradyp, uruşa taýýarlyk görýän bolsa, Russiýa hem dek ýatanok, Belarusdaky harby bazalaryny güýçlendirýär. Şol ikiarada emeli añ ulgamynda-da gün geçdigisaýy bir üýtgeşme bolup geçip, adamlary howsala düşürýär. Täze çap edilen habarnamada öñümizdäki 5-10 ýylyñ dowamynda häzirki işleriñ 40%-ne golaýyny emeli añyñ edip biljekdigi aýdylýar. Bulam dünýäde ýüz müñlerçe adamyñ işsiz galjagyny añladýar. Emeli añyñ oñarmaýan işi ýok: kitap terjime edýär, makala, senari, hekaýa, hatda roman ýazýar. Saz çalýar, oýun oýnaýar, operasiýalara girip lukmanlara kömek edýär, awtoulag sürýär, başga-da sanardan kän birtopar işleri edýär. Görnüşinden dünýäniñ ylmy-fantastiki kinofilmlerde görülýän, adamlar bilen robotlaryñ garym-gatym bolup ýaşaýan geljegine tarap kem-kemden, emma ynamly ädimler bilen barýandygyny görýäris. Seretseñizläñ, birküç ýyl mundan öñem adamlaryñ amala aşmajak owadan fantaziýa hökmünde gülüp geçýän zady häzir hakykata öwrüldi: indi kosmosa turistik gezelençler guralýar. Türkiýäniñ Harby-howa güýçleriniñ uçarmany Alper Gezerawjy-da şol kosmos turistleriniñ biri. Tehnologiki oýlap tapyşlar we üýtgeşmeler şular ýaly çalt ösýär, öñki düzgüniñ galyplary-da ýekän-ýekän çagşaýar. Maşgalalar dagaýar, binika çagalar köpelýär. Gomoseksual nikalaşmalar indi durmuşyñ bolaýmaly zady hasaplanýar. Özem Germaniýa gomoseksual (syrtpyruş) jübütlere-de adaty är-aýallaryñ eýelik edýän hak-hukuklaryny bermek üçin kanunyñ üstünde işläp ýör. Siz-ä bilemok welin, gelejek meni gorkuzýar. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 23.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |