Dünýäň ýalanlygyny kän eşden çopan, Ogýust Roden palçykçyň “Oýlanýan” adamy ýaly sag elini eňegine diräp: onda, çyn nämekä? - diýip oýlanypdyr. Oýuna şular gelipdir: Gündiziň nämedigini düşündirmek üçin Gije ýaradylan bolmaly. Begenjiň nämedigini duýmagymyz üçin Gynanç ýaradylan bolmaly. Hakyň, çynyň nämedigini bilmegimiz üçin Ýalan ýaradylan bolmaly. Ýaşasyn ýalan! - Haky bildireni üçin. Ýaşasyn Pany! - Bakydan habar bereni üçin…
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]