14:10 Ýalandan gaçyñ | |
Ýalandan gaçyň
Goşgular
Ýalan - ähli ýamanlygyň başydyr, Bar güýjiňiz bilen ýalandan gaçyň! Öz boýuňy satyn alan ýagşydyr, Ýamandan, adamlar, ýamandan gaçyň! Boş sözleri yz-yzyna seplanden, Ýok ýerden bar edip, gybat çöpländen, Gaçyň dymmak zerur wagty gepländen, Geplemeli wagty - dymandan gaçyň. Şahyra gadyr bar biziň illerde, Çyn söz dünýä çykar - bar bolsa serde, Hak söz ajy, ýöne dermandyr derde, Ýürekde ýok sözi ýazandan gaçyň! **** Seni tapyp, men özümi ýitirdim, Ömrümiň ýaryna çeken gözlegde. Men öz belet şäherimde azaşdym, Azaşdym men seniň gara gözleňde. Bilemok ýüregňe barýan ýoly men, Hem tapamok barýan ýoly tünegme. Adam aljyrarmyş bagty ýatanda, Aljyrarmyş adam bagty çüwende. Bu bagtmy ýa betbagtlykmy, kim bilýär? Ýalňyşýar söýgüden bagtyn agtaran. Ejizdir öz betbagtlygna ynanan, Bagtly däldir: “Bagtly men” diýp magtanan. Söýgüde bagtam ýok, betbagtlygam ýok, Söýgi diňe salýar ýürege dowul. Şoň üçinem yşkyň ýoly kötelli, Şoň üçinem yşkyň kadasy ýowuz. Gözleri ümezlär yşka düşeniň, Açyk gözler aýdyň ýoly saýgarmaz. Yşk bir ýowuz dertdir, bu derde ýolgan Ýaryň wysalyna ýetmän aýňalmaz. Men aýňalman, halas boljak bolamok. Ýokdur yşk derdine ýolugyp ölýän. Ýüregime täze ýara salsa-da, Bu sataşan derdim köne dert örän. Atamyrat Atabaýew, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. | |
|
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |