ÝALÑYŞYP ÇAGYRYLAN "MYHMAN" /mistiki hekaýa
Kitap okamagy halaýarsyñyzmy?!
Men-ä gowy görýän kitap okamagy. Iň bolmanda hepdede bir gezek kitaphana barýan...
Bir gezek kitaplaryň arasynda ruhlar barada ýazylan kiçiräk kitaba duşdym.
Haýran galan zadymam kitapdaky hekaýada "bolan wakalara esaslanyp ýazylan" diýlen ýazgy bardy.
Kitabyň ahyrynda bolsa ony ýazanyň salgysy (adresi) bardy. Bu kitap mende uly gyzyklanyp döretdi. Kitaby alyp, kitaphanadan çykyp dostum Serdaryň öýüne ugradym.
Serdar öýünde bir özi oturan eken. Salamlaşyp, hal-ahwal soraşanymyzdan soňra men oňa alyp gelen kitaby görkezdim.
— "Diriler we ruhlar" - diýip Serdar kitabyň daşyndaky ýazgyny okap, maňa ýüzlendi:
- Fantastikamy bulam?
—Ýok, soňuny okap gör "bolan wakalaryň esasynda" diýip ýazylan - diýip beren jogabyma Serdar güldi-de:
— Şu-la fantastika Şirhan. Munuň ýaly zatlary senem ýazan bolýaň, başgada ýazýan köp. Haýsy birine hakykat diýip ynanjak?!
— Dost, seret ahyrynda awtoryň salgysam bar. Ynanmasaň ýör gidip awtoryny tapaly kitabyň.
— Kitabyň çykanyna 27-ýyl bolupdyr.Awtory bardyr öýdýäňmi?! Baram bolsa başga ýere göçendir.
— Ýör, onda-da gidip göreli. Gaty bir uzagam däl eken - diýip, Serdary özüm bilen gitmäge razy etdim.
Ulagda ýarym sagatdan gowurak ýöränimizden soňra biz kitapda awtoryň salgysy diýlip görkezilen şäherçä bardyk. Sorap-idäp ahyryn öýüni tapdyk.
Gapyň jaňyny birnäçe gezek basanymyzdan soňra gapy açylyp, 55-60-ýaşlaryndaky adam daşaryk çykdy.
Ýaşuly bilen salamlaşanymyzdan soňra men kitaby oňa görkezdim. Ol kitaby görüp haýran galdy:
—Bu kitaplar bir wagt ýok edilipdi ahyryn. Size nädip düşdi?-diýip sorady.
— Bu kitaby siz ýazdyňyzmy? - diýip,men ýaşulynyň soragyna sorag bilen jogap berdim.
— Hawa, men ýazypdym. Beýdip durmalyň, gel, içeri girip arkaýyn gürleşeliň - diýip, ýaşuly bizi öýe girizdi.
— Kitaby siz ýazan bolsaňyz, onda adyňyz Gurban Atajanow bolmaly. Şeýle dälmi?! - diýip, oturan badymyza Serdar söz başlady.
— Hawa, Gurban aga diýäýiň - diýip, Gurban aga sözüni dowam etdi - türkmençilikde myhmanyň habaryny üç günden soň almaly welin, näme habaryňyz bolsa aýdyberiň oglanlar?!
— Gurban aga kitabyňyzdaky hekaýa "bolan wakalara esaslanyp ýazylan" diýlipdir welin, çynmy? - diýip, özümi gyzyklandyrýan soragy berdim.
— Hawa - diýip, Gurban aga gysgajyk jogap berdi.
— Onda siz hakykatdanam o dünýeden ruh çagyryp gürleşipsiňizdä, şeýlemi?-diýip, Serdar geň galyjylyk bilen Gurban aga seredip sorady.
— Hawa, okan bolsaňyz bilýänsiňiz. Oglumyň ruhuny çagyrdym.
— Ýöne... bu size nädip başartdy?
— Garaşyň häzir - diýip Gurban aga beýleki otaga çykyp gitdi. Birazdanam edil bizdäki kitap ýaly kitaby alyp geldi. Kitaby açyp içinden kiçijek bir bölek kagyz çykardy.
— Ine şu sözleri okap ruhy çagyrmak mümkin. Ýöne bu ýazgyň maňa nädip düşenini soramaň - diýdi. Men kagyzy elime alyp, onuň ýüzindäki ýazgylary seretdim. Düşnüksiz dilde, bulaşyk harplar bilen ýazylan ýazgy.
— Gurban aga, şu ýazgyny bize berseňiz. Awto heläkçilikde ýogalan dostymyz bardy. Şonuň ruhuny çagyryp gürleşäýjekdik - diýip, Gurban agadan haýyş etdim.
—Ýok, oglanlar bu örän howply iş. Başyňyza belany satyn aljak bolmaň - diýip Gurban aga garşy boldy. Serdar ikimiz bilelikde uzak wagtlap ýalbaranymyzdan soňra Gurban aga ýazgyny bermäge razy boldy. Ýazgyny gije ýarymdan soň, hiç kimiň ýok ýerinde, çetiräk ýerde okamalydygyny, gaty serasap bolmagy tabşyrdy...
Gije ýarymdan soň Serdar ikimiz obanyň çetindäki gür ýylgynlyga çykdyk. Daş-töwerek garaňkylyk, ümsümlik.
—Hany, haty ber men okaýyn - diýip Serdar, menden ýazgyny alyp, bäş-alty ädim öňüräk süýşip, telefonyň çyrasyna hatdaky ýazgylary batly ses bilen okap başlady.
Birdenem güýçli ýel öwüsip başlady, niredendir bir ýerden möjegiň "uwwuldysy" eşidildi. Şol wagtam Serdaryň öňünde, ýigrimi metr ýaly aralykda ýyldyrym çakan ýaly ýagtylyk boldy-da, saçlary ýüzine düşüp duran, ýyrtyk-ýyrtyk ak eşikli, aýagy ýok, howada saklanyp duran bir zat peýda boldy.
Haýran galmakdan hemem gorkmakdan ýaňa meň dilim tutulyp, gürläbem, ýöräbem bilmän galdym. Serdar bolsa ýaňky görünen arwaha tarap ýöräp başlady. Arwaham oňa tarap süýşip gelýärdi. Birdenem Serdar yzyna öwrülip, ylgap başlady. Gelişine-de:
— Şirhan, gaçaly...Bu biziň dostumyzyň ruhy däl... Gaçaly! - diýip gygyryp başlady.
Ikimizem ylgap ulaga münüp, oba tarap gaçdyk. Ruh biziň yzymyz bilen gaýdan ýaly boldy-da, oba girenimizden soň gözden ýitdi.
Serdary öýüne düşürip gaýdyp, öýe gelip ýatyp uklamakçy boldym. Emma wagty bilen gözüme uky gelmedi. Oýaly-ukuly bolup daňdanrak biraz irkildim...
Irden Serdara jaň etdim, jogap bermedi. Öýüne barsamam hiç kim ýok eken.
Goňşylaryndan sorasam "Serdary keselhana alyp gitdiler. Düýn ýary gije özüni heläklejek bolup durka öýündäkiler göräýipdirler" diýdiler.
Men munuň şol agşamky ruhuň işidigini bildim. Indi ony yzyna gaýtarmak gerekdi. Yzyna gaýtarmagyň usulyny bolsa diňe Gurban aga bilýärdi. Tizräk şu beladan dynmak üçin Serdary görmegem soňa goýup, Gurban agalara tarap ugradym.
Gurban aga öýünde eken. Oňa bolan zatlaryň hemmesini gürrüň berdim. Gurban aga meni ünsli diňledi-de:
—Aýtdyma size "Bu howply iş" diýip, siz ýalňyşyp başga kişiň ruhuny çagyrypsyňyz-diýip, başyny ýaýkady.
— Gurban aga, indi ony nädip yzyna gaýtarmaly?
— Ruhy iki ýol bilen yzyna gaýtaryp bolýa. Birinjis-ä öz islegi bilen, ikinjisem yzyna gaýtarýan sözleri okap.
— Onda şol sözleri ýazyp beriň. Bolmasa biziň başymyza ýetmän goýmaz - diýdim.
Gurban aga uzak pikirlenip oturdy-da, maňa "Oturyber, häzir gelýän" diýip çykyp gitdi. Ýarym sagatdan soňra yzyna gelip, bir bölejik kagyzy elime tutdurdy-da:
— Agşam ýary gije bolar welin, ýene öňki baran ýeriňe bararsyňda şu kagyzdaky sözleri okarsyň. Gaty ägä bolgun! - diýdi.
Ýazgyly kagyzy aldym-da, Gurban aga bilen sagbollaşyp yzyma gaýtdym.
Ýarygijä golaýlansoň ulagyma münüp, ýene şol ýylgynlyga tarap ugradym. Ýarty ýola ýetmänkäm ulag bir kemçilik tapdy-da öçüp duryberdi. Ulaga güýmenip wagt ýitirmezlik üçin, pyýadalap ýylgynlyga tarap ugradym.
Biraz ýöränimden soňra, yzymdan kimdir biriniň gelýänini duýdum. Ýuwaşjadan yzyma öwrülip, töwerege seretdim hiç kim ýok.
Ýene öwrülip ýolumy dowam etdirmekçi bolup öňüme seredenimem şoldy welin, nireden, nädip gelenini bilemok güýçli el meni bogup başlady. Ýere ýykylyp, jübimdäki kagyzy aljak bolsam jübilerimem boş. El bolsa meni barha güýçli bogup, alyp barýardy...
Hopugyp oýandym. "Gara" basaýdy öýdýän. "Kellä nämeler gelip ýöräý?!" - diýip, pikirlenip, turdum-da, otagymyň çyrasyny ýakdym.
Stolumyň üstünde "Diriler we ruhlar" atly kitap durdy... Bu nirden peýda boldyka?!... Mende beýle kitap ýokdy ahyryn?!...
© Şirhan ALLABERDIÝEW.
Mistika we fantastika