07:15 Ýaradanyñ huzurynda | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ ÝARADANYŇ HUZURYNDA Kän bolmazdy adyň agzap bilýänler, Pyşyrdyda ýatlanardyň her daýym. Indi Sensiz, gürrüňem ýok, gepem ýok, Diýilýänler çyn bolsun-da, Hudaýym. Iki söz aýdylsa biri “Alla jan”, Üç sözi agzasak, biri “Ylahym”. Bu sözleriň nireräkden çykýanyn, Özüň aňjak bolaweri, Allahym. Nämäni eşitsek, şony gaýtalap, Toba-tagsyr, Ikatýoga döndik biz. Bolmaz bizde saldarlamak – seljermek, Sebäbi, öz kellämizden dyndyk dyndyk biz. Galplyk bilen halys öwrenşip barýan, Bu ýagdaýa çydasam men çydaýyn, Bizden hiç bir zady geň-taň görme-de, Sen bir hüşgär bolaweri, Hudaýym! Özüň görüp duransyň-la: az däldir – Alla diýen beýik ada duwlanýan. Men şolary görsem edil ýenjilýän Çaga ýaly çabalanýan-towlanýan. Dillerimiz dem salymda süýjedi, Ýöne welin dile galmady ynam. Öte geçýän bolsam müň bir tobam bar, Jandurmazlyk edip aýdaýýan menem. Eý Hudaýym, eý Keremli Biribar, Adyň bardyr öz atamyň adynda. “Sen Hudaýa ynanýarmyň” diýişip, Ony gyssap duranlary ýadymda. Ine bu gün şol gyssaýan kişiler, Adyň agzamaga utananoklar. Ine şeýdip gözlerimiň öňünde, Taňryly bolup ýör taňrysy ýoklar… Bu bolýan zatlara uwnup-çydaman, Hum ýaly çişipdir amanat kelläm. Men seni gabanýan bihudalardan, Adyňa döneýin, eý beýik Allam! * * * Ýanar çölde surnugan Ýalňyz bend-ä höwür ber. Köräp-öçügsäp duran Ýüreklere howur ber. Guba düýä - giňişlik, Daýhana ir-iýmişlik, Gulagyma dynçlyk, Bedew ata şöwür ber. Ýalbarýaryn Suwhana - Garaşyk et suwsana. Içi gysan ynsana Bir dem gümür-ýamyr ber. Aýlar, ýyllar aýlana, Gyz eçilsin oglana, Söýen bilen söýlene Süýji jepa-jebir ber. Adam bary elesläp Barýar nebsini gyssap Eger bar bolsa - ynsap, Ýok bolsa-da, sabyr ber. Berlip goşga-gazala Entek-entek ýazara, Bendäň Berdinazara Ýene az kem ömür ber. * * * Hemme zatdan öňürti Sag-amanja baş gerek. Kiselere pul gerek, Agyzlara aş gerek. Nämeler bar alnyňda... Gowluk bolsun päliňde. Ömrüň kötel ýolunda Wepaly ýoldaş gerek. Bitin bersin ykbaly, Hasap etmen mysgaly. Kelle ýa-ha dos-doly Ýa bütinleý boş gerek. Asman arlaýar neçün, Baglar gülleýär neçün. Ýazy ýaz etmek üçin Gyş ýerinde gyş gerek. Ýaň salyplar ýürege Şondan çyksyn dabara. Göwün ganatlanara Ynam gerek-yş gerek. Kalbym juda gurak däl. Maksadym hars urmak däl. Maňa kän zat gerek däl - Bagt diýlenje guş gerek. | |
|
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |