11:02 Ýarty petir hakynda ballada | |
ÝARTY PETIR HAKDA BALLADA
Goşgular
Ol urşa gidende urujyk gazyp, Bir gysym arpany Bäş sany körpäniñ Agzyndan kesip, Gömüpdir dulda... Gazaply säherde, gazaply ýylda Diýipdir gelnine: "Haýyşym, pendimi ýürege bekle, - Künjaradyr mäşe galsa-da günüñ, Ýa galsa jöwene, saruna, dara, Galaýanda hatda bir gataññura, Ezizim, sargydym, wesýetim hakla: Ýeñşe çen zat diýmän şujagaz ura, Ýeñşe çen üstüni açdyrman sakla! Garalyp gitse-de eldegirmeniñ, Şu dänä, şu arpa el degirmenin!" "Arkaýyn bol!" - diýip, galypdyr gelin, Şol pendi mukaddes sanypdyr gelin. ...Ok-däriniñ ysy tutup jahany, Urşa bir ýyl boldy diýlen mahaly, Ýalñyz hossarynyñ - söwer ýarynyñ Öldi habarynu alypdyr gelin... Şonda ýetim galan ýaly däneler Ýatypdyr gyslyşyp biri-birine, Hem tisginşip misli janly synalar Üstündäki aç çagalañ zaryna, Diýipmişler jany ýanyp özüne: "Başşak böküp degirmeniñ gözüne, Tiziräk kül bolsak şolañ şanyna!" Ýöne... Açlygyndan çişip ýykylan çagam Ulujasy gözmonjuk deý bäş çagañ, Şol gahat günlerem garyp enäniñ Uryny gazmaga bogny ysmady, Ýekejesem ellenmedi dänäniñ, Başgarajyk boldy olañ kysmaty... Ýeñiş güni gümmürdedi degirmen, Toplaryñ sesine meñzedi sesi! - Iñ soñky däri deý goşawuç arpa Üweldi, elendi harpyk-iññesi. Galtaşan barmagy ýakyp-tendirip, Orta düşdi ketgen ýaly kendirik. Misli ýadygärlik - million pida, Misli jogap - müñ bir sessiz sowala, - Duzdur suwy garylyp juda, Hamyr ýuguryldy - birje zuwala! Çata açan tamdyryñ syrylyp kerebi, Göge göterildi ýandagyñ ýalny. Salýut deý ýarylyp uçgun kelebi, Gyzaryp derledi enäniñ alny: Ýaşasyn ot-ýalny bu tamdyrtowyñ Hem-de hereketi gara kesewiñ!.. Tutuş oba (görüñ munuñ geñdigin!) Tamdyryñ daşynda ýaý berip otyr. Gelin bilin guşap, geýdi ýeñligin, Ine-de tamdyrdan Gün deý ýalbyrap, Çykdy tep-tegelek ýekeje petir! Paýlandy şol bada petiriñ ýary Ýetimlere - aşyk ýaljak gyñakdan, Beýleki ýarysy gyzgynjak nany Elden ele geçdi, sylynyp alna, Ýöne... Döwülmedi ötmänsoñ hiç damakdan... Dilleşen deý dymşyp, turdy hemmeler, - Heý, şu pursat bir zat diýip bolarmy?! Ýarty petir geldi ýene aýlanyp, - Heý-de nesibesin fronta gideniñ Bokurdakdan ötrüp - iýip bolarmy?! ...Göýä nesillere baky bir perman, - Otuz dört ýyl bäri dur şol arpa nan... Polatdan, jöwherden gaýym ol indi, Oña ýazylypdyr atalañ pendi. Ol geçen uruşda dünýä saçylan Gülläniñ-gurşunyñ baryndan agyr. Ýugurypdyr ony gözýaşy bilen Bir gelin däl, ýüz däl, müñ garabagyr! Otuz dört ýyl bäri ýeke çaga-da Gätmändir, "bozmandyr onuñ gaýmagyn"... Men şol nany alna syldym arada Öýlerinde dostum Ýarly Baýramyñ.* 1979 ý. _____________________________ Ýarly Baýram * - hudožnik. Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |