07:30 Ýaş başdaky ak saçlar / powest | |
ÝAŞ BAŞDAKY AK SAÇLAR
Powestler
Owganystanda gulluk eden ýigitlere bagyşlaýaryn. Hajy çaltrak ýoldan sowlanyny kem görmedi. Ol suw gidip emele gelen kölçäniň gyrasyndaky gamyşlykdan geçdi-de aýak çekdi, çemedanyny ýerde goýup, töweregini synlamaga durdy. Günortadan kese geçýän dagyň örküjindäki çopan telpegine meňzeş bir bölejik buludyň şol sallanyp durşy. Buludyň ýokarsyndan somalyp çykyp duran dagyň örküji, onuň gabat bärsinden uzalyp gidýän asfalt ýoluň iki gyrasyndaky syrdam boýly derekler diýseň owadan görünýär. «Be, derekleň eýýäm boýy ýetäýipdirow...» Hajyň duran ýerinden günbatarlygyna ýylgyn jeňňelligi uzalyp gidýär. Jeňňelligiň aňyrsy bolsa guma direýär. Hajyň şol gum depelerine çykasy geldi. Ýöne ýarasy sorkuldap duransoň ol beýige çykjak bolmady. «O seleňläp görünýän sowhozyň medeniýet öýi bolsa gerek. Goşunçylyga ugraýmankam gurluşygy tamamlanyp barýardy. Ýogsa-da öýümiz görnenokmyka? Posýologyň guma süsňäp girýän ýerindäki jaýlaryň biri bolmalydyr öz-ä. Baglar öňüne gabat bolup görkezenok-da...» Hajy jeňňellik bilen gumuň sepgidine düşdi-de, ýöräp ugrady. Haý diýmänem sowhozyň bagçylygynyň duşuna ýetdi. Bagçylygyň gutaraýan ýerinden, sowhozyň posýology başlanýar. Posýologyň günbatar ýüzüni syryp geçýän ýabyň gyrasyndaky baglardyr gamyşlary gabatlap, onuň şol ýöräp oturyşy. Öz syrgynlarynyň desine ýetäýende onuň ýüreginiň gürsüldisi hasam artdy. Hajy ýöräp oturyşyna ýabyň saga öwrülýän ýerindäki baglyga dulanyp, biraz saklandy. Bu ýer Annaýar agalaň melleginiň depesi. Gündogarky mellek bolsa Hajylaryňky. ...Hol-ha mellekleriniň ortasyndaky peliň ugry bilen Sülgün sallanyp ýöräp gelýär. Onuň ýöreýşi dagysy ne edaly... Wah, diňe ýylgyryşam dünýe malyna degmeýämi diýsene... Birdenem ol gaýyp boldy. ...Hajyň kakasy bir näletkerde boldy. Ol Aşgabada okuwa diýip gitdi-de, yzyna köwlenmedi. Adamsy geler ýerde gelmänsoň Arzygül bir gün goşlaryny düwünçege düwdi-de, oglunyň elinden tutup, niredesiň Aşgabat diýip, obadan göterildi. Arzygül adamsy uniwersitetde okaýarmyş diýip eşidýärdi. Şoňa görä-de, otludan düşüp, göni uniwersitete tarap ýöredi. Ýöne adamsynyň okuwdan çykarylanyna bir ýyldanam gowrak wagt bolandygyny eşideninden soň paltasy daşa degdi. «Ýeri, indi näme işlemeli? Nä ýüzüň bilen oba barjak?» Olar myhmanhana ýerleşdiler. Myhmanhanada birsalym ýaşansoňlar şol ýerde işleýän aýalyň kömegi bilen PTU-laryň biriniň aşhanasynda işe başlady. Eneli-ogla umumyýaşaýyş jaýyndan bir otagam berdiler. Şol ýerde-de Annaýar aga bilen tanyşlyk başlandy. Ol hem-ä uçilişede önümçilik okuwynyň ussasy bolup işleýärdi, hemem gyzy Sülgün bilen umumyýaşaýyş jaýynyň bir otagynda bolýardy. Hajy olar bilen tiz öwrenişdi, mekdepden geldigi şolara eňerdi. Ýaşulam çagalaryň üstünde kökenek. Ol okuwçylara traktor sürmäni öwretmäge gidende-de, bir ýana gezmäge çykanda-da Sülgündir Hajyny ýanyndan aýyrmaz. Annaýar aga Arzygüle-de öz uçilişelerinde okamagy maslahat berdi. – Okuwa girseň kärjagaz edinersiň. Kär bolsa adama mydama-da gerekdir. Arzygül uçilişäni tamamlanda ýaşuly oňa: – Seret ýagdaýyňa. Öz obaňa gideniňi gowy görseň, obaňa git. Aşgabada golaýrak ýerde galanyňy kem görmeýän bolsaňam täze sowhoz açylýamyş. Şoňa ibermäň alajyny etjek bolaýyn. Arzygül dagy sowhoza gitmekçi bolanda ýaşuly özüniň olardan galýandygyna gynanmanam durmady. – Halys öwrenişäýipdiris... Bolsa-da şäherden gaty daş däl, barşar-gelşer durarys-da... Annaýar aga uçilişede kyrk ýyla ýakyn işlänsoň ony taşlap gidibermegem aňsat däldi. Ýöne Arzygül dagy bilen gatnaşygyny kesmedi. Bolmanda aýda bir gezek Sülgün bilen gezmäge bardy. Arzygülüň traktoryny sazlap berer. Ekişdir bejergi döwri bolsa maý tapdygy gelip, ruluň başyna geçer. Asly obaly bolanlygyndanmy ýa-da Hajydyr Arzygül bilen bir ýerderäk bolanyny kem görmedimi, garaz, olam ahyryn şu sowhoza işe gelermen boldy. ...Hajynyň şindizem şol dikilgazyk bolup durşy. Göwnüne bolmasa birden ýylgyryp Sülgün öňünden çykaýjak ýaly bolup dur. Ýöne ol näçe garaşsa-da Sülgün çykmady. «Ýeri, şu wagt birden Annaýar aga gelägede: «Näme ozalkyňy az gördüňmi, bärligine tiňkäňi dikip dursuň? Indi beri gözüme görünme» diýäýse nätmeli borka?» ...Annaýar agaň asly gumludy. Olara Amyderýaň boýuna göçmeli diýlende, uzak ýurda gitmäni garalla gördüler. Onsoň Aşgabadyň alkymyndaky obalaň birin-de ýaşaýan garyndaşlarynyň golaýragyna göçüp geldiler. Soňra uruş turdy. Ol uruşdan gelip, traktorçylary taýýarlaýan kursy gutardy. Ýany güzeranyny aýlap ugran mahalam ýer yrandy. Şeýlelikde, altybaş maşgaladan ýeke özi sopbaş galdy. Däliräp düze çykyp ugran mahalam keselhana ýygnadylar. Iki ýyl ýatyp, keselhanadan çykmakçy bolanda wraçlar oňa adamlaryň köpräk ýerinde bolmagy maslahat berdiler. Onsoň ol FZO-laryň birinde okuwçylara traktor sürmäni öwredýän ussa bolup işe başlady. * * * Hajyň raýon merkezine diýip ir bilen gidişi. Onuňam iki sebäbi bardy. Birinjiden-ä harby komissariatdan çagyryş haty gelipdi, şoňa barmalydy, onsoňam Garlyň raýon merkezinde ýaşaýan bir tanşynda satlyk ýapon magnitofonynyň barlygydy. – Hem magnitofona-da müň manat bermek bormy diýse-de, ogly özelenip duransoň, Arzygül dözümsizlik etdi. Şonda Annaýar aga: – Magnitofon nämä gerek, radio barka? Juda şonsuz oňup bilmeýän bolsaň, hökmanmy dünýäň puluny döküp, ýaponlaňkyny almak, özümiziňki bar-a – diýende, Hajy oňa alarylyp seretdi. Hajy puly jübüsine salyp, «Ýawasyna» atlananda ejesi. – Gitseň git welin, çaltrak yzyňa köwlenjek bolaweri, iş başdan agdykdyr. Menem günortana golaý ýygnaga gitmelidirin – diýipdi. «Bolýa» diýse-de Hajy wagtynda köwlenmedi. Harby komissariatdan çykansoň Garly bilen onuň tanşynyňka gitdiler. Öý esi ýaşy otuza ser uran aýaldy. – Hajy han, tanyş bol. Ine, muňa-ha Şirin diýerler. Şirin diýseň Şirindir bu. Seň üçin Şiriniň gapysy mydama açykdyr. Bujagaz üzümiň suwy ýalyjak zenan bolsa Mahym. Oňa Mahym diýseňem bor, Maşa-da. Sülmüreşip eräp-akyp barýan zenanlary synlap, Hajy ýöne aňk bolup otyr. «Bäý-bä, Garly bulary nädip tapyp ýörkä?» Hajy magnitofony aldym edenden soň ony ýuwarman boldular. Orta saçak ýazyldy. Onuň üstünde iýilýän-içilýän, çekilýän zatdan adyny tutanyň bar. Nahar iýlip, neşelerden ýaňa kelleler mazaly sämändensoň içeri garaňkyradylyp wideomagnitofona tomaşa edilip başlandy. Hajyň arak diýlen zady ilkinji gezek dadyp görşi bolansoň, eýýäm beýnisine urupdy. Wideomagnitofondaky ýalaňaç zenanlardyr erkekleri görüp, onuň ozalam dumanlap duran başy hasam sämedi. Onuň beýle tomaşany ilkinji görşi. Soňabaka bu zatlaryň düýşüdigini-de, huşudygyny-da saýgarman başlady. Bu wagt näzijek eller Hajyň yzüni gujaklap başlapdy. Seretse, Mahym çuw ýalaňaç bolup, gysmyljyrap otyr. Muňa Hajyň ýüregi ýaryldy. Ol allaniçigsi bolup töweregine diň salanda öý eýesi bilen Garlyň sesiniň goňşy otagdan gelýändigini eşitdi. «Beýle-de bir haýasyzlyk bor oguşýa». Mahym Hajyny gapdaldaky ýazylgy düşege ýykdy-da, onuň köýneginiň iliklerini ýazdyrmaga başlady, Gözüni petredip ýatan Hajyň göwnüne bolmasa wideomagnitofondaky ýalaňaç aýallaryň biri öz ýanyna geçene döndi. Ol şindizem näme-nämeleriň bolýandygyna düşünip bilenok. Hajy alasarmyk bolup ep-esli ýatdy. Mahym barha ekezlenip, Hajyň aýagyndaky jinsisinem sypyryp, beýleräge oklandansoň, hüjümini hasam güýçlendirdi. Hajy hopugyp dikeldi. Mahymyň bolsa şol serlelip ýatyşy. «Seň edýäniň näme?» Hajy yraň-daraň ýerinden turdy-da, edil hapa zada sereden ýaly Mahyma bir äňetdi. Ol entirekläp durşuna geýinmäge başlady. – Ýeri, nirä? Hajy sesini çykarmady. – Haý, akmajyk diýsäni... Il-ä bular ýaly hezillige ýetip bilenok. Sen bolsaň... Hajy magnitofonly sumkasyny alyp daş çykansoň, yzyndan ýagy gelýän ýaly, çalasynlyk bilen motosiklini otlady. Ol kanalyň köprüsinden geçensoň aýak çekdi. Derrewem jübülerini sermäp ugrady. Ýöne jübüleri edil bilbiliň ketegi ýaly, hiç zat ýok. Diňe şondan soň ol ejesinden gyrp-çyrp eden ýüz elli manadynyň ýaňky ýerde çilnendigini bilip galdy. «Aý, büçe-büçe bilen sypsaň kaýyl bolsana...» Onuň kellesi barha humarlaýardy. Hajy ertirki gidişine giç öýlänler araky gumdan geçdi. Egninden asylgy sumkadaky magnitofondan bolsa düşnüksiz aýdym-sazlaryň aldygyna zowlap durşy. Hajy ekerançylyk meýdanynyň gündogar çetindäki ýeke düýp erigiň duşuna ýetende ýoluň üstünde ýatan uzyn, gara zada gözi düşdi. Ol motosiklini sakga duruzdy «Bä, şo diýilýän gara ýylandyr-ow şü». Il arasynda ýeke düýp erikdir ekerançylyk meýdanynyň demirgazygragyndaky harabaçylykda bir uly gara ýylanyň gezýändigi hakda gürrüň bardy. Kellesi sämäp duranlygyndanmy, garaz gumak ýoluň üstündäki zat Hajyň gözüne diýseň elhenç bolup göründi. Onuň şindizem şol oýlagrap durşy. Onýança-da göwnüne bolmasa ýylan kellesini galdyran ýaly etdi. Indi onuň ýüregi hasam howlap, haýdan-haý motosiklini otlamak bilen boldy. Ýöne içiňi ýakaýyn diýen ýaly «Ýawa» otlananok. Hajyň göwnüne ýylan özüni «okap» doňduryp barýana döndi, birdenem gara ýylan äpet aždarha öwrülip, üstüne towsaýarly göründi. Ol çalasyn düşüp, motosikliniň pedalyna jaýdar dependen harlap, otlandy. Tormozdan boşap, batly gaz berlen «Ýawa» ok ýaly atylyp gitdi. Ýylanyň duşundan geçip, yzyna gaňrylmakçy bolandan motosikl ýoluň gyrasyndan geçýän ýabyň raýyşyna uruldy-da, özi ho-ol beýläk zyňlyp düşdi. Hajy birhaýukdan gözüni açyp, töweregine seretdi. Ýöne aňyrrakda tatyrdap ýatan motosikletinden başga gözüne zat ilmedi. Hajyň dulugy jyzlap durdy, çep aýagam çalaja agyrýardy. Ol emaý bilen ýerinden turdy-da, magnitofonyny gözläp ugrady. Magnitofonly sumka aňyrrakda ýabyň içinde ýatan ekeni. Çykaryp görse, magnitofonyň daşy çat açypdyr. Ol gyssanmaç knopkalaryny basyşdyryp gördi. Ýöne ses çykmag-a beýlede dursun, hatda kassetalaram aýlananok. Hajy ýabyň raýyşynda ösüp oturan ýaşajyk söwüdiň şahasyny döwüp, ýylana duşan ýerine tarap gaýtdy. Ýöne eýýäm o ýerde ýylan ýokdy. Oňa derek uzyn kök ýatyr. «Ýa-da bu ýylan bolup gözüme görnäýdimikä?» «Aý ýok-la, ol kellesinem galdyrd-a...» Hajy ýylany gözläp, köp sermendi. Ýöne hiç ýerden tapmady. Ahyrynam erigiň ýanyna bardy. Şobada-da hopugyp yza çekildi. Göwnüne bolmasa, ýylan üstüne bökäýerli göründi. Ho-ol beýlede duran ýerinden ýokarlygyna seretdi. Ol ýapraklaryň arasyndan öz nägehanyny tapman öýdenokdy. Ýöne näçe gözlese-de ýylana gözi düşmedi. Soňra durşy bilen zenzele bolup duran motodikline atlandy-da, düşelgä tarap sürdi. Hajy paltany tapan dessine-de yzna öwrüldi. Erigiň ýanyna gelip, ýokarlygyna tiňkesini dikip, ýene-de bir salym durdy. Ahyrynam janyýangynlylyk bilen erigiň ýerden çykaýan ýerinden paltany aýlap salyp ugrady. Garader bolup erigi çapyp durka-da gözi ýokarsynda. Şindizem onuň kalby ýylanyň öz üstüne böker howpundan saplananok. Birsalymdan erik şatyrdap ugrady. Hajy erik gyşaryp başlandan ökjäni göterdi. Ol zordan sypmaga ýetişdi. Erik edil dag gaýdan ýaly bolup agdaryldy. Şol wagtam bir güňleç ses çykdy. Hajyň gulagyny gapdy. Soň-soňlaram dünýe durşy bilen zenzele bolup durdy. Ine, şeýdip, näçe onýyllyklaryň dowamynda gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna çydap, gaýa-tupana döz gelen goja daragt sähel salymyň içinde ýanyny ýere berdi. Ekerançylyk meýdanynyň aýak ujunda ýer tekizläp ýören Annaýar aganyň ýüregi bir elhençligi duýan ýaly boldy. Ol sägindi-de, töweregine seretdi. Üýtgeşik zada gözi ilmänsoň ýene-de traktoryna atlandy. Ýöne şondan soň işläp weji bolmady, onuň düýpden ynjalygy gaçdy. Diňe kartaň aňyrbaşyna ýetende özüni ynjalykdan gaçyran zadyň nämedigine ymykly göz ýetirdi. Traktordan düşdi-de, ýabyň raýyşyna çykyp, gündogarlygyna seretdi. Ýaşuly birbada gözlerine ynanmajak boldy. Hemişe allowarradan howalanyp görünýän erik ýom-ýok bolupdy. Ol gözlerini gyrp-gyrp edip bir seretdi, elini gözüniň üstüne kölegeledip bir seretdi. Dogrudanam tegelenip oturan daragty ýer ýuwudana dönüpdi. Annaýar aga başy aýlanýandyr öýdüp aşak oturdy. Ýöne oturybam karar tapman, gündogarlygyna ýöräp ugrady. ...Olara bu ýerler bölünip berlende bir ýykyk tamdyr şu erik agajyndan başga guş kölegelär ýaly zat ýokdy. Köne tamam buldozer düzlänsoň şu ýaýylyp ýatan meýdanda gurap ugran erik agajynyň ýeke özi somalyp galypdy. Ol erigi kimiň, haçan ekendigini bilýän ýok. Bu ýeri ekişe taýýarlanyp başlanandan beýläk ýeke oturan erige Annaýar aga seredip ugrady. Ýöne ençeme ýyllaryň dowamynda suw garasyny görmedik, alagury erigiň şahadyr ýaprak çykarjagy gümanady. Onda-da ýaşuly Sülgünem ýanyna alyp, näçe iş edinip, gündogardaky geçýän ýapdan erige okaryk çekdi. Erigiň töwereginiň çöp-çalamyny çapyp peljagaz etdi. Soňra-da suw goýberdi. «Belki yhlasymyz reýgan bolmasyn-da. Ýapraklaýsa-ha tomsuna saýalar ýaly kem bolmaz» diýşip, ataly-gyz umydygär bolup gezdiler. Bahar golaýlansoň ýygy-ýygydan erige aýlanyp gaýtdylar. Bolsa-da olaryň yhlasyna erigiň döwülmän galan şahalarynda pyntyk göründi. Muňa olar şeýle bir begendiler. Onsoň erigiň töweregini düzleşdirdiler. Howa maýlap pyntyklar ýapraga öwrülende olaryň şatlygynyň çägi bolmandy. Ilkinji, ýyl erik o diýen köp ýaprak çykarmady. Ýöne soňky ýyl gyzylja şahalarda näzijek akja güller görnende ýaşulydyr gyzy yhlaslarynyň biderek bolmandygyna hasam göz ýetirdi. Şol ýyl erik az-owlak hasylam getirdi. ...Annaýar aga hasanaklap barşyna ýanyny ýere berip ýatan daragta gözi düşenden allaniçigsi bolup, içini çekdi. Erigiň golaýyndaky agaç bölekleriniň arasyndaky palta gözi düşende «imany depesine çykdy». Onuň paltany alagada dazladyp zyňyp goýberesi geldi. Ýöne haly teň ýaşulyň zada gurby çatmady. Ol emaý bilen aşak oturdy. «Ýeri, seni çapmak kimiň nämesine gerek bolduka? Seni guratmajak bolup näçe jepa çekdik. Wah, olaram hiç-le, ýöne seň özüň näçe jebirlere çydap, şu günlere ýetdiň! Aý bolýa-da, seni çapmaga eli barana ynsanam diýip bolmaz». Ýaşulynyň kalbynda turýan harasatdan ýaňa beýnisi ýarylyp gelýärdi. Goja erige gözi düşmänsoň Sülgüniňem zähresi ýaryldy. Olam traktoryny taşlady-da, bärligine eňdi. Ýykylyp ýatan erige gözi düşüp aýak çekdi. Şol wagt aňyrrakda ýatan Hajyny gördi. Onuň bolup ýatyşy, edil erik üstüne ýykylyp mynjyradaýan ýalydy. Sülgüniň ýüregi agzyna geldi. Oňa tarap ylgap gaýtdy. Ol golaýragyna baranda Hajy çalaja kellesini galdyrdy. Sülgün diňe şondan soň uludan demini alyp, ädimini togtatdy. Annaýar aga Sülgüne tarap seredende Haja gözi düşdi. – Bu asyl seň işiňmidi? Hajy ýagşydan-ýamandan hiç zat gürlemedi. Onuň şol aňyrsyny bakyp ýatyşy. «Aý bolýa-da, iş-ä bitiripsiň» diýýän terzde ýaşuly oňa seredip birsellem durdy-da, ysgynsyz ädimler bilen aňyrlygyna ýöredi. «Be, adamlar, onda-da ýaşlar nähili bolaýypdyraý. Ýyl geldigiçe bulaň gaýtam bujurygy artýa-la ýa-da bolçulyk azdyryp ýörmükä? «Dokluk belasy açlyk belasyndan beter bor» diýilýäni biçeme däl öýdýän ýa-da ahyrzamana golaýlap ýörmükä? Ýogsa-da, ýaşlaň ýüregine nähili edin rehim-şepagatyň, adamkärçiligiň şöhlesini çaýdyryp borka? Elbetde, adamkärçilikli edip terbiýelemek üçin ilki bilen gözelligiň, ajaýyplygyň nämedigini olaň beýnisine guýjak bolmaly. Özüm-ä gözellik diýlen zady pähimdar ýaşula, edepli-ekramly gyza, oňat goşga hemem labzy süýji aýdym-saza meňzedýän. Onsoň hakyky gözelligi pähimli ýaşula meňzedip, ondan öz ataňdan garaşyşyň ýaly parasatly nesihatlara garaşýaň. Gözelligi edep-ekramly aýal maşgala meňzedip şoň bilen tä ömrüň ahyryna çenli döwran sürmegi arzuw edýäň. Gözelligi gowy şygra meňzedip bolsa, şol şygry beýniňe siňdirip, ýat bekläsiň gelýä. Gözelligi ýakymly aýdym-saza meňzedip bolsa, şol aýdym-sazyň göwnüň küýsän wagty eşidilip durmagyny isleýäň. Mahlasy gözellik adamyň baky ýoldaşy, syrdaşy bolmaly. Gözellik adamy ähli bela-beterden goramaly. Onsoň nädip bu ýaşlary gözellige uýup, ona çyn ýürekden sarpa goýar ýaly edip borka? Gözelligiň nämedigini seljerýän adamdan aňsat biedeplik çykmaz. Gödeklige, aldawçylyga, biperwaýlyga, harsallyga endik eden adamy gaýtadan terbiýelemek kyn bor. Günleriň birinde Annaýar aga ýaşlara guma gezelenje gitmäni ündäp: «Özüm-ä guma gidip birsellem gezelenç etsem, süňňüm ýeňläp, dünýäm giňän ýaly bolaýýa» diýende Hajy tas pyňkyrypdy. Soňra bolsa: – Gözellik diýýäniň Garagumda boljak bolsa näbileýin. Gum diýýäniň tozap ýatan çöldür-dä. Tomsuna dagy nädip çydap bolýanyna haýran. Ýöne gözelligi şäherden gözleseň o başga gürrüň – diýip, ýaşulynyň ýüzüne seretdi-de, kinaýaly ýylgyrdy. Şonda Annaýar aga başyny ýaýkap, dymypy. Şol dymmasy göýä onuň içinde doňup galana döwdi. «Çölüň ajaýyplygyny bilmeýän, çölüň gözelligini süňňi bilen syzmaýan, çöli ýüregi bilen küýsemeýän adama Garagum bilen sepleşip gidýän bu ýaýlalarda topraga ten berip işlemegem, ýüregi takat edip gezmegem aňsat düşmez. Ýene, her niçik-de bolsa topragy toprak etmeli şular. Şular ykballaryny toprak bilen baglap, şu ýerlere kök urmaly, tohum ýaýratmaly adamlar. Garagum ýylyň ähli paslynda-da gözelse gözeldir welin, ýöne ýaz aýlarynda, oňa tak geljek zat ýok. Jan girip ugran çerkez-gandymyň, siňrendir ýowşanyň gaňşyrawugydy tütedip barýan ysy, ýapyň ýüzündäki ýylaklaryň ülpüldisi, sähel salymyň içinde dünýäni suw-sil edip gidýän öýlänçi, çabga gelenden ürgün çägäň ýüzünden özüne ýol edip akyp başlaýan bulaklar... Heý, onsoň bulardan ajaýybam bir zat bomy?.. Garagumuň ýuwasydyr ýelmiginiň tagamyndan datmadyk, kösüginden iýip, gyzyl gülälekli gollarynda agynap, mylaýym çabgasyna ezilip görmedik adam çölüň ajaýyplygyny näbilsin? Aý, onsoňam asfaltdan başga ýeri görmän, gat-gat beton jaýlarda beýnisi bekän ýaşlarda günä-de ýok-la... Äkitmeseň, görkezmeseň tebigatyň, onda-da Garagumuň tebigatynyň ajaýyplygyny olar nireden bilsin». Ýaşuly ýaşlara Garagumy görkezmegi berk ýüregine düwdi. Öz niýeti barada ýaňzydanda olar: – Dag diýseň başga gürrüň, ýöne, gum däl-le – diýdiler. «Dagam bir tebigatyň ajaýyplyklarynyň jemlenen ýeri. Gowusy bulara ilki dagy görkezip, guma soň äkidäýsem öýdýän. Daga gidilse, ýüzugra bulara ýoňsuz ýowuzlyklara sezewar edilen Ahmyr galanam görkezerin. Galaň başyndan geçiren ýowuzlyklaryny gürrüň bererin... Ýaşlaň şo zatlaram hökman bilmegi gerek. Diňe bir bu zatlaram däl, adam ogly azyndan ýedi pyşdyny aýdyp bilmelidir. Ýöne bu görünýän oglanlara-ha iki arkasynam tanarlar öýdemok. Ynha Hajyny al, Sülgüni ýa-da Müllini al. Kakasyz kemala gelen çagaň ýedi arka-ha däl, ejesidir onuň garyndaşlaryndan başga bilen zady bolmaz. Onsoň kakasyz çagalaň bu köpelip gidip oturyşyna olardan näme tama etjek? Ýöne, her niçigem bolsa bulary taryhymyzy biler ýaly etjek bolmaly. Adamzadyň aňyrsynyň Adam atadyr How eneden gaýdandygyny, bärräk gelibersek, oguzlara, has bärräkde bolsa Salyr gazana direýändigimizi, şu zatlary olaryň bilmelidigini nädip düşündirip borka? Şu zatlary düşündirip bilsek, olar dawa-jenjele ýa-da hyýanata ýüz urmakçy bolanlarynda böwrünä-hä diňşärler-dä. Onsoň her bir jygba-jygly pursatda ynsany böwrüni diňşär ýaly edip bolsa aňsat bidereklik bolmaz». Annaýar aga şu zatlary kellesinde aýlap ýörşüne, günleriň birinde ýaşlary gezelenje alyp ugrady. Ýaşulyň özem maşynyň nowasyna, ýaşlaň arasyna münenini kem görmedi. Onuň sesini çykarman, töweregini synlap oturyşy. Ýol kanalyň köprüsinden aňryk köne galaň diwarynyň edil gapdaljygyndan uzalyp gidýär. Annaýar agaň gala gözi düşenden ýüzünde tozan turup ugrady. Dodaklaram jümşüldeşip durdy. «Eý, ata-babalarymyzyň ýowuz duşmana garşy gan döküp, söweşen ýerleri! Eý merdiň-namardyň kimdigini saýhallan gala, saňa başym gurban! Ahyryn ol maşyny saklady. – Hany, şu galanam bir synlap geçeliň! Yzrakdakylaň biri mydyrdap gepledi. – Aý köne galadyrdaraý. Gidibereliň-le. Çaltrak daga bir ýetip bolsa. Ýaşuly oňa naýynjar seredip birsalym durdy. Soňra haýaljakdan maşyndan düşdi. Ýaşlaram nalaç maşyndan düşmeli boldy. Olar erňegini ýere berip ýatan gala dyrmaşyp ugradylar Annaýar aga galaň beýigräk ýerine çykdy-da töweregini synlady. «Ne külpetler başyňdan peçdi seň?» Ýaşlar onuň töwereginde egele bolşup durlar. Ýaşuly ýuwaşjadan gürläp başlady. – Ýagy ilkinji gezek galany gabamakçy bolanda batyrlar ony golaýlatman yzyna gaýtarmagyň hötdedinden gelipdir. Duşman ep-esli wagtdan ýygyn dartyp, täzeden gelipdir. Özem onuň leşgerleriniň sany ozalkyň çeni-çaky däl eken. Ýöne her niçigem bolsa galadakylar olara per bermändir. Hatda duşmanyň sähel ahmal galýan ýerlerinde ep-esli goşunyny ýitirýän gezegem az bolmandyr. Garaz, bu gezegem duşman batyrynyp bilmän, yzyna dolanmaly bolupdyr. Edermen ýigitleriň döwüşlerinden soň ýagy başyny alyp, sag-aman gutulyp bilse müňdebir razy bolupdyr. Ýöne, olaryň soňky gezek gelşi welin has aýgytlymyş, aýylgançmyş. Diňe bir goşunynyň sanyny artdyrman, ok-ýaragdanam ýüki tutulgymyş. Ozalky şowsuzlyklaryna içi ýanyp duran duşmanyň maksady galany syndyryp, onuň ýaşaýjylaryň tohum-tiji bilen ýok etmek ekeni. Ýagyň elhençligi baradaky habar külli türkmene ýaýransoň birnäçe etrapdan-a asla kömege geljegem bolmandyr, käbir çakylyga gaýdanlaram onuň at-owazasyny eşidip, orta ýoldan yzyna dolanypdyr. Ýagyň serkerdesi gaty mekirmiş. Özem diýseň erjel ekeni. Oňa ahyryn galany gabamak başardýar. Ýöne onda-da galadaky batyrlar aram-aram duşmana göz görkezip durýar eken. Il ýatyp, it uklar uçurlarynda birden galaň derwezesi açylar-da, bir bölek atly çykar. Olar sähel salymyň içinde duşman leşgerleriniň ep-esli bölegini paýhynlap öwrülip gelermiş. Ýöne köp sanly duşman üçin az-owlak ýitgi gatybir bildiribem barmandyr. Duşman ahyryn gazabyna tutupdyr. Ol gije-gündiz sak durup, galadan çykany sypdyrman, kaklamaga çalşypdyr. Soňabaka galadaky erkek göbekli azalyp ugransoň, aýallar söweşip başlapdyr. Olaryňam duşmany ahmala salýan gezegi az bolmandyr. Bu ýagdaýlar ýagyň serkerdesiniň içini hümletdiripdir. «Be, bu nä töwra milletkä? Eger-de şu milletden häzirki goşunymyň üçden biri ýaly leşgerim bolan bolsady, bütin dünýäni basyp alardym». Näçe wagt bäri daşy gabalyp ýatan galaň barha azygy, aýratynam, suwy azalmak bilen bolupdyr. Onda-da galadakylar aram-aram söweş üçin çyksa çykar ekenler, ýöne boýun egmek hakda asla pikirem etmändirler. Galaň aňsat synmajagyna halys gözüni ýetiren duşman serkerdesi hilä, onda-da, elhenç hilä ýüz urupmyş. Şeýlelikde galaň günorta-gündogar çeträginden söw gazdyryp ugraýar. Ýurt eýeleri galaň aşagyndan köwülýändigini bada-bat aňypdyrlar. Ýöne türkana halk dünýede beýle-beýle elhençligiň bardygyny näbilsin. Türkmen-dä. Olar: «Duşman şol köwekden ýeke-ýekeden çykmakçy bolar. Bizem deşikden görneniniň kellesini kakar durarys» diýip, çak edipdirler. Şeýdibem galada galan iň batyr, iň edermen ýigitlere şol deşigiň agzyragynda häzir bolmagy tabşyrypdyrlar. Şobarmaşa-da dünýäni sarsdyryjy gümmürdi bolupdyr-da, tozan gatyşykly, elhenç çal tüsse asmana göterilipdir. Muňa halk birbada düýşdür öýdüpdir. Ýöne olar derrew aýňalypdyrlar-da, galaň ep-esli ýeriniň, şotaýrakda garawullap duran ýigitleriňem ýokdugyny görüpdirler. Ine, şeýdip, duşman bilen her-hili ýowuz söweşler gurmaga kaýyl bolan halk hilä döz gelip bilmändir, aljyraňňylyga düşüpdir. Bu ýagdaýyň soňunyň näme bilen gutarjagyna göz ýetiren kethudalar galaň derwezelerini açmaga buýruk beripdirler. Derweze açylaryna mähetdel halk yzanda-çuwan bolşup, zogdurylyp, ýüzüni çöle – Garaguma tutduryp ugrapdyr. Ýöne duşman olaryň aglabasyna galadan uzaklaşmaga maý bermändir. Ýany dünýä inen çagadan iki aýagyny göre sokup oturan garry-gurta çenli gyrmak barada buýruk berlipdir. Lägirişýän çagalardyr bagyryşyp gaçyp barýan aýal-oglan-uşakdan gaýtawul bolmajagyny bilse-de, ýagy olaň görnenini sypdyrman, gylyçdan geçiripdir. Ahal ili ýöne orlaşyk bolup durmuş. Köpetdagyň etegidir Garagumuň aralygynda jesetlerdir gandan ýaňa aýak basara-da ýer galmanmyş... Annaýar aga uludan demini aldy-da, lampa oturdy. Ýaşulynyň göwnüne bolmasa galaň diwarlary yranyşyp, gulagyna bosgunlaryň yzlaşygy gelip duran ýalydy. Ýürekgysdyryjy dymyşlygy aňyrrakda duran. Hajy bozdy. – Eger-de bu ýerler ata-babalarymyzyň gany siňen mukaddes toprak bolýan bolsa, onda näme galaň içine üzüm ekilipdir. Töwerek-daşam-a wes-weýran. – Şoňa-ha senem haýran, menem. Hajy bu jogap bilen kanagatlanmady. – Aý ýok-la. Raýonyň ýolbaşçylaram çöregi agyzlaryndan iýýändir. Eger-de bu galaň beýle şöhratly taryhy bar bolsa, olaň indiki eden-etdilige ýol berjek gümanlary bamy? Ol Annaýar aga seredip birsalym durdy-da, ondan belli jogap alyp bilmänsoň, galadan düşmek bilen boldy. Galaň içine gözüni aýladygyça ýaşulyň hasam jany ýandy. «Ýeri, ozal-a duşman bu gala edip bilenini edipdir diýseň, indi bulaňky näme? Idi-yssywat edip, diwarlaň ýykylan ýerini bejermekden-ä geçen, gaýtam başga ýer gapyşan ýaly içine-daşyna üzüm ekip, jaý gurup, çaltrak seni tozduryp bilseler armany ýok öýdýän. Heý-de, saňa edilýän indiki wagşyçylyklary tesdirmegiň ugruna çykan tapylmazmyka? Sen gözümiziň göreji ýaly goralmaly, eý görülmeli mukaddes ýer ahyryn. Näme-de bolsa ýöne-hä ýatmaly däl, hökman bir zatlar etmeli...» Ýaşulyň ýüzi hasam çaňjarýardy. Onsoň ol janyny ýakyp durman, şu ýerden çaltrak arany açanyny kem görmedi. Birsalymdan maşyn raýonyň merkezi posýologyndan günorta saýlanyp ugrady. Indi dag barha golaýlaşýar. Bu ýyl maýyl hem ygally bolansoň, baýyrlaryň üsti gök öwsüp ugrapdy. Lemmer-lemmer bolşup göçüp barýan bulutlaryň aňyrsyndan käwagt bir yşyklaýan gün, Köpetdagyň göze ýakymly keşbi, onuň depesindäki gyýçak-gyýçak, garamtyl-gök öwüsýän daşlar ýaşulynyň gubar baglan göwnüni galkyndyrdy. Dagy etekläp oturan obajygam yzda galdyryp, maşynyň şol gidip oturyşy. Annaýar aga ýaşlara dagyň has jümmüşrägini görkezmegi ýüregine düwdi. Ahyrynam iki tarapy ýalçy gaýaly çuň jülgäniň düýbüne baryp saklandylar. Ýaşuly ýapdan geçägede, gaýaň düýbündeki köwegräk ýerde çöp-çalamy syryşdyryp, düşekleri oklaşdyrdy. Derrew ol gyzlar bilen naharyň ugruna çykdy. Hajy, Mülli, Garly dagy bolsa ýabyň boýundaky agaçlaryň guran şahalaryndan ep-esli odun ýygnadylar. Nahar atarlandan soň, daga çykyp görmäň keýpi bilen her kim bir ýana gitdi. Hajynyňam dagy ilkinji görşi. Ol dagyň ýokary başyna çykyp görmegi ýüregine düwdi. Daga gitmek barada gürrüň edilip ugralandan, ol ýalňyz bitýän dag gülüni synlamagy maksat edinipdi. Dagyň iň belent hem berk gaýalarynda bitýän ýalňyz gül hakyndaky gürrüňlerden onuň gulagy ganypdy. Ýetimleriň gözýaşyndan emele gelei bu gül gyşyň ahyrynda açylýarmyş-da, derrewem solup gidýärmiş. Ýetimler şol güli tapyp ysgasa, az wagtlyk ata-enesiniň mährinden ganan ýaly bolýarmyş. Hajyň dagyň bilindäki aýlaw-aýlaw, inçejik ýodany syryp gidip oturyşy. «Gudraty görseň daglara bar» diýilýäni biçeme däl-ow...» Gatbar-gatbar daşlar diýermiň, täsin ösümlikler diýermiň, hopukdyryjy gaýalar diýermiň, garaz, haýsy tarapyna öwrülseň täsinlikden doly. Özem misli ertekilerdäki ýaly, bulutlaryň arasynda gezip ýörmeli. Be, tebigat diýilýän zadyň gözeldigini...» Hajy indi birneme ýadapdy, aýaklaram syrkyraýar. Onda-da ol öňdäki beýige çykyp görmegi ýüregine düwdi. «Gül boljak bolsa şo ýerde hökman bolaýmaly. Ol iň ýokarky beýik». Hajy kynlyk bilen oňa-da çykdy. Ýöne ol gaýaň iň ýokarybaşy däl eken. Ondan aňyrda ýene-de bir geriş üstüňe abanyp dur. Hajy lapykeçlik bilen aşak oturdy. Bu ýerde-de dag güli ýok. «Asla bu gaýaň ýokarybaşyna ýetmek beri barmyka. Iň ajaýyp gül şol taýda bitýä diýilýäniň sebäbem dagyň iň ýokary başyna çykmaň kynlygyndan bolsa gerek...» Hajy aşaklygyna seredende ep-esli ýol geçendigini bilip galdy. Deräň düýbündäki ýolam, ýabam çalasudur bolup görünýär. Onsoň ol düşmekçi bolup ýerinden turdy. Şobada-da aşagrakda bir çybşyldyň bardygyny eşitdi. Onýança ýokaryk çykyp gelýän Sülgüne gözi düşdi. Hajy hasyr-husur diwar ýaly bolup duran ullakan daşyň ýeňsesine dulandy. Birsalymdan Sülgün golaýjagyna gelip saklandy. Onuň demi-demine ýetenok. Ol entek Hajyny görenok. Hajy daşyň aňyrsyndan zompa çykanda Sülgün tisginip gitdi. – Ýeke özüňmi? – Müllüdir Garlam-a gelýän ýalydy... Olar dymyşyp birsalym durdular. Sülgüniň henizem demi-demine ýetmän, haslap durşy. Howanyň çigregine garamazdan ýüzi derçiräp dur. – Näme, duruberdiň ýa-da dagyň depesine ýetip bolar ýaly dälmi? Hajy Sülgüniň sözlerinde kinaýaň bardygyny duýdy. – Aý, seni gördüm-de duruberdim. – Näme indi dag gülüni tapman dolanaýjakmy? – O güluň özi meň ýanyma geldä... – Suwjarmasana... Sülgün demini dürsäp aşak seretdi. Şobada-da ýene reňki agyp-dönüp başlady. Ol gözüni ýumdy-da, oturdy. – Ýeri, saňa näme bolýa? – Başym aýlanýa. – Hany onda düşjek bolaly-da. – Düşüp bolsa-ha düşmeli. Olar düşmäge başladylar. Ýokaryk çykylanda adamyň bar pikiri alysdaky belentlikde bolansoň, şoňa ýetjek bolup, kän töweregine seretjegem bolanok. Düşülende bolsa, gözi çuň jülgelere düşüp, başy aýlanýar. Sülgüniňem düşjek bolşy güzap. Beýige çykylanda ondan düşmelidigini unutsaň şeýleräk bolýa-da. Ýagyş çisňäp duransoň, daşlar hasam typançak. Sülgün indi ýöräp geçen ýoluny kä oturyp, kä süýşenekläp, käýarym bolsa emedekläp diýen ýaly geçjek bolýar. Hajy näderini bilenok. Sülgüni taşlap gidibermäge bogny ysmansoň, onuň içini it ýyrtyp barýar. Sülgüniň bu bolup barşy bilen haçan düşjegiň belli däl. – Hany, turubam ýöräp görsene. – Gorkýan diýdim-ä men saňa, başym aýlanýa. Hajy onuň ýanjagazyna bardy. – Hany, ýeriňden tur. Aşak seretme, daşdan ýapyş-da ýöräber. Sülgüniň şindizem oturyp, süýşenekläp gelişi. Onuň ýüzem çuw ak. – Bolmasa, menden ýapyşaý. – Hany göreýin welin, başym aýlanyp durmasa. Sülgün Hajyň egninden ýapyşyp, ýüzüni gaýa, öwrüp ýöräp ugrady. – Aý, boljak däl öýdýän. Hajy onuň çigninden tutdy. – Gorkmasana... Sülgüniň oturmakçy bolýanyny görenden, Hajy oňa maý bermän, egninden gujaklap saklady. – Hany şeýdibem bir göreli. Hajy sag elini Sülgüniň bilinden aýlap alyp, ony özüne has golaýlatdy. Indi onuň gyzgyn demi Sülgüniň ýaňagyna çabraýar. Olar gaýaň ýüzüne ýelmeşen ýaly bolup birsalym durdular. Şol wagt niredendir bir ýerdeň uly daş şakyrdap gaýtdy. Daşyň sesi derä düşüp, ýöne zenzele bolup dur. Ozalam başy aýlanyp, haly teň ýagdaýda zordan gymyldaýan Sülgün aşak oturdy-da, barmaklary bilen iki gulagyny berk dykdy. Onuň hyýaly togalanyp gaýdan daşyň zenzelesi galdygy ýene-de ýöremek. Ýöne deräň gohy artmasa peselenok. Peselmek nire, gaýtam barha güýjemek bilen. Bu goh derläp, durşy bilen öl-suw. bolup oturan Sülgüniň beýnisini iýip barýar. Ol elleri bilen gulaklaryny tutup oturyşyna, maňlaýyny daşa diredi. Onuň halynyň teňligini – ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny Hajam aňýar. Zenzeläň yzynyň üzülmezligi onam alasarmyk edip goýdy. Ol daşlaryň yzyny üzmän, togalanyp durmagynyň sebäbine hiç düşünip bilenok. Onsoň ol Sülgüne seretdi-de, ýöräp ugrady. Şobada-da doňup galdy. Öwrümden geçäýen ýerinde garader bolup, ýetişibildiginden daş togalaýan Garla gözi düşdi. Garly hiç zatdan habarsyz alahasyrdy bolup, daş togalaýar. Ol Hajyny görenden zöwwe galdy. Garly Hajyny gözi bilen iýäýjek bolup seretdi-de ellerini kakyşdyryp, aňyrlygyna gitdi. Garly gidensoň, töwerege imisalalyk aralaşdy. Kem-kemden Sülgüniňem ýagdaýy gowulaşdy. Hajy elinden tutup, ony aşak alyp ugrady. Ýaşlar bu günki gezelençden soň dag tebigatynyň gözelligine-de, göz ýetirseler ýetirdiler welin, ýowuzlygyňam nämedigini aňan bolsalar gerek. Tebigatam edil durmuş kimin zat bolar ekeni. Daşyň münmesi-düşmesi şeýle kyn bolman, owadan gülleri hemme kişä elýeterli bolsa onuň özüne çekijiligi beýle güýçli bolmasa-da bolmazdy. (dowamy bar).. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |