18:35 Ýaş gelniň tehniki kömek kärhanasyna haty we şol hatyň jogaby | |
ÝAŞ GELNIŇ TEHNIKI KÖMEK KÄRHANASYNA HATY WE ŞOL HATYŇ JOGABY
Degişmeler
Bir gezek, öz maşgalasynda ýüze çykýan meseleleri çözmekde halys kelebiniň ujuny ýitiren ýaş gelin, kim bilen geňeşjegini bilmän, kompýuter enjamlary boýunça tehniki kömegi ýerine ýetirýän kärhana henekli hat ýazýar. Mälim bolşy ýaly, şeýle kärhanalarda-da robotlar işlemeýär. Onsoň kärhananyň hünärmenlerem alçak gelne mümkin boldugyndan dogruçyl hem-de onuň hatynyň äheňinde wäşi jogap ýollapdyrlar. Ine şol hatlaryň ikisem: Gelniň haty: Gadyrly tehniki kömek berijiler! Şu ýylyň başynda men özümiň “Maşgala” kysymly kompýuterimde öň ornaşdyrylan “Halaşýanym 5.0” kysymly programmanyň täze kämilleşdiriji goşundylaryny girizip, programmany “Ärim 1.0” kysymyna çenli kämilleşdirdim. Ýöne, täze programma üpjünçiligi herekete girenden soň biraz wagt geçirip, men tutuş “Maşgala” kompýuter ulgamymyzyň öňküsinden has haýal we pes derejede işläp başlandygyny ýüze çykardym. Esasanam, bu programmanyň “Halaşýanym 5.0” görnüşinde ýokary derejedäki tizlikde hereket edip gelýän “Çemen 1.1” hem-de “Sowgat 2.4” goşundylary düýbünden işlemesini bes etdiler. Ondan başga-da “Halaşýanym 5.0” kysymly programmamy “Ärim 1.0” görnüşe çenli kämilleşdirenimden soňra onuň düzüminde öň bar bolan “Bälçireşme 9.5”, “Näzirgeme 10.10”, “Läliksiredilme 20.12”, “Aýdýanyň hemişe dogry 30.30” ýaly, juda peýdaly goşundylar bozulyp aýryldylar we olaryň deregine “Futbol 23.20”, “Hokkeý 01.30”, “Boks 02.50”, “Formula-1 03.40” ýaly düýbünden gerekmejek goşundylar öz-özünden biziň “Maşgala” kysymly kompýuter ulgamymyzda ornaşdylar we “Ärim 1.0” programma üpjünçiliginiň işjeňlik gorunyň agramly bölegini doly eýelediler. Onuň deregine “Halaşýanym 5.0” kysymly programma üpjünçiligini “Ärim 1.0” programmasyna kämilleşdiriji goşundynyň lisenzion ylalaşygynda, haýal etmän ulgama ornaşdyrmak wada berlen “Hemişe bileje wagt geçirme 7.7”, “Öý işlerine kömekleşme 18.00”, “Näçe sowalga gerek bolsa alyber 30.01” ýaly iňňän gowy we kämil goşundylar, biziň kompýuter ulgamymyza düýbünden ornaşdyrylmady. Men bu goşundylaryň ornaşdyrylmazlygy haýsydyr wirusyň täsiri zerarly ýüze çykandyr diýen çaklama bilen, “Ärim 1.0” programmamyzy “Iňirdi 40.40” antiwirus programmasy bilen bejermäge we ýaňky agzan peýdaly goşundylarymyzy ýüze çykarmaga synanyşdym. Emma, “Ärim 1.0” programmasyndaky bu näsazlyk meniň çaklaýşyma görä keseden ýokaşan wirus sebäpli däl-de, programmanyň elektron binýadynda ilkibaşda bar bolmaly. Çünki, meniň goýberen antiwirusym “Ärim 1.0” programmasyny bejermekden ejiz geldi. Indem, men halys näme etjekdigimi bilmän, bu ugurdan ýokary taýýarlykly hünärmenler hökmünde sizden maslahat soraýaryn. Gadyrly tehniki kömekçiler! Men indi näme etmeli? Ägirt uly hormat we örän çynlakaý umyt bilen, Tamasy tala daňlan ulanyjy. Tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleriniň jogap haty: Mähriban Tamasy tala daňlan ulanyjy hanym! Ilki bilen, şu aşakdakylary siziň dykgatyňyza ýetirmäge rugsat bermegiňizi haýyş edýäris: Ygtyýarnama kitapçasyndaky ýazgylara laýyklykda “Halaşýanym 5.0” gysga wagtlaýyn häsiýetli, güýmenjelik programma üpjünçiligi bolup durýar. “Ärim 1.0” bolsa, ulanyjy tarapyndan degişli derejede serwis gözegçiligi amala aşyrylanda we tehniki gollanmalaryň talaplarynyň esasynda maksadalaýyk hem rejeli ulanylanda, uzak möhletleýin häsiýetli, binýatlaýyn programma üpjünçiligi bolup durýar. “Ärim 1.0” programma üpjünçiliginiň ýokarda agzan “peýdaly we gowy” goşundylaryny herekete girizmek üçin, size “Özümi söýýänsiň öýdýärdim, hork.exe” kysymly elektron-bejeriş goşundysyny ulanmagyňyzy maslahat berýäris. Eger-de bu elektron-bejeriş goşundysynyň “Ärim 1.0” programmasynyň siziň ýokarlandyrylan talaplaryňyza laýyklykda işlär ýaly etmegini isleseňiz, size görkezilen goşunda ýardamlyk “Gözýaşlar we Şumjarma 6.2” elektron goşundysyny hem özüňiziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrsaňyz islenilýän netijeleri gazanjakdygyňyzy öz tejribämize esaslanyp habar berýäris. Görkezilenler bilen bir hatarda “Ärim 1.0” programmasynyň ulanyjylar tarapyndan ulanylmagynyň tejribesini iş ýüzünde başymyzdan geçiren hünärmenler hökmünde, ýokarda agzalan elektron-bejeriş goşundylarynyň “Müýnürgemäni oýarmak 23.10”, “Ökünç 24.00” goşundylary bilen bilelikde ulanylanda has ýokary netijeleriň gazanylýandygyny anyklandygymyza hem siziň ünsüňizi çekýäris. Eger-de siz görkezilen bejeriş goşundylaryny öz “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza dürs ornaşdyran halatyňyzda, onda size “Ärim 1.0” programmasynyň düzümine “Halaşýanym 5.0” programmasyndan kämilleşdirilip geçirilen “Çemen 1.1” we “Sowgat 2.4” goşundylarynyň hem öz-özünden elýeterli bolup başlajakdygyny mälim edýäris. Ýöne, biz size ýene-de bir zady duýdurmaly. Eger-de siz “Ärim 1.0” programmasyny siziň isleýän derejäňizde dürs we kadaly işletmäge niýetlenen, ýokarda beýan edilen bejeriji goşundylary ýygy-ýygydan ulanyp başlan halatyňyzda, “Ärim 1.0” programmasynda “Gazaply dommarmak 10.00”, “Ülpetler 03.20” hem-de “Piwo 05.00” ýaly programmany öňküsindenem pes we haýal işledýän näsazlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal. Esasanam, “Ülpetler 03.20” we “Piwo 05.00” näsazlyklarynyň soňra bejermesi öte kyn wirus-programmasydygyny size duýdurýarys. Çünki, adatça, bu wirus-goşundylar bir gezek herekete girenden soňra olar soňam sebäpsiz ýerden öz-özlerinden herekete başlap, soňra “Ärim 1.0” programmasynda “Derde ýaramaz üflis 00.00” kysymly düýpli, binýatlaýyn näsazlygy emele getirýärler. Onsoňam, ýene-de bir bellemeli ýagdaý, siz “Ärim 1.0” programmasyny öz isleýşiňiz ýaly çalt işletmek maksady bilen özüňizden öňki ulanyjylaryň “Kakam 5.00” programmasyny bejermekde gazanan üstünlikli tejribesinden peýdalanmak maksady bilen “Ejem 1.0” elektron-bejeriş goşundysyny, “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrmakdan zynhar saklanaweriň! Sebäbi, bu goşundynyň örän çalt tutuş ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini tutuşlygyna öz ygtyýaryna alýandygy soňky geçirilen barlaglaryň netijesinde ýüze çykaryldy. Aýdylanlary jemlemek bilen, size ulanmagyň aňsatdygyna we gyzyklydygyna maýyl bolup, öz ulgamyňyza gaýtadan “Halaşýanym 5.00” programma üpjünçiligini hiç bir ýagdaýda ornaşdyrmaly däldigiňizi duýdurýarys. Çünki, “Halaşýanym 5.00” programmasy bilen “Ärim 1.0” programmasy bir wagtyň özünde bir ulgamda düýbünden hereket edip bilmeýärler we bu ýagdaý siziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyzy burugsap, ala-tütün bolup ýanmaga mejbur eder. Iň esasy habar bermeli tehniki maglumatymyz bolsa, siziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyza ornaşdyrylan “Ärim 1.0” programmasy, çäklendirilen elektron we işjeň hakydasynyň bardygyna garamazdan, örän ygtybarly programma üpjünçiligi bolup durýar. Size bolsa öz isleýän, ýokarda agzan “peýdaly we gowy” goşundylaryňyzy yzygiderli ulanmak üçin “Süýji tagamlar 88.88”, “Timarlanmak 23.00”, “Nepis içki geýim 23.30” ýaly, “Ärim 1.0” programmasyna has ýiti täsir edýän, ýokary derejede netijeli elektron goşundylary özleşdirip, öz ulgamyňyza ornaşdyrmagyňyzy maslahat berýäris. Size özüňiziň “Maşgala” kompýuter ulgamyňyzda “Ärim 1.0” programmasyny peýdaly we netijeli ulanmakda ähli şowlulyklaryň hem-de lezzetleriň ýar bolmagyny arzuw etmek bilen, şeýle-de hiç haçan umytdan düşmezlik hakynda tüýs ýürekden dilemek bilen, Tehniki kömek kärhanasynyň hünärmenleri Çeşmesi: https://fit4brain.com/8985. 01.05.2021ý. Terjime biraz üýtgedilip edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 7 | ||||||||
| ||||||||