ÝAŞ GYZYÑ HATY
Köp-köp salam bolsun Penam jan saña!
Näme üçin hatyñ az gelýär maña?
Eliñ degýän däldir düşünýän,
Penam,
Seniñ bilen bile bolsamdym
menem,
Frontda men saña kömek
bererdim,
Tüpeñ atyp, men-de duşman
urardym.
Men gorkak däl Penam,
gorkman ölümden,
Kömek bersem saña gelse elimden.
Nawodçik edin-de al meni, Penam!
Janym, okobyña sal meni, Penam!
Dürbiñi ber, ara ölçäp bereýin,
Wagt tapyp gül ýüzüñi göreýin!
Atyş wagty ýaragyñy oklaýyn,
Dynç alañda gapdalyñy
saklaýyn!..
Pena janym sensiz gysýar
ýüregim!
Sen-sen meniñ bu dünýäde
geregim!
Sensiz aýralygyñ dagyny çekýän,
Ýazanja hatlarñy ogrynça okýan,
Gara gözüm sen-sen,
söýgüli ýarym!
Seni söýýänimi añýar hossarym.
Ejemden gizlenip,
hatyñ okýaryn.
Ogryn-ogryn suratyña bakýaryn.
Suratyña depderimde
jaýym bar,
Seniñ söýgiñ ýüregimde
daýym bar.
Men seni mydama ýatlaýan Penam,
Seniñ adyñ boldy dilimde senam!
Gündiz küýümde sen,
gije düýşümde,
Ýatlaýaryn dynç alsam
hem işimde!..
1942 ý.
Çary AŞYROW.
Goşgular