15:01 Ýaşasyn parahat durmuş | |
ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ
Goşgular
Şäherde, obada iñ gözel jaýlar Mekdeplere, çagalara degişli. Ýaşlar aladasy ýyllar hem aýlar Ene-ata, hemmelere degişli. Geljegiñ eýesin bekidýär döwrüm, Ýaş nesli ileri äkidýär döwrüm. Okamak, öwrenmek bilmek niýeti, Ata-babalaryñ bellän ýoludyr. Mekdebiñ gelşigi, durmuş lezzeti, Biziñ ýaşlar döwrümiziñ gülüdir. Howp oduna dynçlyk suwun pürkeýin, Gunçajyklar, goý, güllesin arkaýyn. Garaköli garynja deý gyrmyldap, Giñ sährada peýwagtyna ýaýraýar. Görki haýran edýän guzular döräp, Gözüñ gamaşdyryp, bökjäp oýnaýar. Egninde deri däl, göwher parasy, Näzik, nepis sungat şonuñ barysy. Başyña geý, egniñe geý ㅡ parh etmez, Görnükli bir bezegdir ol hemişe. Bahasy hiç haçan egsilmez, ýitmez, Dünýä bazarynda deñdir kümüşe. It bilen dostdur ol, söýer güjügi, Parahatlyk söýer, söýmez möjegi. Nebitdagda diñler diñe görk berip, Hojaýna baş egýär kän kaçalkalar. Burwçylar ýeriñ göbegin dörüp, Sap magdanyñ meşigini çaýkaýar. Dymjygan gaz çendan turuzsa ýow-da, Gyzgyn nebit akýar mydam asuda. Şeýle bir ägirt güýç, gudrat döredýär, Her bir ugra bakan sen berseñ emri. Motora jan, hojalygy ýöredýär, Uçurýar asmana, eredýär demri. Nebit-gurluşygyñ ötgür ýaragy, Diñe parahatlyk onuñ geregi. Deñiz däldir. Deñemegin tokaýa, Ýyldyz däl ondaky million ýylpyldy... Güneş syçrantgysyn seçipdir göýä, Her düýp, her şahada ak altyn elli. Ýüpege berimsiz inçe süýümdir, Iýseñ çörek, geýseñ tämiz geýimdir. Hojalygyñ, medeniýetiñ maýasy. Gurluşyga gurp berýär ak altyn. Çigdinde, çöpünde ýokdur zaýasy. Dürli derwaýysa ýarýandyr bütin. Howpsuz, hatarsyz, ekseñ ne gözel, Parahatlyk keýpin çekseñ ne gözel. Azat zähmet, gör, nämeler döredýär, Watanmyzy aýlandyrýar gülzara. Döwrümizi öñe bakan ýöredýär, Galam ejiz onuñ waspyn ýazara. Habar berer sorsañ zähmet çekenden, Zähmet bal öndürýär gury tikenden. Gyñyr tebigaty eýläp mylaýym, Degişdirýär ýeriñ, ýurduñ keşbini. Lezzet berýär gözel durmuşa daýym Bu gün adamlaryñ zähmet joşguny. Zähmet miwesidir ýurt abatlygy, Zähmet talap eýär parhatlygy. Epgek deý çagyrar howur ösende, Asudalyk ㅡ adam ömrüniñ ýazy. Ýer ýüzüniñ halklarynyñ sesinde Ýañlandyryp dur parahatlyk owazy. Ne gözel asuda işläp ýaşamak, Zähmetiñi lezzet bilen aşamak. Gozganmasyn indelmedik kör güýçler El urmasyn özgeleriñ işine. Asuda dem alsyn garrylar, ýaşlar, Uruşparazyñ berk urulsyn dişine. Rahat durmuş eneleriñ dilinde, Parahatlyk halklaryñ öz elinde. Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Döwrebap goşgy / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |