09:51 Ýatdan bilýänçi kelle | |
ÝATDAN BILÝÄNÇI KELLE
Publisistika
"SOL" habarlar saýtynda Engin Solakoglynyñ fransuz demonstrasiýalary hakda ýazan makalasynda aýdylýan şu sözler ünsümi çekdi: "Dünýä hakdaky düşünjesi Ýewropadaky başlangyç bilim berýän mekdebiñ bilim derejesindenem pes başga bir amerikan žurnalisti bolsa protest çykyşlaryna gatnaşýan kommunistleriñ Marksdyr Lenin bilen birlikde Robespýeriñ portretini-de alyp çykandyklaryny geñ galmak we howpurgamak bilen habar berýärdi. Robespýer gilýotina bilen kelle kesip ýören jellatdy we ony nädip aklap bilýärler?" Bu setiri okap, iñlis taryhçysy Kristofer Hilliñ sözüni ýada saldym: "Gitdigiçe has az zat hakda gitdigiçe has köp zat öwrenilýän" şertler döredilip, "at gözlügi bilen serediş" döretek bolýalar... Muny nädip edişlerini görkezmek üçin başga bir iñlis taryhçysyna salgylanmaly bolýaryn: Ser-rysar derejesine göterilen Saýmon Şama dünýä ýurtlaryna fransuz taryhy boýunça ýörite hünärmen hökmünde tanadyldy. 26 baýrak berildi. Häzirkizaman taryhy öwrenişiñ "Dikkensi" diýildi! Jikme-jikliklere girip durmalyñ. Şama Beýik Fransuz rewolýusiýasynyñ bolup geçenine 200 ýylyñ dolan 1989-njy ýylda kitap çap çykartdy: "Ýurtdaşlar: Fransuz rewolýusiýasynyñ içerden taryhy". Kitap Fransuz rewolýusiýasyny garalamak maksady bilen ýazylansoñ, respublikaçy rewolýusionerler Robespýer, Danton, Marat we beýlekileri "terrorçy" yglan etdi. Neoliberalizmiñ azgynlaşýan şol döwründe düýp maksat eýläk-beýläk süýndürmek arkaly rewolýusiýany gorky-howsala, urha-urlyk, ýykan-ýumranlyk döreden birtopar adamyñ topalañy ýaly edip görkezmekdi. Munuñ özi korolçy elitanyñ antirewolýusioner nukdaýnazaryndan başga zat däldi... Rewolýusiýany manysyzlaşdyrmagy, püçege çykarmagy maksat edinen şeýle terrorçy pornografiýa akademikleriñ we global mediýanyñ üsti bilen dünýäniñ taryha bolan garaýşyny düýbünden agsatdy. Diñe bir kitap ýokdy, elbet. Meselem, ýedi baýrakly iñlis taryhçysy Orlando Faýjes hem şol ýyllarda Beýik Oktýabr rewolýusiýasyny şoña meñzeş neoliberalistik nukdaýnazar bilen öwrenip, "halkyñ tragediýasy" hökmünde baha berdi! Uzatmaýyn. Neoliberal-postmodernistik taryh düşünjesi ýokanç keseliñ wirusy ýaly ýurtlary igledip taşlady. (Özem respublikaçy rewolýusiýalary ýaly taryhy tejribelerimiz boýunça yzyny üzmän demagogiýa edýän we hemmeleri "agdarlyşykçy" yglan eden, FETÖ we terjimeçi sosialist liboşlaryñ salgylanýan çeşmesi şu taýydy!) * * * Fransuz zähmetkeşleri eýýäm birnäçe aý bäri protest demonstrasiýalaryny geçirip gelýär. Ýewropanyñ güýçli sosial adalatçy döwletiniñ sosialist nikaply neoliberal Makronyñ eli bilen ýok edilmegine sessiz tomaşa edip oturanoklar... Makron häkimiýeti demonstrasiýalary basyp ýatyrmak üçin urha-urlugyñ dozasyny dowamly galdyrýanam bolsa, talanmagyna garşy çykan zähmetkeşler her gezeginde köçä has köplük bolup çykýar. Parižden başlan protestler Nant, Renn, Marsel, Lion ýaly beýleki şäherlere ýaýraýar... Demonstratlar 1789-njy ýylyñ Beýik Fransuz rewolýusiýasynda aýdylan aýdymlary aýdýar. Beýleki bir ýandan: Fransuz demonstratlaryna global mediýanyñ (we onuñ täsiri astyndakylaryñ) pikir-garaýşyny añlamak kyn däl. Her kanuny hak-hukuk talabyna sistematiki ýagdaýda "demokratiýa duşmançylyk" hökmünde baha berilýär. Hawa, aýratynam soñky neoliberal taryh öwrenijiligi halk hereketlerini-köçäni duşman görkezýär! * * * Diñe Fransiýa däl... Diñe Fransiýada däl, ykdysady taýdan zähmetiñ öndürilen girdejisinden alan paýynyñ dowamly pese düşýän ýurdunda... Kapital bilen zähmetiñ arasyndaky güýç deñeçerligi baý Ýewropada-da işçiler synpynyñ garşysyna üýtgedi, aýlykdyr hak-heşdekler çalt peseldi. Millionlarça işleýän adam maşgalasyna gerek-ýarak zady almaga güýji ýetmejek ýagdaýa düşdi we ýaşaýyş derejesi çalt yza gaýtdy. Hawa, diñe Fransiýa däl, Germaniýa, Gresiýa, Angliýa, Italiýa ýaly Ýewropanyñ çar künjünde işçiler demonstrasiýalary geçirýär... A bizde? Biziñ ýurdumyz häzirlikçe ümsüm... Emma saýlawlarda kim üstün çykanda-da neoliberal ýatdan bilýänçileri bir gyra zyñman ykdysady krizisiñ ýüküni işçiler synpynyñ üstüne atmak isleýänler garşysynda zähmetkeşleri görjekdigine şübhe bolup bilmez. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 30.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |