03:22 Ýatlama | |
ÝATLAMA
Goşgular
![]() Torbasyz gedaý gelipdir, Döşüňe urma, arkadag! Sen diýip Hudaý gelipdir, Git indi durma, arkadag! Ezraýyl ömrüň kirşini, Ýolup ýegşertdi gerşimi. Gama gark bolup ýörşümi, Sen gaty görme, arkadag! Munda göge tutup seri, Aman sypan barmy, ýeri, Ölüm ýeňmek üçin şeri, Tapylan tärmi, arkadag! Nazaryňa düşmez nazarym, Bu jebre niçik dözerin, Bagrymy ýakyp ýazanym, Ýamana ýorma, arkadag! Dile ýaýyp ganat-perim, Owaz bolup eşdilerim, Bergiňi berişdirerin, Gaýgy edip ýörme, arkadag! Ogullaň altyn aşygyň, Çekerler öýün keşigin, Eýäniň kylan işiniň, Çäresi barmy, arkadag! Bu şum ölüm, daşy gohly, Boýnundadyr adam ähliň. Barsyň öýdüp seniň Şähriň, Elenip ýör-le, arkadag! | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |