21:46 Ýaza meñzeş ýazyjydy | |
ÝAZA MEÑZEŞ ÝAZYJYDY
Ýatlamalar
Biziň halkymyzda hemişe şoh gezýän, hiç mahal darykmaýan, sähel zatdan gülki ýasap bilýän adama: «Ýaz ýaly adam» diýilmesi bar. Bu aňlatma sözüň hakyky manysynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, köp sanly ilhalar eserleri ýazan Şamyrat Taganowa hem degişlidi. Şamyrat agany ilkinji gezek geçen asyryň segseninji ýyllarynda Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynda görüpdim. Dolmuş göwreli, pälwansypat, sypaýy adamy birbada beýle şortadyr öýder ýaly däldi. Edil göwresi ýaly ýüzi hem birbada seredeniňde agyrdy. Ýöne Şamyrat Taganow degişme sözleri bada-bat diline gelip duran şoh adam ekeni. Daş sypatyndan gyňyr ýaly görünse-de, ol meniň çaklamamyň tersine juda mylaýym adam bolup çykdy. Gazet işine ýaňy başlap, döredijilige imrigip ýören günlerim bolansoň, ol meni tanaýan däldir öýdýärdim. Sebäbi ol wagtlar Şamyrat Taganow eýýäm tanymal ýazyjydy. Men bolsa ýaňy etrap gazetinde işe başlapdym. Heniz ýokary okuw mekdebinde okap ýörkäm onuň «Ykbal işi», «Howandar» kitaplarynyň eldenele geçip okalýany ýadymda. Onsoň uly ýazy jyny göremde hemişe sustum basylýardy. Meniň ýazýan zatlarymy okaýandyr diýip güman hem etmeýärdim. Ýöne ol metbu gaty içgin yzarlaýan ekeni. Bir gün ol meniň bilen redaksiýanyň eýwanynda pete-pet gabat geldi. Salam-helikden soňra: — «Köneürgenç rowaýatlaryňy» haladym. Şu barşyňy sypdyrma. Halk mirasyny ýygnap halka berýän adam sogap gazanýandyr — diýdi. Uly ýazyjynyň bu öwgüsine monça boldum. Uly ýazyjy bolsada, işiniň köplügine garamazdan gündelik metbugaty, onda çap edilýän edebi zatlary onuň içgin yzarlaýanyna göz ýetirdim. Bu tanyşlyk soňra halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna öwrülip gitdi. Heranhaçan redaksiýanyň işi bilen Akdepe etrabyna baryp, halypanyň öýüne sowulman ötseň, ol öýkelärdi. — Pylan köçede biziňem öýümiz bolmaly — diýerdi. Biz Şamyrat halypanyň öýüniň şol köçededigini gowy bilýärdik. Beýle diýdigi onuň şol töwerege ýoluň düşüp, bir käse çaý içmän geçeniňe yşarat bilen aýdyşydy. Ýogsamam ýeri gelende aýdylsa, ýurdumyzyň belli ýazyjyşahyrlarynyň Daşoguz topragyna düşüp, Şamyrat Taganowyň öýünden duz datman gidýäni juda azazdy. Şamyrat Taganowyň döredijiligi juda köp ugurly. Şahyr, ýazyjy, žurnalist, dramaturg. Bu sözleriň ählisini Şamyrat Taganowa degişli etmek mümkin. Başgaça aýdylanda, goşgy ýazmakdan döredijilik işine başlan Şamyrat Taganow soňra özüniň döredijilik örüsini has giňeldýär. Metbugatda işe başlamagy bilen bolsa, ol özüni ezber žurnalist hökmünde tanadýar. Şamyrat Taganowyň zarisowkalary, şireli habarlary dildendile geçýär. Onuň gülküli goşgulary, degişmeleri bolsa şu günki gün de hem dilden düşenok. 1922-nji ýylda Gubadag etrabynyň Öküzýap geňeşliginde doglan Şamyrat Taganow döredijilik işine ýaşlykdan başlap, ilki döwürlerde goşgy ýazypdyr. Ýazan goşgulary döwürleýin metbugatda yzygiderli çap edilipdir. Şonuň netijesinde 1970-nji ýylda «Ykbal işi» powesti, 1975-nji ýylda «Howandar» powesti okyjylara gowuşýar. 1983-nji ýylda bolsa «Uýat boldy» ady bilen hekaýalar ýygyndysy neşir edilýär. Ondan başga hem dürli ýyllarda ýazyjynyň «Gündogdy», «Kysmat», «Üç ojakda», «Goşa çynar» powestleri, «Murtlak işan» ady bilen satiriki hekaýalar ýygyndysy özbaşyna kitap bolup okyjylara gowşupdy. Şamyrat aga juda öndümli işledi. Ýokarky sanalanlardan başga hem onuň «Ýalňyz şägirt», «Görgüli», «Bagşy toýa gelýärkä» powestleri dürli döwürleýin neşirlere çap edildi. Şamyrat Taganow ömrüniň soňky ýyllarynda hasam öndümli işledi. Ol özünden öňki, özi bilen döwürdeş halypalaryň däbini dowam etdirip, türkmen edebiýatynda epopeýa döreden az sanly ýazyjylaryň biri boldy. Şamyrat Taganow öz döwründe «Tokmak» žurnalynda we beýleki gazetlerde neşir edilen degişme goşgulary bilen hem meşhurlyk gazandy. Soňra olaryň köpüsi şahyryň goşgular ýygyndylarynda neşir edildi. Şamyrat Taganow drama žanrynda hem galamyny öndümli işletdi. Onuň «Penjekli pir», «Syrly gelin» ýaly drama eserleri Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyn daky döwlet sazly drama teatrynda goýuldy. Akdepe etrabynyň medeniýet öýüniň ýanyndaky halk teatry ýazyjynyň «Dost pendi» atly dramasyny sahnalaşdyrdy. Dramaturgyň «Atabaýyň täleýi», «Bagyşla, gyzym» atly pýessalary dürli ýyllarda metbugatda çap edildi. Halypa ýazyjy Garaşsyzlyk ýyllarynda hasam joşgun bilen işledi. Garaşsyzlygy, Bitaraplygy, azat Watanymyzy wasp edip, ençeme eserleri döretdi. Edeplidir ogul-gyzym, Biri gaşym, biri gözüm, Ýerde galmaz aýdan sözüm, Meniň üçin şol jennetdir. Ilimize döndi döwran, Ne ajaýyp gözel zaman, Gülle eziz Türkmenistan! Meniň üçin şol jennetdir. Şahyryň ömrüniň soňky ýyllarynda döreden goşgulary «Was nagmalary» ady bilen çap edilip, okyjylara ýetirildi. Şamyrat agany soňky gezek görenim ýadymda. Onuň ýarawsyzlygyny eşidip, halyny soramaga bardym. Barsam ol işiginde oturan ekeni. Ýaşuly ýazyjy horlananam bolsa kesele ýan bererli däldi. Syr bildirmän mertlik edýärdi. Şonuň üçin oňa göwünlik berjegem bolup durmadym. Şeýle eden bolsam hereketim ýasama boljakdy. Bu bolsa halypa ýazyjynyň halamaýan zadydy. Şamyrat aga ýakynlaşyp gelen ajaly hem şol durmuşdaky şadyýanlygy bilen garşylady. Hoşlaşyp gaýtjak wagtym, ol ugradyp durka: — Tiztiz gelip dur — diýdi. Tizden ýene Şamyrat agalara barmaly bolduk. Ýöne bu gezek ol bizi dälde, uly il bolup, biz ony ugratdyk. Şamyrat Taganow tanyşlarynyň, dostlarynyň, okyjylaryň aňynda köp sanly ýakymly ýatlamalary galdyryp gitdi. Halkyň öňünde uly hyzmatlary bitiren şahsyýetleriň sarpasy belent tutulýar. Akdepe şäherçesindäki ýaşan köçesi, Gubadag etrabyndaky doglan obasyndaky orta mekdep Türkmenistanyň halk ýazyjysy Şamyrat Taganowyň adyny göterýär. Şöhrat ABDYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |