ÝEKE-TÄK DOSTUMY GÖRESIM GELÝÄR
Aljyrasam ilki söýäm, söýenjim,
Ýykylamda direg bolan daýanjym,
Aýry däldir gynanjym hem begenjim.
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.
Alyslardan gün deý, çoýduryp bilýän,
Teşneligmi suw deý, gandyryp bilýän,
Ähli aladadan dyndyryp bilýän,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.
Dana kimin dogry ýola iteren,
Garyp göwnüm arş deñine ýetiren,
Ýalñyz ruhum bedeninde göteren,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.
Durmuş joşup akýar, misli bir derýa,
Kimseler küreksiz gark bolup barýa,
Küreksiz goluma gollaryn berýän,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.
Gelmegine sanlyja gün galanda,
Garaşaryn çykyp ýene belende,
Doñan dünýäm ýaza döner gelende,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.
Sanjar ANNAGYLYJOW.
Goşgular