20:55 Taý eýle | |
TAÝ EÝLE
Goşgular
Wadasyny halal duz deý haklaýan, Söýgüsin jany deý gorap saklaýan, Arañda ýalan söz asla aýtmaýan, Bir ajap jenany maña taý eýle. Ejiz ýeriñ ýüze basyp durmaýan, Maýyn tapsa özgä nazar salmaýan, Şan-şöhradyñ çyn ýürekden goldaýan, Bir ajap jenany maña taý eýle. Her ädimin ýagşy netde başlaýan, Seniñ üçin ähli işin taşlaýan, Şatlygña, gussaña gözün ýaşlaýan, Bir ajap jenany maña taý eýle. Her pursatda meni ýalñyz goýmajak, Suw deý aksam umman ýaly dolmajak, Bagtym çüwüp, bagtdan dolsun bu gujak, Bir ajap jenany maña taý eýle. Sanjar ANNAGYLYJOW. | |
|
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Mollanepes / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |