23:40 Ýer şar aýlanýar | |
ÝER ŞAR AÝLANÝAR
Goşgular
Sagat dili yza aýlanyp, Şapak, Günbatardan Güneş dogýar, Geçen güne dolanýañ. Ýadaw başyñ aşak egip, Asyl öýe, häzir bolsa öýlänara öýden işe golaýlap Yza ädimleýäñ iş ýeriñe barýañ. Sowan kofäñ ýañadandan bugaryp, Diwardan asylgy sagada bakýañ. Ol bolsa içiñi ýakýan deý juklap, Geçen her pursaty yza saraýar. Sen bolsa garaýañ iş kagyzlaryña, Birin-birin göz gezdirýäñ ýañadan Bu zatlaryñ ählisiniñ üstüne Penjiräñde guşjagazlar saýraýar, Çagalar ylgaşýar jagylda-jugul... ...Eglenen ulaglar çalýar signaly, Bu zatlaryñ ählisine syn edip, Neneñ oturdyñ sen hiç zat ýazmany... ...Bulaşyklyk. Düşünemok hiç zada... ...Sagat dili bolmalysy deý aýlanýar, Gelejege ädim ädýäñ, oýanýañ, Täze Güneş dogýar. Ýer şar aýlanýar. Kerwenaly HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ýangyn söndürijä / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |