23:20 Ýer titremesinde öñe çykan adamkärçilik | |
ÝER TITREMESINDE ÖÑE ÇYKAN ADAMKÄRÇILIK
Publisistika
Ýer titremesi ýaly adatdan daşary heläkçilikler bolanda döwletler, ýurtlar we adamlar özara gatnaşyklarynda görkezýän iññän ynsanperwerçilikli çemeleşmelerini başga wagtlarda-da görkezse, ynanyñ, dünýäde uruş, dawa-jenjel diýen zat bolmazdy we planetamyz jennete öwrülerdi. "O nähili?" diýýän bolsañyz, düşündirjek bolaýyn: Günorta-gündogarda ýer titredi welin, Türkiýä şobada kömek ýagyp ugrady. Düýnki güne çenli terrorçylygy bahana edip Stambuldaky konsullyklaryny ýapan Ýewropa ýurtlary uçarlary dolduryp her dürli serişdeleri we halas ediş toparlaryny ugratdy, hatda garaşylmadyk ýerlerimizdenem halas ediş toparlary geldi. Habarlara tomaşa edip durkam, Gresiýadyr Ysraýyldanam halas ediş toparlarynyñ sebite gelip düşendigini gördüm we içimden "berekella size!" diýdim. Soñra sosial mediýada ýene bir zada gabat geldim: ýaş habarçy gyz howa menzilinde ýöräp barýan gyýyk gözli topara olary kese ýerli gelmişekdir öýdüp, iñlisçe "Nireli siz?" diýip soraýardy. Gelen jogap habarçy gyz bilen bir hatarda meni-de gynançdan däl-de, begençden aglatdy. Topar ata ýurdumyz gardaş Gyrgyzystandan gelipdi. Otuz ýyllap Orta Aziýanyñ çar künjünde okuw jaýlaryny, saglygy goraýyş merkezlerini, myhmanhanalary we howa menzillerini gurmadyk ýeri galmadyk Türkiýäniñ dadyna bu gezek öz kowumdaşlarymyz ýetişýärdi. Özümiñem aslym türküstanly bolansoñ depäm gök diredi we begençden ýaña hammama girdim-de içinden kilitläp agladym. Hammamda otyrkam birdenkä kyrk ýyl öñ başdan geçirenlerim göz öñümde janlandy. Sowet uçarlary obamyzy bombalap, häzirki ýer titremesine uçran şäherler ýaly ýer bilen ýegsan edende, hemme zadymyzy taşlap Päkistana gaçypdyk. 1982-nji ýylyñ tomsunda Türk Howa Ýollarynyñ üsti bilen Adana Howa menziline düşenimizde (şol wagt 14 ýaşymdadym) 19-20 ýaşly uzyn boýly ýigit hamana meni öñden tanaýan ýaly "Hoş geldiñiz!" diýip gujaklapdy. Kiçijik bolamsoñ, gözlerimi dikip ýokaryk bakanymda mähir bilen ýylpyldaýan jübüt göz we depämizde pasyrdap duran aý-ýyldyzly baýdak görüpdim. Şol wagt ýylpyldaýan gözleriñ yssysy we aý-ýyldyzpy baýdagyñ berýän ynamy we arkaýynlygy ruhuma ornaşdy. Şol wagtdan bärem ömürboýy aý-ýyldyzly ýurduñ hyzmatynda bolmagy özüme borç bilip, añymyñ bir künjüne oturtdym. Yza ser salanymda, bu borjy mynasyp ýerine ýetirip bildimmi, oña kepil geçip biljek däl. Ýöne aý-ýyldyzly ýurduñ dadyna ýetişmäge gelen kowumdaşlarymy görenimde, göýä munda meniñem paýym bar ýaly üýtgeşik buýsanç duýgusyny başdan geçirdim. Akdepe owganystanly türkmenleriñ ýaşaýan - asfaltlanan ýoly, suw geçirijileri we elektrik togy ýaly hiç hili infrastruktralary bolmadyk, Amyderýanyñ kenarynda ýerleşen türkmen posýology. Posýologyñ ilaty 200 ýyl mundan öñki döwrüñ şertlerinde ýaşaýar, ýagny, öýleriniñ howlusynyñ bir burçunda gazan çukurlaryny hajathana deregne ulanýarlar we agyz suwlaryny ýa derýadan ýa-da guýulardan daşaýarlar. Ekin meýdanlaryny-da köplenç öküziñ yzyna azal tirkäp sürýärler. Ynha, men şular ýaly obada doglup-ulaldym. Ýer titrän gününiñ ertesi meniñ ýaly akdepeli dostum "Seret, biz akdepeliler bolup Türkiýä kömek toplajak bolýarys, ýygnan zatlarymyz azam bolsa, köpem bolsa, Mazary-Şerifdäki türk konsullygyna bermekçi. Senem goşulmakçymy?" diýip sorady. Men "Elbetde, janym bilen goşularyn. Ýöne siz ol ýerde öñdenem kyn şertlerde ýaşaýarsyñyz, munuñ geregi ýok. Türkiýe güýçli ýurt, ol öz başyny çarar, daşardanam kömek gelip dur" diýenimde, dostum Hezreti Ybraýym pygamberiñ (a.s) garynja hekaýatyny ýatladyp, "Bilýän, biziñ maksadymyz tarapymyzy belli etmek" diýdi. Işden ir rugsat alyp, derrew banka ylgadym we söz beren pulumy ugratdym. Näme edemde-de olañky ýaly ululykda bolmajagyny bilýän. Olar iki aýagy batgada, ýetde-gütdelikde ýaşap ýörkäler kömek etjek bolýardylar, men bolsa bir elim ýagda-bir elim baldaka berýärdim. Gije uka gitmänkäm bir wideoýazga gözüm düşdi we gynanjym içime sygman, böwrüme pyçak sünjülen ýaly boldy durdy. Garyp ata jübüsindäki bir gysym kökesini görkezip, "bulary çagalaryma berjekdim, emma indi olar ýok" diýip aglaýardy. Ata hökmünde men onuñ ýerinde bolan bolsam, onuñ çekýän hasratyna döz gelip biljegime ynamym ýok. Ýer titreme baradaky habarlara seredip durkam, menem hemmeler ýaly aşa tolgunýaryn, ruhum bir eýläk-bir beýläk çarp urýar, gören-eşiden bir wakam sebäpli çuñ gynanja gark bolsam, başga bir täzeligi görenimde begenip monça bolýan, begenjime aglaýan. Döwletleriñ, ýurtlaryñ, adamlaryñ arasyndaky raýdaşlygy gördügümsaýy adamkärçilik ölmändir, agzybir we parahatçylykly durmuşda ýaşabam biljek ekenik diýýän. Gan-pyçak bolup oñuşman ýören goñşymyz Grecia bize gözleg-halas ediş toparyny ugradýar, grek telewideniýesi gepleşikleri ýer titremäniñ bolan ýerinden alynan epizodlar bilen birlikde gynançly türk aýdymlaryny goýberip, gynanjymyzy deñ paýlaşýar. Dünýäniñ añry ujundaky Meksika bize gözleg-halas ediş itlerini ugradýar. Ýer titremesiniñ birinji gününden bäri Türkiýedäki garyndaşlarymyñ ýagdaýyny sorap, "geçdigi bolsun" diýip duran meksikaly Parižde ýaşaýan kyrk ýyllyk dostum Iwette Kerettä we onuñ ýurduna şu setirler arkaly minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Iwette Keretti bilen Mehiko-Sitide, 1996-njy ýyl Bütin bu zatlardan soñ şu sowal añymdan geçýär: tebigy betbagtlyk bolanda külli adamzat bähbit ugrundaky çaknyşyklaryny bir gapdala zyñyp, bir ýere jem bolup bilýän bolsa - Russiýanyñ Ukraiany bogmaga dyrjaşmagy, Siriýadaky uruş, Palestina-Ysraýyl konflikti, Türkiýe bilen Gresiýanyñ arasyndaky indi irizip başlan ikitaraply aýyplamalar ýa-da ABŞ-Eýran oñşuksyzlygy nämä gerek? Külli adamzat ähli bähbit çaknyşyklaryny bir gapdala zyñyp, ikitaraply hormat-sylag, mähir-söýgi içre, parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamak üçin hökman şular ýaly uly tebigy betbagtlyklary başdan geçirmelimi? Ýer titremesinde öñe çykan adamkärçiligimizi başda wagtlaram dowam etdirip bilmerismi? Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Anna, 10.02.2023 ý. © The Independentturkish | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||