07:37 Ýetdirmez | |
ÝETDIRMEZ
Goşgular
(Oglum Ynama pent) Ömür hakda oýlan, onsoň, akla al, Wagt ýyndamdyr, «ýagty göze» ýetdirmez. Duýjak bol, dadyp gör, bilip, belläp gal, «Wah» diýjeksiň, soňra söze ýetdirmez. Ýüzüň gülsün, görenlere nur çaýgyn, Dogry ýüze gelse, ony dost saýgyn, Oňarsaň, özüňden ýagşylyk ýaýgyn, Rehimli bol, köňül buza ýetdirmez. Gamyň iýgin, bolma hergiz, biperwaý, Diýleni: «Bikärden bizardyr Hudaý», (Eli açyk, «Bor» sözüne bolgun baý), Pursat tapyp, aýny wagty algyn paý, Ýel turansoň, tozan-toza ýetdirmez. Oýlanşykly gürle, suwjyk sözleme, Etmişiňi ýalan sözläp düzleme, Bir Alladyr, özge реnа gözleme, Kysmat bolsa, «sebäp» duza ýetdirmez. Çykalga bar, garaňkydan yş açan, Umytda bol, ruhdan düşme hiç-haçan, Bagt ýatsa, Ezraýyldan ýok gaçan, El gelende, «Kozer» tuza ýetdirmez. Höwes bile, göz aýlama «gözele», Ahmyr etme, lak atmasaň söz bile, Magtymguly, deňeşdirdi köz bile, Ugur tapsa, göwün näze ýetdirmez. Illi sözle, kimi ykbal göterdi, Halal işler, rehnetini getirdi, «Yhlas eden, myradyna ýeter» diý, Ýorga ýoly söker, düze ýetdirmez. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |