22:32 "Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..." | |
"YHLAS BILEN AK TOZGAÑY SEÇELÄP..."
Goşgular
Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp, Ýer ýüzüne dokaýarsyñ ak haly, ýiti päki bilen ýüzleri ýylmap, Awundyrýar, öwsüp sowuk şemaly. Ýelek ýasap agaçlaryñ şahasyn, Aýna bilen örtüp, ýaplaryñ suwyn, Bar yhlasyñ ýele ýegsan eýledi, Bulutlardan ýylgyryp çykanda gün... Gyş! ykbalymyz meñzeş ekeni, Biziñ eden yhlasymyz bir meñzeş. Sowuk pikirlerime, ýazýan setirme, Meñzeş eken, Meñzeş eken, sowuk gyş! Men syýa ýüplikden dokaýan haly, Ak kagyzyñ ýumşak böwrüni sünjüp. Käte düýrläp, kagyz pökgi ýasaýan, Tokgalap, tokgalap elimde mynjyp. Oklaýaryn basketbol topuny ed:p Bolmajak bolanda olañ kabirin. Zyñýan urna basketbol toruna derek, (Sportsmen bolardym men, üýtgetsem kärim). Dokaýaryn... gara ýüplük setirim, Ak kagyza keşde çekýän nagyşlap, Boýaýan, çyrşaýan, käbirin çyzýan, Iki ýa üç bentde bezelýär goşgam, Tirkeş bolup kerwen gurar pikirler Okaýan, çyzýaryn ýene-de ýazýan, Ahyr soñy lükgelenen setirler, Tutaşdyrlyk bolup ojakda ýanýar... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |