10:44 Yhlasly zähmetiñ netijesi / ýumorly miniatýura | |
YHLASLY ZÄHMETIÑ NETIJESI
Satiriki hekaýalar
Ata-enesiniñ halan ady Hanguly. Molla aga hem şoña görä bäbejigiñ gulagyna azan-kamat gygyrdy. Bu informasiýa näme üçin. Hä, dogry, ady Hanguly bolsa-da kiçilikden kliçkasy Başkir boldy. Bu lakamy oña kim goýdy, nämeden mysal edip goýdy Alla bilsin. Indi Başkiriñ 10-12 ýaşlaryndan padyman bolup şygyr bakýan döwri. Obanyñ gyrasy, zeykeşleriñ boýlary Başkiriñ mal bakýan örüsi. Mallaram bar 5-10 sany. Göleli sygyrlaram bar. Ýeke özi, kämahal iki-üç bolup uzakly gün mallaryny bakýar. Mal diýen janawar meýdandan ot iýmese, öýde doýrup bilmersiñ diýip atasy aýdýar. Uzakly gün Gün ýaşýança malyñ yzynda selpemek. Añsadam däl Başkire. Şol günleriñ birinde irden ertirlik edinip oturan Başkir tw-de bir multikden birje epizod görüp galdy. Saçlary egnine düşüp duran ýalañaç boýnundan hanjar asylgy bir oglan äpet şahly sygyry münüp gelýär. Başkir haýran galyp, bäh diýenini duýman galdy, bäh-bäh. Şondan soñ Başkiriñ keýp eden zadyna seret. Bakýan sygyrlarynyñ arasynda uzyn şahly öküz bar. Başkir oña kaçok diýýä, käte sürüden çykyp gidende gaçak diýýä. Şol öküzi münüp görmeli. Birki gezek synanyşyp gördi, erbet ökündi. Öküz ýeriñ gatysyny saýlap Başkire göz görkezdi. O ýeri, bu ýeri erbet awundy. Gaty ýere degen türresini sypalap oturşyna "Dogannam bir- diýdi Başkir. - Indi golaýnada barjak däl-leý". Emma sürüde ine-gana otlap ýören şahlak sary sygyr gözüne ilen gahryman owadan ýylgyrdy. Ol bildir gysrak galyp gelýän saryja sygyra Gülälek diýip at beripdi. Men Gülälegi mineýinde gowsy diýip böküp ýerinden turdy. Gülälek iki ýyldan bäri gysyr galýanam bolsa göwüslek sygyr. Başkir ony sypap-sermäp münjek boldy. Boýy ýetmedi. Gülälek biraz uzyn geldi. Derrew çykalga tapyldy. Ol Gülälegi ýabyñ içine kowup saldy. Soñam ýabyñ kenarynda duran ýerinden arkaýyn Gülälegiñ arkasyna mündi. Arkaýyn ýuwaş görünýän Gülälek, arkasyna münen pyýadany galgadyp alyp gitdi bat alyp, hany saklap bolsa, asyl saklajagam ýok. Bir ýerde Başkir ýykylyp galdy. Gülälek sygyr taýak atym uzaga baryp, saklandy, meýdanda bulanyp ýatan eýesine seretdi, soñam otlaberdi. Birzamandan özüne gelen Başkir ýene Gülälege tarap garady. Niýeti Gülälegi yryp bilse, münmek. Onda-da nähili münmek. Onuñ arkasynda oturyp özüni meşhur etmek. Onuñ arkasyndan abraýly bolmak. Başkir şeyle yhlasy öküze eden bolanda, belki olam arkasyna müdürerdi. Yöne turuwbaşdan öküzden mazalyja paýyny alan Başkir soñ oña seretmedem. Gülälek bolsa başdanam kän garşylyk görkezmedi welin Başkir mundan bara umytlandy. Soñra ol Gülälegi kän azara goýdy, özem kösendi. Gülälek sygyr ahyr oña boýun boldy. Arzuwyny amala aşyran Başkir sygyr münüp sürüsiniñ başyny çekip oba dolandy. Hemmeler ony görüp haýran galdylar, käbirleri güldüler, käbirleri ýer ýumruklap hahahaýlap güldi. Başkir yhlasly zähmetiniñ netijesinde at gazandy tüweleme. Şol günden bu ýana obamyzda bir geñ-tañ zat etmäge synanyşsañ "Başkiriñ sygyr minişi ýaly" bolgusyz bir zat tapmasana diýýäler. Sylapberdi Muhamow | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |