18:13 Ykdysadyýete-de wirus ýolukdy! | |
YKDYSADYÝETE-DE WIRUS ÝOLUKDY!
Maliýe we ykdysadyýet
Taryhyñ dürli döwürlerinde dünýä halklary öz aralarynda gemrişip geçdiler, emma olar ilkinji gezek ortalyk duşmana garşy el-ele berip söweşe girdiler. Göze görünmez bu duşman bary-ýogy birküç aýyñ içinde bütin dünýäni perişan etdi… Adamlar gorkudan ýaña biri-birlerine üşerilişip sereder boldular, bir-birlerinden tisginişip gaçar ýaly boldular… Bu nägehan koronawirus belasy sowlup dep bolup gidensoñam, yzynda şikesli bir dünýäni miras galdyrjaga meñzeýär… Diñe Türkiýäniñ ykdysadyýeti däl, bütin dünýäniñ ykdysadyýeti taryhynyñ iñ uly çöküşligiji başdan geçirýär… Bu ýykan-ýumranlygyñ içinde türk ykdysadyýetiniñ ýagdaýy nähilikä?[ Türkiýäniñ banklar bileleşigini esaslandyryjy professor Aýdyn Aýaýdyn bilen bu barada uzyn-uzyn söhbet etdik. Ol türk ykdysadyýetini ýakyndan tanaýan adam hökmünde öz pikirlerini beýan etdi. Men bulary size gysgaça aýdyp geçeýin: “ÖNÜMÇILIK, ÖNÜMÇILIK, ÖNÜMÇILIK” “Epidemiýanyñ geriminiñ barha giñemegi iññän gorkuly. Türkiýe epidemiýa garşy göreşde iñ az zelel gören ýurtlaryñ biri. Özüñiz seredip göräýiñ, hemmeleriñ ünsi koronawirusa garşy göreşe jemlendi. "Hemmeler üçin köçä çykma gadagançylygy girizilsin" diýen sesler çykmaga başlady. Bu belli bir derejede dogry hem. Emma ykdysadyýetiñ ähli mehanizmleriniñ işlemesini bes edendiginem ýatdan çykarmazlyk gerek. Içerki we daşarky bergisi ummadan aşan, işsizlik derejesi barha ýokarlanýan we şol bir wagtyñ özünde walýuta gory çäkli Türkiýe haryt we hyzmat önümçiligini dolulygyna togtatma mümkinçiligine eýe däldir. Önümçilik haýsam bolsa bir ýol bilen dowam etmeli. Ykdysady krizisi aşmagyñ ýeke-täk ýoly: Önümçilik, önümçilik, önümçilik. PROBLEMALAR GÖRNÜŞINDEN HAS ULY Ýüzbe-ýüz bolunan krisiziñ gerimi barha ulalýar. Hökümetden şu meselelere çözgüt tapylmagyna garaşylýar: – Iş ýerleri ýapylan söwda, senagat we azyk önümçiligi nokatlaryny doly ýöretmek. Möhleti dolan we dolmaly bank hasaplaşyklary, suw, elektrik, tebigy gaz tölegleri, işleýänleriñ hak-heşdekleri, kireý tölegler… – Işsizlere güzeranyny dolamaga ýeter ýaly sowalga. – Işsizligi azaltmak üçin etmeli işler. – Hiç hili eklenji bolmadyk maşgalalara sowalga kömegi. – Salgyt we ätiýaçlandyryş tölegleriniñ möhletiniñ göterimsiz uzaldylmagy. – Içerki we daşarky bergileri üzmek. – Turizm pudagyndaky çöküşligiñ öñüni aljak bolmaly. – Oba hojalygyny hökmany suratda güýçli tutmaly. Eger şeýdilmese öñümizdäki ýyl gytçylyk bolar. Daýhana haýal etmezden salgytsyz tebigy gaz we tölegsiz dökün bermeli. Bulary amal etmek üçin içerki we daşarky maddy çeşmeler gerek. Daşardan bergi etmek öñküsi ýaly añsat däl. Biz eksport harytlara garaşly ýurt. Walýuta gorumyz çäkli. WALÝUTA ÇALŞYGYNY ÝOLA GOÝMALY Dollaryñ gymmary bütin dünýäde bolşy ýaly, bizde-de keýgiñ şahyna çykdy. Dollaryñ barha galyp gitmegi dollar bergisi ýokary bolan eksporta garaşly ýurdumyz üçin uly howp. Şonuñ üçin ABŞ-nyñ Merkezi banky (FED) ýa-da Ýewropanyñ Merkezi banky bilen özara ylalaşyp, pul çalşygyny (своп) ýola goýmaly. Ýagny, olardan belli bir wagta çenli dollar almak türk lirasyny bermekdir. Bu usul Ýaponiýa, Hytaý ýaly dollar gory ýokary bolan ýurtlarda-da amala aşyrylyp bilner. Esasy zat, walýuta likwidasiýasyny ýola goýmak we muny Merkezi bankyñ üsti bilen bank sistemasyna, dolanşyga inžektirlemekdir. Ähli ýurtlar bilen bir hatarda Türkiýä-de juda agyr günler garaşýar! MUNÇA BOLANYNA GÖRÄ BIR ÝYLGYRALYÑ! – Bir aýal äriniñ telefonynda “Korona” diýip bellenen belgä gözi düşýär. Aýaly "Kimkä bu?" diýip, ol belgä aýlaýar welin, öz telefony gygyrmaga başlaýar! – Asyryñ worzakony korona… Ol dünýäde näçe kafe-bar, meýhana, kazino bar bolsa, hemmesini birden ýeke özi ýapdy oturyberdi! – Taryhda ilkinji gezek aýallar ärleriniñ nirededigini bilýärler! – Ýagdaý wehim! Köçä çykma gadagançylygy dowam ediberse, müñlerçe erkek öýde aýal iñirdisini çekip ölmeli boljak! – Koronadan goranmak için 200 lira pul alyp, doga-tumar ýazyp beren aldawçy mollasumaklara ynanmañ, men size ony ýarpy bahasyna ýazyp beräýerin! – Bakaleýa gitdim, märekeden ýaña hyñ berýär. Bakaleýaçydan “Alla kabul etsin, agam, umradan haçan geldiñ?” diýip soradym, adamlar dyr-pytrak bolaýdylar. – Ol gyzlarına “Öýde dikilgazyk bolup oturyñ, köçede görnäýmäñ” diýip berk tabşyrýardy, indi olaryñ barsy öýe dikilip galmaly boldy! – “Ýer titrejekmiş - öýe giräýmäñ, wirus bar - öýden çykaýmañ” diýýärler, nähili düşünmeli muña? Rahmi TURAN. 28.04.2020 ý, "SÖZCÜ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul unuwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |