22:58 Ylham perişdesi | |
YLHAM PERIŞDESI
Goşgular
"Ylham perişdesi... Men ony yrdym, duýýan onuñ pyşyrdaýşyn näz bilen." Seýitmyrat Geldiýew Gaýybana gaýyp ýörün men Aý-da, Ylham perişdesin aldamak üçin. Siziñ suwa düşýän kölüñiz kaýda? Men duzak gurjak awlamak üçin. Duzak gurup tutjak, edinjek hemra, Gussamy, şatlygym paýlaşar ýaly. Maña has ýakynrak bolsañyz kem däl, Söhbet gurup bile çaýlaşar ýaly. Ylham perişdesi! Men duzak gurdum, Men size eýe däl, ýesir guluñyz. Size aşyk bolan bendiwany men, Her ederin taparyn men kölüñiz! Seýitmyrat kakanyñ yran melegin, Ogrynlykda baryp soraga çekdim. Açyş edip ýöne aýtmadyk syryn, Men Türkmenistana aýan etjekdim. Emma baş bermedi, zehin Pegasym Baş öwredilmedik, ýabany Pegas Ylham melegini görenden ürkdi, Men tejirebesiz, Pagasymam mes. Gözüm açyp, awçy bolmasamda men, Gaýybana gyzyklandym aw bilen. Pegasymy müngä öwretmesemem, Öwrenşdirdim men özümi saz bilen... ...Aý örüpdir ýere kümüşsöw saçyn, Gaýybana gaýyp ýörün men Aý-da, Ylham perişdesin tutmaklyk üçin, Duzak gurdum Duzagyma düşäýse... © Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |