23:03 Ýokanja garşy göreşde döwletiñ bähbidi!.. | |
ÝOKANJA GARŞY GÖREŞDE DÖWLETIÑ BÄHBIDI!..
Medisina
ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Tramp halky howsala düşürmekden çekinendigi üçin köpçülikleýin ýokanç kesel başlanda kowid-19-yñ üns bereniñe degmeýän zatdygyny aýtdy. Mundan soñ 200 müñden gowrak adamyñ ömür tanapynyñ ýolunan ýurdunda alymlar we intellektual adamlar Trampy tankyt topuna tutdular. Hatda olaryñ bir bölegi has öte geçip, adam pidalarynyñ şular ýaly derejä çykmagynyñ ýeke-täk jogapkäri hökmünde Trampy we onuñ hökümetini görkezdiler. Ýurdumyzda bolsa munuñ tersine, saglygy goraýyş ministri Fahretdin Koha "hakyky statistikanyñ gizlenýändigi" baradaky gep-gürrüñleriñ çykandygy sebäpli çykyş edip: "Biziñ wezipämiz ýokanja garşy ähli öñüni alyş çärelerini geçirip göreşmekdir, emma şol bir wagtyñ özünde-de döwletimiziñ bähbidini goramakdyr" diýdi. Eýse, ölüm ýagdyrýan sferalaýyn ýokanç kesellere garşy göreşde hakykaty gizlemek, üstüni örtmek hakykatdanam ýurtlaryñ döwlet bähbitlerine peýdalymy, ýa-da ähli adamzada peýda getirýärmi, ýa bolmasa zyýan berýärmi?.. Bu soraga hormatly alymymyz, halypalaryñ halypasy professor Jengiz Kudaý millionlarça adamyñ ölümine sebäp bolan "ispan dümewiniñ" çaltlyk bilen ýaýramagynyñ näme sebäpli öñüni alyp bolmandygyny düşündirip, şeýle jogaplaýar: "1918-1920-nji ýyllarda bolan "ispan dümewi" pandemiýasynda 500 milliondan gowrak adam kesele ýolukdy, 50 million adamam aradan çykdy." Ýogsam bolmasa, ýokanjyñ ilkinji dörän ýeri Ispaniýa hem däldi!.. Birinji jahan urşy döwründe Amerikadan gelen we süýt öndürýän bölümde işleýän bir ofiseriñ ilki öz gulluk edýän harby bölümine ýokuşdyrmagy bilen kesel ýaýrap gidipdi. Wirus gysga wagtyñ dowamynda ýurtlaryñ esgerlerine, olardan beýleki raýatlara geçipdi. Diñe Hindistanda 30 million, ABŞ-da bolsa ilatyñ 30 göterimi dümewden paýyny alypdy... Osmanly döwletiniñ çäkleri-de keseliñ ýaýran ýerleriniñ içindedi. Ilkibaşda wirusyñ edil häzirki günlerdäki ýaly haýwanlardan geçendigini çaklapdyrlar, emma has soñra howa arkaly ýaýraýandygy belli bolupdyr. Şol döwrüñ tanymal şahslaryndan, sungat, syýasat we döwlet işgärlerinden käbirleri-de kowid-19-a meñzeş bu ýokançdan paýlaryny alypdyrlar. Metin Özatanyñ ýazmagyna görä, Gazy Mustapa Kemal hem bu kesele ýolugypdyr we ýeñmegi başarypdyr. Howply ýokanç çeper eserlere, romanlara, hekaýalara tema bolupdyr, hatda beýik şahyr Nazym Hikmet ilkinji ýazan goşgularynyñ birinde bu barada şeýle diýýär: "Biz - Stambul şäheri! Mobilizasiýany gördük: Kawkaz, Galisiýa, Çanakkale, Palestina. Wagon söwdasy, tif we ispan prostudasy..." Jengiz Kudaý "Ýokanjyñ howatyrlandyryjy çaltlyk bilen ýaýramagynyñ iñ esasy sebäbi nämedi?" soragyna şu täsirli jogaby berýär: “Hususanam Ýewropanyñ käbir ýurtlarynda döwletiñ bähbidini bahana edip, hakykatlaryñ üstüniñ örtülmegi, ýagny, halkdan gizlenmegi!..” Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 09.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |