ÝOL ROWAÝATY
Içi naz-nygmatdan ýumşak küpede,
Atylyp dört sekä ýassykdyr düşek,
Ýaýkanyp barýardy keýpi-sapada
Birje şahyr bilen üç sany eşek!
Üç eşek diýýänim üç süñküz ülpet,
Burunlary göm-gök melgunlar kileñ.
Eşeklik lakamy bolsa-da erbet,
Söýgüli lakamy ekeni olañ!
Üç eşek üç ýol guýansoñ meýi,
Söz sözledi eşekleriñ epeýi:
- Eşek dostlar, geliñ bir zat edeliñ,
Şu lakamy şu oturan bilbile
Neneñsi ýol bilen, niçik gün bile
Alanmyzy aýdalyñ!
- Men çaparman eşeklerden bolar men, -
Diýip, şondan kiçi eşek seslenen, -
- Pul görsem ýüwürdim, agzymy urdum,
Üç maşyn edindim, iki jaý gurdum,
Guýrukly, gulakly eşegem bolsam,
Palta däl, gylyjam kesenok murtum!
- Men öpermen eşeklerden bolar men, -
Diýip, onsoñ ortanjysy seslenen:
- Görmedim men bu dünýäniñ peýanyn,
Talak hatyn berdim dokuz aýalyñ,
Kiçi gyzy ýetişýänçä ýegenmiñ,
Onunjysyn alyp kowmak hyýalym!
- Biz depermen eşek bolup gezer biz,
Özümizden akyllyny pyzar biz,
Şondan ötri edarada han bolup,
Otuz ýyllap bal kölünde ýüzer biz, -
Diýip, uly eşek şahyra bakan
Hem-de gaññasyny garnyna çeken:
- Görýärmiñ, bilbilim, seniñkem gelen
Barýarsyñ bir geñsi eşekler bilen,
Birje bulgur göterdäni ýenem, dost,
Eşek bolan bolaýsana senem, dost! -
Diýeninden otly eýmenç şakyrdap,
Üç eşek üç ýerden berdi pakyrda!
Şahyr şonda sylyp alyn derlerin,
Bulguryn dolduryp, golun giñ geren:
- Gadyrdan eşekler, eziz harlarym! -
Diýip, olañ teklibine ten beren:
- Öñi-soñy eşek bolmaly bolsam,
Bu ajap lakamy almaly bolsam,
Onda, gadyrdanlar, şu günden şeýläk
Täze lakamymy beýnide eýläp,
Gerşimi ýandyryp ýalnyna taryñ,
"Eşegi" bolaýyn şabram dutaryñ!..
Eşekler añk bolup şahyra bakan,
Ýöne otly eýýäm wokzalda eken..
Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Goşgular