ÝÖRELGE
Ömrümde ejize ganym bolmandym,
Ýas tutulýan ýerde ýaşardy gözüm.
Ýaz meýdany ýaly açyk kalbymdan,
Töründen çykypdy her aýdan sözüm.
Hyýanat etmedim wepaly dosta,
Myhman gelse orta atdym duzumy.
Hiç haçan işlemän iýmänim üçin,
Perişde saýmadym hergiz özümi.
Eziz eneleriñ hüwdüsin diñläp,
Öwrenmezden ýeñil goşgy goşmagy,
Bisowat atamdan edep öwrendim ~
Öwrendim il bilen salamlaşmagy.
Salam berip sana girip başladym,
Salam alyp kämillige baş urdum.
Öz aýbymy ýaşyrmadym illerden,
Özgeleriñ kem tarapyn ýaşyrdym.
Asyl zada aşyk boldum dünýäde,
Her duşan ýylpylda göwün bermedim.
Baş saglygy boldy barja dilegim,
Şondan gymmadyrak zadam görmedim.
Özüni maşyna çalşany gördüm,
Gyzyny maşyna çalşany gördüm.
Kagyz pula dañlan gedaýy gördüm,
Özümi olardan edaly gördüm.
Düşünmezçe zat ýok ynsan ömründe:
Ýalañaç gelmeli, çyplak gitmeli.
Aralykda diñe özüñe däl-de,
Öwreniñ özgä-de hyzmat etmegi!
Berdinazar HUDAÝNAZAROW.
Goşgular