18:36 Yşk -2/ romanyñ dowamy | |
YŞK ŞERIGATY
Romanlar
Ýazyjy hakynda hiç kimiň hiç zat bilmeýändigi barada Ella aýdylypdy. Gollandiýada ýaşaýan geň-taň adammyş. Ady A.Z.Zahara. Ýazarmanlyk hukuklary gulluklarynyň hiç biri tarapyndan wekilçilik edilmeýär eken. El bilen ýazan üç ýüz sahypalyk romany Amsterdamdan poçta arkaly ugradylypdyr. Ýanyna-da poçta otkrytkasy goşulypdyr. Poçta otkrytkasynyň ýüz tarapynda sary, goňur reňkdäki çigildem çemenzarlygynyň suraty, arka ýüzünde bolsa, el bilen nepis ýazylan hat bar eken. «Hormatly redaktor, Bu setirleri size Amsterdamdan ýazyp ýollaýaryn. Dykgatyňyza hödürleýän bu hekaýatymda wakalar Anadoluda, Konýa şäherinde XIII asyrda bolup geçýär. Ýöne ýürekden ynanyşym boýunça, bu hekaýat wagtdan, giňişlikden we medeniýet taýdan tapawutlylyklardan halas eserdir. Ählumumydyr. Yslam äleminiň beýik şahyry, iň meşhur mutasawwufy Rumy bilen dürli geň-taňlyklaryň sebäpkäri, gezende Galandar derwüşi Şems-i Töwriziniň arasyndaky deňsiz-taýsyz dostlugy özüne mowzuk edinen bu taryhy, mistiki romany okamaga wagt taparsyňyz diýip umyt edýärin. Şeýle arzuw bilen «Yşk şerigaty»-ny neşirýatyňyza ýollaýaryn. Maksadyňyz yşk, yşkyňyz baky bolsun, Hormat bilen A.Z. Zahara» Ella öz ýanyndan bu üýtgeşik, owadanja açyk hat redaktoryň ünsüni özüne çekendir diýip oýlandy. Emma Stiw işli adam. Höwesjeň ýazyjylaryň romanyny okap oturara wagty ýok. Şonuň üçinem gelen bukjany kömekçisi Mişele berendir. Ýöne elmydama başagaý Mişeliň hem wagty bäş beter gymmatly hem çäkli. Şonuň üçin ol hem assyrynlyk bilen romany täze gelen kömekçä tabşyran bolmaly. Şeýlelikde, «Yşk şerigaty» elden-ele geçip, iň ahyrynda Ellanyň boýnuna galypdyr. Kitaby okap, ol hakda giňişleýin hasabatnama ýazmak indi onuň borjudy. Ella nireden bilsin onuň beýle-beýle romandygyny? Nireden bilsin bu kitabyň tutuş durmuşyny özgerdip taşlajagyny? «Yşk şerigatyny» okaýan mahaly öz durmuşynyň hem setirme-setir öçürilip, täzeden ýazyljagyny nä bilsin? Ilkinji sahypany açdy. Bu ýerde ýazyjy baradaky käbir maglumatlara duşdy. A.Z.Zahara dünýä syýahat etmedik wagtlary kitaplary, dostlary, pişikleri, pyşbagalary bilen bile Amsterdamda ýaşaýar. «Yşk şerigaty» onuň ilkinji hem megerem, iň soňky romanydyr. Romançy ýazyjy bolmak höwesini gursagynda götermeýän ýazar bu kitaby diňe Ruma we onuň söýgi Güni Şems-i Töwrizä bolan hormaty hem-de söýgüsi sebäpli ýazdy. Ellanyň nazary indiki setire gönükdi. Ana, şonda-da sahypada tanyş jümlesine gabat geldi. Çünki käbir kişiler munuň tersine bolýandygyny her näçe ýanjasalar-da, yşk diýilýän geldi-geçer ýaldyrýuldur duýgy däldir. Ella haýran galmakdan ýaňa agzyny açdy. Bu onuň ýaňyja aýdan jümlesine jogapdy ahyryn. Ýaňyja, birnäçe minut ozal aşhanada gyzyna aýdan sözleriniň edil özi onda-da! Ol az salymlygam bolsa, düşnüksiz bir ünjä berildi. Hamala, älemiň bir künjeginden pynhan bir göz ony sypdyrman synlap duran ýalydy. Içine wehim aralaşdy. Aslynda ýigrimi birinji asyr on üçünji ýüzýyllykdan artyk bir tapawutly hem däl. Bu iki asyryň seneýazgysy taryh kitaplaryna şeýle ýazylar: deňi-taýy bolmadyk dini gapma-garşylyklar, medeni çaknyşyklar, ters garaýyşlar we ýalňyş düşünjeler; ähli ýere ýaýran ygtybarsyzlyk, näbellilik, gaýgy-alada we ýowuzlyk, galyberse-de, başgalardan eşidilip döreýän basgadüşmeler. Howsalaly döwürler. Şeýle wagtlarda yşk ýöne bir nepis söz däl-de, özbaşyna bir ugur görkezijidir. Hiç kimiň yşkyň nepisliklerine üns bermäge wagt tapmaýan dünýäsinde «Yşk şerigatynyň» ähmiýeti has artýar. Ella tarap sowuk ýel öwsüp gitdi, dälizdäki gury ýapraklar howa uçup, töwerekde gaýmalaşdy. Gün günbatar tarapda sumat boldy. Asmanyň keýpi, gyzgalaňy egsildi. Çünki yşk ýaşaýşyň asyl özeni, düýp manysydyr. Möwlananyň bize ýatladyşy ýaly, bir gün geler-de yşk hemmeleri, ondan ýeriň aýak ujuna çenli gaçanlary hem, hatda «romantik» sözüni ýazgaryjy söz ýaly ulananlary-da öz goýnuna dolap alar. Ella gözleri sahypa çüýlenen, aşaky dodagy çala sallanan görnüşde, biraz eglip duran halda doňup galdy. Bu ýerde gürrüň onuň hut özi barada barýardy! Eger okan sahypasynda «Yşk hemmeleri öz goýnuna dolap alar, şol sanda Bostonyň ýakynlarynda ýaşaýan, Ella Rubinşteýn atly üç çaganyň enesi, öý hojalykçy aýaly-da» diýlip ýazylan bolaýanlygynda-da, gaty gitse, şunça haýran galdyrardy. Içinden bir ses eseri bir gyra süýşürip, derhal içerik giräge-de, Mişele telefon edip, bu täsin kitaby okamajakdygyny aýtmalydygy barada pyşyrdady. Şeýle-de bolsa, ol biraz ýaýdanyp duranyndan soň, uludan dem aldy-da, sahypany agdardy. Şeýdibem, mylaýym maý agşamynda heniz adyny-da eşitmedik ýazyjysynyň büs-bütin nätanyş bir dünýä barada gürrüň berýän romanyny okamaga başlady. A.Z. ZAHARA ● YŞK ŞERIGATY ... Biz dile, söze bakmarys. Köňle, hala bakarys, ... Edep bilýänler başgadyr, Jany, ruhy ýanan aşyklar başga. Yşk şerigaty bütin dinlerden aýrydyr. Aşyklaryň şerigaty-da Allahdyr, mezhebi-de. Möwlana Jelaletdin Rumy. «Mesnewi», II jilt, 133-nji sahypa. Mundan kän wagt ozalkalbyma roman ýazmak höwesi aralaşdy. Yşk şerigaty hakda. Ýazmaga gaýratym çatmady. Dilim lal boldy, galamymyň ujy kör. Entekler ençeme sanaç uny boşatmalydygyma düşündim. Ýola düşdüm. Dünýäni aýlandym. Adamlar bilen tanyş boldum, hekaýatlar ýygnadym. Soňra köp baharlar geçdi. Sanaçlarda un galmady; men welin, henizem çig, ham, häzirem yşk meselesinde çaga ýaly gögele... ― Möwlana özüne «Hamuş» diýer eken. Ýagny, Dymma. Heý, bir şahyryň, onda-da ady dünýä dolan şahyryň, ýagny bar işi-pişesi, barlygy, şahsyýeti, hatda dem alýan howasy-da sözlerden ybarat bolan, elli müňden-de agdyk ajaýyp setiri döreden adamyň nädip özüne dymma diýen ady alandygy barada oýlanyp gördüňmi?.. Älemiň hem edil biziňki ýaly näzik kalby we tertipli ýürek urgusy bar. Näçe ýyldyr nirä gitsem hem şol sesi eşidýärin. Her bir adamy Ýaradanyň amanaty gizlenen jöwher hasap edip, olaryň aýdýanlaryna gulak gerdim. Sözlemleri, sözleri, harplary... hezil edip diňledim. Şoňa garamazdan, maňa şu kitaby ýazdyran zat ses-sedasyz ümsümlik boldy. «Mesnewiniň» manysyny ýorýanlaryň köpüsi bu ölmez-ýitmez eseriň «b» harpy bilen başlanýandygyna ünsi çekýärler. Eseriň ilkinji sözi «Bişrewdir!», ýagny «Diňle!» Ady Dymma bolan şahyryň iň gymmatly eserini «Diňle!» diýip başlamagyna tötänlik diýip bolarmy? Dogrusy, ümsümligi diňläp bolýarmyka? Bu romanda her bölüm şol bir çekimsiz harp bilen başlanýar. «Näme üçin?» diýip sorama, ýalbarýan. Jogabyny özüň tap. Onsoňam, ony öz ýanyňda aýap sakla. Çünki şeýle bir hakykatlar bar welin, bu ýollarda düşündiren mahalyň hem syr bolup galmaly. Z.Zahara, Amsterdam, 2007 ● Giriş Häkimiýet ugrundaky soňy gelmeýän göreşler, dini çaknyşyklar, mezhep dawalary, syýasy durnuksyzlyk... XIII asyrda Anadoly bu zatlaryň ählisine ýakyndan şaýat boldy. Günbatardan Küdus (Iýerusalim) diýip ýola düşen haç göterijiler Konstantinopoly basyp alyp talapdylar; şeýdibem, Wizantiýa imperiýasynyň bölünmegine sebäp bolupdylar. Gündogarda Çingiz hanyň harby paýhasy ýokary düzgün-nyzamly mongol goşunynyň täsiriniň tiz ýaýramagyna getiripdi. Wizantiýa elden gidiren topraklaryny, rowaçlygyny we agalygyny gaýdyp almaga dyrjaşýan mahaly, arada galan dürli türki beglikler hem öz aralarynda söweşýärdiler. Bu asyra ozal görlüp-eşidilmedik baş-başdaklyk we dawajenjeller öz hökümini ýöredýärdi. Hristianlar hristianlar bilen, hristianlar musulmanlar bilen, musulmanlar hem öz aralarynda çaknyşýardy, garpyşýardy. Haýsy tarapa gitseň, gapma-garşylyk hem gaýduwsyzlyk, haýsy tarapa baksaň, ejir hem açgözlük, kime gabat gelseň, ertirki günüň ýene nähili weýrançylyklar getirjekdigine howsalaly, dartgynly garaşma... Bu ahy-pyganyň içinde şu töwerekdäki şäherleriň biri bolan Konýada bir yslam alymy ýaşaýardy. Köp kişiler oňa Möwlana, ýagny «tagsyrymyz» diýip ýüzlenýärdi. Bu meşhur adamyň çar tarapdan gelen müňlerçe müridi, muşdagy bardy. Ol ähli musulmanlaryň ýoluny ýagtyldýan çyrag hasap edilýärdi. Onuň hakyky ady Jelaletdin Rumudy. 1244-nji ýylda Rumy Töwrizli Şems bilen tanyşdy. Şems gezende Galandariýe derwüşidi; ýüzgörmezek adamdy. Ýollarynyň gabatlaşmagy bilen başlanan wakalar bularyň ikisiniňem ýaşaýşyny düýp-teýkary bilen özgertdi. Ol şeýle bir mäkäm, üýtgeşik köňül bitewüliginiň başlangyjydy. Olaryň özara gatnaşygyny soňky asyrlarda ýaşap geçen tasawwuf alymlary ― mutasawwuflar iki ummanyň biri-birine gowuşmagyna meňzetdiler. Şu deňsiz-taýsyz dostlugyň, ýaranlygyň kömegi bilen Rumy öňden höküm sürüp gelýän çäklere ýakyn durýan din alymy bolanlygyndan, werdiş bolnan ähli kadalardan çykmaga ýürek edip, özüni bagyşlan köňül ähline, yşkyň otlukly penakärine, sema tanslaryny döreden we şoňa berlen şahyra öwrüldi. Ol «Yslam äleminiň Şekspiri» diýip ýatlanylmagyna sebäp bolan ägirt uly eserleri miras goýup gitdi. Adamlaryň aňyna kök uran köre-kör ynançlaryň, ýazgaryşlygyň döwründe ol ählumumy, giň gerimli we parahatlyksöýer ahlaky ruhy goldady; hiç kimi ala tutman, gapysyny her bir adam üçin giňden açyp goýdy. Hamala, şol döwürlerde bolşy ýaly, häzir hem ençeme adamlaryň «kapyrlara garşy göreş» atlandyrýan zahyry ― daşky jyhada derek, adamyň öz içki dünýäsine gönügip, kämilleşmegini maksat edinýän batyny, ýagny ruhy dünýä bilen bagly jyhadyň üstünde durdy. Adamyň öz egosyna, menligine garşy ahyryna çenli göreşip, nebsini ädimme-ädim ýeňmegiň ýollaryny görkezdi. Şeýle-de bolsa, ýüregindäki yşk tupanyna her bir adamyň meýilli bolmaýşy ýaly, bu pikirleri hem hemmeler kabul edip bilmedi. Töwrizli Şems bilen Rumynyň arasyndaky şol kuwwatly ruhy baglylyk myş-myşlara, töhmetlere, sürünmelere sezewar boldy. Olaryň küpür sözler sözleýändigini aýdýanlar tapyldy. Düşünmediler. Jedele girdiler. Olary gabandylar. Ahyrynda-da, ähtimal, iň ýakyn adamlarynyň hyýanatçylygyna duçar boldular. Tanşanlaryna üç ýyl bolanda, olar pajygaly ýagdaýda biri-birinden aýra düşürildiler. Ýöne olaryň hekaýaty şu ýerde tamamlanmady. Aslynda hijem soňlanmady bu hekaýat, dowam etdi. Şems bilen Möwlana Jelaletdin Rumynyň ruhlary, takmynan, sekiz asyr soň ― häli-häzirem diri we mahal-mahal biz bilen bile sema edýärler... Ganhor Iskenderiýe, 1252-nji ýylyň noýabry Häzir diri däl. Birmahal ölüp giden. Ýöne nirä gitsem hem, gözi mende; asmandan asylgy iki sany şumluk saçýan gap-gara ýyldyz daşy ýaly bolup ýiti şöhle saçyp, meni yzarlap ýör. Konýadan uzaklaşsam, daş ýerlere gaçyp gitsem, beýnimi burguç ýaly deşip barýan bu ýatlamadan halas bolaryn öýdüpdim. Heniz-henizlerem beýnimde onuň perýady ýaňlanyp dur. Ýüzünden gany gidip, gözleri hanasyndan atylyp çykmanka, çala dem alyp, agzy ýumulmazdan öň çykaran şol sesi duzaga düşen gurduň uwlamasy ýaly, hanjar urlan adamyň ahyrky hoşlaşygydy. Biriniň ganyna galan mahalyň ondan saňa hökman bir zatlar ýokuşýar: keşbimi, ysymy, demimi... Ahymy, näletimi, sesimi... Men muňa «öldürileniň gargyşy» diýýärin. Ol bedeniňe ýapyşyp galýar. Teniňi deşip geçjek bolýan ýaly, tä ýüregiň çuňluklaryna aralaşýança, ony oýýar oturýar... Ol hut şol ýerde ornaşýar, sende täzeden ýaşaýyş tapýar. Düýşleriňe girýär, ukyňy para-para edip bölüp taşlaýar. Gündizlerine eýdip-beýdip mydar edýäň, ýöne garaňky düşüp ýeke galanyňda, düşegiňde seni sowuk der basyp başlaýar. Her bir öldürilen özüni öldüren ganhorda ýaşamagyny dowam edýär. Kabyl Habylyň ganyna galaly bäri, hiç bir ganhor öz gurbanynyň amanatyny gerdeninde götermekden halas bolup bilen däldir. Köçede gabat gelýän adamlar muny asla aňşyrmaýan hem bolsa, şu güne çenli ganyna galan adamlarymyň her birinden üstümde nähilidir bir nyşan göterýärin. Göze görünmeýän monjuk ýaly bolup, olar berk gysylyşyp, agram berip, boýnumdan asylgy durlar. Bu ýük bilen ýaşamak aňsat düşmeýär. Käte demiňi almagam kynlaşýar. Şeýle bolýar eken ol. Adam öldürmegiň ahmyry başga hiç bir zada meňzemeýär. Çekip-çydar ýaly zat dälem bolsa, indi öwrenişilip ýör öýdýän. Bu ýagdaýy ýaşaýşymyň bir parçasy hasaplaýaryn. Keýpimi bozup duranok. Ýa-da bir wagtlar şeýle pikir edýärdim. Ýöne, şu soňky eden jenaýatym nähili boldy-da, meni beýle elendirip siltedikä? Bu gezek başdan öňkülerden üýtgeşik boldy. Mysal üçin, işi nähili tapyşym... ýa-da, işiň meni nähili tapyşy diýeýinmi? 1247-nji ýyldy, güýz paslynyň ahyrlarydy. Konýada bozukhana ýöredýän, ýowuzlygy bilen at alan hünsanyň ― germafroditiň janpenasydym. Wezipäm bozuk aýallara gözegçilik etmek, hetdini tanamaýan müşderileri akylyna aýlandyrmak, gödek güýç ulanyp onuň-munuň gözüniň oduny almakdy. Şol gün dek düýn ýaly ýadyma düşýär. Bir gaçgagy, bozgakhanadan gaçan bir ýoldan çykany yzarlap ýördüm. Saçykesilmiş, birden alaga-da, bu ýollara toba edip, özüni dine bagyşlamagy ýüregine düwenmiş. Ony bir döw-ä çalan bolmalydy! Haýp, owadan gyzdy. Sähelçe-de bolsa, ýüregim awaýardy. Sebäbi tapaýsam, gaýdyp erkek göbekli oňa gabagyny galdyrmaz ýaly, ýüzüni erbet edip bozup taşlajakdym. Çöl Güli lakamly şol sölite gyzjagazy ele salmagyma az galanda birden bir syrly hat aldym. Ol hat ünsümi başga tarapa sowdy-da, bar küýüm-köçäm şoňa gitdi... Hatyň aşagynda: «Imanyň sakçylary...» diýip gol goýlupdyr. «Biz seniň kimdigiňi gaty gowy bilýäris –– diý-lip, hatda ýazylypdyr, –– Ozallar Haşhaşynyň janpenasydyň. Hasan Sabbah öldürilip, tarykatyň öňbaşçylary tutulyp, zyndanlara taşlanandan soň, gaýdyp özüňizi dürsemegi başarmadyňyz, öňküler ýaly bolup bilmediňiz. Sen ele düşmejek bolup, Konýa gaçdyň. Şu ýerde gizlendiň, ýaşyryn gezdiň. Özüňe başga kär, bütinleý başga at tapyndyň. Häzir bir iş bar, özem tüýs seniň oňaraýjak işiň». Hatda iňňän möhüm meselede hyzmatyma zerurlyk duýulýandygy beýan edilýärdi. Sylag-serpaýynyň ýetiriljekdigine kepil geçilýärdi. Eger teklip meni gyzyklandyrsa, agşam azany okalandan soň, meşhur meýhanalaryň birine barmalydym. Duşuşmaly ýerimiz şol ýerdi. Penjiräniň golaýjagyndaky sypada, arkamy gapa tarap edip oturmalydym. Kellämi aşak egip, gözümi ýerden galdyrmaly däldim. Köp wagt geçmänkä, meni hakyna tutjak adam ýa-da adamlar gelmelidi. Gerekli maglumatlaryň ählisini maňa şolar bermelidi. Gelen mahallaram, giden wagtlaram ýa gürrüň edilip oturylan çagtam başymy galdyryp ýüzlerine seretmäge ygtyýar edilmeýärdi. Garaşylmadyk hat bolany üçin oňa ähmiýet berip durmadym. Müşderileriň her dürli häsiýetde bolýanyny göre-göre gelýärdim. Şunça ýylyň işi, näçe garlar basgylanypdy, her jüre adam meni hakyna tutup görüpdi. Ählisi diýen ýaly, öz atlarynyň gizlin saklanaryny isleýärdiler. Tejribäm bir zady görkezýär: müşderi özüni ýaşyrmak meselesinde näçe tutanýerlilik görkezýän bolsa, köplenç halatda ol kast edilýäne şonça-da ýakyn adam diýmekdi. Bu hatasyz kadadan habarym bardy. Ýöne o meni gyzyklandyryp durmaýardy. Meniň etmeli işim bellidi: öldürmeli. Üzümini iýsemem, bagyny soramaýardym. Alamut galasyndan çykalym bäri özüme saýlap alan durmuşym şeýle hörpdedi. Onsuzam men gaty seýrek sowal berýän adamdym. Näme soraýyn? Meniň bilýän zadym, bu dünýäde hemmeleriň biraýakdan ýoguna ýanmak isleýän bolmanda bir adam bardyr. Alaga-da jenaýata ýüz urmaýanlygy şeýle adamlaryň hiç haçan jana kast etmejekligini aňlatmaýardy. Amal depderlerine bu zäher-zakgun günäni ýazdyrmadyk bolmagy-da ahmaldyr, ony makullaýan. Ýöne beýle diýildigi şeýle haý-höwes olaryň hyýallaryna-da gelmeýär diýildigi däldir. Aslyýetinde şeýle pursat ýüze çykyp, her bir adamyň kimdir birini öldürmegi ahmal. Ýöne muny köpler bilmez. Tä garaşylmadyk waka zerarly gazaba münüp, edenini-goýanyny bilmän, özüni ýitirýänçä, şeýle bolup biljegini boýun alasy gelmez. Elini asla gana bulamajagyna, hiç kimiň janyna kast etmejegine ynamlary uludyr. Ýöne hemme zat gabat gelmä baglydyr. Käte biriniň gözi-gaşy sähel oýnady diýip, başga biriniň gany depesine urar. Peşäni pile dönderer, bolgusyz zada yrsarap, ýok ýere goh turuzar. Dogrusy, sapýürekli, tämiz, mertebesini bilýän, asylzada adamlaryň içindäki murdar nägehanyň duýdansyz ýüze çykmagy üçin bimahal wagtda, ýalňyş ýerde bolmagyň özi hem ýeterlikdir. Islendik ynsan adam öldürip biler. Ýöne şu durmuşda asla tanamaýanbilmeýän birini sowukganlylyk bilen öldürmegi adamlaryň juda az sanlysy başarsa gerek. Ynha, şo ýerde-de işe men goşulýan-da, şeýle işiň hötdesinden özüm gelýän. Men başgalaryň hapa işlerini edýärin. Bu durmuşda özüm ýalylaryň hem gerek ýeri bolýar. Allatagala hem mukaddes nyzamyny guran mahaly jan almak meselesinde Ezraýyly özüne oruntutar bellemänmidir? Şonuň üçinem adamlar başlaryna her ne apat gelse-de, ony Ezraýyldan görüpdirler. Ajal perişdesini näletläpdirler, ondan elheder edipdirler. Şonuň netijesinde-de Onuň adyna zeper ýetmändir. Eýse, bu Ezraýyl babatda adalatlymydyr, eýse, muny dogry hasap edýäňizmi diýmegiňiz mümkin. Ýöne, bolmanda-da, bu dünýäni beýle bir adalatly ýer hasap edip boljak däl, şeýle dälmi? Her näme bolsa-da, garaňky gatlyşansoň, hatda agzalan meýhana gitdim. Ýöne içerik giren mahalym penjiräniň golaýyndaky sypa boş däl eken. Ýüzi gamçy yzly bir adam sypada uklap galypdyr. Hepbesizi oýaryp, owarra bol bärden diýjekdim welin, soňky pursatda degmäýin diýdim. Serhoşlaryň haçan näme goparjagy belli däldi. Adamlaryň ünsüni özüme çekmegiň geregi ýokdy. Şonuň üçinem iň ýakyndaky boş sypa geçip oturdym-da, penjirä garap, garaşyp başladym. Köp wagt geçmänkä, iki adam geldi. Hersi bir tarapyma geçip oturdy, aralarynda galdym. Ýüzümiz görünmesin diýip, berk oranypdyrlar. Dogrusy, ikisiniň-de ýaş, aljyraňňy we tejribesizdigine, baş uran işlerine juda taýýarlyksyzdygyna göz ýetirmek üçin ýüzlerine seredip oturmagyň hajaty-da ýokdy! ― Siz hakda köp eşitdik –– diýip, biri sesinden seresaplylykdan beter açyk duýlup duran alada bilen dillendi. ― Aýtmaklaryna görä, bu işde sizden ussat adam ýokmuş. Ýaş ýigidiň gürrüňini gülkünç hasaplasam hem, ýylgyrmazlyga çalyşdym. Özümden heder edýändiklerini aňdym, bu gowulygyň alamatydy. Birneme gorksalar, buýtar-suýtar etmäge gaýratlary çatmaz. Şonuň üçinem şeýle diýdim: ― Dogry aýdypdyrlar. Bu babatda özümden zory ýokdur. Şonuň üçinem maňa Şagalkelle diýýärler. Etmeli işim näçe kynam bolsa, müşderimi ýüzügara edýän däldirin. ― Bize-de tüýs geregi şo-da ― diýip, ýaş adam hemleli dillendi. ― Sebäbi saňa buýurjak işimiziň hem ýelek üflän ýaly ýeňil düşmezligi ahmal. Ynha, şol pursat beýleki ýaş ýigit gürrüňe goşuldy. ― Bir adam bar. Başymyza bela boldy, haramzada. Özüne bir topar duşman gazandy. Şu şähere düşeli bu ýere näletden başga zat getirmedi. Ýeke şaýylyk haýryny görmedik. Näçe gezekler duýdursagam, bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykýar. Hatda akylyna aýlanmakdan geçen, beterini çykarýa, azýar, azdyrýar. Bize başga alaç galmady. Sesimi çykarmadym. Aslynda hemişe-de şeýle bolýar. Müşderiler meniň bilen el gysyşmazdan öň, näme üçindir alýarlar-da tükezzibana başlaýarlar. Öldürtmek isleýän adamlarynyň neneňsi bolgusyz, neneňsi bozgak adamdygyny ýanjaýarlar. Hamala, aýdanlaryny makullasam, etjek bolýan etmişimiz ýeňläýjek ýaly. ― Düşnükli. Eýse, ol adam kim bolmaly? Bu sowalyma olar aljyradylar. Bimany takala tutdurdylar. ― Din bilen, iman bilen baglanyşygy bolmadyk kapyr! Ýagdaýy hormat-sarpasyzlyga, küpüre çenli ýetiren pitneçi. Tüpbozan derwüş. boldy. Serimden her jüre pikirler, alada-gaýgylar geçdi, keýpim gaçdy. Şol güne çenli her hili adam öldürip görüpdim; ýaşyny, garrysyny, erkegini, aýalyny, sagdynyny, şikeslisini... Emma olaryň arasynda derwüş, ýagny özüni dine-imana bagyşlan adam ýokdy. Meniň hem, dogrusy, özümçe ynanýan zatlarym bardy, Allanyň gazabyny üstüme çekesim gelenokdy. Sebäbi her hili etmiş etsem-de, Alladan gorkýardym. ― Gynansagam, ýigitler, teklibiňizi kabul edip biljek däl. Bir derwüşiň ganyna galmak niýetim ýok. Özüňize başga birini tapyň. Ýerimden turup gidermen boldum. Ýöne ýaş ýigitleriň biri golumdan asylyp, ýalbar-ýakar edip başlady: ― Haýyş edýän, birden çürt-kesik bir zat diýmäň. Elbetde, zähmetiňiziň sylagy ýetiriler. Agzyňyz gymyldasa bolýar, iki essesini tölemäge taýýar. ― Üç essesini diýsem?... –– diýip, dilime gelen sözi duýdansyz aýdyp goýberdim. Beýle ýokary nyrhy töläp bilmejeklerine gaty ynanýardym. Ýöne asla garaşmaýan zadym boldy. Sähel säginen ýaly etdiler-de, ikisi-de teklibimi kabul edýändiklerini aýtdylar. Gaýtadan ýerime geçdim. Keýpim göterildi. Dogrusy, agzalýan pul eslije bardy. Şu jenaýaty bir ýüzli edip bilsem, uzak ýyllap arkaýyn ýaşap boljakdy. Galyň ýygnajak bolup, hars urup ýörmäge zerurlyk galjak däldi. Şobada öýlenip biljekdim. Şundan soň, güzeran üçin gabagyňy galdyrmanyňdada, arkaýyn najrap ýörmeli boljakdy. Derwüşmi ýa başga biri, kim bolsa bolaýsyn, şeýle şertde islendik adamy janyndan jyda düşürmäge taýýardym. Nireden bileýin şol pursat ömrümiň iň uly ýalňyşlygyna ýol berip, soň ökünip aňyrsyna çykyp bilmejegimi? Şol derwüşi öldürmegiň nähili kyn düşjegini, öldürenimden soň hem hanjar ýaly ýiti nazaryny synamda göterip gezmeli boljagymy men şonda nireden bileýin? Şemsi howluda öldürip, guýa atalyma bäş ýyl boldy. Jesediniň suwa düşen mahaly çykan sesi häli-häzirem eşidemok. Guýudan «çyt» edibem ses eşidilmedi. Hamala, derwüşiň jesedi guýynyň düýbüne düşmän, arşa göterilen ýaly. Şol öleli bäri, gara basdyrmadyk ýeke gijämem ýokdur. Häli-häzirem suw ýygnanan ýer gördügim tutuş endamymy sowuk gorky gaplap alýar, ellerim sandyrap, ýüregim bulanyp başlaýar. Haçan şol gijäni ýatlasam, içimdäki zatlaryň baryny daşyma çykarasym gelýän ýaly, şeýdibem, özümi halas edesim gelýän ýaly, iki büklüm bolup gaýtarýan... Ellerim-aýaklarym ýöne süňk bilen ham bolup gurap galdy. Nähili geň ýagdaý! Ol ölse-de, häzirem diri! Men welin, her gün täzeden ölýärin. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Hakyň didary / roman - 28.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |