14:20 Yşk -3/ romanyñ dowamy | |
Birinji bölüm
Romanlar
TOPRAK Ýaşaýyşdaky çuň, durnukly hem gaty zatlar... Şems Samarkandyň ýakynlaryndaky kerwensaraýlaryň biri, 1242-nji ýylyň marty Agşam naharynda ýene gaýyp älemine syýahat etdim. Bu gezek gören zatlarym şeýle bir janly, şeýle bir hakyky, şeýle bir aýdyňdy welin... Bagy tohuma duran sap-sary güller bilen bezelen ulurak öý. Howlynyň ortarasynda-da dünýäniň iň sowuk suwly guýusy... Güýzüň ahyry, asmanda bolsa dolan Aý, syrly gije... töwerekde garaňkylygy höwür tutunan haýwanlaryň ençemesi aýlanyşyp ýördi; baýguş, ýarganat, möjek.., kimisi saýraýar, kimisi uwlaýar... Biraz wagtdan soň, eginlek, sypaýy garaýyşly, ala gözleri uzaklary nazarlaýan, orta ýaşlaryndaky bir adam öýden çykdy. Ýüzi agyr aladalydy, gözleri uç-gyraksyz hasratdan doludy... ― Şems, Şems, sen nirede? –– diýip, ol saga-sola seslendi. Telbe şemal öwüsdi, Aý bulutlary ýüzüne perde edindi, hamala boljak işlere şaýat bolmakdan tebigatam çekinýän ýalydy. Baýguşlar gygyrmaz, ýarganatlar ganat kakmaz, ojakdaky ot şatyrdamaz boldy. Tutuş dünýäni lal-jim sessizlik, ümsümlik gurşady. Ol adam agyr-agyr ädimler bilen guýa ýakyn gelip, egildi-de onuň hut düýbüne seretdi. ― Şems janym, janjagazym ― diýip, pyşyrdady, ― Ýa sen bärdemi? Jogap bermek üçin agzymy açsam-da, dodaklarymdan ýeke sesem çykmady. Ol adam öňküdenem beter egildi-de, guýynyň düýbüni üns bilen gözden geçirdi. Birbada gara suwdan başga hiç zat gözüne ilmedi. Soňra birden aşakda tupandan soň umman bilen bile çaýkanýan, çaýkandykça-da ummany tolkundyrýan sal ýaly bolup, suwuň ýüzünde manysyz gaýmalaýan elimi saýgardy. Soňra bolsa, ýokaryk garaýan jübüt göze nazary düşdi. Şonda şol gözler, meniň gözlerim hut guýynyň düýbünden asmanda galyň gara bulutlaryň aňyrsyndan peýda bolan dolan Aýa garaýardy. Ganhorymyň hasabyny asmandan soraýan ýaly, oklanan ýerimde ýatyşyma Aýa bakýardym. Ol adam çöküne düşdi-de, göwsüne urup, perýat etmäge başlady: ― Öldürdiler! Şemsiň janyna kast etdiler! Ynha, şol pursat agaçlaryň düýbünden bir kölege süýrenip çykdy-da, wagşyýana pişik ýaly bolup assyrynlyk bilen, çalasyn hereket edip bagyň haýatyndan aşdy. Howludaky adam ganhory görmedi.Ol çekýän ejiriniň astynda bükülýärdi, büküldigiçe-de ses edýärdi, ses etdigiçe-de syr saklap bilmedik aýna mysaly çatlaýardy, jaýrylyp döwülýärdi. Perýady ýiti aýna gyýçaklary ýaly çar tarapa syçrap, gijäni eleme deşik edýärdi. ― Ýuwaş-how! Dälirediň-mäý, how, adam? Näme dälirän göle ýaly bögürýäň? ― ....... ― Kime diýilýär-how?! Bes et şu gohuňy! Bolmasa, seni daşaryk taşlaryn! ― ........ ― A-how, sen aýdylany eşideňokmy? Bes et diýdigim, bes et! Ýene biraz gaýyp äleminde galmak üçin gulagymyň düýbünde ýaňlanýan ýiti sesi eşitmedik boldum. Nähili ölendigimi bilsem diýýärdim. Ylaýta-da, gözleri hasratdan doly şol adamy ýene bir gaýta göresim gelýärdi. Allajanlarym, kimdikä? Meniň bilen näme baglanyşygy barka, güýz gijeleriniň birinde näme diýmekçi bolup, islegime bakman, meni gözledikä? Emma gaýyp äleminiň gapysyndan girmäge mümkinçilik galmady, biri golumdan tutup, şeýle bir güýç bilen çekdi welin, dişlerim dökülermikä öýtdüm. Şeýdip, kynlyk bilen bu dünýä golumdan çekip getirildigim boldy. Zordan, özümem islemän gözlerimi açdym. Dawudyňky ýaly ýiti sesli bir kişi başujumda dik durdy. Uzyn boýly, semizräk adamdy; ak düşen sakgaly, ujy mumlangy çowlanyp duran murtlary bardy. Ony tanadym: ol kerwensaraýyň eýesidi. Şol pursat iki zada göz ýetirdim: ol gygyryp goh etmäge, zorluga, gözüniň oduny almaga endik eden adam bolmaly. Galyberse-de, häzir ol gahardan ýaňa özüni ýitiren haldady. ― Näme boldy? Näme habar? ― diýip soradym. ― Näme üçin golumdan çekýäň? ― Näme boldy diýýäňmi? ― diýip, kerwensaraýyň eýesi ― saraýman degişmä salyp seslendi. ― Näme boldy diýip, özüňden soramaly! Şu arlamaňy bes edäýseň diýýän. Sen-how, müşderilerimi gorkuzyp gaçyrýaň. Saraýmanyň gysaç ýaly ellerinden sypjak bolup dyzaşyma: ― Dogryňmy? Gygyrdymmy? ― diýip, gyryljyk ses bilen soradym. ― Onda-da nähili! Penjesine tiken çümen boz aýy ýaly, ýaňyja-da arlap durduň, tamyň depesi başymyzdan iner öýdüp gara janym galmady. Saňa beýle näme boldy birden? Nahar iýip otyrkaň uklap galdyň. Ýa ukuda gara dagy basdymy? Saraýmanyň kellesine gelip biljek ýeke-täk düşündirişiň şudugyny bilýärdim. Günüme goýsa bolýar diýip, ugruna sürüp, aýdanlaryny tassyklap biljekdim, ýöne ýalan sözlemäge dilim barmady. ― Ýok, beýle zat bolanok. Uklabam galmadym, garada basmady ― diýdim. ― Galyberse-de, men hiç haçan düýş göremok. ―Ýeri, onda näme üçin arladyň beýle? –– diýip, saraýman sözüniň üstüne goşdy. ― Sebäbi gaýyp älemine gidip geldim. Men şeýdip käte gaýyp älemine aýlanyp, syýahat edip gelýärin. Düýş bir başga, gaýyp älemine gitmek bir başga. Saraýman agzyny öweldip durşuna maňa aňkaryp galdy. Gahar bilen murtlarynyň ujuny dişledi. Soňam şeýle diýdi: ― Siz derwüşler, ähliňiziňem aňkaňyz aşypdyr öýdýän, ýa ýalanmy? Ylaýta-da özüň ýaly gezende abdallar şeýle! Uzakly gün agyz bekläp, doga-dileg edip aýlanyp ýörşüňize gün depäňizden geçip gidýär. Seriňiz üýtgäp, salgym görýän bolaýmaň. Güldüm. Ol mamlady. Onsuzam Allada özüňi ýitirmek bilen akylyňy ýitirmegiň arasynda gyl ýaljak tapawut bar diýmeýärlermi? Şol pursat münderlenip doldurylan äpet uly mejimäni aralarynda göterip iki sany ýetginjek göründi. Üstünde ýaňy gyzardylan geçi etleri, duzlanan balyklar, hoşboý ysly zatlara ýatyrylan döwlen goýun etleri, guýruk ýagyna dürli-dümen zatlar goşulyp bişirilen myssyjak külçeler, merjimek hem içgaryndan bişirilen çorbalar... Ýetginjekler müşderilere nahar paýlaşdyryp ýörkäler soganyň, sarymsagyň we beýleki dürlidümen hoşboý zatlaryň ysy içerini tutdy. Meniň oturan saçagymyň ýanyna gelen mahallary bir okara çorba bilen bir kesemen gara çörek aldym. Saraýman öňümde duran zatlara göz aýlady. ― Eşidýäňmi, bulara töläre puluň barmy? ― diýip, üstüme abanyp sorady. ― Ýok – diýdim. ― Ýöne eger isleseň, naharyň hem ýatymlyk ýeriň tölegine derek bir düýşüňi ýorup biljek. ―Ýaňyjada hiç haçan düýş göremok diýip durduň-la. ― Dogry. Men asla düýş görmeýän düýş ýorgutçysy. ― Aýtdym-a, baryňyzyň aňkaňyz aşgyn diýip ― saraýman ýüzüni turşutdy. –– Gowusy seni gapydan daşaryk kowmalymyka diýýän. Seret, şu aýdanlarymy gulagyňa gulakhalka edip dakyn. Şol dakynan jöwherden derwüş halkaň bar-a, şonuň ýanyndan asaý. Näçe ýaşyňdadygyň-a bilemok welin, ýöne iki dünýä üçinem ýeter ýaly doga okan bolsaň gerek. Indi bu işleri taşla. Git-de owadan aýal tapyn, öýlen. Ogulgyzyň bolsun. Şonda kök urarsyň, aýaklaryň ýer tutar. Hemme ýerde şol bir ýetde-gütde durmuş höküm sürýärkä, älemi aýlanyp ýörmäniň näme manysy bar? Menden saňa nesihat! Täze bir zatlar tapa ryn öýdýäňmi? Gulak as, düşlemek üçin şu kerwensaraýa dünýäniň çar künjeginden ýolagçy gelýär. Birküç bada göterdigi, bary şobir hekaýaty gaýtalap oturandyr. Adam hemme ýerde-de şol bir adam. Aşy şobir aş, suwy şobir suw, nejasatam-a şeýle! ―Ýöne men üýtgeşik zat gözlämok ahyry. Haky gözleýärin diňe –– diýdim. –– Men Haktagalany tapmak üçin syýahat edýän. ― Beýle bolsa, Ony ýalňyş ýerden gözleýäň ― diýip, sesi birden gödekleşen saraýman alpetimden aldy. ― Haktagalaň gitdi, haçan gaýdyp geljeginem sen sorama, sebäbini bilemok. Bu sözleri eşidip, ýüregimiň syzlap gidenini duýdum. ― Allany ýamanlaýan aslynda özüni ýamanlaýandyr ― diýdim. ― Ýamanlaýan bilse-de, bilmese-de, bu şeýledir. Saraýman dodaklaryny çöwrüp diýen ýaly ýylgyrdy. Onuň ýüzi gaharlydy we öýkelän çaganyňka meňzeýärdi. ― «Biz size esasy gan damaryňyzdan hem ýakyndyrys» diýmeýärmi? ― diýip soradym. –– Alla gökde alysdan-alysdaky tagtda oturanok ahyry. Ol her pursatda hemme ýerde hem-de hemmämiziň içimizde. Şonuň üçin Ol bizi asla taşlap gitmeýär. Öz-özüni nädip taşlap gitsin? ― Ýöne bolmaz öýdýän zadyň boldy-da. Bizi taşlap gitdi –– diýip, saraýman sowuk nazaryny dikip ýanjap-ýanjap aýtdy. –– Onsoňam ynansaň, şeýdeni gowy. Eger Alla şu ýerde bolup-da, başymyza her jüre apat inen mahaly barmagynam gymyldatman otursa, o nähili Alla bolýar, hany, aýt-da? ― Kyrk kadanyň ilkinjisidir şu onda ― diýdim pessaýja. ― Birinji kada: Ýaradany haýsy sözler bilen beýan edýänligimiz özümizi nähili görýändigimizi görkezýär. Eger Taňry diýlende, ilki bilen gorkmaly, utanmaly bir barlyk ýadyňa düşýän bolsa, onda köplenç gorkup hem utanyp ýaşaýansyň. Ýok, eger Taňry diýlende ozaly bilen yşk, merhemet hem mähir ýadyňa düşýän bolsa, onda bu sende-de şeýle sypatlaryň köplügini aňladýar. ― Goýsan-aý ― diýdi saraýman. – Bu aýdýanyň ―Taňry‖ biziň serimize getirýän hyýalymyzyň önümidir diýmekden näme tapawudy bar? Meniň çaklaýşyma görä, sen... Ýöne hut şol pursat ýeňse tarapda bir goh turansoň, gürrüň kesildi. Öwrülip şowhunyň eşidilýän tarapyna seredenimizde serhoş halda gohlaşyp gelýän iki sany daýaw adama gözümiz düşdi. Ikisi-de başyna giden haýasyzlyk bilen beýleki müşderilere yrsaraýardylar, olaryň tabaklaryndaky naharlaryny kakyp alyp, badalaryndan içýärdiler; arasynda garşylyk görkezen bolsa, has beter dikleşip, utançsyz çagalar ýaly, gabat gelen kişi bilen kejeleşýärdiler. Saraýman bu bolýanlary synlap, gahar bilen dişini gyjyrdatdy. ― Sered-ä bi ýüzügaralara! Görýän welin, başyna bela satyn aljak bolýarlar öýdýän! Seret, derwüş, seret-de sapak al! Saraýman sözüni tamamlap-tamamlamanka, otagyň beýleki çetinde gögerdi. Serhoş müşderilerden biriniň bokurdagyndan tutup, ýumrugyny galdyrdy-da ýüzüne gondurdy. Ol adam beýle ýagdaýa asla garaşmadyk bolarly, boş çuwal ýaly ýere ýazylyp gitdi. Dodaklaryndan haşşyldydan başga ses çykmady. Hernä, beýleki müşderi birneme dogumlyrak çykdy. Bar güýji bilen garşylyk görkezse-de, saraýmanyň ýumruklaryna uzak daýanyp bilmedi, ol hem ýere ýazyldy. Saraýman ýerde ýatan adamyň gapyrgalaryna janyýangynlyk bilen erbet depdi. Soňra bolsa, agyr ädiginiň astyna alyp, onuň elini myjalap basdy. Döwlen barmaklaryň sesi eşidildi. ― Besdir! ― diýip gygyrdym. ― Ony öldürýäň. Bar islegiň şomy? Men bir sopy, islendik bir jany öz janyma durýanam bolsa goramaga borçly; ähtim şeýle, garynja-da dözüp bilemok. Guş görsem, ýadyma Süleýman düşýär; balyk görsem Ýunus. Meniň wezipäm olary goldamak, ýaşatmak. Bir adamyň beýleki birine zeper ýetirjek bolýanyny görsem, ejizi goramak üçin elimden gelenini ederin. Onsoňam biziň edebimizde ýowuzlyk ýokdur. Elimden bar gelýäni, otagçy bilen ötegçiniň ― saraýman bilen ýolagçynyň arasynda şu pany bedenimi jansyz perde kimin çekmekdir. Saraýman maňa gahar bilen garady-da: ― Derwüş, sen goşulma bu işe, ýogsa senem edil it ýenjen ýaly ýenjerin ― diýip haýbat atdy. Ýöne munuň gury haýbatdan başga zat däldigini ikimizem bilýärdik. Köp wagt geçmänkä, ýetginjekler gelip, müşderileri äkitdiler. Görsem, biriniň barmagy döwlüpdir, beýlekisiniň burny. Ähli ýer gara gana boýalypdy. Öýüň içine gorkunç ümsümlik aralaşdy. Turuzan gohundan razy saraýman haýbatyndan gabarylyp, gözüniň gytagy bilen bärik seretdi. Onuň ýüzi maňa bakyp duranam bolsa, sözleri hemmelere gönükdirilendi. Uç-gyraksyz gözýetime höküm edýän awçy guş mysaly, sesi belentden ýaňlandy: ― Gördüňmi, derwüş beg, ýumruk ulanasym gelenokdy, ýöne şeýtmeli boldum. Eýse başga nä alaç edeýin? Ýa meýdany şu azgyn adamlara goýmalymydym? Alla aşakdaky gullaryny ýadyndan çykaranda, dişimizi gyjyrdadyp, adalaty ýola goýmak bize galýar. Indikile Onuň bilen gürleşseň aýt. Bilip goýsun, guzyny ýeke goýdugy, gurda dönýändir! Başymy ýaýkadym. ― Ýalňyşýaň ― diýip, pyşyrdadym-da, gapa tarap ýöneldim. ― Bir wagtlar guzudym, indi gurt çykdym diýseň ýalňyş bolýarmy, eýse? ― Ýok, ol aýdýanlaryň dogry. Hakykatdanam, gurda dönüpsiň. Ýöne şu etmişiňi adalatly hasaplaýaň-a, ana, şonda ýalňyş goýberýäň. Saraýman yzymdan gygyrdy: ― Hany, aýak çek, dur, heniz senlik işim gutaranok. Maňa bergiň bar. Nahar bilen düşek hakyna derek düýşümi ýorup berersiň. ― Halasaň, ondanam gowusyny edeýin ― diýip, maslahat berdim. ― Gel, aýaňa garap, pal atyp bereýin. Saraýmana tarap ýöneldim, alaw ýaly ýanyp duran gözlerinden gözümi aýyrmadym. Ýaýdanyp, ynam etmän, tolgunanam bolsa, sag elini elime alyp, owujyny açanymda garşylyk bildirip durmady. Palçylar, gözbagçylar adamlaryň ellerinden gelejegi okaýandygyny aýdýandyrlar. Men bolsam, diňe geçmişi okaýan. Adamyň geçen, ýöne geçmişde goýup gaýdyp bilmedik ýollaryny... Saraýmanyň aýasyndaky çyzyklary gözden geçirdim; olar çuňdy, jaýryk-jaýrykdy, bulam-bujardy. Gözlerimiň öňünde bölek-bölek lowurdap duran keşpler peýda boldy. Her adamyň daşynda dürli reňkli halka bolýar. Bu adamyňky goňra ýakyn öçügsi mawumtykdy. Ruhunyň jöwheri oýulyp, gyralary gädilipdir. Özüni daşky dünýäden gorara içki güýji galmadyk ýalydy. Aslynda saraýman içinden barha gurap barýan ösümlige çalym edýärdi. Elden gidiren ruhy güýjüni dikeltmek üçin beden güýjüni iki esse ösdüripdir. Onuň içindäki ejizlik daşyna ýowuzlyk bolup şöhlelenýärdi. Şonuň üçinem hemişe özgeleri tutluşyga çagyrýardy. Ýüregim çalt urup başlady; sebäbi täze bir zatlar gözüme görnüp ugrapdy. Ilkibada peýda bolan keşpler kynlyk bilen saýgartdy, hamala hemme zady perdäniň aňyrsyndan synlaýan ýalydym. Soňra ondaky zatlaryň ählisi, tutuş aýdyňlygy bilen öňümde ör boýuna galdy. Saçlary goňras, ýalaňaç aýaklaryna gargaň reňki ýaly syýa reňkde besse-besse surat çyzylan, eginlerine nepis nagyşlar çekilen gyzyl ýapynjaly ýaş aýal. ― Eý görýän adamlaryň birini ýitiripsiň -diýdim. Soňra saraýmanyň çep aýasyny elime aldym. Aýalyň göwüsleri damar-damar bolup çişipdir; garny burnuna ýetip dur, göýä ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýär. Ýanyp duran öýden çykyp bilmändir. Kümüş eýerli atlylar öýi gurşap alypdyrlar. Howada ýanýan samanyň we gaýry zatlaryň ysy porsap dur. Seňrikmen paşşyk burunly, gysgajykdan ýogyn boýunly, ýüregi daşa dönen mongol atlylary. Çingiz hanyň nökerleri... ― Bir däl, iki adamy ýitiripsiň –– diýip düzeltdim. ― Aýalyň ilkinji perzendiňize hamyla eken. Saraýman gözlerini süzgekledip, nazaryny aýasyndaky çyzyklara dikdi. Ýüzi ýerdedi, dodaklaryny berk gysyp durşuna bürşen ýüzi düşnüksiz hata döndi. Birdenem, ol gözüme bolşundanam garry göründi. ― Teselli bermejegini bilsemem, hökman aýtmaly bir zadym bar ― diýip ýuwaşja dillendim. ― Aýalyňy öldüren ýangynam däl, tüsse-de. Tamyň depesindäki pürsleriň biri üstüne gaýdypdyr. Hut şol pursadam, asla ejir çekmezden jan beripdir. Sen bolsaň, hemişe elhenç ejir çekendir öýdüp, biderek gaýga galyp ýörüpsiň. Ýöne beýle däl. Saraýman gaşlaryny çytdy, ol çekip-çydardan agyr ýüküň aşagynda bükülýän ýalydy. Hasratdan ýaňa gyryljyran sesi bilen sowal berdi: ― Munça zady nireden bilýäň? Ýa sen jadygöými? Sowaly eşitmedik boldum. ― Aýalyňy mynasyp derejede topraga duwlap bilmedim diýip, özüňi günäkär duýýan ekeniň. Hälihäzirem elhenç gara basyp, düýşüňde onuň çukurdan süýrenip çykyşyny görýäň. Ýöne hyýallaryň seniň başyňa oýun salýar. Aslynda aýalyňam, ogluňam üýtgeşik bir halda ekenler. Ebediýetde göýä yşyk zerrejigi ýaly gaýyşyp, erkana gezip ýörler. Sözlerime agram berip aýdýanlarymy jemledim: ― Isleseň, ýene guza öwrülip bilersiň. Sebäbi häzirem ol seniň içiňde bar. Aslyňy ýitirmänsiň. Bu sözi eşiden badyna gyzgyn tabany tutan ýaly, elini çekip aldy-da, yza süýşdi. ― Gulak as, derwüş, seni asla iýnim söýmedi ― diýdi. ― Şu gije şu ýerde galsaň gal. Ýöne ertir irden garaňy saýlarsyň bärden. Gaýdybam, şu jelegaýda görmäýin seni! Baş atdym. Düşnüklidi. Hemişe-de şeýle bolýar. Dogryňy aýtdygyň, gahargazaba münýärler. Ylaýta-da, yşkdan söz açjak bolup synanyşyp bir gör, gödek hereket edip, saňa ýigrenç bilen gararlar. Ella Boston, 2008-nji ýylyyň 18-nji maýy Uly gyzydyr ýanýoldaşy bilen gohlaşanyndan soň, öýde şeýle bir dartgynly ýagdaý döredi welin, Ella esli wagtlap «Yşk şerigatyny» okamaga mümkinçilik tapmady. Hamala, aralarynda ençeme wagtdan bäri lasyr-lasyr gaýnap duran gazan bolup, onuň hem birdenkä gapagy galyp, bar bugy zogdurylyp daşyna çykan ýalydy. Öňki agzalalyklaryň üstüne täze öýkekineler goşulypdy. Gynansagam, şol şumluk getiren gapagy galdyran adam Elladan başga hiç kim däldi. Üstesine, muny Skota jaň edip, gyzy bi len durmuş gurmak hakyndaky hyýaly barada gaýtadan oýlanyp görmegi aýtmak bilen berjaý edipdi. Soň-soňlar ol şol gezek jaň edip aýdan zatlarynyň ökünip aňyrsyna çykyp bilmez. Ýöne häzir däl. Maý aýynyň on sekizinden bäri onuň özüne şeýle bir göwni ýetýärdi welin, arkasyny daglara dirän ýaly, ýokardan seredip gürleşip, başga biriniň durmuşyna goşulmakda sähelçe-de ýazyk görmeýärdi. ― Salam, Skot. Bu men ― Ella, Janetiň ejesi! ― diýip, gyzynyň halaşýan ýigidi bilen gürleşmek onuň üçin adaty bir zat ýaly, telefonda alçaklyk bilen, mümkin boldugyça parahat sözledi. ―Wagtyň bar bolsa, biraz gürleşip bilermikäk? ― Hanym Rubinşteýn, bu nähili garaşylmadyk zat?! Elbetde, baş üstüne ― diýip, Skot gaty aljyranlygyna garamazdan, sypaýyçylygy elden bermezlik üçin çynyny edip, dili tutulan ýaly peltekledi. Ynha, şonda Ella hem sypaýyçylygy elden bermän, Skota ol barada erbet pikirde däldigini, şondan ötri-de häzirki eşitjek zatlaryna ýalňyş düşünmeli däldigini, ýöne gyzy bilen durmuş gurardan entek Skotuň ýaşdygyny, üstesine, heniz belli käriň başyny-da tutmandygyny, tejribesiniň-de ýokdugyny aýtdy. Belki, şu telefon gürrüňçiliginiň Skotuň göwnüne degmegi ahmal, onuň gynanmagy hem mümkin. Emma gaty bahym Ellanyň näme diýmekçi bolýandygyna düşünip, onuň mamladygyna göz ýetirer; hatda şeýdip, wagtynda duýdurandygy üçin geljekde sagbolsun hem aýdar. Şu meseläni ümsüm goýbolsun etse, ylaýta-da, şu telefonly gürrüňi Janete ýetirmese, juda peýdaly bolardy. Ella şu zatlary birinbirin aýtdy. Telefonda ýakymsyz, düşnüksiz ümsümlik höküm sürdi... Skot ahyry ýüregini bire baglap: ― Hanym Rubinşteýn, göwnüme bolmasa, siz bize düşünmediňiz öýdýän ― diýdi. ― Janetikimiz biribirimize aşyk. Al gerek bolsa! Baş üstüne, ynha, ýene şo birmeňzeş sözler! Adamlar nädip beýle türkana hem mön bolup bilýärlerkä diýip, Ella haýran galdy. Hamala iki köňül birleşse, samanlyk seýrana dönäýjek ýaly! Yşk, söýgi diýýäniň mukaddes, jadyly bir taýajykmyş-da, galtaşan zady üp-üýtgeşik bolaýmalymyş. Ýöne Ella aňyndan geçenleri aýtmady-da, başga hörpden gopdy: ― Ogul, nähili duýgulary başdan geçirýäniňize düşünýän. Emma siz heniz juda gögele. Kim bilýär, ertir görseň, başga birine aşyk bolarsyň. ― Hanym Rubinşteýn, haýyş edýän, gelşiksiz hasap etmäň welin, ýöne şeýle zat ähtimal bolsa, ol hemmelere, hatda size-de degişli dälmi? Kim bilýär, ertir görseň, özüňizem başga birine aşyk bolaýsaňyz. Ella gaharly güldi. ― Men maşgalaly-zatly aýal ahyry. Maşgalamy ömürboýy ýaşamak üçin saýlap aldym. Ýanýoldaşym hem şeýle. Saňa nekirtläp düşündirjek bolan zadym hem şu-da, Skot. Maşgala bolmak oýunlyga salar ýaly zat däldir, çynlakaý oýlanmaly, ölçerip-dökmeli. ― Ýagny, häzir siz maňa günlerde bir gün başga birine aşyk bolmagym ahmal diýip, şu gün telbe bolup söýýän gyzymy taşlamagymy maslahat berýäňiz-dä, şeýlemi? ― diýip, Skot sorady. Gürrüňiň şundan soňraky böleginiň ýapy aşak togarlanyp gaýdanyndan parhy ýokdy. Häli-şindi dymmalar, ýaňsylamalar, arzuwlaryň puja çykmagy, gep nokatlamalar, ... bary garym-gatym boldy. Ahyry telefony goýanynda, Ellanyň elleri gahardan ýaňa titirtitir edýärdi. Ol dessine aşhana geçdi-de, hemişe içi gysanda edýän işine başlady: nahar bişirdi! * * * Ýarym sagatdan soň, äri telefon etdi. ― Gulagyma ynanyp bilmedim, Ella. Gyzymyz bilen maşgala gurmasyn diýip, Skota jaň edipsiň. Heý, boljak işmidir şü? Haýyş edýän, men beýle samsyklyk eden däldirin diý. Ellanyň bir pursat demi tutuldy. ― Bäý-bä, habarlar gaty tiz ýaýraýar eken-ow. Ýagşy... Jaň edip dogry etdim. Ýöne rugsat etseň, ýagdaýy düşündireýin... Emma Dewidiň bir zatlara ejaza edere ýagdaýy ýokdy. Çydap durup bilmedi, ýene söze başlady. ― Aýdyp-düşündirer ýaly näme bar? Beýle işi nädip edip bilýäň? Skot Janete baryny aýdypdyr. Gyzyň ýagdaýy gowy däl. Birküç gün Laurada boljak diýýär. Seni göresi gelenok... Biraz säginse-de, Dewid sözüni jemledi: ― Menden sorasaň, gyzyň dogry edýär. Näme üçin beýdip, göreniň durmuşyna burnuňy sokup ýörsüň? Şol gije öýe gelmedik diňe Janetdäldi. Dewid hem el telefonyndan Ella habar iberip, gyssagly ýagdaýyň çykandygyny, öýe baryp bilmejekdigini duýdurdy. Bu gyssagly ýagdaýyň nämedigi barada welin, hiç hili düşündiriş ýokdy. Ýöne mundan öň ol beýle etmändi. Onuň bu hereketi maşgala ýörelgesiniň ruhuna tersdi. Gülden güle gonýardy, şol-a mälim. Başga aýallar bilen ýatyp turýan bolsa gerek, hatda olara petde-petde pul hem dökýändir. Ella indi haýsy bolanda-da bu zatlaryň baryndan doýgundy. Ýöne şu güne çenli welin, äri her agşam öýüne gelip, nahar başynda öz ornunda tapylýardy. Aralaryna her näçe sowuklyk düşse-de, Ella onuň üçin nahar bişirmekden, Dewid bolsa tabagyna guýlany ýylgyryp, minnetdarlyk bilen iýmekden kemdurmazdylar. Onsoňam her nahardan soň, Dewid hökman çyny bilen: «Eliň dert görmesin!» diýerdi. Ella şu jümläni eşidende, äriniň özünden göçme manyda ötünç soradygy diýip düşünerdi. Onsoň ony bagyşlardy. Hemişe-de bagyşlapdy. Häzir bolsa, äri ilkinji gezek şeýdip soňuny saýman hereket edýär. Ella şu ýagdaý sebäpli özüni günäkärledi. Emma özüni büs-bütin günäkär duýmak, özgeleriň hatasyny öz boýnuna çekmek onsuzam Ella Rubinşteýniň tebigatynyň aýrylmaz bölegidi. * * * Ekizlerini nahar başyna geçiren mahaly Ellanyň ýazyklylyk duýgusy göwnüçökgünlige öwrüldi. Şonuň üçinem ol Ewiniň pissa sargyt etmek üçin aýak diremesine-de, Orlynyň hiç bir zat iýmek islemeýänligine-de üns bermedi. Ikisini-de noýbadan, gaýnadylan gök-sökden gerk-gäbe doýurdy. Göräýmäge, ol häzirem çagalarynyň ugrunda janserek, şolar diýip kökenek gerýän hemişeki enedi. Ýöne ol synasynda gün-günden ulalyp barýan bir boşlugy göterýärdi. Keýpsizdi, esli wagtdan bäri hoşy ýokdy. Ol göýä şol boşluga hamyla ýalydy. Şol boşluk bolsa, sagatsaýyn, minutsaýyn ulalýardy. Bir gün hökman ony dogurmaly boljakdy, şonda ol öz duýgulary bilen ýüzleşmäge mejbur galar. Ynha, şol pursatda näme etjegini welin, ol bilenokdy. Nahardan soň çagalar öz otagyna çekilensoňlar, Ella stoluň başynda ýeke galdy. Töweregini gurşap alan ümsümlik bir pursat oňa agyr düşdi. Şübheleriň agramyna ýüregi ezildi. Sagatlap zähmet siňdiren, jan edip bişiren nahary birden gözüne hem-ä içgysdyryjy, hemem tagamsyz göründi. Özi-de bilmezden özüne nebsi agyrdy. Kyrk ýaşyň bosagasynda durdy. Testegelek kyrk ýylyny geçiripdi bu dünýäde. Ömrümi ýele sowran bolaýmaýyn diýip heder etdi. Bagyş edere uç-gyraksyz söýgüsi baram bolsa, ondan söýgä garaşýan ýokdy. Küýi-köçesi «Yşk şerigatyna» gitdi. Ünsi Şems-i Töwriziniň keşbinde eglendi. «Käşgä, ýakynymda şeýle adam bolsady ― diýip, oýunlyga salyp öz ýanyndan pyşyrdady. ― Onuň durmuşyma reňk çaýjag-a belli!» Hyýalynda näme üçindir gaýyş jalbarly, motosikletsöýerleriň geýýän keltekçesi ýaly keltekçeli, uzyn boýly, gara saçly, gara gözli, görmegeý bir adam peýda boldy. Onsoňam, ol adamyň eginlerine düşüp duran saçlary bolup, özi-de destinden dürli reňkdäki lentalar seçelenip duran, ýalkym saçýan gyzyl «Harleý Dewidsony» sürýän bolaýsa..., söz bilen beýan etmek kyn. Ella hyýalyndaky keşbe ýylgyrman durup bilmedi. Çola giň şaýolda ýokary tizlikde barýan görmegeý, özüneçekiji, gelşikli motosikletçi sopy! Häzir ýola çykyp, elini galdyrsa, şeýle adam hem ony yzky oturgyjyna mündürip äkitse, nähili ajaýyp bolardy? «Onsoň Töwrizli Şems aýama garap pal atyp berse, geçmişimden näme görerdikä?» diýip oýlandy. Eýse, şeýdip, bütinleý duýdansyz pursatlarda akylynyň we menliginiň gap-gara alada bulutlarynyň basmary astynda näme üçin galandygyny ol düşündirip bilermidikä? Şular ýaly uly maşga lalyzatly halyna, näme üçin özüni beýle ýalňyz hem hossarsyz duýýandygyny aýdyp bilermidi? Onuň ýene bir zady-da bilesi geldi, eýse, Ellanyň töwereginde-de ýalkym saçýan halka barmyka? Bar bolsa, nähili reňklerden emele geldikä? Reňkleri ýalkym saçýarmyka ýa solgunmyka? Dogrusy, soňky döwürde durmuşynda ýalkym saçýan näme boldy? Aslynda boldumyka beri şeýle zat? Ynha, şol pursat şu ýerjagazda, ojakdan ýaýraýan öçügsi yşyklaryň ýagtysynda, aşhananyň stolunyň başynda ýeke özi oturan, üç çaganyň enesi Ella Rubinşteýn bir zada göz ýetirdi: her näçe aýak diräp, inkär etse-de, garşysyna her näçe o-bu sözleri aýtsa- da, özüniň hol aşakda, çuňda bir ýerlerde haçaneýýamlardan bäri yşga mätäçdigini, yşga intizardygyny boýun aldy. Şems Samarkandyň golaýlaryndaky kerwensaraýlaryň biri, 1242-nji ýylyň marty Kerwensaraýyň ikinji gatyndaky otag ýolagçydan doludy. Olaryň ählisi-de ýadaw, ýalňyzlygyň ýüküni degirmendaşy ýaly edip boýnundan asyp ýören, şonuň üçinem öz düýşlerine gaçyp atan adamlardy. Şolaryň arasyndan tozanyň, deriň hem zeňiň ysy kükäp duran bir boş düşek tapdym. Şol ýerde arkan düşüp ýatyşyma, gündiz bolup geçen wakalary birin-birin serimden geçirdim, ölçerip dökdüm. Eýse, aýasyna garanymda gözüme ilenem bolsa, gyssanmaçlykdan ýa-da bihabarlygymdan gadyryny bilmedik, üns bermekde ahmalyna galan ylahy yşaratym boldumyka? Geçen güni başdan aýaga şu nukdaýnazardan gözden geçirdim. Uzak wagtlap Haka şükür etdim. Çagalygymdan bäri gaýyp älemine sapar kylyp, syýahat edip gelýärin, gaýypdan sesler eşidýärin. Rebbim bilen gürleşýärin. Ol hem maňa jogap berýär. Düşündirýär, beýan edýär. Kä günler göýä ýelek kimin ýeňläp, Arşyň ýedinji gatyna göterilýärin. Soňra agramym artyp, ýeriň iň çuňňur gatlaklaryna inýärin, meşe, kaştan, gaýyň agaçlarynyň astyndaky ýere sümlüp girýärin. Kä görseň gökde men, kä görseň hem ýerde. Mahal-mahal işdäm bütinleý kesilýär, näçe günläp ýeke lukma dadyp bilemok. Gürlemegi ýadymdan çykarýan. Sözler huşumdan ýitirim bolýar. Soňra olar göçegçi guşlar ýaly, bir pursatda yzyna dolanyp gelýärler. Bu zatlaryň hiç biri meni gorkuzanok. Ýöne adamlaryň geň-taň görýänlerini bilýärin. Wagtyň geçmegi bilen bir zada göz ýetirdim, o-da wejd hallary barada özgelere kän gürrüň bermeli däl eken. Adam ogly düşünmedik zadyna ýaman göz bilen bakmaga meýilli bolýar. Bu hatasyz kadany öz tejribämde nijema öwra başdan geçirdim. Gaýyp älemine gidip gelmegimi unamaýan, syýahatlarymdan ätiýaç edýän we maňa şu meselede ýazgaryjy garaýyş bilen çemeleşen ilkinji adam öz kakam bolupdy. On ýaşlarymdadym. Şol wagtlar penakär perişdämi günde-günaşa görýärdim. Meniň görýänimi hemmeler hem görýändir diýip pikir eder derejede türkanadym. Kakam bolsa meniň özi ýaly agaç ussasy bolmagymy isleýärdi. Bir gün maňa sedir (kedr) agajyndan sandyk ýasamagy öwredip otyrka, dilimi saklap bilmän, oňa penakär perişdäm barada gürrüň berdim. ― Gulak as, sen öte hyýalkeş bolupsyň ― diýip, kakam gatyrgandy. ― Bu bolgusyz gürrüňleriňi hiç kime aýtmasaň gowy bolar. Onsoň bir gün iliň gepine galaýmaly birden. Birküç gün ozal birnäçe goňşymyz gelip, meniň üstümden ejem-kakama arz edipdirler. Geň-taň hereketlerim bilen çagalary gorkuzýarmyşym. ― Gulak as, oglum! Alma agajyndan daş düşýän däldir. Her bir çaga öz ene-atasyna görä bolýandyr, düşündiňmi? Senem şeýlesiň ― diýip, kakam seslendi. ― Biz ýaly adaty adamdygyňy näme üçin asla boýun alasyň gelenok? Şol pursat ejem bilen kakamy her näçe gowy görýän, hatda özümi olaryň mährine teşne hem mätäç hasaplaýan-da bolsam, muňa garamazdan, olaryň ikisiniň hem maňa kesekidigine düşündim. ― Kaka jan, bilip goý, şu ogluň doganlaryndan üýtgeşik ýumurtgadan çykandyr. Isleseň, meni towuklaryň ösdürip-ulaldan ördek çagasy hasaplap bilersiň. Şu ömrümi towuk keteginde geçirer öýtme, ondan arkaýyn bol. Siziň öleris öýdüp, içine girmäge heder edýän suwuňyzdan men dirilik tapýaryn. Sebäbi siziň tersiňize, men ýüzüp bilýärin. Meniň mesgenim ummanlar. Meniň bilen bile bolsaňyz, sizem ummany boýlaň. Ýok, bolmasaňyz, işime goşulmaň, öz ketegiňizde galyň. Kakamyň gözleri ilki pal daşy ýaly ulaldy; soňra kiçeldi-de, doňup galdy. ― Kakaň bilen şu gün şeýle gürleşýän bolsaň ― diýip, ol gazaply ses bilen dillendi. ― Kim bilýär, ulalaňsoň duşmanlaryň bilen nähili gürleşerkäň?! Ene-atamyň garaşyşynyň tersine ösüp-ulaldygymça, gaýyp älemine bolýan syýahatym ýitip gidibermedi. Gaýta hasam ýygjamlaşdy, özüneçekiji boldy. Eneatamyň gahar edýänlerini bilýärdim. Olary gynandyrýandygym üçin özümi günäkär duýýardym. Emma gaýyp älemine edýän syýahatlarymy nädip bes etjegimi bilmeýärdim. Aslyýetinde, biläýenimde-de, duruzmak islegim ýokdy. Köp wagt geçmänkä, öýden çykyp gaýtdym. Gaýdybam dolanyp barmadym. Hezreti Lutuň aýaly aýak çekip, çykyp gaýdan şäherine gaňrylyp garany üçin duzdan heýkele öwrülipdi. Men bolsam, gaýdyp bir gezegem garamadym Töwrize. Şodur-da şudur, dogduk mekanymyň ady ýüregimde turşuja söz ýaly bolup dur; şeýle nepis, şeýle duýgusal, edil gyraw dänejigi kimin aýdyp-aýtmankam, dilimde eräp gidýär. Heran-haçan Töwriziň adyny ýadyma salsam, üç sany hoşboý ys meni gurşap alýar: ýonuşganyň, ýüzüne haşhaşyň däneleri sepilen ýasy çöregiň hemde täze ýagan ýumşajyk garyň ysy. Ynha, şondan bärem men gezende abdal. Ýer ýüzünde ebedi sürgünde. Bir gezek ýassyk edinen daşyma ikinji gaýta baş goýmadym, şo bir gapdan yzly-yzyna ikinji ýola nahar iýmedim. Ýapynjamyň aşagyndan her gün üýtgeşik manzarlara syn etdim. Aç galanymda düýş ýorup, bäş-üç şaýy gazanyp, gazananymy-da mätäçlere paýlaýan, şeýdibem, gündogardan günbatara, demirgazykdan günorta, ýedi yklymy gezip, dagda-düzde, Hak üçin Haky gözleýän. Ýaşanyňa degýän ýaşaýşyň ugrunda; hemem bileniňe degýän bilimiň yzynda ýersiz-ýurtsuz men. Özümi oňa başbitin bagyş edenim, ölmezden öň ölelim bäri başlangyjymam ýok, ahyrym hem. Tijegsizem däl men, betbagtam, birine mätäçligimem ýok, hiç kime höküm hem ýöredemok. Ýöne meni diňe şemala ykjap ýören gury ýaprakdyr hem öýtmäň. Men agzy bar, dili ýok derwüşlerden däl. Men islän ýerine assadan öwüsýän gara ýeldirin. Syýahatlarymda her dürli ýowuz ýollardan geçdim: bütin dünýä mälim söwda geçitlerinden hem ýöredim, ynsa-jynsa mälim bolmadyk, ady-sory unudylan ýodalardan hem. Gara deňziň kenarlaryndan Ajam diýarlaryna, Arabystanyň ulgam-ulgam gum depelerinden palta degmedik tokaýlara, çemenzarlyklardan sähra-düzlüklere bardym. Müňlerçe kerwensaraýda, müňlerçe düşelgede düşledim. Kitaphanalarda alymlar bilen hemsöhbet boldum, aryflardan soradym, diwanalar bilen gürrüň etdim. Berip bilmedik jogaplaryny olaryň dymyşlaryndan tapdym. Ybadathanalarda, kümmetlerde, gonamçylyklarda, harabalyklarda aýlandym. Gowaklarda özüni ejire tutan terkidünýäler bilen pikir derýasyny boýladym. Derwüşler bilen, şeýhler bilen ziki çekdim. Dolan Aýyň aýdyňlygynda şaman-porhanlar bilen heşelle kakdym. Rawylardan her jüre hekaýatlar diňledim. Her dürli ynançdan bolan, her dürli kysymdaky adamlar bilen tanyşdym. Hiç kimi hiç kimden üstün tutmadym. Ýaradylany Ýaradan üçin söýdüm. Dert çekip ýörenleri-de gördüm, derman eçilip ýörenleri-de. Keramaty hem bilýändirin, mugjyzany-da. Ýoksullyk zerarly ýykylan obalary, ýanyp gara köýük bolan ekinzarlyklary, suw deregine gan akan derýalary, ýedi ýaşdan uly ýeke erkek göbekli galmaz ýaly edilip talanan hem weýran edilen şäherçeleri gördüm. Adamzadyň amal eden iň beýik işlerine-de, iň bet işlerine-de şaýat boldum. Niçe wagtdan bäri meni hiç bir zat geň galdyryp bilmeýär. Eşitdim hem boýun sundum. Gören her jüre kynçylyklarymdan hem gazanan tejribelerimden soň, hiç bir kitapda ýazylmadyk, diňe jan depderine nagyş edilen ýörelgeleriň üstüne ýene birini goşdum. Olara şeýle at berdim: Sopuçylyk akymlaryna eýerýän köňli giň we ruhy sergezdan kişileriň kyrk kadasy.Bu kadalar meniň üçin tebigat kanunlary derejesinde ählumumy, şolar ýaly düýplüdir. Kadalaryň birbada kyrkysyny ýazyp tamamlamak uzak ýyllarymy aldy. Ençemesini bozup taşlap, gaýtadan ýazdym. Indi üstüne goşara ýekeje otur hem galmady, nokat-da, harp hem galmady, täze bir sözem. Kyrk kadanyň hem tamam bolanyndan çen tutsaň, ömür ýolumyň ahyrky bölegini ýaşaýan bolmalydym. Ençeme wagt bäri görýän ylahy alamatlarym hem şundan habar berýärdi. Ýöne meniň içimi gysdyrýan ölüm däldi, sebäbi ölümi ähli zadyň soňy hasaplamaýardym. Onsoňam her kimiň ölüminiň öz reňkiniň bolýandygyna ynanýardym. Meni oýlandyrýan esasy zat mirassyz ötmekdi. Indi munça söz synama syganok. Içimde ençeme hekaýatlar, tymsallar gürrüň berlerine garaşyp dur. Tutuş ylmymy, bilen-öwrenen ähli zadymy hünji dänesi ýaly, owujymda göterip, bir kişä gowşurmak meniň bar arzuwym. Müridem, mürşidem agtaramok men. Meniň gözleýänim ruhumyň aýnasy. Janyma deňeýänim. Gamdaşym! Ruhdaşym! Ikinji kada: Hak ýolunda ileri gitmek ýürek işidir, akyl işi däldir. Ýolbelediň eginleriň üstündäki kelläň dälde, hemişe ýüregiň bolsun. Nebsiňi tana, onuň yzyna düşýänlerden bolma! «Ýa, Reb ― diýip, çygly garaňky otagda ýatyşyma pyşyrdadym. ― Ömrüm şu äleme aýlanyp, Seniň aýak yzlaryňy yzarlamak bilen geçdi. Gabat gelen her bir adamy Seniň ýer ýüzünde oruntutaryň bolmaga mynasyp açyk duran kitap, dil biten Gurhan hasap etdim. Ylymdarlaryň köpçülikden üzňeleşen mesgenlerinde alymlara, medreselerde şeýhlere, makamynda şyhlara, tagtynda soltanlara däl-de, gaýry dinden çykarylanlara, göwnüne deglenlere, ýanalanlara ýaran boldum. Saňa hamd bolsun ki, şeýdip, kemkemden şeýtanymy musulman etdim. Şindi bolsa küpürsäp joşdum. Möwç urmagyma az galdy. Lütfikeremiň bilen nesip etdiren ylmyňy dürs bir adama gowşurmak isleýän. Ejaza ber, şony tapaýyn. Soňra men barada niçik höküm çykarsaň çykaryber, bilseň, ol höküme razydyryn. Sebäbi men tutuş barlygym, bar bolşum bilen Senden razydyryn!» Şol pursat otagyň içine mylaýym suw ýaly solgun bir yşyk ýaýrady. Onuň düşeklerde ýatan ýolagçylaryň ýüzlerini mawy reňke boýandygyna öz gözüm bilen şaýat boldum. Indi otagda ter-tämizligiň hoşboý ysy bark urýardy, oňa dirilik çaýylypdy. Hamala, ähli penjireler ahyryna çenli açylyp, içerik duýdansyz dolan şemal uzakdaky baglardan leglek gülleriniň (siren), ýaseminleriň, erguwanlaryň ysyny getiren ýalydy. Gulagyma ylahy owaz bolup bir nagma eşidildi, ol nagma baldan datly, ýelekdenem ýeňildi. Bir ses: «Töwrizli Şems, buşluk! Dogalaryň kabul boldy! Taýýarlan, Bagdada gitmeli» diýdi. Ony tanadym. Ol –– çagalygymyň penakär perişdesi. ― Maňa Bagdatda näme garaşýar? ― diýip soradym. ― «Ruhuma taý biri bolsa» diýip doga etdiň ahyry, saňa bir ýoldaş berler. Bagdada baranyňda seni dogry ugra ýöneltjek adama duşarsyň. Onuň ýanynda özüňi dürsäp, ýola düşmeli wagtyňa garaşarsyň, sabyr etmeli bolarsyň. Gözlerime şükranalyk ýaşlary doldy. Indi gaýyp älemine syýahat eden mahalym gören şol adamymyň ruhdaşymdan başga biri däldigini bilýärdim. Nesibämizde ir-u giç duşuşmak bardy. Ony tapan mahalym şol alyslary nazarlaýan ala gözleriň maňa näme üçin beýle gussaly garandygyny bilerin, onsoňam hazan möwsüminde bir gün gijäniň ýary nähili öldüriljegimi... Ella Boston, 2008-nji ýylyň 19-njy maýy Bir gün soňra öýle çaglary Ella ýeten ýerine bellik edip, ―Yşk şerigatyny‖ bir gyra süýşürdi. Ol romandan okan ýerlerini halapdy, eseriň wakalary onuň göwnünden turdy, ýöne ol ýazyjynyň özi barada bilesi geldi. Internete baglandy, ―Google‖ gözleg şahamçasyna ―A.Z.Zahara‖ diýip ýazdy. Her näçe bilesi gelýänem bolsa, ýazyjynyň özi hakynda suwytly zat taparyn öýtmeýärdi. Belki, iň gowusy, jaň edip Mişelden soramakdy. Ýöne asla garaşman durka, Zaharanyň öz şahsy websaýty çykdy duruberdi. Tutuş sahypa pöwrize we melewşe reňkde bezelendi. Ýokarsynda bir ada myň saldam bilen aýlanyp duran, aýlandykça-da ak syýlary tegelek halkany emele getirýän şekili bardy. Henize çenli asman tansyny edýän semazen diýilýän adam görmedik Ella oňa uzak wagtlap seredip oturdy. Bu sahypanyň ady ―Jan ýumurtgasy‖ eken, ol ýerde şol at bilen bir goşgy hem ýerleşdirilipdir. Bir täsin guş mysalydyr Jan ýumurtgasy bir persiz. Gorkma-da döw gabygyňy, Bolmasa uçup bilmersiň. Salamata uçarsyň sen! Alys ýollar geçersiň sen. Internet sahypasy dünýäniň çar künjeginde ýerleşýän şäherlerden, sebitlerden gelen hatlardan doludy. Her hatyň aşagynda şol ýer bilen bagly synlar bardy. Olary okan mahaly üç zat Ellanyň dykgatyny özüne çekdi: birinjisi, A.Z.Zahara diýildigi A.Aziz diýildigidi; ikinjisi, Aziz käri fotosuratçylyk bolan sopudy; üçünjisi-de, häzir ol Gwatemalada bir ýerlerde syýahat edip ýördi. Ahyrky gezek ol özüniň web-saýtynda düýn-öňňinlikde şol ýerlerden düşürilen bir surat, birem ýazgy ýerleşdiripdir. Sahypadaky bir düwmejige ―basan‖ mahaly Aziziň düşüren fotosuratlaryna gabat geldi. Olaryň köpüsi her dürli reňke, ýaşa, medeniýete we gatlaga degişli adamlaryň portretleri eken. Bu adamlaryň ählisi aralarynda çuňňur tapawutlaryň bardygyna garamazdan, nähilidir bir tarapy bilen biri-birine meňzeýärdiler. Suratdaky adamlaryň hökman nähilidir bir kem tarapy bardy. Käbiriniň kemçiligi ýönekeýdi: ýa bir gulakhalkasy, ýa aýakgaplarynyň biriniň ökjesi, ýa-da bir iligi ýokdy. Beýlekileriniňki has mojukdy: kimsiniň barmagy ýokdy, kimsiniň bolsa aýagy ýa-da goly… Olaryň her birindäki nähilidir bir kemçilik bada-bat ünsüňi çekýärdi. Ellanyň bir zady bilesi geldi. Aziz näme üçin bu adamlary surata düşürýärkä? Ol gözleýän jogabyny fotosuratlaryň aşagyndaky ýazgylardan tapdy. ―Kim bolsagam, dünýäniň haýsy künjeginde ýaşasak hem, ählimiz hol aşakda, çuňluklarda bir ýerlerde özümizde nähilidir ýetmezçiligiň bardygy baradaky duýgy bilen ýaşaýarys. Hamala, esasy bir zadymyzy ýitirip, ony hem yzyna alyp bilmeris öýdüp gorkýan ýaly. Özümize nämäniň ýetmeýänine göz ýetirenimiz welin gaty az‖. Ella web-sahypany aşakdan ýokarylygyna, ýokardan aşaklygyna ençeme gaýta nazary bilen ―darady‖; hatlaryň her biriniň üstüne ―basyp‖, Aziziň olara beren düşündirişlerini okady. Sahypanyň ahyrynda onuň salgysynyň üstünden bardy. azizZzahara@gmail.com. Bu salgyny bir zada belläp aldy. Web-saýtyň aşak eteginde bir bent goşgy ýerleşdirilipdir. Monça sen, özüňi deňäp ummana, Bihabar sen, mazar saňa bedeniň, Nebsiň tanymaz sen, bilmez ederiň, Nebsiň bolsa, taýýar seni gömmäge. Bu şygry okan mahaly Ella sähel salymlygam bolsa, birhili geňsi duýga berildi. Hamala, Aziz Z. Zaharanyň şahsy blogundaky her bir zat, şu fotosuratlaram, düşündirişlerem, alyndylardyr goşgular-da… mahlasy, bu zatlaryň ählisi diňe özi üçin taýýarlanan ýalydy. Okan hem gören zatlarynyň ählisini ol özüne çekdi. Adamy tisgindirýän, belki, belli bir derejede ulumsylyga eltýänem bolsa, ol şeýle duýgyny başdan geçirmän durup bilmedi. *** Agşamaralar ýadaw, argyn halda penjiräniň öňüne geçip oturdy. Ýaşyp barýan Günüň şöhlesi arkasyna düşen mahaly howurpeçde bişen şokaladly kökäniň ysy otaga ýaýrapdy. Öňünde açyk duran ―Yşk şerigaty‖ okalaryna garaşýan hem bolsa, pikiriniň öte garma-garjaşyklygy üçin romany eline almaga ýaýdandy. Serinden, gör, näçe zatlar geçýärdi. Hemişe ertirki gün, hepde, ýyl barada oýlanyp, meýilnamalar, maksatnamalar düzmekden, ýelimli reňkdar kagyzlara bellikler edişdirip, ondan-mundan asmakdan ýaňa özüni asla şu mahal ýaşaýan pursadyna berip bilmeýärdi. Ol: ―Belki, menem öz kadalarymy jemläp, bir kagyza geçirmelidirin‖ diýip pyşyrdady. Dört diwaryň arasynda galyp, durmuşyndan bez bolan maşgalaly aýallar üçin kyrk kada. ―Birinji kada ― diýip, gyryljyk ses bilen dillendi. ― Hemişe özüň bol, söýgi gözleme! Durmuşda yşkdan, söýgüdenem has möhüm zatlar bardyr‖. Ýöne onuň degişme diýip aýdan sözleri şähdini açmaga derek, öňküdenem beter keýpiniň gaçmagyna sebäp boldy. Telefony eline aldy. Biraz ýaýdanyp duranyndan soň, ahyry ertirden bäri beýnisini gorjalaýan uly gyzyna jaň etmek hyýalyny amala aşyrmagy ýüregine düwdi. Jaň etdi. Telefony telekätip aldy. ―Janet, mähribanym, bu men ― ejeň. Skota jaň etmek bilen ýalňyşandygymy bilýän. Emma maňa ynanaý, erbet niýetim ýokdy. Men diňe…‖ Sözler bokurdagyna tegek boldy. Käşgä, diýjek sözlerini öňünden oýlanyşyp goýan bolsady. Telekätibiň aýdylany ýazyp, aýlanyp durşuna şygyrdap ses edýänini eşidýärdi. Ýa-da öz ýanyndan şeýle çak etdi. Her sekunt geçende telekätibiň wagtynyň azalýandygy barada oýlanyp, barha gahary geldi. Ahyry bir jümle bilen sözüni jemledi. ―Janet, bolan işlere gynanýan, ýöne bilseň, men şeýle… şeýle bir bagtsyz welin…‖ «Çat!» Ýazgy bes edildi. Ol aýdan sözlerine özi-de ynanyp bilmän aňalyp galdy. Birdenkä, ýok ýerden oňa näme bolduka? Dogrudanam, bagtsyzmydy? Öň-ä ol beýle hasap etmeýärdi. Eýse adam özi-de bilmezden, bagtsyz durmuşy başyndan geçirip bilýärmikä? Bu ýönekeý boýun alma bolsa, onda ol muny diline çolany üçin birahat bolup durmaýardy. Içki dünýäsi daşyndan has beterdi. Onda näçe wagtdyr ýagşydanýamandan hiç hili üýtgeşme ýokdy. Biraz soňra Aziz Z.Zaharanyň elektron poçta salgysyny ýazan kagyz bölejigine gözi düşdi. Salgy ýönekeýjedi, bezegsizdi, özüneçekijidi. Köp pikirlenip oturmady-da, duýdansyz dörän höwes bilen oňa hat ýazmaga oturdy. «Gadyrly Aziz Z. Zahara, Meniň adym Ella. RBT neşirýatynda edebiýat boýunça redaktoryň kömekçisiniň kömekçisi hökmünde Siziň ―Yşk şerigaty‖ romanyňyzy okaýaryn. Aslynda täzeräk başladym diýseňem boljak, ýöne ony okamagyörän uly höwes bilen dowam etdirýärin. Elbetde, bu pikir meniň diňe şahsy garaýşym. Ýazan zatlarymyň redaktorlaryň garaýyşlaryny görkezmeýändigini başdan belläýin. Romanyňyzy halap-halamazlygymyň eseriň çap edilmegine täsiri onçakly köp bolar öýdemok. Yşkyň ýaşaýşyň özeni bolup durýandygyna ynanýandygyňyz görünýär. Siz üçin ondan möhüm zat ýok ýaly. Ýöne peýdasyz jedele girmek niýetimiň ýokdugyny bellemek bilen, özümiň beýle pikirde däldigimi aýdaýyn. Size ýazmak zerurlygyny duýdum, sebäbi romanyňyzyň elime düşmegi juda geň pursada gabat geldi. Men häzirki wagtda uly gyzymy gögele halyna durmuş gurjak bolmak pikirinden dändirmäge çalyşýan. Öňňin halaşýan ýigidine jaň edip, olaryň bu pikiri goýbolsun etmelidiklerini aýtdym. Häzir gyzym meni ýigrenýär. Ejesinden öýkeli, gürleşenok. Meger, siz gyzym bilen maňa görä has gowy düşünişerdiňiz, sebäbi ikiňiziňem yşka, söýgä garaýşyňyz deň gelýär. Şahsy meselelerimi, şeýdip, morta orta oklanym üçin bagyşlaweriň. Beýtmek niýetim ýokdy. Bloguňyzdaky (e-poçta salgyňyzy şol ýerden aldym) ýazyşyňyzdan çen tutsaň, siz häzir Gwatemalada bolmaly. Dünýäni gezmek örän hezil bolsa gerek. Günlerde bir gün Bostona gelermen bolsaňyz, elin tanşyp, bir bulgur kofäniň başynda gürrüňdeş bolsak oňat bolardy. Iň gowy arzuwlar bilen Ella». Ol söze mätäçdi. Diňe bir äri bilen däl, tutuş maşgalasy bilen gatnaşygy gowşan şu döwürde Ella ýyly sözüň zarydy. Rast, töwereginde gürleşere, içgin söhbet edere adam bolmasa, e-poçta usuly bilen hat alşara adam tapmak hernä ýokdan gowudy. Sözüň azalan ýerinde hat-ýazuwa ýüz tutmaly bolýar. Ellanyň Azize ýazan şu ilkinji haty aslyýetinde bile köfe içmäge edilen ýönekeý teklipden beter, ümsüm nalady, janserek elewremäniň sessiz çagyryşydy. Dogrusy, ol aşhanasynda güň ýaly bolup oturyp, asla tanamaýan, hatda şu günem, ertirem tanşaryn öýtmeýän, ady-sory bilinmeýän ýazyja hat ýazan mahaly özüniň şeýle möhüm çagyryş edýändigini hem bilmeýärdi. Näme edýänini bilen bolsa, onuň bu işe gaýraty çatarmydyka? | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |