14:26 Yşk -4/ romanyñ dowamy | |
Pir
Romanlar
Bagdat, 1242-nji ýylyň apreli Bagdatdaky horaşaja tekgehanamyza Şems-i Töwriziniň gadam basan gününi hiç haçan ýadymdan çykarmaryn. Şol gün öýleden soňra derejeli adamlary myhman alypdyk. Kazylar başy ýanhemralary bilen birlikde pahyrhanamyza gelipdi. Çak edişime görä, bu garaşylmadyk sapar diňe hormat-sylag üçin edilen çakylyga jogap däldi. Tasawwuf ählini halamaýany hemmelere mälim bolan kazy sebitdäki beýleki sopular babatda edişi ýaly, bizi-de ýakyndan görmek, synlamak isleýärdi. Onuň bizi nazaryndan sypdyrmaýanyny bildirmäge geldigidi. Kazylar kazysy aslynda harsydünýä adamdy. Ýüzi agyrdy, ýasy hem gäbe garny sallanyp durdy. Keltejik barmaklarynyň her birine gymmat bahaly ýüzük dakyp gezýärdi. Beýle köp iýmese, saglygy üçin peýdaly boljakdy welin, hiç kim, hatda hekimleriňem oňa bu barada dil ýarmaga gaýraty çatmaýan bolarlydy. Ata-babalary öňden gelýän din alymlary bolany, onsoňam atly hem täsirli maşgaladan gelip çykany üçin şu sebitde sözi iň ýörgünli adamdy. Onuň agzyndan çykan ýeke söz üçin adamlar dar agajynda hallan atýardy. Ýene ýeke sözi-de iň ýowuz jenaýatkäri hem azat etdirip, garaňky zyndanlardan çekip çykaryp bilýärdi. Haçan görseň, sütükli donlar, gymmatbaha egin-eşikler geýýän kazy abraýynyň uludygyna sähelçe-de şübhe etmeýän adamlaryň tekepbirligi bilen öz göwresine haýbat bererdi. Nebsiniň näderejede öňüne düşenini bilýänim üçin tekgehananyň we derwüşlerimiň salamatlygynyň hatyrasyna bu adam bilen dikleşmäge gaýratym çatanokdy. ― Dünýäniň iň şahana şäherinde ýaşaýarys ― diýip, kazy agzyna bir injir salyp oturyşyna aýtdy. ― Bu gün Bagdat mongol leşgerinden gaçyp gelen bosgunlardan ýaňa dolup-daşýar. Biçäreler üçin sygnara gaçybatalga bolduk. Ýene bolarys, elbet. Sebäbi bu ýer dünýäniň merkezidir. Bu barada sen näme diýersiň, Baba Zaman? ― Şäherimiziň gymmatbaha göwherdaşy ýalydygyna söz ýok ― diýip, ätiýaçly gürledim. ― Ýöne bir zadyda ýatdan çykarmaly däl, şäherlerem ynsanlara meňzeş bolýar. Dünýä inýär, ösüp-ulalýar; başda çaga bolsa, soňra kämil çykýar, soňra gojalýar, ahyrynda bolsa ölýär. Häzir Bagdat kämillik ýaşyny doldurdy. Biz häzir halyf Harun ar-Reşit zamanyndaky ýaly bolelin ýaşamzok. Dogrusy, häzirem bu ýer, köp şükür, söwdanyň, senetkärçiligiň, şygryň merkezi. Ýöne ýene müň ýyldan soň, kim bilýär, bu şäher nämä meňzärkä? Şol wagt ähli zadyň bütinleý başgaça bolmagy hem ahmal. ― Bu nähili garamsallyk! ― Kazylar kazysy şeý diýşine tabaga elini uzadyp ýene bir injiri aldy. ― Apbasy hökümdarlygy müdimilikdir; şu giňişliklerdäki hökmürowanlygymyz, abadançylygymyz artar. Elbetde, aramyzdaky käbir gadyrbilmezler imisalalygymyzy bozmasa. Özüni musulman atlandyrsa-da, tewsirleri kapyrlaryňkydan hem howply adamlar-da ýok däl aramyzda. Dymanymy kem görmedim. Kazylarbaşynyň yslama batyny tewsir bilen çemeleşýän mutasawwuflara baş duşman hökmünde seredýändigi gizlin zat däldi. Bizi şerigata geregiçe eýermezlikde, ylaýta-da, ýokary derejeli emeldarlara, ýagny özi ýaly adamlara hormat goýmazlykda günertleýärdi. Oňa galsa, sopularyň baryny birmahal Bagdatdan çykaryp kowjakdy. ― Ýalňyş düşünme welin, siziň tekgäňiz bilen oňuşmaýan zadym ýok, Baba Zaman. Ýöne seniň pikiriňçe-de şu sopy halky jemgyýetçilik düzgünini bozmaýarmy? –– diýip, kazy sakgalyny sypap durşuna sorady. Näme diýjegimi bilmedim. Ýöne şol wagt çalaja gapy kakyldy. Gyzyl saçly şägirt rugsat sorap, otaga girdi. Girişi ýaly-da, göni maňa tarap gaýtdy; gulagyma pyşyrdap, garaşylmadyk bir myhmanyň gelendigini habar berdi. Howluda bir abdal garaşyp durmuş. Diňe meniň bilen duşuşmakçydygyny aýdyp, beýlekiler bilen gürleşmekden boýun gaçyrýarmyş. Başga bir wagt bolanlygynda şägirde ugruny tapyp, şol Taňry myhmanynyň otaglaryň birine eltilmegini, öňüne gyzgyn nahar äberilip, kazydyr ýanhemralary gidýänçä, onuň şol ýerde garaşmalydygyny tabşyrardym. Ýöne häzir baş kazynyň gürrüňlerinden haýygyp ugrapdym. Gelen gezendäniň bärik getirilmegini buýursak, bize uzakdaky diýarlardan hekaýatlar aýdyp berer, şeýdibem, otagdaky dartgynlylyk gowşar diýip oýlandym. Şonuň üçinem şägirde ―git-de, bärik çagyr, hany, ol derwüşi‖ diýdim. Birsalymdan gapy açylyp, depesinden dabanyna çenli gara geýnen, sagdyn hem dim-dik, ýaşyny kesgitlemek aňsat düşmeýän bir adam içerik girdi. Ol uzyn boýly, inçemik ýasawly, maňlaýy giň, hereketleri çalasyn adamdy, burny gönüdi, gözleri gap-garady. Saçlary ösgündi. Tel-tel bolup dökülen alyn saçlary gözlerine düşüp durdy. Egninde giň hem uzyn ýapynja, ýüň çäkmen bardy, aýagy öküziň derisinden tikilen ädiklidi. Boýnundan birnäçe tumar asylgydy. Elinde bolsa agaç okara bardy. Ol dünýe malyndan uzakda bolmak üçin dilegçilik edip gezýän galandarlar ýa-da dünýewi at-derejeleri eliniň tersi bilen itip goýberýän melamylar ýaly, jemgyýetiň däp bolan gurşawlaryna tagapyl etmeýän adam bolmalydy. Bu garaşylmadyk myhmany gören badyma üýtgeşik bir adam bilen ýüzbe-ýüz bolandygymy aňdym. Garaýşy, hereketleri, göwresini tutuşy onuň bu görülýän adamlaryň hilinden däldigini ap-açyk görkezip durdy. Bilmeýän adam üçin meşe (dub) agajynyň gabygy göräýmäge ýönekeýje hem näzijek ýalydyr. Ýöne ol gelejekde berdaşly hem äpet bir zada öwrüljek meşe agajynyň tohumyny özünde gizleýändir, şonuň buşlukçysydyr. Elbetde, görýän göz üçin şeýle ol! Myhman başyny egip, ýuwaşlyk bilen salam berdi. ― Tekgämize hoş geldiň ― diýdim-de, garşymdaky körpeçäniň üstüne geçmegini yşarat etdim. Derwüş otagdakylaryň her birine ýekänme-ýekän salam berip, görkezilen ýere geçip ümsüm oturdy. Ol owunjak zatlaram gözden salmazlyga çalşyp, töweregini bir laý nazaryndan geçirdi. Ahyrynda onuň nazary kazylar kazysynda eglendi. Bu ikisi agyzlaryndan ýeke söz çykmasa-da, biri-birine uzak wagtlap seredip durdular. Bütinleý gapma-garşy görünýän bu iki adamyň biri-biri barada nämeler pikir edendiklerini bilesim geldi. Gezende derwüşe ýyljajyk geçi süýdüni, injir balynydyr hurma hödür etsegem, sypaýyçylyk bilen ählisini yzyna gaýtardy. Adyny soradym. ― Töwrizli Şemsetdin ― diýdi, Allahy gözläp, dagda-düzde gezip ýören abdaldygyny aýtdy. ― Agtarýanyňy tapyp bildiňmi onsoň? ― diýdim. Derwüş özünden arkaýyn halda başyny atdy; gara gözlerinde kakabaş, kümüşsöw uçgunlar ýalpyldap görnüp gitdi: ― Hawa, tapdym, asyl ol hemişe meniň ýanymda ekeni. Bu sözleri eşiden kazy gizlejegem bolup durmaýan gaharyny ganygyzgynlyk bilen daşyna pürkdi: ― A-how, siz derwüşler nähil-äý, durmuşy näme üçin kynlaşdyrýanyňyza asla düşünip bilemok. Rast, Alla ozaldan seniň bilen bile bolsa, onda näme üçin Ony tapjak bolup, çar tarapa gidip, dagy-daşy aýlanyp ýörsüň, hä? Şems başyny aşak egdi. Onuň ýüzi üýtgäp gitdi, esli wagtlap sesini çykarman oturdy. Gaýtadan söze başlan mahaly welin, ol rahatdy hem arkaýyndy, howlukman gürledi: ― Möwlany gözläp tapyp bolýan däldir diýýäniňiz dogry, ýöne Ony diňe gözlänler tapýarlar. ― Bolgusyz gürrüň! ― diýip, baş kazy dodagyny çommaltdy. ― Ýagny, sen bize ömri billah şol bir duran ýeriňizde dursaňyz, Allahy tapyp bilmersiňiz diýjek bolýaňmy? Toba, toba! Allany tapmak üçin hemme kişi sen ýaly, gara esgä çolanyp ýola düşmelidä onda? Şeýle bolsa, jemgyýet diýen zadam bolmazdy, medeniýetem! Otagdaky adamlar yz-yza ha-ha-haýlaşyp gülşüp, içi boş gülküleri bilen, kaza ýaranmak üçin ýaryşa girdiler. Dünýäm daraldy. Kazy bilen abdaly bir ýerde oturtmagyň gowy pikir däldigi görnüp durdy. ― Ýalňyş düşündirdim öýdýän. Adam dünýä inen öýünde galsa, Haky tapyp bilmez diýmändim. Elbetde, ol mümkindir ― diýip, Şems dillendi. ― Obasyndan çykyp görmedigem bolsa, dünýäden habarly adamlar öňem bolupdyr, ýene-de bolar. ― Menem şony diýýän ― diýip, kazy jenaplary aýdylany tassyklap, ýeňen adamyň äheňinde gülümsiredi. Emma onuň ýylgyryşy derwüşiň yzysüre suňşuran sözleri gulagyna ilen badyna ýitirim boldy. ― Ýöne men başga bir zat diýmekçi boldum ― diýip, Şems dowam etdi. ― Eger bir adam pul, mertebe hem at-dereje ugrunda ýortýan bolsa, nepis ýüpek-parçalar geýip, hünjüdir merjen, atlas donlar içinde ýaşaýan bolsa, ýagny, kazy hezretleri, siziň ýaly edýän bolsa, Allany tapmag-a beýlede dursun, golaýyna-da barmaz! Otagdakylar aňk bolup galdy. Hemmeleriň ýüzi erbet üýtgedi. Hiç kimden ýeke söz çykmady. Kazylarbaşynyň ýalynjaňlarynyň demini almaga gaýraty çatman, biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Olaryň käbiri bolsa, gylyjyna ýapyşdy. ― Görýän welin, diliň bir derwüşe gereginden öte uzyn ýaly-la ― diýip, kazy jenaplary käýinjiredi. ― Eger aýtmagym hökmany zat bar bolsa, tutuş dünýä birleşip ýakamdan ýapyşýan bolsa-da aýdaryn ― diýip, Töwrizli Şems jogap berdi. Baş kazy gaşlaryny çytsa-da, derwüşiň aýdanlaryna känbir pisint edip oturmaýanyny görkezmek üçin eginlerini silkişdirip üns bermedik boldy: ― Bolýa-la, kän eşitdik beýle boş gürrüňleri ― diýdi. ― Sen tüýs gözleýän adamymyz öýdýän. Bizem şäherimiziň görkanalygy barada gürrüň edip otyrdyk. Kim bilýär, sen her dürli ýerleri görensiň. Gezen ýerleriňde Bagdatdan gözel ýer gördüňmi, hany, bize şondan gürrüň berip otur? Şems mylaýym garaýyş bilen birin-birin hemmeleri gözden geçirdi: ― Bagdadyň dillere dessan şäherdigi ikuçsuzdyr. Ýöne bu dünýäde hiç bir gözellik müdimi däldir. Şäherler ruhy sütünleriň üstünde durýandyr. Şäherler äpet aýna ýaly bir zat bolup, onda öz ýaşaýjylarynyň ýürekleri şöhlelenýär. Eger şol ýürekleriň öňi örtülse ýa-da olar garalsa, şäherler hem öz gözelligini ýitirer. Şeýdip, gör, nijeme şäherler solandyr, niçesi bolsa indi solar. Özümden biygtyýar ýüzümi aşak saldym. Şems-i Töwrizi maňa tarap öwrüldi. Ol boýlan pikirlerinden az wagtlyk bolsa-da, uzaklaşan ýaly görünýärdi; gözlerinde dostana bir ýalpyldy bardy. Telbe garaýyşlary ýüzüme düşende Güne ýüzümi sürten ýaly boldum, içim ot alyp lowlady. Ana, şonda bu adamyň ismi bilen jisminiň bir bitewüdigine göz ýetirdim. Ol adynyň ―Gün‖ diýmegi aňladyşy ýaly, özi-de güýç hem ýaşaýyş ýaýýardy, edil ot-ýalyndan düýrlenen ýumak ýaly, öz-özünden alawlap ýanýardy. Şems hakyky Gündi. Kazy jenaplary baradaky gürrüňe gelsek, ol başgaça pikir edýärdi. ― Siz sopular onsuzam pelsepeçilerdir şahyrlar ýaly, bar zady garjaşdyrýaňyz. Barypýatan gep nokatlama! Munça sözüň nä hajaty bar? Şeýle bir gepler tapýaňyz welin, adamlaryň kellesi bulam-bujar bolýar. Emma halk diýeniň ýönekeý zatlara mätäç ýalta jandardyr. Öňbaşçylaryň wezipesi halkyň ýalňyş zatlara isleg bildirmeginiň öňüni alyp, ýoldan çykmagyna päsgel bermekdir. Munuň üçin esasy etmeli zat şerigata harpma-harp uýmakdyr. Ony nähili etmelidigini bolsa, biz bilýäris. ― Şerigat ýanyp duran şem ýalydyr ― diýip, Şems dillendi. ― Ol şuglasy bilen töweregi ýagtyldýar. Ýöne bir zady-da ýatdan çykarmaly däldir, şem garaňkylykda ýörän mahalyň öňüňi görmäge kömek edýändir. Şerigatdan soňra tarykat gelýär. Tarykatdan soň magryfat. Magryfatdan soň bolsa, hakykat! Eger esasy ugur unudylyp, adam şerigaty serişde däl-de, maksat edinse, ol şemiň näme peýdasy bolsun? Ýüregime gorky aralaşdy. Şerigatyň açaryny öz elinde saklaýandygyna ynanýan, hondanbäri adama şerigatdan aňryk geçmelidigi barada bir zat diýmek howply suwlarda ýüzmekden enaýy däldi. Şems muny bilmeýärmidikä? Derwüşi otagdan çykartmak üçin degerli bahana gözläp ugranymda Şems sözüni dowam etdi: ― Diýjek bolýan zadymy has gowy düşündirýän bir kadany ýatladyp bilerin. ― O nämäniň kadasy? ― diýip, kazy şübheli sorady. Şems-i Töwrizi dikeldi-de, göze görünmeýän kitapdan risala okaýan ýaly, labyzly ses bilen düşündirip başlady: ― Pygamber Serwerimiz Gurhany ýedi mertebede okap boljagyny aýdypdyr. Biz bu ýedini dörtde jemledik. Üçünji kada: ―Gurhany dört derejede okamak bolar. Ilkinji dereje onuň ýüzleýin, zahyry manysydyr. Ikinjisi batyny, içki manysy. Üçünji batynynyň batyny, ýagny içki manysynyň hem aňyrsyndaky manydyr. Dördünji dereje şeýle bir çuňdur welin, şol manyny bermäge sözleriň güýji ýetmez‖. Şems gözleriniň jadyly ýalpyldysy bilen sözüni dowam etdi: ― Şindi diňe şerigata garaýanlar we ondan aňyrsyny görmeýänler ýüzleýin manyny bilýändirler. Sopular taýpasy bolsa, batyny, içki manyny bilýärler. Öwliýä, ýagny weliler batynynyň batynysyny biler. Dördünji derejäni diňe Allanyň söýen dostlary we pygamberler bilýändirler. ― Ýagny sen häzir adaty bir mutasawwuf Gurhanyň hökümlerini men ýaly şerigat alymyndan has gowy bilýändir diýmekçi bolýaň-da, şeýlemi? Derwüşiň dodaklarynda çalaja ýylgyryş peýda bolsada, hiç zat diýmedi. ― Diýmekçi bolýanym, näme gürleýäniňe üns ber ― diýip, baş kazy dillendi. ― Öte geçýäň. Tasdanam günä gazanypdyň. Duýdurmady diýme! Baş kazynyň bu sözi örän haýbatly çyksa-da, Şems muny bilmeýän ýaly, sözüni arkaýynlyk bilen dowam etdi. ― Özgeleri beýle tiz hem çürt-kesik aýyplamak bolmaz. Alla Gurhanda ýanyma gul haky bilen gelmäň diýýär, ýa ýadyňyzdan çykardyňyzmy? Onsoňam inkär etmäge ýa-da günä diýen düşünjä nähili garaýaňyz? Ana, şol düşünjeleriňizi seljermek gerek ― diýip, Şems aýtdy. ― Rugsat etseňiz, bir hekaýat aýdyp bermekçi. Onsoň ol bize şu hekaýaty gürrüň berdi: ― Hezreti Musa bir gün ýeke özi dagda gezip ýörkä, uzakdan garyp hem ýalňyz bir çopana gözi düşýär. Çopan çöküne düşüp oturyşyna, ellerini asmana uzadyp doga-dileg edýär eken. Bu ýagdaý Musany juda begendiripdir, ýöne ýakynyna baryp çopanyň dogasyny eşiden mahaly ol özüni ýitiripdir. –– Gurbanyň boldugym Allahym, seni nähili gowy görýänimi bir bilsediň. Agzyň gymyldasa bolýar, Sen näme diýseň, şonam ederin. Sürimdäki iň semiz goýnumy kes diýseň, gözümi gyrpman, Seniň üçin keserin. Goýnuň gowurdagy gowy zatdyr, Allajan, guýruk ýagyny alyp palawyňa goşsaň, süýjüliginden ýaňa iýip doýup bilmersiňiz. Musa dogany diňläp, çopana hasam ýakynlaşypdyr. –– Buýursaň bes, ýuw diýseň, aýaklaryňy ýuwaryn. Gulaklaryňy arassalaryn, bitleriňi çöpläp bererin. Men Seni şeýle ýürekden söýýän, Alla-jan. Men Saňa ýürekden aşykdyryn! Eşiden zatlaryndan ýaňa Musanyň myrryhy atlanypdyr. Uly goh edip, çopanyň dogasyny bölüpdir: –– Sem bol, seniň bir nadan adam! Näme edýäniňi bilýäňmi? Heý-de, Alla palaw iýermi? Ýuwar ýaly Allanyň aýagy barmydyr? Heý-de, beýle doga edilermi?! Gaty agyr günä iş edýäň. Derhal toba et! Çopan Musadan beýle sözleri eşidip, gulagyna çenli çym gyzyl bolupdyr. Utanjyndan ýer ýarylsa girjekmiş. Ötünç üstüne ötünç sorapdyr, gaýdyp öz kellesine gelşine görä doga-dileg etmejegine äht edipdir. Şol gün Musa agşama çenli çopanyň ýanynda bolup, oňa nähili doga etmelidigini öwredipdir, ýat tutdurypdyr. Soň hem ―Alla menden razy bolar, ýagşy iş etdim‖ diýip oýlanyp, ýoluny dowam edipdir. Ýöne şol gije bir ses eşidipdir. Ol ses Haktagalanyň sesi eken. ―Eý, Musa, seniň şu günki eden işiň näme? Sen aýyrmaga geldiňmi ýa duşurmaga? Şol töwra çopana igendiň. Onuň Maňa nähili ýakyndygyna göz ýetirip bilmediň. Agzyndan çykýan sözüň nämedigini bilmeýänem bolsa, ol çopanyň ynanjy päkdi, kalby tämizdi, niýeti ýürekdendi. Biz söze seretmeýäris, niýete bakýarys. Söze bakjak bolsak, ýer ýüzünde adam ogly galmazdy! Biz çopandan razydyk. Başgalar üçin öwgi saýylýan söz seniň üçin käýinçdir. Onuň üçin bal bolan seniň üçin zäherdir. Sen eşidenleriňi inkär hem küpür gep saýdyň, ýöne bilseň, ýazygy bar hem bolsa,onuň hatasy süýji ýazykdy‖. Musa ýalňyşyna düşünipdir. Ertesi Gün dogupdogmanka, çopany görmek üçin ýene daglara tarap ýola düşüpdir. Çopan ýene doga okap duranmyşyn. Emma düýnki yhlasyndan, päkliginden nyşan ýokmuş indi. Öwredilişi ýaly doga-dileg etjek bolup, birden bir ýalňyş goýberäýmäýin diýip, säginip-sakawlap, derläp ber-başagaý bolup dur eken. Musa eden işine ökünip, çopanyň arkasyny sypalap, şeýle diýipdir: ― Eý, dost, men ýalňyşypdyryn, ýalbarýan, bagyşla. Öz bilşiň ýaly doga-dileg ediber. Allanyň nazaryna has gymmatly doga şodur. Çopan Musadan bu sözleri eşidip haýran galypdyr. Ýöne haýran galyşy ýaly-da, göwni ynjalyk tapypdyr. Emma ol indi has belent derejä göterileni üçin öňki bigünä etmişine, süýji ýazygyna gaýdyp dolanyp barmandyr, Musanyň öwredip ýat tutduranlary bilende oňmandyr, bularyň barynyň aňyrsyna geçipdir. Haka ýakyn, bagtyýar, mübärek durmuşda ýaşapdyr. ― Ynha, şonuň üçin biriniň agzyndan bal bolup dökülen söz başga biriniň gulagyna zäher bolup guýlup biler ― diýip Şems aýtdy. ― Ýöne Alla söze däl-de, niýete bakýandyr. Edepli kişiler başgaça bolýar. Janyndan geçen aşyklaryň şerigaty ähli dinlerden başgadyr. Biz mez hep, din ýa-da dil aýrytçylygyny bilmeýäris. Tutuş adamzady bir bilip, ählisini-de deň tutýarys. Başga biriniň agzyndan çykan söze ―günä‖ diýmeýäris. Sebäbi kalplary Alla bilýändir, biz bilmeris. Şonuň üçin hem dymýarys, hiç kimi döşünden itip ynjytmaýarys. Biziň ýeke-täk mezhebimiz bar. O-da Allahdyr. Şems dymansoň, gözümiň gytagy bilen kazy hezretlerine seretdim. Keşbine üýtgewsiz göwnüýetijilik we ynamlylyk çaýylan-da bolsa, onuň birneme dünýesiniň daralandygy görnüp durdy. Emma örän içimtap bolany üçin bir zady-da aňypdy: eger Şemsiň gürrüň beren hekaýatyna oňlamaýanyny aňladýan gaýtargy beräýse, ýene bir ädim ädip, öz hetdini bilmeýändigi üçin ony jezalandyrmaly boljakdy. Emma şeýtse, işler çynlakaýlaşyp, adaty bir derwüşiň äpet baş kazy bilen dikleşip bilendigi baradaky habar Bagdatda dilden-dile geçip ýaýrajakdy. Beýle ýagdaýda iň gowusy alada galara zat ýok ýaly hereket edip, meselä şu ýerde nokat goýmakdy. Ol şeýle-de etdi. Daşarda Gün ýaşyp barýardy, asman gyzyl hem narynç reňke boýalyp başlapdy. Arasynda gabat gelen goýy bulutlar her hili şekile girip, reňkleriň täsin bir sazlaşygyny emele getirýärdi. Birazdan kazy jenaplary gozganjyrap, ýerinden turdy-da möhüm bir meselä seretmelidigini aýdyp gitmek bilen boldy. Maňa ýeňiljek salam berip, Töwrizli Şemse buz ýaly nazaryny gönükdireninden soň, ol ýola düşdi. Ýanyndakylar biri-birini itekleşip, howsala bilen haýdaşlap, onuň yzyna düşdüler. Hemmeler gidenden soň, derwüş bilen ikiçäk galdyk. ― Gynansagam, baş kazy seni halamady öýdýän ― diýdim. Şems-i Töwrizi gözüne düşüp duran alyn saçlaryny gapdala darady-da, ýylgyrdy: ― Gaharlansa gaharlanybersin, meň-ä oňa gaharym gelenok. Onsoňam kazylar öňem meni halap baranoklar. Tolgunmadym diýsem ýalan sözledigim bolar. Sebäbi bu tekgehana şeýle boýunegmezek, özdiýenli, edýän işine ynamly, Haka boýun we köňli rahat myhmanyň kyrk ýylda bir ýola düşleýänini biler derejede uzak wagtlap ýolbaşçylyk edýärdim. ― Hany, gürrüň ber ― diýdim. ― Nähili bolup ýoluň Bagdada düşdi? Bu ýerden näme agtarýaň? Bir göwnüm gürrüň bersin diýip, tolgunma bilen garaşýan bolsa, beýleki bir göwnüm onuň gürrüň bermezligini isleýärdi. Näme üçindir ondan eşidesim gelip ölüp barýan jogabym şol bir wagtda ýüregime howsala salýardy. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 20-nji maýy Ella kellesini aşhananyň stoluna goýup, sahypalary açyk galan kitabyň ýanynda agzy açyk ýagdaýda uklap galypdy. Düýş gördi. Düýşünde ýoluň ýakasynda ýerleşýän bir kerwensaraýda durmuş. Içeri daýaw-daýaw esgerlerden, näz-kereşmeli tansçy gyzlardan, syrly derwüşlerden hyň berýärdi. Öňlerindäki tabaklarda öýde bişirilen dürli-dümen köke bardy. Birden ol kerwensaraýdan çykdy, ýerler gaýyp gitdi, uzakdan özüni synlady. Ol ýat ýurtda, bir galanyň içinde arynyň öýjügi ýaly joş urýan bazar ýerinde alada bilen ýöräp barýardy, birini gözleýäni görnüp durdy. Töweregindäki adamlar haýal hereket edýärdiler. Olar hamala onuň eşitmeýän bir owazyna tans edýän ýalydylar. Salpy murtly äpet hokgabazdan bir zatlar sorajak boldy. Ýöne bir zat diýjek bolup agzyny açan mahaly gürläp bilmeýändigini bilip galdy. Ol adam oňa bimany seretdi-de, soň öz ýoly bilen boldy. Ella bu gezek satyjylardyr müşderiler bilen gürleşjek bolup çytraşdy, ýöne ýene şobir sahna gaýtalandy. Hiç kime derdini düşündirip bilmedi. Ilkibada bu adamlaryň dilinde gürläp bilmeýändigi üçin şeýle bolýandyr öýtdi. Ýöne elini agzyna ýetiren mahaly birden howpurgady: dili ýokdy. Dili guran dyrnak ýaly bolup, gaçan bolsa nätjek?! Dowla düşüp özüni görere aýna gözläp başlady. Ol henizem özüniň ozalkylar ýaly sagdyn adamdygyny bilesi gelýärdi. Emma ullakan bazarda ýekeje-de aýna ýokdy. Aglamaga durdy. Ol çasly bir sesiň gulaklaryny gorjalamasy bilen ukudan oýandy. Gözüni açan badyna, ilkinji işi dilini barlamak boldy. Hernä, ýerinde eken. Ses eşidilýän tarapa seredeninde Kölegäniň dälirän ýaly, aşhananyň howla tarap açylýan gapysyny dyrnaçaklap, çyňsap durandygyny gördi. Balahana del haýwan giren bolmalydy. It ony şo ýerden çykarjak bolup bolmajysy bolýardy. Kölege aýratynam alajagözen görse, jyny atlanýardy. Geçen gyş howluda biri gabat gelende bolan ýagdaý hiç kimiň ýadyndan çykanok. Şonda it alajagözene topulypdyr, alajagözenem erbet porsy ys goýberip, ondan ar alypdyr. Görgüli Kölegäni wannany dolduryp ýuwmaly bolupdylar. Şonda-da ýanan tekerdaşynyň ysyny ýadyňa salýan şol porsy ys hepdeläp onuň üstünden aýrylmandy. Ella diwardaky sagada göz aýlady. Gije üç töweregidi. Dewid henizem gelmändir, asla gelmezligem ahmal. Janet-de onuň telefonyna jogap berip, jaň etmedi, belki, gaýdyp asyl jaň hem etmez. Dogrusy, şu pursat Ellanyň hiç bir zady haýra ýorarlygy ýokdy. Hem äriniň, hem gyzynyň özünden ýüz öwrendigi baradaky pikir onuň içini gysdyrdy. Şeýle halda ol ýerinden turdy-da, sowadyjyny açdy. Manysyz nazar bilen onuň içini gözden geçirdi. Buzdandaky klubnikaly buzgaýmagy alyp hezil edip iýesi gelse-de, öňem dolmuşlanyp barýanyny ýadyna salyp, sowadyjynyň gapysyny berk ýapdy. Soňam ýekelikde içmek endigi bolmasa-da, bir çüýşe gyrmyzy çakyry açdy. Bulgury doldurdy. Şerap gaty gowudy, goýudy, rahatlyk berijidi. Üstesine-de, onda tüýs halaýan zady, gaňşyrawugyňy gamaşdyrýan tagam bardy. Tokaýyň, kömelekleriň hem topragyň ysy kükäp durdy ol şerapdan. Ýöne ikinji bulgury dolduryp durka, serine Dewidiň gymmatbaha ―Bordo‖ çakyryny açan bolaýmaýyn diýen pikir geldi. Howsala düşüp, çüýşäň ýüzündäki ýazgyly kagyza seretdi. ―Chateau Margaux, 1996‖. Eý, Hudaý! Dewid bu şeraby ýörite agşam üçin aýap ýördi ahyry. Ol näme etjegini bilmän, gaşyny çytyp çüýşä seretdi. Ýöne soňra biparh keşpde eginlerini gysdy. Häzir hem üýtgeşik agşam dälmi näme?! Özüniň ýalňyzlygyny belleýär. Ella bir göterende bulgury başyna çekdi. Ol bu ajaýyp çakyry bir gyra süýşürse-de, çakyr onuň ýakasyny goýbererli däldi. Ella gaýtadan stoluň başyna geçip, «Yşk şerigatyny» eline alyp agdaryşdyrdy, ýöne dessine okabermedi. Ýadawlykdyr ukusyzlyk zerarly ýeke setir okamagada mejaly ýokdy. Oňa derek internete baglandy-da, hat gutujygyna seretdi. Ol ýerde köp sanly hatyň arasynda, Mişeliň kitabyň habarnamasyny taýýarlamak işiniň nähili barýandygyny sorap ýazan gysgajyk hem sowuk ýazgysynyň aşakja ýüzünde garaşýan elektron hatyny tapdy. Aziz Z. Zahara oňa bada-bat jogap ýazypdyr. «Hormatly Ella, Garaşylmadyk hatyň maňa Gwatemalada, Momostenango atly çet-gyrakda ýerleşýän obajykda gowuşdy. Bu oba henizem maýýalaryň senenamasyny ulanýan az sanly oturymly ýerleriň biri. Bolýan pansionymyň garşysynda dileg agajy bar. Şahalaryna her dürli reňkdäki, her dürli bezegli esgi bölejikleri daňlan bu agaja ýerli halk «Synan göwünleriň agajy» diýip at beripdir. Göwni ynjan kişiler atlaryny bir kagyza ýazyp, bu agajyň şahalaryndan asýarlar, dertlerine derman tapmak üçin doga edýärler. Hernä, öz çenimi bilmän bir iş edäýen däldirin-dä, hatyňy okanymdan soň, dileg agajynyň ýanyna gitdim. Gyzyň bilen araňyzdaky düşünişmezligiň çözülmegini diledim. Adam eý görýänlerine gowulyk isleýändigi üçin olaryň durmuşyna goşulman durup bilmeýär, ýöne aslynda munuň üýtgeşik bir peýdasyny-da görüp baranok. Bilýäňmi, meniň özüm-ä başgalaryň durmuşyna goşulmamy goýbolsun edip, Haka bil baglap başlanymdan soň janym rahatlandy. Adam5laryň köpüsi töwekgellik etmegi, ýagny Haka bil baglamagy passiw galmak diýip düşünýärler; ýöne bu bütinleý tersinedir. Töwekgelçilik kaýyllygyň hem takdyra ten bermegiň getirýän sap rahatlyk halydyr. Hereketsizlik däl-de, janlylykdyr, işjeňlikdir. Älemde biziň üýtgedip hem-de doly manysynda akyl ýetirip bilmejek ýagdaýlarymyz ýüze çykyp durýar. Şeýle ýagdaýlary-da hasaba almak bilen tutuş barlyga yşk bilen çemeleşmek mümkindir. Iň bolmanda, muňa synanyşyp görüp bileris. Rumy yşkyň ýaşaýşyň dirilik suwudygyna ynanýardy. Eger şeýle bolýan bolsa, onuň ýekeje damjasy hem yrýa bolmaly däldir. Maýýa senanamasyna görä, bu gün üýtgeşik bir gün. Bu gün uly özgerişlikleriň, ter-tämiz, bütinleý täzelenen akyl-paýhasyň buşlukçysydyr. Gün batyp, gündiz ahyrlamanka, güýji ýitmezi ýaly, men bu haty saňa hökman ugratmaly. Seniň agajyň şahalaryndan sallanyp duran adyň reňbe-reň gül açmagyny dileýärin. Yşk asla ýadyňaoýuňa düşmän durkaň, oslagsyz ýerden öňüňden çykar duruberer. Dostluk bilen, Aziz». Ella haty iki gaýta okady. Birhili töwra adamdy Aziz. Gör, nähili ýüreginden syzdyryp ýazypdyr! Bu aýal maňa hat ýazyp, näme, başga işi ýokmudyka diýäýmändir, çyny bilen sap ýürekden jogap beripdir. Eýse, ol nähili adamka? Ellanyň tanaýan adamlarynyň hiç biri oňa beýle hat ýazmazdy. Dogrusy, dünýäniň beýleki ujunda bir ýerde asla tanamaýan daşary ýurtly biriniň özi üçin ýagşy dileg etmegi ony tolgundyrypdy. Gözlerini ýumdy, öz ady ýazylan kagyz bölegini göz öňüne getirdi, ol batbörek ýaly şemala ýeňiljek galgap, özi han, özi soltan, erkin halda, galyberse-de, büs-bütin bigünä… Ol az salymdan aşhananyň gapysyny açdy, howla çykdy. Giçki baharyň säher wagty öwsen şemaly burnuna urdy, ýüzüni ýalady. Şol wagt Kölege-de onuň ýanynda peýda boldy. Näme üçindir ol temegini göge tutup, howsala bilen howany ysgady. Hüşerilip durup, gözlerini süzdi, gulaklaryny dikgertdi. Baharyň şu ahyrky nepesinde Amerikada aňrybaş oňaýly öýüň howlusynda ― ýerde Ella bilen iti, asmanda bolsa, Aý bilen bulut ýan-ýana durdular. Dogrusy, gijäniň yns-jynssyz çolalygyna, durmuşyň näbelliliklerine garry item, onuň Saraýmany-da öwrenişmändi. Olaryň ikisi-de demini alman, ýarym gorky, ýarym howsala bilen garaňkylyga garap durdular. Şägirt Bagdat, 1242-nji ýylyň apreli Baş kazydyr ýanhemralaryny gapa çenli ugradanymdan soň, gap-gaçlary ýygnaşdyrmak üçin otaga dolandym. Bir görsem, Baba Zaman bilen gezende abdal ikisiniň şol üýtgewsiz oturyşlary. Agyzlaryndan ýeke söz dagy çykaýsa nädersiň. Gözümiň gytagy bilen ikisini-de synladym. Eýse, gürleşmän söhbet etmek mümkinmikä? Bilesim gelip içim byjyklap duransoň, gyzyklanmam has hem artdy. Gürrüň açmazlarmyka diýip, ýassyklary düzedişdirdim, otagyň içini ýygnaşdyrdym, halyň ýüzündäki çörek owuntyklaryny ýekänme-ýekän çöpleşdirdim. Ýöne esli wagtdan soň, ol ýerde eglenere bahana galmady. Olary şol ýerde galdyryp, otagdan çykmaly boldum. Yraň-daraň edip aşhana bardym. Meni gören badyna zalym Aşçy ata goh baryny turuzyp, tabşyryk baryny berip başlasa nädersiň! ―Nirede bolduň, ýalta nadan! Bol çalt, tekjeleri tämizle, daşaryny süpür! Çyrçyrşaklary ýuw! Ojagy arassala! Diwardan düýt ýagyny gyrdap aýyr! Işiňi bolaňsoň, syçan gapanlara seretmegem ýadyňdan çykaraýmagynçykaraýmagyn! Ammarda düýe ýaly syçan gördüm! Git-de tut şol peläketi! Bolmasa, peýnir ýerine şo gapana özüňi goýaryn!‖ Şu tekgehana gelenime alty aý töweregi bolandyr welin, ilkinji günden bäri Aşçy atanyň iki eli ýakamda. Ynha, zol-zol gaşyma geçip: ―Tämizlik ybadatdyr, ybadat tämizlik!‖ diýip, takal okap durandyr. Birehim adam! Şonuň zoruna her gün eşek ýaly işleýän. Bu ezýete näme üçin ―ruhy terbiýe― diýýändiklerine hiç düşünip bilemok! Ýagly gapgaçlary ýuwmagyň, töweregi arassalamagyň nämesi magnawyýat bolsun diýsene?! Bir gün ýüregimi bire baglap, gaýtargy berermen boldum. − Tämizlik ybadat bolýan bolsa, Bagdatdaky heleýleriň ählisi birçak pir çykardy– diýdim. Aşçy ata bir agaç çemçäni kellämden dazyrdadyp zyňyp, bogazyna sygdygyndan gygyrdy: − Bäriňi gara, derwüş bolmak niýetiň bar bolsa, şu agaç çemçe ýaly lal-jim bolmaly bolarsyň, ogul! Aýakgabyň petegi ýaly uzyn dil müritler kysmynyň häsiýetine gelişýän däldir. Az gürleseň, çalt bişersiň! Aşçy atany görsem jynym atlanýardy. Ýöne şonça-da ondan çekinýärdim. Şu gijä çenli ýeke gezegem aýdanyndan çykan ýerim ýokdy… Bu gezek Aşçy ata maňa ýeňsesini görkezen badyna assyrynlyk bilen aşhanadan ökje göterdim; daraklygyma basyp myhmanyň bolýan otagyna ýakynlaşdym. Duýdansyz peýda bolan derwüşi tanajak bolup jan edýärdim. Kimkä? Niräň nämesikä? Galandarmydyka? Bärden näme gözleýärkä? Tekgehanadaky derwüşlere-hä asla meňzeýän ýeri ýok. Gözlerinde bir hili dälişge, gedem, alawlap duran, bulagaý hem wehimsiz bakyş bardy. Kiçigöwünlilik bilen başyny egende-de, gözünden şol alamatlar aýrylmaýardy. Seredişi bulagaý hem üýtgeşik bolany üçin, ony gören adam hem-ä onuň jadysyna berilýärdi, hem-de bolşundan birahat bolup çekinýärdi. Otaga baranymda, gapy ýapyk eken. Bir deşikden içerini synlap başladym. Başda hiç zat görüp bilmedim, ýöne gözüm öwrenişensoň, içerdäkileriň ýüzüni saýgarmak başartdy. Birazwagtdan soň, Baba Zaman Şemse sorag bilen ýüzlendi: − Hany, aýt, ýoluň nädip Bagdada düşdi? Ýa bu tekgehanany düýşüňde gördüňmi? Derwüş başyny ýaýkady. − Ýok, bärik gelmegime düýş sebäp bolmady. Onsoňam men hiç haçan düýş göremok. − Hemmeler düýş görýär – diýip, Baba Zaman salykatlylyk bilen dillendi. – Ýadyňa düşmeýän bolsa başga gep, ol düýş görmeýäniňi aňlatmaýar. − Ýöne men düýş göremok – diýip, Şems tekrarlady. – Alla bilen şertleşigimiz şeýle. Çaga mahalym älemiň syrlarynyň ençemesi maňa bir-bir aýan edildi. Eneatama gürrüň berenimde bu olara ýaramady, hyýalyňa gelýändir diýdiler. Syrymy ýoldaşlaryma aýdaýyn diýdim, olar hem ―sen ýa-ha barypýatan hyýalkeş, ýada ýalançy‖ diýdiler. Mugallymlaryma gürrüň berdim, olaryň jogaby hem şobir zat. Ahyrynda bir zada göz ýetirdim, adam täsin bir ýagdaý hakynda eşitse, oňa ―ýa hyýaldyr, ýa-da düýşdür‖ diýip geçer gidiberer eken. Şu zatlary aýdan badyna derwüş bir ses eşiden ýaly, bada-bat dymdy. Soňra örän geň bir zat bolup geçdi. Ol dikeldi, eginlerini ýazdy, dogumly basyp, gapa ýöneldi-de, maňa tarap gaýtdy. Bu hereketleri edýän mahaly ol göni meniň duran nokadyma seredýärdi. Göýä birhili ýol bilen meniň şol ýerde duranymy, özlerini synlaýanymy bilýän ýalydy. Ol göýä agaç gapynyň aňyrsyny görýän ýalydy. Ýüregim dowla düşüp, gürsüldäp urup başlady. «Aşhana tarap gaçaýsammykam» diýip oýlandym, ýöne gollarym, aýaklarym, tutuş göwräm gurşan ýalydy. Şems-i Töwriziniň şol dogumly bakyşy gapyny böwsüp geçip, alyslara uzaýardy. Meni gorky gurşap aldy, ýöne şol bir wagtda bedenimiň öýjükleriniň her birine täsin gudrat gaplanýardy. Şems golaýa geldi, elini gapynyň tutawajyna goýdy. Gapyny açyp, meni etmişimiň üstünde tutaýmaly mahaly-da saklandy. Gaty ýakyna geleni üçin deşikden seredeniň peýdasy ýokdy; ýüzüni görüp bilemokdym. Şeýle ýagdaýda garaşmak gabyr azabyna döndi. Demimi alyp bilmän doňup galdym. Hut şol pursat hem ol ýene hyrra yzyna öwrüldi; gapydan uzaklaşyp barşyna hekaýatyny dowam etdi. − Ahyrsoňy Alladan gaýdyp düýş görmezligimi diledim. Şunlukda, heran-haçan bir alamat bilen ýüzbe-ýüz bolsam ýa-da beýleki äleme syýahata çyksam, onuň düýş däldigini çürt-kesik bilip biljekdim. Alla razy boldy. Düýş görmek ukybyny menden sogrup aldy. Ynha, şonuň üçinem men hiç haçan düýş göremok. Şems häzir otagyň aňry çetindedi. Açyk penjiräniň ýanynda aýak üstünde durdy. Daşarda ýagyş çisňeýärdi. Agyr oýa batyp, ýagşy synlap durşuna, ol şeýle diýdi: − Alla düýş görmek ukybymy almasyna aldy weli, bu ýetmezimiň öwezini dolmagym üçin, başgalaryň düýşüni ýormaga ygtyýar etdi. Baba Zamanyň bu samahyllamalara ynanmajagy barada oýlandym. Özüme igenişi ýaly, derwüşe-de igener öýtdüm. Ýöne mürşit usullyk bilen başyny egdi-de: − Täsin adam bolmaga çemeliň. Hany, aýt, saňa näme kömek edip bileris? − diýdi. − Bilmedim. Aslynda bu sowalyň jogabyny özüňiziň aýtmagyňyza garaşýan. − Näme diýmekçi bolýaň? – diýip, Baba Zaman sorady. Onuň pikiri garjaşyk göründi. − Kyrk ýyl töweregi bäri abdallyk edýärin. Gurtguşuň, mör-möjekleriň ähli görnüşlerini tanaýaryn. Kyn günde galsam, wagşy haýwanlar ýaly döwüşýänem, ýöne men hiç kime ýersiz-ýere yrsaramaýaryn. Asmanda näçe burçuň, tokaýda näçe görnüşli kömelegiň, sährada näçe dürli otuň, derýada näçe tüýsli balygyň bardygyny ýekänme-ýekän sanap bilýän. Allahyň öz sypatlaryndan eçilip ýaradan ynsanyny açyk kitap mysaly okamagy başarýaryn… Şems esli wagtlap dymdy, mürşidiň şemi otlaryna garaşdy. Soňra sözüni dowam etdi: – Çünki kyrk ýörelgäniň biridir bu. Dördünji kada: Älemdäki her bir zerrejikden Allahyň sypatlaryny tapyp bilersiň, çünki Ol metjitde, kilisede, sinagogda däl, her pursatda hemme ýerdedir. Allahy görüp ýaşap ýöreniň bolmaýşy ýaly, Ony görüp ölüp gidýän hem ýokdur. Kim Ony tapsa, ebedilik Onda galar. Şol pelpelläp duran öçügsi yşykda Şems-i Töwriziniň boýy has hem uzan ýaly bolup görünýärdi. Saçlary buýra-buýra bolup, eginlerine düşüp durdy. − Ýöne ylm-y ledun bir tarapa akmasa, güldanyň düýbündäki talh suw ýaly bolýandyr. Içimde jemlenen ylmy paýlaşara bir jan ýoldaşyna duşur diýip Alladan köp diledim. Ahyrynda Samarkandyň golaýyndaky düşelgeleriň birinde gulagyma gaýypdan bir owaz geldi. Takdyrymyň tejelli etmegi üçin, Bagdada gitmelidigim habar berildi. Mundan beýläk haýsy tarapa gitmelidigimi özüňiziň aýtjakdygyňyza ynanýaryn. Daşarda garaňky düşüpdi, Aý ýarpydy, açyk penjireden ýagty düşýärdi. Wagtyň bir çene baranyny aňdym. Aşçy ata meni gözleýändir, ýöne gözlese gözläp geçsin. Birje gezegem bolsa, düzgüni bozup görmegiň lezzeti nähili üýtgeşik! − Menden nähili jogaba garaşýanyňy bilemok – diýip, Baba Zaman mydyrdady. – Ýöne saňa ýetirmeli nähilidir maglumat bar bolsa, wagty gelende, elbetde, aýdylar. Oňa çenli bizde galyp bilersiň. Myhmanymyz bol. Şems hormat bilen başyny egdi-de, Baba Zamanyň elini öpdi. Ynha, şonda mürşidim şol täsin sowaly berdi: − Özüňde bar ylmyň ählisini başga birine bagyş etmäge taýýardygyňy aýdýarsyň. Dür dänesi deý ýygnanyňy aýaňa alyp, bir adama gowşurmak isleýärsiň. Eýse, başga biriniň kalbyny manawyýat nuruna gark etmek muzdsuz işdir öýdýäňmi? Öwezine näme berip biljek? Derwüşiň jogabyny ömrylla ýadymdan çykarman. Ol sägindi-de pessaý äheňde: − Başymy – diýdi. – Öwezine başymy goýmaga taýýar. Meni şagga der basdy, tisginip yza çekildim. Gözümi ýene gapydaky deşige gabatlanymda mürşidimiziň hem tolgunandygyny gördüm. Baba Zaman uludan demini aldy: − Bu günlükçe, şu aýdan zatlaryň ýeterlik. Argynsyň. Häzir Gyzyl Şägirdimizi çagyraýyn, size düşegiňizi görkezsin, arassa örtgi hem-de süýt getirsin. Muny eşidip, Şems ýene gapa seretdi. Onuň nazary ýene hakyt süňňümden ötdi. Göýä diwarlary böwsüp geçip, diňe gapynyň aňyrsyny däl, ruhumyň düýp-teýkarynda ýatan iň gizlin hallarymy öwrenip, özümede gizlin syrlarymy özümden gowy bilýän ýalydy. Ýüregime gorky aralaşdy. Töwrizli Şemse, megerem, Gurhan-y Kerimiň şolardan ägä boluň diýip duýdurýan Babylyň iki meşhur perişdesi Harut bilen Marut sapak berendir. Ýa-da başga bir hünäri bardyrda, belki, ol diwaryň aňyrsyny görmegi başarýandyr. Her näme bolanda-da, ol meni eýmendirýärdi. – Gyzyl Şägirdi çagyrmagyň geregi ýok – diýip, Şems dillendi. – Göwnüme bolmasa, onsuzam onuň golaýdadygyny, gürrüňlerimizi eşidip durandygyny duýýan. Agzymdan haýran galanymy bildirýän sesiň çykanynam duýman galdym. Dowla düşüp aýak üstüne galdym. Howla tarap ok bolup atyldym. Ýöne ol ýerde-de asla çak etmeýän bir belam − Aşçy ata maňa garaşyp durdy! − Häý, bihepbe, bärde ekeniň-ä! – diýip gygyryp, aşpez elindäki tikenli sübsesi bilen meni jyr raldyp kowalady. – Sen entek görersiň, ýeksurun. Elime bir düş! Gel bärik! Soňky pursatda sübseden ujyz sypyp, howludan atylyp çykyp gaçdym. Tekgehanany esasy ýola baglaýan ýoda bilen güýjümde baryny edip ylgap barýarkam hem, Şems-i Töwriziniň keşbi göz öňümden gitmeýärdi. Olary synlap duranymy nireden bildikä? Ol adam jadygöýmikä? Menher näçe uzaklaşsamam, durmag-a däl, badymam gowşatmadym. Ýüregim agzymdan çykyp barýardy, dilim gurap, dodagym kepäpdi. Şonda-da dyzymyň ysgyny gaçyp, demim-demime ýetmän daljygýançam, şol ylgadym bardym, ylgadym bardym, ylgadym bardym. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 21-nji maýy Başujunda çakyrdan boşan bulgur, gujagynda ―Yşk şerigaty‖, Ella düşeginde uklap galypdy. Ertesi irden Dewid öýe gelende ony şeýle ýagdaýda gördi. Bir pursatlyk düşege golaý gelip, aýalynyň üstüni örtjegem boldy-da, pikirini üýtgedip, dessine duşa tarap ýöneldi. On-on bäş minutdan soň, Ella oýandy. Adamsynyň duşda ýuwunyp duranyny eşitmegi ony geň galdyrmady. Dewidiň başga aýallaryň öýüne giden, hatda olar bilen bolan bolmagy hem ahmaldy, ýöne şonsuzam ol her säher öz duşlarynda ýuwnardy. Şol ýatyşyna Ella şaglap akýan suwuň sesine diň saldy. Biraz wagtdan Dewidiň duşdan çykanyny eşitdi. Gaýtadan gözlerini ýumup, uklan bolup ýatdy. Şeýlelikde, düýn gije näme üçin öýe gelmäni barada ne-hä ol soramaly, ne-de äri jogap bermeli boldy. Bir sagat töweregi soňra Dewiddir çagalar öýden çykyp gidende, Ella ýene aşhanada ýeke galdy. Durmuş derýasy hemişekiler ýaly akmasyny dowam edýän ýalydy. Nahar bişirmegiň düzgünini öwredýän kitaplaryň iň gowusynyň gatyny açdy. Aňsat bişirmek usuly. Naharlaryň birnäçesiniň bişirilişini ünsli gözden geçirip, ahyry özüne tutuş öýlän iş boljak bir çylşyrymly tagamy saýlap aldy: Zagpyran, hindi hozy, portugal deňiz otunyň çorbasy, kömelek sousynda ter otly, bäş dürli peýnirli aş, sirke bilen gyzardylan sarymsakly göle gapyrgasy, ergine ýatyrylan kelem. Soňra süýjülik taýýarlamagy-da ahmal etmedi: şokoladly sufle bişirdi. Onuň nahar bişirmegi gowy görmeginiň bir topar sebäbi bardy. Tagam taýýarlamak onuň bir özüniň arkaýyn hötdesinden gelýän ýeke-täk işidi. Onsoňam bu pişe oňa rahatlyk berýärdi. Örän ýönekeý görünýän zatlardan lezzetli hem göze ýakymly nahar bişirip, dürli-dümenden doly saçagy bezemegiň ynsanyň ruhuna üýtgeşik täsiri bardy. Aşhanada nahar bilen başagaýka, ol bendisi boldugy gündelik durmuşyň çäklerinden we hysyrdylaryndan halas bolýardy. Aşhana onuň daşarky dünýäden gaçyp atyp biljek, wagty isleýşi ýaly gurap, duruzyp biljek ýeke-täk ýeridi. Käbir adamlaryň söýgi gatnaşygyndan alýan lezzetini Ella nahar bişirmekden alýan bolsa gerek. Üstesine-de, başga bir adam bilen baglanyşygy ýok. Nahar bişirmek üçin ýeke-täk gerek zat biraz wagt, zähmet hem-de nahar bişiriljek zatlardy. Bolany. Teleýaýlymdaky nahar bişirmegi öwredýän gepleşikleri yzygiderli görse-de, olaryň hiç birine ynanmazdy. Şeýle gepleşiklerde nahar bişirmekligi dyngysyz ―özboluşlylyk‖, ―döredijilik‖, hatda ―fantastika‖ hasaplamaklaryny geň görýärdi. Aşhana – – tejribehana däl ahyry! Goý, alymlar synag geçirsin, goý, sungat işgärleri üýtgeşik bolsun! Ýöne aşpezlik başga zatdy. Gowy aşpez bolmak üçin synag geçirmegem gerek däl, hyýalbent bolmak hem! Datly tagam bişirmek isleýän adam ilki bilen işiň elipbiýini öwrenmeli. Nahar bişirmek sungaty ýyllaryň, hatda asyrlaryň dowamynda gazanylan tejribe. Ynsan täze bir zatlary oýlap tapmagyň deregine, öňden bar zatlara hormat goýmagy başarmaly. Döwrabap eýýamda hiç kim köne adatlary ýa-da nusgawylaşan usullary nusgalyk hasap etmese-de, Ella Rubinşteýn aşhana gezek gelende, bütinleý köneçil aýaldy. Aslynda Ella, umuman alanyňda, öz endiklerine eýermegi gowy görýän zenandy. Maşgala bolup her gün şol bir sagatda ertirlik edinýärdiler, her hepdäniň ahyrynda şol bir söwda dükanyna gidip, her aýyň ilkinji dynç güni goňşular bilen üýşüp nahar edinerdiler. Dewidiň işden sypynyp bilmeýäni üçin öýüň ähli işi Ellanyň boýnunady; öý çykdajylarynyň hasaplaryny onuň özi ýöredip, öý goşlaryny hem wagtal-wagtal şol täzeläp durýardy, näme gerek bolsa, ylgaýan şoldy; öýi bejertmeli bolsa, ussalara ýüz tutmaly hem onuň özüdi, çagalary tansa, basketbola, tennise, doglan olaryň öý işlerine-de ýene özi kömek edýärdi, bu zatlaryň hiç biriniň ýatdan çykyp galmazlygy üçin her hili meýilnamadyr maksatnamalary düzmeli bolýardy. Her penşenbe agşamy Ella özi ýaly hojalykçy aýallaryň nahar taýýarlamagy öwredýän jemgyýetine-de gatnaýardy (jemgyýetiň agzalary dürli ýurtlaryň aşhanalaryny öwrenip, köne tagamnamalary täze tagamlar bilen baýlaşdyryp, nahar bişirmegiň syrlaryny öwrenýärdiler). Her annada organik önümler bazarynda sagatlap aýlanýardy; daýhanlar bilen alýan hasyllary barada gürleşip, düzüminde şekeri az mürepbeleri öwrenýärdi ýa-da özi ýaly nahar bişirmäge höwesek başga adamlara, mysal üçin, ownuk proteballa kömeleginiň nähili bişirilýändigini änigine-şänigine çenli düşündirerdi. Almaly zatlarynyň sanawynda ýetmeýän zat bar bolsa, bazardan soň öýe gaýdyşyn uly söwda merkezinden alyp geçerdi. Şenbe günleri bolsa, Dewid Ellany restoranlara garbanmaga äkiderdi, köplenjem taýwan ýa-da ýapon restoranyna giderdiler. Gaýdyp gelýärkäler, ýadaw, serhoş ýa-da keýpsiz bolmasalar, öpüşerdiler, gujaklaşardylar. Çalaja öpüşler, howsalaly sypaň-sermeňler, ýüzleý ogşaşmalar... Olar är-aýal hökmünde däl-de, hakykatdanam, biri-birini söýýändikleri üçin bile bolýardylar. Ýöne bir döwürler iň hylwatly baglanyşyklary bolan är-aýal gatnaşygy bireýýäm özüneçekijiligini ýitiripdi. Indi seýrek halatda ýakynlyk edäýmeseler, başga wagt biribirlerine golaýlaşmazdylar. Käte bolsa hepdeläp, aýlap ýakynlyk etmeýän wagtlaram bolýardy. Ella muňa üns berip ýörenokdy. Dogrusy, birmahallar şeýle ähmiýetli hasaplan är-aýallyk gatnaşygyny küýsemeýänine häzir düşünip bilmeýärdi. Şonda-da uzaga çeken maşgala durmuşlarynda hyjuwyň azalmagyny ol tebigy zat hökmünde kabul edýärdi. Ýöne ärine gezek gelende ýagdaý başgaça bolsa gerek. Görnüşine görä, Dewid aýaly bilen bolmakdan sowaşan bolsa-da, başga aýallar babatda äginmeýän bolmaga çemelidi. Şu güne çenli Ella ondan özüni aldadyp-aldatmaýandygy barada gönüläp sorap, şübhesini äşgär etmändi. Iň ýakyn joralarynyň hem ýagdaýdan bihabar bolmagy bu işi bilmän galmagyny ýeňilleşdiripdi. Şonuň üçin hiç kime gep düşündirmeli, masgaraçylykly jenjeller ýa-da myşmyşlar bilen meşgullanmaly bolmandy. Dewidiň nädip bu zatlaryň hötdesinden gelýänini bilmeýärdi; başga aýallar bilen, ylaýta-da, ýaşajyk kätip gyz bilen yzygider gatnaşýandygy barada oýlansaň, bukdyn işlerini assyrynlyk bilen ýöredýändigi görnüp durdy. Ýöne näçe ýaşyrsa-da, biwepalygyň özüne mahsus ysy bolýardy. Bu ysy Ella gaty gowy saýgarýardy. Dogrusy, häzir geçmişine nazar aýlanda ol sebäpnetije baglanyşygyny kesgitlemekde kynçylyk çekýärdi. Ilki haýsysy bolup geçdikä? Eýse, äri ony aldadany üçin Ella üst-başyny hem bedenini gözden salyp, jynsy höwesden sowap ugradymyka? Belki, başda ol üst-başyna hem syratyna serenjam bermegi ahmal edendir-de, soňra Dewid başga aýallara meýil bildirendir? Seljerip bilenokdy. Haýsy bolanda-da, netije meňzeşdi; ýigrimi ýyl ýaşaşyp, üç çagaly bolanlaryndan soň, maşgala ojagynyň şuglasy öçüpdi. Oýlanyp geçiren üç sagadynyň içinde aňynda müň dürli pikirdir şübhe at salan Ella howlukmanalňasaman naharyny bişirdi. Pomidor dilimledi, sarymsak maýdalady, sogan gowurdy, narpyz dogrady, çorba gaýnatdy, pyrtykal gabygyny artdy, hamyr ýugurdy. Ol nikalaşan pursatlary Dewidiň ejesiniň beren altyn öwüdini ýadyndan çykarmandy. − Erkek adamyýaňja bişen çörek ýaly ojagyna baglaýan zat ýokdur – diýip gaýynenesi aýdypdy. Hergiz dükandan çörek satyn almagyn. Öz çöregiňi özüň bişir. Nähili gudrat görkezýänini görersiň! Öýleden soň, gijara çenli işlän Ella ähli zady ýetik, gül ýaly saçak taýýarlady. Stola gelşip duran kagyz elsüpürgiçleri üçburç edip epleşdirip goýdy, hoşboý ysly şemler ýakyşdyrdy; ortarada akly-saryly güllerden owadan edip çemen ýerleşdirdi. Soňra mata elsüpürgiçleri togarlap, owadan edip goýuşdyrdy. Ahyry işi tamamlananda saçak edil bezemen suratdaky ýaly bolup durdy. Ýadan hem bolsa, bu şoňa degýärdi. Edere işi galmansoň, aşhanadaky telewizory açyp, ýerli habarlary diňläp başlady. Soňky ýigrimi dört sagadyň dowamynda Bostonda bir ýaş lukman öýünde pyçaklanypdyr, bir hassahanada elektrik galtaşmasy zerarly ýangyn ýüze çykypdyr; diwarlardyr heýkellere bolgusyz sözler ýazan dört sany liseý okuwçysy tutulypdyr. Her täze habary eşidende Ellanyň howsalasy barha artýardy. Amerikanyň iň howpsuz ýerleri hasaplanýan şäher eteklerinde hem ýaşaýşa ygtybar ýokka, Aziz A. Zahara ýaly adamlar nädip özlerinde dünýäniň yzagalak sebitlerine gider ýaly güýç-gaýrat tapýarkalar? dünýäniň bolsa juda düşnüksiz hem ygtybarsyz bolmagy özi ýalylaryň alada bilen öýe gabalyp galmagyna sebäp bolýarka, şeýle ýagdaý Aziz ýaly adamlara bütinleý tersine täsir edýärdi, bu olary bir syýahatdan başga bir syýahata, bir başdangeçirmeden beýleki birine itekleýärdi. Ellany iň geň galdyran zat hem şudy. Nädip, şol bir sebäp şunuň ýaly, iki dürli netijäni ýüze çykaryp bilýärkä? * * * Rubinşteýnleriň maşgalasy agşam sagat 19:30-da ajaýyp fotosuraty ýadyňa salýan bezemen saçagyň başyna geçdi. Ýanyp duran şemler otaga kaşaňlyk çaýýardy. Häzir biri penjireden garaýsa, içerdäkilere hem şemiň yşygy ýaly nepis kämil bir maşgaladyr öýder. Janetiň ýoklugy hem bu çirksiz fotosurata zeper ýetirip durmaýardy. Orly bilen Ewi eňeklerine jaň dakylan ýaly mekdepde bolan zatlar barada gürrüň etdiler. Ella birje gezekligem bolsa, ekizleriniň alagowur bolup oturyşlaryndan hoşal boldy. Ol adamsy bilen aralaryndaky sowuklygy unutdyrýandyklary üçin çagalaryna minnetdardy. Ella gözüniň gytagy bilen tabagyndaky keleme çarşagyny çümdürip, naharyny haýallyk bilen çeýnäp oturan Dewidi synlady. Özüne diýseň tanyş, ençeme ýola öpen, solgun, inçe dodaklarda, düzüm-düzüm proselin dişlerde nazary eglendi. Adamsynyň başga bir aýaly öpüp durşuny hyýalynda janlandyrdy. Ýöne hyýalynda janlanan aýalyň keşbi Dewidiň ýaş kätibi däldi-de, Holliwodyň ýyldyzlarynyň biri, galgyn göwüsli Juliýa Robertsiň keşbidi. Şol çypar zenan diýseň syratlydy, özüne göwni ýetýärdi, darajyk köýnegiň astyndan göwüslerini güjeňleýärdi; aýagynda gonjy dyzyna ýetip duran beýik ökjeli gyzyl gaýyşdan tikilen ädik bardy. Şeýle bir reňk çalnypdyr welin, ýüzi ýalkym saçyp ýanyp durdy. Ella Dewidiň bu zenany tolgunyp, hyjuw bilen, göýä emejen guzy ýaly öpüşini hyýalynda janlandyrdy. Şol mahal onuň maşgalasynyň ýanynda perde edinýän salykatlylygyndan nam-nyşan ýokdy... Ynha, şol pursatda hem-de hut şol ýerde «Aňsat bişirmek sungaty» kitabyndan nusga alyp taýýarlan naharyny iýip otyrka, äriniň başga bir aýaly öpüşini göz öňüne getirip oýa çümen Ellanyň aňynda ýyldyrym çakyp gitdi. Ol şonda sowukganlylyk bilen bir hakykata göz ýetirdi. Hawa, – Ellanyň çekinjeň, ýygra hem-de maşgalasyna artykmajy bilen bagly aýal bolmagy ahmal. Belki, ol ömründe her bir işde öz güýjüňe daýanmalydygyny öwrenen hem däldir, ýöne bir gün onuň alaga-da ähli zady we hemmeleri: aşhanasyny hem, itini-de, zenjefilli kökeleridir hoşboý ysly şemlerini hem, çagalaryny, kaşaň mülküni, goňşularydyr şowhunly agşamlary, ärini, tekjelerde düzüm-düzüm bolup duran tagamnama kitaplaryny... terk edip gitmegi-de ahmal. Ana, şonda ol baryny taşlap, şu gapydan ýeke çemedan bilen çykar-da, aňyrsy görünmeýän bulam-bujarlykdan we majagaýlykdan doly daşky dünýä özüni dik-başaşak oklar. Hawa, Ella Rubinşteýn günlerde bir gün asla garaşylmadyk ýagdaýda gazaba atlanmagynyň ahmaldygyna şu agşam düşündi. Onsoň ol özüni ýyllar boýy ýarym bilesigelijilik, ýarym gaýgy hem-de düşnüksiz ýazgaryş bilen tomaşa eden habarlar gepleşiklerinde görkezilýän wakalaryň bolup geçýän ýeri bolan şol ber-başagaý daşky dünýäde tapmagy mümkindi. Pir Bagdat, 1243-nji ýylyň 26-njy ýanwary Bize goşulaly bäri dokuz aý geçdi. Başda Şemse bir gün kellesine bir hyýal geler-de, goş-golamyny ýygnaşdyryp gider öýdýärdim. Tekge durmuşynyň berk düzgüniniň onuň içini gysdyrýandygy Aý dogan ýaly äşgärdi. Hemmeler ýaly, bellenen wagtda ýatypturmakdan, belli-belli sagatlarda nahar iýmekden, başgalaryň bellän düzgünine eýerjek bolmakdan öler ýaly bezigýäni gözüme ilýärdi. Ol ýalňyz guş deý, ýeke-täk hem erkana bolmaga öwrenişendi. Tekgehananyň durmuşy sabyr käsesini dolaňkyrladýardy. Dogrusy, haçan gaçyp giderkä diýip garaşýardym. Emma hiç ýere-de gitmedi. Onda ruhdaşyny tapmak arzuwy şeýle bir güýçlüdi welin, ähli zada garamazdan, sabyr bilen garaşdy. Günlerde bir gün onuň örän isleýän habaryny özüne aýtjakdygyma, nirä we kimiň ýanyna gitmelidigini salgy berjekdigime berk ynanýardy. Şol ynanjyň saýasynda-da, biziň ýanymyzda galdy. Şol geçen dokuz aýyň dowamynda men ony synlap gezdim. Göýä wagt onuň üçin başgaça − has çalt hemde manyly akýan ýalydy. Beýleki derwüşlerimiň özleşdirmesi hepdelere, käte aýlara çekýän bir meselesini öwrenmek nobaty Şems-i Töwrizlä gelende sagatlar, günler ýeterlikdi. Ol täze hem adatdan daşary zatlaryň ählisine üýtgeşik bilesigelijilik bilen çemeleşýärdi. Her säher daşarda gezelenç edip, uzak wagtlap tebigaty synlaýardy. Köplenç bagda möý kerebini ýa-da gije açylan güldäki çyg damjalaryny synlap durka, üstünden barmak bolýardy. Mör- möjekler, ösümlikler, kristallar, şepbik, tikenler we tutuş tebigat Şems üçin kitaplardyr risalalara garanyňda, has gyzykly, has ylham berijidi. Ýöne men onuň kitap okamany halamaýany hakda hakyt pikir edip ýören günlerim, bir görsem, elinde üstünden asyr aşan elýazma, harplaryň manysyny yhlas bilen birinbirin çözläp dur; okanyny az görüp, gündiz diýmän, gije diýmän ukudan galyp ýör. Soňra ýene bir görseň, hepdeläp ýeke kitabyň hem gatyny açanok. Bu ýagdaý barada özünden soran mahalym şeýle diýdi: − Ynsan öz akylyny aç-mätäç çaga hasaplap, ony çemçe-çemçe bilim bilen doýurmaly. Emma iýmitleriň käbiri çaga nähili agyr düşýän bolsa, käbir bilim hem adama şonuň ýaly agyr bolýar, şony ýatdan çykarmaly däl. Meger, kyrk kadanyň biri şu bolsa gerek. Bäşinji kada: Akylyň kimýasy bilen yşkyň kimýasy başga-başga zatlardyr. Akyl seresapdyr, her ätjek ädimini oýlanyp-ölçerip äder. Ol: «Özüňden ägä bol!» diýip duýduryp durandyr. Ýöne yşk nähili? Onuň ýeke-täk diýýän zady: «Özüňe üns berme, näme işlese şony işlesin!» Akyl aňsat-aňsat ýykylýan däldir. Yşk bolsa dessine özüni zaýalap harap eder. Emma baýlykdyr hazyna harabalykda bolýandyr. Näme bolsa harap kalpda bardyr! Şemsi tanadygymça, onuň aň-düşünjeliligine, edebine, ýiti zehinine haýran galýardym. Ýöne şol bir wagtdada bir zady bilýärdim, Şemsiň adatdan daşary ahwallarynyň çöwre taraplary-da bardy. Mysal üçin, ýüreginde näme bolsa göni aýdýardy. Derwüşlere hemişe başgalaryň hatalaryny hoş görmegi, geçirimli bolmagy, ser berse-de, syr bermezligi öwredipdim. Şems barada aýdylanda, ol hiç bir ýalňyşlyga geçirimlilik etmezdi. Säwlik gördügi şobada aýdýardy. Sözüni gysganyp duranokdy, ýöne ony ýaýradybam ýörmezdi. Başgalaryň gaty görjegini bilse-de, sypaýyçylyk edip durmaýardy. Hatda garşysyndakynyň gahary gelende-de, aňyrsynda neneňsi närsäniň ýatanyny gözi bilen görüp oýlansyn diýip, ony bilgeşleýin öjükdirýän halatlarynyň hem bolýanyna şübhelenmeýärdim. Ony adaty işlere ylgatmak gaty kyndy. Gündelik meselelere takaty ýetmeýärdi. Bir zat bilen öwrenişip ugradygy şoňa bolan höwesi gaçýardy. Haýsydyr bir mejbury işe gatnaşmalydygy aýdylsa, kapasa salnan gaplaň mysaly tüýsi bozulýardy. Eger bir söhbet çak edileninden uzap, içi gysyberse ýa-da biri samsyklaç gep oklasa, şobada turup giderdi. Hemmelere deň göz bilen garasa-da, hiç kime artyk baglanmaýardy. Köp adamyň ýokary tutýan rahatlyk, abadançylyk we atdereje ýaly zatlaryň onuň ýanynda sähelçe-de gymmaty ýokdy. Sözlere ähmiýet bermezdi. Bu hem kadalarynyň biridi: Altynjy kada: Bu dünýädäki çaknyşyklaryň, ýazgaryşlaryň we gapma-garşylyklaryň köpüsi öz gözbaşyny dilden alyp gaýdýar. Sen özüň bol, sözleri köp iş edinme. Yşk diýarynda dil onsuzam öz güýjüni ýitirýär. Aşyk dilsiz bolýandyr. Wagt geçdigiçe, onuň başynyň dikligini alada edip ugradym. Elbetde, takdyrymyzyň Allanyň elindedigi düşnükli. Sanaglymyzyň haçan we nähili doljagyny diňe Onuň bilýändigine-de akylym çatýar. Şonda-da elimden geldigiçe, Şemsiň badyny gowşatmaga, ony has rahat hem tertip-düzgünli durmuşa öwrenişdirmäge çalyşdym. Esli wagtlap munuň hötdesinden gelip biljekdigime ynandym. Ýöne soňra gara gyş başlandy. Onsoň doňduryp barýan sowuklar bilen birlikde ýany hatly bir çapar hem geldi. Ana, şol hat hem bar zady bulam-bujar etdi. | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -5: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |