20:26 Yşk -5/ romanyñ dowamy | |
Hat
Romanlar
Kaýseriden Bagdada, 1243-nji ýylyň fewraly «Bismillahirrahmanirrahim, Gadyrly Baba Zaman, Dünýä gözi bilen görüşmänimize näçe wagt bolandyr. Bu hatyň eliňize özüňiziň we kalbyňyzyň gaýgy-ünjüsiz halatynda gowuşmagyny Alladan dileýärin. Bagdadyň eteklerinde guran tekgäňiz bilen bagly öňden bäri gowy habarlar eşidýärin. Şu haty ýazmagyma bolsa, ençeme wagtlap serimden çykmadyk, öz aramyzda galmagyny isleýän bir meseläm sebäp boldy. Rugsat etseňiz, başdan başlaýyn. Bilşiňiz ýaly, jenap Soltan Alaetdin Keýkubat hezretleri kyn döwürde kämil hökümdarlyk eden, öwgä mynasyp adamdy. Onuň iň uly arzuwy şahyrlaryň, sungat adamlarynyň we aýratyn zehinli pelsepeçileriň rahatlykda ýaşap, işläp biljek şäherini gurmakdy. Dünýäde bolup geçýän şunça gapmagarşylyk, duşmançylyk barada oýlananyňda, ylaýtada, bir tarapdan haç göterijiler, beýleki bir ýandan mongollar hüjüm edýän mahaly, gaty köp adama bu arzuw başa barmajak hyýal bolup görnüpdi. Şu güne çenli nämeler görmedik: hristian musulmany, hristian hristiany, musulman hristiany, musulman musulmany çapmadymy? Dinler, mezhepler, tire-taýpalar, hatda doganlar özara garpyşmadymy? Şeýle-de bolsa, Keýkubat düşünjeli hökümdardy, arzuwyny hasyl etmek üçin Konýany – Nuhuň tupanyndan soňra suw ýüzüne çykan ilkinji şäheri saýlap tutdy. Häzir Konýada bir alym ýaşaýar, adyny, belki, eşidensiňiz, belki, eşiden hem dälsiňiz, ismi Möwlana Jelaletdin bolsa-da, köpler oňa Rumy diýip ýüzlenýär. Bagtyma, maňa ony tanamak miýesser etdi, diňe tanap oňman, oňa halypalyk hem etdim, hasam kakasy aradan çykandan soň, onuň mürşidi boldum hem-de ençeme ýyldan soň, özüm onuň şägirdine öwrüldim. Bagtym çüwen ýeri, dyz-dyza oturyp, onuň bilen bile ylym öwrendik. Hawa, şeýle, gadyrdan, men öz şägirdimiň şägirdi boldum. Ol şeýle bir ylymdar, seýrek duş gelýän hem deňsiz-taýsyz adamdy, belli bir wagtdan soň, oňa öwredere zadym galmady. Şondan soň özüm ondan öwrenip başladym. Elbetde, onuň kakasy-da örän zehinli aryfdy. Rumy hakda aýtmaly bolsa, ol örän az sanly alymda gabat gelýän hünäriň eýesidir: onda diniň daş perdesini sypyryp, özenindäki ählumumy we ebedi jöwheri ýüze çykarmak ukyby bar. Munuň diňe meniň pikirim däldigini bilmegiňiz gerek. Rumy ýetginjekkä, şol goja alym, deňsiz-taýsyz dermanhanaçy, meşhur melhemçi-attar bilen tanşypdyr. Şonda Feridütdin-i Attar hezretleri: «Ynha, haý diýmän, bu oglan älemiň ýüregi ýaralylarynyň kalbyna ot salar» diýipdir. Ygtybarly filosof, ençeme kitaplaryň ýazary we mutasawwuf Ibn-i Araby hezretleri bolsa, bir gün ýaş Rumynyň kakasynyň yzyna düşüp barýanyny görüp: «Fesubhanallah! Umman kölüň yzyna düşüp barýar» diýipdir. Heniz ýigrimi dört ýaşyndaka, Rumy şeýhlik makamyna ýetdi. Şondan tegelek on üç ýyl soň, häzir Konýa halky ony özüne görelde edinýär. Her anna güni çar tarapdan gelen adamlar diňe Möwlananyň juma hutbalaryny diňlemegiň hatyrasyna şähere üýşýärler. Ulug hezretleri fykyhda, pelsepede, müneçjimçilik ylmynda, kimýada we hatda hasap ylmynda deňsiz-taýsyzdyr. Eýýämden onuň on müň müridiniň bardygyny aýdýarlar. Müritleri onuň agzyndan çykan her sözi örän ýokary tutýarlar hem-de ony diňe bir yslam taryhynda däl, dünýä taryhynda-da düýpli özgerişliklere öňbaşçylyk etjek beýik nurana şahs hasap edýärler. Mundan esli wagt öň, Kaýserä göçdüm. Aramyz uzakda bolsa, Rumyny hemişe oglum hasap edýärin. Ondan ýekeje pursat hem dogalarymy gysganmajakdygym barada kakasyna söz berdim. Emma meniň sanaglym dolup ýör, bir aýagym görde. Rumy her näçe kämil hem ylmyna mynasyp adam bolsa-da, onuň kalbynda hiç kim düşünip bilmeýän bir boşluk bar. Ol boşluk maşgalasynyňam, müritleriniňem dolduryp bilmedik boşlugydyr. Maňa içini dökende özi-de birnäçe gezek şuňa meňzeş bir zatlary ýaňzytdy. «Hamlykdan-çiglikden daş, sap adamdygyňa şübhäm ýok, ýöne sen heniz yşk odunda bişeňok. Badaň pürepür bolsa-da, onuň dolupdaşmagy üçin ruhuňa ýol açmak gerek» diýdim. Näme etmeli diýip soranda: «Saňa bir ýoldaş gerek» diýip, «Mömin möminiň aýnasydyr» diýen hadysy ýatlatdym. Bu gürrüň gaýdyp gozgalmadyk bolsa, belki-de, bütinleý unudardym. Ýöne Konýadan gaýtmazymdan ozal, Rumy maňa bir düýş barada gürrüň berdi. Ol düýşünde uzakdaky bir diýarda aryň öýjügini ýadyňa salýan şäherde bir adamy gözleýärmiş. Töwerekde arapça sözler ýazylgymyş. Agşamara, şapak diýseň owadanmyş. Tut agaçlaryndaky bukanjak pilelerde wagtynyň gelerine garaşýan ýüpek gurçuklary barmyş. Soňra ol özüni öýüniň howlusynda, guýynyň başynda eli çyraly garaşyp duran görnüşde görüpdir. Biriniň yzyndan aglap durmuş. Ilkibaşda bu düýşüň nämä delalat edýändigini kesgitläp bilmedim. Gürrüň beren düýşünde hiç hili üýtgeşik zat ýokdy. Şol döwürler bir gün «tötänden» ýüpek elýaglyk sowgat alanymda, düýşüň ýorgudyny tapdym. Ýüpek gurçugyny nähili eý görýäniňiz ýadyma düşdi. Tekgäňiz barada eşiden zatlarymy ýatladym. Rumynyň düýşünde gören ýeriniň siziň dergähiňiz bolmagynyň ahmaldygy hakynda oýlanyp başladym. Gepiň keltesi, gardaşym, Rumynyň gözleýän ýoldaşy siziň üçegiňiziň astynda bolmaly diýen netijä geldim. Ynha, şu hatymy ýazmagymyň sebäbi-de şol. Şeýle adamyň tekgäňizde bardygyny-ýokdugyny bilemok, ýöne eger bar bolsa, oňa garaşýan ýazgyt baradaky maglumaty özüne aýdyp-aýtmazlyk size bagly. Bu möwçli derýalary biri-birine gowuşdyryp, olara Ylahy Yşk ummanyna tarap bir akabada akmaga, iki Hak dostuny tanyşdyrmaga sähelçe-de bolsa peýdamyz degse, ikimiz üçin-de, gör, nähili bagtyýarlyk! Ýöne göz öňünde tutmaly ýene bir aýratynlygyňyz bar, Rumy her näçe täsirli, mertebeli, örän gowy görülýän şahs hem bolsa, onuň garşydaşy ýokdur öýtmek bolmaz. Has beterem öňbaşçy ruhany wezipesini göterýän adamyň göz-görtele üýtgemegi asla garaşylmaýan hoşnutsyzlygyň, çaknyşyklaryň döremegine sebäp bolmagy ahmaldyr. Rumynyň ýoldaşyny aşa gowy görmegi-de hossarlarydyr ýakynlarynyň arasynda ynjalyksyzlyga sebäp bolup biler. Hemmeleriň eý görýän adamynyň halaýan kişisiniň hemmeleriň ýigrenjini öz üstüne çekmegi mümkin. Bu zatlaryň Rumynyň jan ýoldaşyny hatda çak edip bolmajak howpuň içine atmagy ahmal. Başgaça aýdanymyzda, gardaşym, Konýa iberjek adamyňyzyň yzyna gaýdyp barmazlygy mümkindir. Şeýlelikde, Rumynyň ruhdaşynyň kimdigini anyklap, uşbu haty oňa mälim etmezden ozal, islegim, bu meseläni ýagşy ölçerip-döküp görmegiňizdir. Sizi kyn günde goýan bolsam, bagyşla. Ýöne Allanyň öz bendelerine göterip bilmejek ýüki ýüklemeýändigini ikimizem bilýäris. Bu pakyryň günleri sanalgydyr. Jogabyňyz gelip gowuşýança, şu älemden göçmegim ahmaldyr. Ýöne nähili bolanda-da, dogry ugry saýlap aljagyňyza ynamym uludyr. Alla tekgäňizden öz şepagatyny we merhemetini kem etmesin, Şeýh Seýýit Burhanetdin». Şems Bagdat, 1243-nji ýylyň 18-nji sentýabry Bir zatlar-a bolup geçýär. Geçen gyş Şamdan gelen çapary görüp, hemmämiz eýgilikdir-dä hernä diýip, ünjä galdyk. Ýylyň şu paslynda ýollary galyň gar basýany üçin, bu ýerlere aňsat-aňsat kesekiniň aýagy düşmeýärdi. Eger çapar gar-gaý diýmän, hat getirýän bolsa, onda diňe iki zady çak edip boljakdy: ýa-ha möhüm bir zat bolandyr, ýa-da bahym boljakdyr. Çapar gideninden soň, tekgehanadakylaryň hemmesi hatda näme ýazylandygy hakynda çaklama ýöredip başlady. Ýaş derwüşleriň ählisi Baba Zamana gelen hat bilen gaty gyzyklanýardy. Ýöne mürşit hiç kime sähelçe-de syr bermeýärdi. Onuň ýüzi ýapyk gapy ýalydy. Öte syrlydy. Haçan görseň aljyraňňydy, pikire çümüp ýördi. Onda wyždany bilen ýaka tutuşyp, möhüm bir karara gelmäge aýgyt edip bilmeýän adama mahsus ümsümlik peýda boldy. Şol wagtyň dowamynda Baba Zamany ýakyndan öwrendim. Muny diňe bilesigelijiligim sebäpli etmedim. Çaparyň getiren hatynyň özümi bilniksiz gyzyklandyrýandygyny syzýardym, ýöne nähili baglanyşygynyň bardygyny anyklap bilmeýärdim. Maňa ýol görkezsin diýip, uzynly gijeler tesbih çekip, Allanyň gözel atlaryny – Esmaýy-hüsnanyň togsan dokuzysyny zikir etdim. Her gezeginde Allanyň atlarynyň biri öňe çykdy: El-Kaýýum – ukusy bolmadyk, hiç haçan uklamaýan, barlyklara höküm edip, olary ugrukdyrýan, ezeli we ebedi gaýym bolan... Şol günlerde dergähdäkileriň ählisi hat barada gürrüň edýärkä, men öz başyma howla çykyp, egnine gardan ýapynja çolanan Tebigat enäni synlap geçirdim. Ahyry säherleriň birinde aşhanadaky mis jaňyň kakylýan sesini eşitdik. Hemmeler mejlise çagyrylýardy. Otaga baranymda iň kiçi şägirtden iň ýaşuly sopa çenli, derwüşleriň ählisiniň şol ýerde döwre gurap oturandygyny gördüm. Halkanyň ortarasynda bolsa mürşit. Ol dodaklaryny pugta ýumup, agyr pikirlere berlip, ellerine garap otyrdy. Hemmeler ornaşansoň, Baba Zaman başyny galdyryp: − Bärik näme üçin çagyrylandygyňyzy bilesiňiz gelýändir − diýdi. − Çak edişiňiz ýaly, ýygnanyşygymyz gelen çapar bilen bagly. Hatyň kimden gelendigini soramaň. Ýöne şol hatyň möhüm bir meselä ünsümi çekendigini aýdaýyn. Baba Zaman biraz sägindi, penjireden daşaryk seretdi. Ol ýadaw görünýärdi, reňki öçügsidi. Soňky birnäçe günüň içinde mese-mälim horlanypdy, hatda garran ýalydy. Emma sözüni dowam edende sesine garaşylmadyk aýgytlylyk çaýyldy: − Uzak bolmadyk şäherde dünýäniň beýik alymlarynyň biri ýaşaýar. Ol kelamda ussat; takwadyr ybadatda kämil, ylymda we magrifetde başarnykly alym. Müňlerçe kişi oňa hormat-sarpa goýýar. Onuň sözlerine teşne köp, muşdagy ondanam kän. Emma Ylahy yşkda eräp, ýok bolmany üçin ol «menlik» şübhesinden doly saplanyp bilmändir. Onuň näme üçindigini soramaň, ýöne tekgehanamyzdan biri gidip, oňa jan ýoldaşy bolsa peýdaly bolardy. Gulaga öwrülip diňledim. Demimi almadym. Şeýle bir tolgundym welin, ýüregim gursagyma sygmajak boldy. Şonda kyrk kadadan biri serimden geçdi. Ýedinji kada: bu durmuşda ýeke özüň bir gyra çekilip, diňe öz sesiň ýaňyny eşidip, Hakykatyň üstüni açyp bilmersiň. Sen özüňi doly suratda diňe başga bir adamyň aýnasynda görüp bilersiň. Baba Zaman sözlerini dowam etdi: − Bu örän kyn ruhy syýahatdyr. Aramyzdan göwünjeň tapylar diýen umyt bilen sizi şu ýere ýygnadym. Bu işe biriňizi belläp hem bilerdim, ýöne wezipe hökmünde berjaý edeniň bilen boljak iş däl bi. Ol diňe yşk üçin hem-de yşk bilen berjaý edilip bilner. Ýaş talyplaryň biri rugsat alyp: − Bu gürrüň edýän alymyňyz kimkä, halypa? – diýdi. − Adyny diňe gitmäge göwünjeň adama aýdyp biljek. Muny eşidip, birnäçe derwüş tolgunyp, sabyrsyzlyk bilen elini galdyrdy. Jemi dokuz höwesek çykdy. Menem goşulamsoň, on bolduk. Baba Zaman ellerimizi ýatyrmagymyzy yşarat etdi-de, ýumşaklyk bilen sözüniň üstüni ýetirdi: − Belli karara gelmezden öň, bir zady bilmegiňiz gerek. Ynha, şonda ol bu syýahatyň iniş-çykyşlardan hem her jüre güzaplardan, mähnetden hem howp-hatardan doludygyny, hatda yza gaýdyp gelmäge kepilligiň hem ýokdugyny mälim etdi. Elleriň meniňkiden başgasy şobada aşak ýatdy. Baba Zaman maňa tarap ýüzüni öwrüp, gözlerimiň içine garady. Nazarlarymyz çaknyşanda bir zada göz ýetirdim; ol ilkibaşdan ýeke-täk göwünjeňiň özüm boljakdygymy bilýän eken. − Töwrizli Şems... – diýip pyşyrdady. Hamala, adymy aýtmak oňa kyn düşen ýalydy. – Maksadyňa ýetmekde tutanýerlidigiňi bilýärin. Ýüregiňi berk bire baglamagyň bolsa, öwgä mynasyp, ýöne seni bu tekgehananyň agzasy hasap edip bolmaz. Sen – myhman. − Näme parhy bar, pirim? Bu näme üçin böwet bolmaly? – diýip, men öz diýenime tutdum. Pirimiz uzak dymdy. Soňra birden garaşylman durka, aýak üstüne galdy-da, mejlisi jemledi. − Häzirlikçe bu meseläni goýbolsun edýäris. Howlukmaçlyk etmegiň hajaty ýok. Soňra ýene bir maslahat ederis. Dünýäm daraldy, öz ýanymdan nägile boldum. Bagdada ruhdaşymy tapmak üçin gelendigimi gaty gowy bilýän halyna, Baba Zaman näme üçin takdyrymyň tejelli etmeginden meni mahrum etdikä? − Pirim, näme üçin dessine ýola düşmeli däl-de, garaşmaly? Halysalla çynym, aýdyň. Haýsy şäherdekä, kimkä ol alym? Aýdyň, häziriň özünde ugraýyn. Ýöne mürşit özüne mahsus bolmadyk çürt-kesik hem sowuklaç äheňde soňky sözini aýtdy: − Çekeleşer ýaly zat ýok. Söhbet tamam boldy! * * * Bu ýyl soňy görünmeýän, agyr gyş boldy. Baglar doňup, daşa döndi. Soňky üç aýda hiç kim bilen gürleşmedim. Her gün pyntyk ýaran agaç görmek umydy bilen uzak wagtlap garda ýöredim. Ýöne gyş ýowuzdy. Bahar hiç haçan beýle kynlyk bilen gelmändi. Ýöne görenler meni garamsal hasap etselerde, kalbymda hemişe umyt hem şükranalyk bardy. Çünki başga bir kadany hiç ýadymdan çykarmaýardym: Sekizinji kada: Başyňa nä iş düşse-de, göwnüçökgünlige berilme, ruhdan düşme. Ähli gapylar ýapylsa-da, ahyrynda Ol saňa hiç kimiň bilmeýän gizlin ýodasyny görkezer. Sen häzir görüp bilmeýän hem bolsaň, dar geçelgeleriň aňyrsynda nijema jennet baglary bardyr. Şükür et! Arzyly islegiňe gowşanyňdan soň, şükür etmek aňsatdyr. Çyn sopy dilegi duş bolmadyk halatynda-da, şükür etmegi başarýan adamdyr. Ahyry bir gün irden görsem, garyň içinde gözüňi gamaşdyryp barýan gyrmyzy reňk peýda bolupdyr. Ýukajyk, edil şygyr ýaly nepis gardeşen güli... Kalbym ylhamlanyp, şatlykdan pürepür boldy. Haýdaşlap tekgehana tarap barýarkam, ýolda gyzyl saçly şägirde gabat geldim. Keýpihonlyk bilen elimi galdyrdym. Ýetginjek meni ençeme aýlap keýpsiz, ýüzi salyk halda görmäge öwrenişen bolmaga çemeli, keýpiçaglygymy görüp, aňkarylyp galdy. − Ýylgyr-a, ogul! –– diýip seslendim. – Ýere ýyly giripdir, ýaz gelýär, göreňokmy? Şol günden soň, tebigat tiz özgerdi. Ahyrky garlar hem eredi, agaçlar pyntyklady. Göçegçi guşlar topartopar bolup gaýdyp gelseler, serçeler şahalarda hoşowaz nagmalary bilen jürküldeşýärdiler. Ajaýyp hoşboý ys ähli ýeri gaplap alypdy. Onsoň säherleriň birinde ýene mis jaň kakyldy. Bu gezek ilkinji bolup özüm bardym ol ýere. Ýene ählimiz piriň töwereginde halka tutup oturdyk. Baba Zaman şol uzak bolmadyk şäherde ýaşaýan alym barada gürrüň berip: − Şu mejlisde onuň kalbynyň gapysyny açmaga meýilli adam barmy? – diýip ýüzlendi. Pir ol ýere gideniň yza gaýdyp gelmezliginiň ahmaldygyny-da aýdyp, sözleriniň üstüni ýetirdi. Ýene, diňe men göwünjeň boldum. − Diýmek, bu syýahata höwesek diňe Töwrizli Şemsdä. Düşünýän. Emma belli bir karara gelmezden öň, güýze çenli garaşmaly bolar. Aňk bolup galdym. Üç aý gaýra süýşürenden soň, ýola düşmäge doly taýýar hem bolsam, goja pir ýene alty aý garaşmagymy isleýär. Ýüregim gursagymdan atylyp çykdymyka öýdüpdirin. Tutanýerlilik bilen Baba Zamanyň dodaklaryndan şol alymyň adyny eşitmäge çalyşdym. Emma netije bolmady. Ýüzüme seredeýin hem diýmän, turmak bilen boldy-da, gürrüňe nokat goýdy. Ýöne bu gezek garaşmagyň has aňsat düşjegini bilýärdim. Gyşdan ýaza çenli gaýrat etdim ahyry, ýazdan güýze çenli hem garaşaryn, näme garaşman. Baba Zamanyň ýene badymy gaýtarmagy ruhumyň ataşyny söndürmäge derek, gaýta hasam alawlandyrdy. Dokuzynjy kada: sabyr etmek –– ýöne durup garaşmak däldir, öňdebaryjy garaýyşly bolmak diýmekdir. Sabyr näme? Tikene seredip güli, gijä bakyp gündizi hyýalyňda janlandyryp bilmekdir. Allaaşyk bolanlar sabry bägül mürepbesi ýaly hezil edip sorar-da, özüne siňdirer. Onsoňam olar asmandaky täze dogan Aýyň tegelenmegi üçin, wagt gerekdigine düşünerler. Ahyrsoňy güýz paslynyň säherleriniň birinde mis jaň üçünji gezek kakyldy. Bu gezek ölüp-öçüp, ilden öň barjak bolup durman, rahat hem özümden arkaýyn halda şol ýere bardym. Sabryň soňunyň salamatlyk boljagyna, işleriň ugrugyp gitjegine ynanýardym. Mürşidimiz öňkülerden has tutuksy hem sust görünýärdi, göwresinde sähelçe-de gurbat galmadyk ýalydy. Hemişeki gürrüňinden soň, ýene diňe meniň elimi galdyranymy görüp, ýüzünem sowmady, gürrüňinem üýtgetmedi. Oňa derek parahat görnüşde başyny atdy. − Ýagşy, Şems, görýän welin, ýola düşmeli adam sen bolmaly. Muňa şübhe edere ýer galmady. Ertir daň atanda tekgehanamyzdan ugrarsyň. Baryp mürşidiň elini öpdüm. Ahyrynda gözleýän jan ýoldaşyma duşjakdym, ömrümiň bir bölegini jemlejekdim we ähtimal, bu dünýädäki ýaşaýşymyň ahyrky paslynyň bir çetinden girjekdim. Baba Zaman mähir hem alada doly gözleri bilen ogluny jeňe ugradýan ata ýaly gussaly, ýöne şeýle bir guwançly kaýyllyk bilen ýüzüme seretdi. Soňra jüpbesinden möhürli bukjany çykardy-da, maňa berip, otagdan çykyp gitdi. Derwüşler ýekän-ýekän onuň yzy bilen turup gitdiler. Ol ýerde bir özüm galanymdan soň, bukjadaky mum möhüri aýyrdym. Hatda ussat hatdat tarapyndan ýazylan iki sany gymmatly maglumat –– gitmeli şäherimiň hem sataşmaly adamymyň ady bardy. Görnüşine görä, Konýa şäherine gidip, ady belent Möwlana Jelaletdin Rumyny tapmalydym. Bu ady öň hiç haçan eşitmändim. Meşhur adam bolmagy ahmal, ýöne ol meniň üçin büs-bütin nätanyşdy. Onsoň onuň adyny bogunlara bölüşdirip gördüm, harp-harp edip ýüregime ýazdym: gudratly, wepaly, dim-dik duran, özüne ynamly «R» harpy; mahmal ýaly ýumşaksy, mylakatly we merhemetli «U» harpy; öndümli, işjeň hem gorky-ürküsiz «M» we heniz matal bolup duran, çözülmegine garaşýan sowal ýaly syrly «Y» harpy. Bu ady tä «suw» ýaly, «çörek» ýaly, «süýt» ýa-da «bal» ýaly, «Hak» ýa-da «Huw» kibi, dilim ram edýänçä, gaýta-gaýta tekrarladym... Ella Boston, 2008-nji ýylyň 22-nji maýy Ella penşenbe güni irden bokurdagy gurap oýandy. Ol özüni argyn duýýardy. Birnäçe gün bäri öwrenişmedik depgininde gijäniň bir wagtyna çenli oturany üçin endam-jany agyrýardy. Şeýle-de bolsa ertirlik naharyny öz wagtynda taýýar etdi hem-de maşgalasy bilen bile saçak başyna geçdi. Ekizler mekdepde iň gowy awtoulagyň haýsy okuwçynyňkydygy barada öz aralarynda jedelleşýän mahaly, olary çyny bilen diňlänboldy. Ýöne küýi-köçesi başyny ýassyga goýup, hezil edip ýatmakdy. Birden Orly bir sowaly orta oklady: − Eje, Ewi, Janet gaýdyp öýümize geljek dälmiş diýýär, şeýlemi? Onuň aýdyşynda şübhe hem igenç duýulýardy. − Elbetde, beýle däl. Janet bilen biraz ýaňkalaşdyk, bar bolany şol. Beýle zat hemme maşgalada bolýandyr, geçer gider. – diýip, Ella jogap berdi. Bu gezek Ewi ýaňsydan hem kinaýadan doly gözler bilen gürrüňe goşuldy: − Dogrudanam Skota jaň edip, Janeti taşla diýdiňmi, eje? Ella gözlerini tegeledi, soňra bolsa gözüniň gytagy bilen adamsyna garady. Dewid gaşlaryny galdyryp, ellerini gapdala açyp, çagalara muny özüniň aýtmandygyny yşarat etdi. − Oň ýaly zat ýok – diýip, Ella hemleli äheňde dillendi. – Hawa, Skot bilen gürleşdim, ýöne oňa doganyňyzy taşla, beýleki diýmedim. Bir aýdanym, durmuş gurmaga gyssanmaly däl ekeniňiz – diýdim. − Sen gaýgy etme, men asla durmuşa çykjak däl – diýip, Orly gürrüňe ynamly goşuldy. Ewi dişlerini erbet syrtartdy. − Aý, goý-a, hamala, seni alaýyn diýip duran adam bar ýaly! Ekizleriniň özara degişmelerini diňleýän mahaly, Ella dodaklaryna ýasama ýylgyryşyň gonandygyny duýdy. Onuň öňüni alaýyn diýse-de başarmady. Ertirlikden soň, çagalaryny okuwa ugradýarka, Dewid bilen gapyda aýak üstünden bäş-üç agyz söz alşanynda-da, şol bolgusyz ýylgyryş dodaklaryna möhürlenen ýaly, aýrylman geçdi. Ýüz-gözi diňe hemmeler gidenden soň, ýeke özi aşhana dolanyp baranda kadalaşdy. Ýylgyryş öz ornuny rahatlyga berdi. Ol töweregini argynlyk bilen içgin synlady. Aşhananyň ähli ýeri buýur-bulaşykdy. Ýary iýlen süýtli heýgenege, içi zatly käselere, hapa basan tekjä seretdi. Kölege bir gyrada sabyrsyzlyk bilen gezelenje çykylmagyna garaşýardy. Emma iki bulgur kofedir ullakan bada multiwitamin içeninden soň hem, Ella şeýle bir mejalsyzdy welin, itini zordan howla çykarmaga mejaly ýetdi. Yzyna dolanyp gelende telekätibiň gyzyl çyrajygynyň ýanyp-öçüp durandygyny gördi. Düwmäni basan badyna, Janetiň ýumşak sesi otagy doldurdy: − Eje, sen şo ýerdemi? Bä, ýok öýdýän, bolmasa, telefonyň tutawyny alardyň (hykyrdy sesi). Bilýäňmi saňa aşa gaharlanypdyryn? Ýöne indi köşeşdim. Seniň beýtmäň hem, elbetde, nädogry, Skota jaň etmeli däl ekeniň. Dogrusy, näme üçin şeýdeniňe düşünýän. Eje jan, üstümde mydama kökenek gerip ýörmegiň hökman däl. Enjamyň astynda saklanan ýeter-ýetmez bäbejik birçak ulaldy, indi meniň üçin beýle janyňy ýakyp ýörme! Goý, öz garyma daýanmagy öwreneýin, bolýarmy? Ellanyň gözleri ýaşdan doldy. Janetiň dünýä inen pursadyndaky keşbi ýadyna düşdi. Çym gyzylja, kindiwanja ýüzi gasyn-gasyn, barmaklarynyň ujy näzijek bäbejikdi. Öýkenleri heniz doly ösmändigi üçin ençeme hepdeläp dem alyş enjamynyň astynda ýatmaly bolupdy. Bu dünýä juda taýýarlyksyz gelipdi. Ella näçe gijeleri ukusyz geçirdi. Wagtyndan öň dünýä inen bäbeginiň diri galanyna göz ýetirmek üçin her gezek kislorody çalşyrylanynda tutuş göwresi bilen galpyldap, günüň-gününe, hepdeden-hepdä irikgä bolup geçipdi. Ynha, Taňrydan iň soňky gezek şol döwür dileg edip görüpdi. Ýazgy tamamlanyp barýarka, Janetiň sesi tolgunçly çykdy: − Eje jan, seni gowy görýän, ýadyňdan çykarma. Ella ýylgyrdy. Ünsi dessine Aziz Zaharanyň ýazan hatyna gönükdi. Diýmek, Gwatemaladaky Synan göwünleriň agajy derde ýarap, Aziziň dileginiň bolmanda ýarysy hasyl bolupdyr. Janet ejesine jaň edip, şu ses ýazgysyny goýup, borjuny berjaý edipdir. Indi nobat Ellanyňkydy. Ol gyzyna el telefonyndan jaň etdi. Janet uniwersitetiň kitaphanasynda okap otyran eken. − Mähribanym, ses ýazgyňy diňledim. Bolan işlere gaty ökünýän. Meni bagyşla. Janet çalaja haşlady. − Indi gynanma, hemme zat gül ýaly. − Ýok, beýle däl – diýip, Ella sözüni dowam etdi. – Men saňa düşünmelidim. Durmuşyňa gödeklik bilen goşulyşmaga hakym ýok eken. Janet haýran galaýmaly paýhaslylyk bilen: − Ýadymyzdan çykaraly, owarrasyna gitsin, bolýamy, eje? – diýdi. – Munuň ýaly zatlar her bir maşgalada bolýar ahyry. Gürrüňi diňlänler bu ýerde Janet ejesi, Ella-da hötjet gyzydyr öýtjekdi. − Bolýar – diýip, Ella rahatlanyp dillendi. Şol wagt Janet eşitjek jogabyndan gorkan ýaly, howsalaly, keýpsiz, basyk ses bilen: − Eje, şol gün telekätibe aýdan sözleriň bar-a, şo maňa gaty täsir etdi. Şol diýenleriň dogrumy? Sen çyndanam bagtsyzmy? – diýdi. − Elbetde, beýle däl, şol gün gaty keýpim bolmady-da, diýäýdim – diýip, Ella gaçgaklady. – Üç sany gül ýaly çaga ösdürip ýetişdirdim, onsoň nädip bagtsyz bolýamyşym? Ýöne jogap Janeti doly kanagatlandyrmady: − Diýjek bolýan zadym, kakam bilen ýaşaşyp, özüňi bagtsyz hasap edýäň-dä? – diýdi. Derekli ýalan söz tapmansoň, Ella gönüsinden gelmegi ýüregine düwdi. − Kakaň bilen uzak wagtdan bäri maşgala bolup ýaşaşýarys. Şunça ýyldan soň, aşyk bolup ýörmek kyn. Her bir çatynjanyň başynda bar zat bi. − Düşünýän – diýip, Janet dillendi. Haýran galaýmaly ýagdaý, Ella heniz uniwersitetde okaýan gyzynyň özüne, hakykatdanam, düşünendigini duýdy. Telefonyny öçürende uzak wagtlap etmedik, belki, hemişe soňa goýýan bir işini etdi: özüniň aşyk bolmagyny isledi. Yşk onuň gapysyny kakmaýan bolsa, onuň özi yşkyň üstüne gider. Ýagşy, ýöne nädip? Ýüregi şeýle ýaraly, özüne bolan ynamy şeýle ysgynsyzka, eýse, ärine ýene bir ýola aşyk bolup bilermikä? Onda başga biri näme? Näsazlara sazlaşyk, bimaksatlara maksat, içi gysýanlara sähel tolgunmadyr lezzet sunmakdan başga, bu ýabany dünýäde yşk nämä ýarasyn? Ýagşy, onda yşkdan bireýýäm el üzenler ... olar näme etmeli? Gün ahyrlamanka, Azize hat ýazdy. «Gadyrly Aziz, Synan göwünleriň agajyna asan dilegiň üçin taňryýalkasyn. Belki, seniň kömegiň bilendir, maşgala meselämiz çözüldi. Uly gyzym bilen aram düzeldi. Aýdýanyň dogry öýdýän. Men hemişe iki polýusyň arasynda gatnap ýörün. Ýa-ha gaty sokjaragan bolýaryn, ýa-da öte passiw. Ýa-ha eý görýän adamlarymyň durmuşyna köp goşulyşýaryn, ýa-da bolup geçýän wakalaryň tomaşaçysyna öwrülýärin. Haka bil baglamak –– töwekgellik barada aýdypsyň. Bu sözi ömrümde bir gezegem ulanyp görmändim. Bir zady boýun alaýyn, seniň aýdyşyň ýaly kaýyllygyň rahatlygyny hiç haçan başymdan geçirip görmedim. Onsuzam meniň sopuçylykdan başym çykanok. Ýöne bir zady bilýän: Janet ikimiziň aramyz meniň tagallam bilen däl-de, diňe hötjetligimi hem sokjaryp ýörmämi taşlanymdan soň düzeldi. Eger Haka bil baglamak diýýäniň şu bolsa, onda derdimize ýarajak eken. Menem seniň üçin ýagşy dileg edýärin, ýöne Taňrynyň gapysyny kakmanyma şeýle bir köp wagt boldy welin, maňa «baş üstüne» diýer öýdemok (wiý, seniň romanyňdaky gödeňsi saraýman ýaly gürläýdim öýdýän). Gaýgy etme, heniz ýüregim onuňky ýaly «sirkeleşenok». Häzirlikçe elhal... Bostondaky täze tanşyň Ella. Hat Bagdatdan Kaýserä, 1243-nji ýylyň 29-njy sentýabry «Bismillahirrahmanirrahim, Hormatly Seýýit Burhanetdin gardaşym, Hatyňyzy almak we hemişekiler ýaly, ömrüňizi Hakykat ýoluna bagyşlandygyňyzy görmek maňa örän uly täsir etdi. Emma şol bir wagtda iňkise gidendigimi-de boýun alaýyn. Sebäbi Ruma jan ýoldaşy gözleýändigiňizi okan badyma kim barada gürrüň edýäniňizi bildim. Bilmeýän zadym, mundan beýläk näme etmelidigimdi. Başdan düşündireýin, tekgämde galandar derwüşleriniň biri bar. Ady Töwrizli Şems. Hatyňyzda bildirýän talaplaryňyza harpma-harp laýyk gelýän adam. Riýazatdan ylahyýete, fykyhdan kimýa çenli dürli ugurlarda tanaýan iň sowatly hem-de iň zehinli adamym. Emma Ylahy yşkdan başga islendik bir zada ähmiýet berip, bulaşdyraýsak, ony ýykyp-ýumurmak isleýändigi bilen, käte okap-ýazmakdan hem başy çykýan däl bolsa gerek diýdirip, kelläňi bulam-bujar edýär. Şems bu dünýädäki ahyrky wezipesiniň öz içindäki Gün bilen bir münewweri tanyşdyrmakdygyna, şeýdibem ony röwşenlendirmekdigine ynanýar. Onuň gözleýäni mürşidem däl, müridem. Alladan bir dilegi jan ýoldaşy, bir ruhdaş. Bir ýola ondan näme üçin has köp adama öz sesini eşitdirmegi maksat edinmeýändigini soradym. Sowalyma jogap edip, bu äleme adaty ynsanlar üçin däl-de, ýeke-täk bir adam üçin gelendigini aýtdy. «Bu dünýä «kün» diýen sözden bina boldy, ýagny bar bolmagymyzyň özeninde bir söz durýar, men hem harplardan sözleri, sözlerden hakykaty çykarjak söz ussady bolan bir adama kömege geldim» diýdi. Hatyňyzy alan badyma takdyrynda Rumy bilen duşuşmak ýazylan adamyň Şemsdigine düşündim. Şonda-da tekgehanadaky derwüşlerimiň ählisine deň mümkinçilik döretmek üçin, hemmeleri bir ýere jemledim. Änigine-şänigine çenli aýdyp oturman, ýagdaýy düşündirdim. Bu syýahata çykmaga birnäçe kişi döwtalap bolsa-da, işiň hupbatdan doludygyny eşidip goýbolsun etdiler. Diňe bir adam öňki pikirinde galdy. Ol hem Şemsdi. Bu zatlaryň ählisi geçen gyşda boldy. Baharda hem güýzde hemmeleri ýekän-ýekän synadym. Ýene şol bir ýagdaý gaýtalandy. «Näme üçin beýle kän garaşdyň?» diýmegiň mümkin. Muňa diňe şeýle jogap berip bilerin: «Şemsi örän sulhum aldy. Ony howply syýahata ugratmaga gorkdum». Howpludygynyň sebäbi Şems oňşuksyz adamdy. Ilki bilen, onuň öte buýsanjaň hem gönümeldigini belläýin. Belli bir mekansyz durmuşda ýaşaýarka, oňşuk edipdir, emma şäherde, oturymly adamlaryň arasynda beýle häsiýeti bilen ody öz üstüne çekerinden heder edýärin. Nadanlar oňa düşünmezler, okumyş adamlar bolsa, görüp bilmezler, göriplik ederler. Ine, şonuň üçinem onuň syýahatyny gijikdirmäge çalyşdym. Ýöne bar başaranym onuň gitmeli pursadyny sähel yza süýşürmek boldy. Şems ýola çykmazyndan bir gije öň, onuň bilen tut agaçlarynyň arasynda gezelenç etdik. Ýüpek hem edil yşk ýaly zat. Ol şeýle näzik hem nepis, galyberse-de, çak edilişinden has güýçli hem çydamly, hatda otlukly-da. Şemse: «Seret, ýüpek gurçugy pileden çykan mahaly azap edip ören ýüpegini ýyrtyp parçalaýar. Şol sebäpli-de, ýüpekçiler ýüpekdir ýüpek gurçugynyň ikisinden birini saýlap almaly bolýarlar. Olaryň ikisini-de birden gorap saklap bilmeýärler. Şonuň üçinem köplenç ýüpegi halas etjek bolup, ýüpek gurçugyny öldürmeli bolýarlar. Ýekeje ýüpek elýaglygy üçin, ýüz sany ýüpek gurçugynyň jan berýäninden habaryň barmy?» diýdim. Şemal assadan biz tarapa öwüsdi. Şol pursat ýygryldym. Ýaşyň bir çene baransoň, üşemäň aňsat bolýar, ýöne bu gezekki üşütmäm howadan däldi. Onuň sebäbi şol pursat bir zada göz ýetiripdim, bu Şemsi howlymda iň soňky gezek görşüm boljakdy. Biz şu pany dünýäde gaýdyp, hiç haçan görşüp biljek däldik. Olam şony duýan bolsa gerek, gözlerine hasrat çaýyldy. Daňyň düýbi çyzylanda, ol sagbollaşmaga geldi. Görsem, uzyn gara saçlaryny syrdyrypdyr. Haýran galdym, ýöne sebäbini soramadym, özi-de aýtmady. Diňe bir zat barada dil ýardy: − Bu wakada maňa düşýän paý ýüpek gurçugynyňka meňzeşdir. Rumy ýüpekdir, bogun-bogun bolup saralar. Ýüpegiň dowamatynyň hatyrasyna wagty gutaransoň, ýüpek gurçugy ölmeli bolýar. Ynha, şeýdip, ol Konýa tarap ýola düşdi. Alla ýary bolsun. Duşuşmagynda tükeniksiz haýyrlar bolan bu iki janyň başyny jemlemek bilen dogry iş edendigimize ynanýaryn. Ýöne kalbymda bir ünji bar. Tekgehanamyza aýak basan bu iňňän hyjuwly, herbap, belki-de, iň däli derwüşi eýýämden küýseýärin. Ahyrky netijede ählimiz Allaha amanatdyrys we Oňa dönjegimize hiç hili şek-şübhe ýokdur. Köp dogaýy salam bilen Baba Zaman». Şägirt Bagdat, 1243-nji ýylyň 29-njy sentýabry Menden sorasaňyz, tekgehanada derwüş bolmak aňsat. Näme kyn zady bar? Ertir-agşam otur-da, pyşyr-pyşyr edip doga oka, tesbih çek, zikir çek. Ol-a barypýatan çaga oýunjagy ýaly zat! Esasy kynçylyk şägirt bolmakda! Hemmeler derwüş bolmak agyr işdir diýýär, emma hiç kim täze başlan biz görgülileriň nä günler görýändigi barada dil ýaranok. Şu ýere gelelim bäri eşek ýaly işleýärin. Kä günler şeýle bir ýadaýan welin, düşegime geçenimde el-aýagym syrkyrap, wagty bilen uklap bilemok. Ýöne bu zatlar hiç kimiň piňine-de däl! Teselli berýänem, nebsi agyryp bakýanam ýok. Her näçe işlesemem, hiç ýaranyp bilemok. Adymy bilýän bardyr hem öýdemok. Hamala, adym ýok ýaly, maňa «Gömük talyp» diýip ýüzlenýärler. Ýeňsämdenem: «Käşirkelle, ederinibilmez!» diýip pyşyrdaşýarlar. Ýöne iň erbedi Aşçy atanyň golastynda bolup, aşhanada işlemek! Şol adamyň gursagynda ýürek diýip göterip ýöreni daş bolsa gerek. Dergähde aşpez bolmaga derek, ot gorsap, gan döküp ýören mongol leşgerine serkerde bolsa has gowy gelşerdi. Agzyndan süýji söz çykanyny ýekeje gezek eşiden bolsam, ed-dil golumy goparar taşlaýaryn! Men-ä şol ýylgyryp bilýändir hem öýdemok. Bir gezek durup bilmän, gelen-giden myhmanlary garşylap-ugradýan işikdardan: − Şu tekgehana gelen şägirtleriň ählisi dabara hyrkasy geýdirilmezden öň, men ýaly Aşçy atanyň ýowuz synagyndan geçmeli bolýarmy? – diýip soradym. Işikdar içýakgyç sypaýyçylyk bilen ýylgyryp: − Hemmesi däl, ogul, gatap, şakyrdap duran ham ýalylar şeýdilýär – diýdi. Gatan ham ýaly şakyrdap duranlar-da, şeýlemi? Näme üçin men beýleki şägirtlerden has köp kösenç görmelimişim? Diýmek, nebsim olaryňkydan has uly, has erbet-dä onda? Her gün hemmelerden öň turýan; çeşmeden gowa bilen suw daşaýan. Soňra ojakda ot ýakýaryn, ýüzgözüm gurumdan ýaňa görer ýaly bolmaýança çörek bişirýän, ertirlikde içilýän çorbany taýýarlamagam ýene meniň boýnuma. Aňsat iş däl, hemme zat elli adamlyk gazanlarda bişirilýär. Içine girip, bäş adam dagy arkaýyn ýuwunyp biljek, şeýle äpet olar. Soňundan gazanlary kim ýuwup, kim artmalydyr öýdýärsiňiz? Elbetde, ýene özüm! Bu ýerde hapa atýançam özüm, tämizleýjem, egin-eşik ýuwýançy hem. Gün dogandan ýaşýança, Aşçy ata üstüme buýruk baryny ýagdyrýar: − Käşirkelle, daşaryny süpür! Tekjeler ýalpyldap dursun! Basgançaklary arassala! Howluny tertiple! Git-de odun aýyr! Agaç gaplary ýagla! Pitileri galaýyla! Mürepbe gaýnat, ajyhuruş taýýarla! Hyýar, badamjan dogra, üweme et, gök-sökleri tagama ýatyr, ýöne ägä bol, duzuny kemter ýa zorly edäýmegin, laýyk bolsun, suwy ýumurtga göterip biljek derejede bolsa bolýa. Diýen zatlaryny aýdyşy ýaly etmesem, Aşçy ata jynlan ýaly bolup, gap-çanak bolsun, aý, garaz, eline näme ilse, alyp meniň depämden indirýär. Ýeri, onsoň, işiň bolmasa, baryny başdan başla-da, arassalada otur. Bu zatlary az görýän ýaly, her bir işedenimde kemini goýman doga baryny okamagymy buýurýar. Aşçy atanyň maňa arkaýyn gözegçilik etmegi üçin dogany belent sesde okaýaryn. Birje sözi taşlap geçjek bolaýsam dagy, işimiň gaýtdygy, janymy alyp gelýär. Ynha, ýagdaýym-a şeýle, Taňry gün berse, bir ýandan dogalary ýat tutýaryn, bir tarapdanam eşek ýaly işleýän. Aşhananyň işine döz gelip, ondan üstün çykyp bilsem, bu ýolda tiz kämilleşjekmişim! Aşçy ata şeý diýýär. «Aşagynda ot ýanmasa, heý, gazan gaýnar öýdýäňmi? Nohut bişermi? Senem edil şolar ýalysyň, oduň içinde ah, wah diýersiň, gaýnaý-gaýnaý, elbetde, bişersiň!» Sered-ä tapýan gürrüňine! Men nä nohutmydyryn?! Bir ýola durup bilmedim: «Onyň-a ýagşy-la welin, onsoň bu ot içindäki synawyňyz haçana çenli dowam eder?» diýdim. «Ýene müň gije bilen müň gündiz− diýen bolýar-a, birehim. Soňam akyllysyrap: − Ertekilerdäki Şährizada her gije täze bir erteki toslap tapan bolsa, senem şonuň ýaly döz gelip bilersiň-ä». Bu adamyň kellesi üýtgäpdir! Meniň şu perişan ýagdaýym bilen şol lakgy Şährizadanyň arasynda nähili meňzeşlik bolup bilsin?! Hanym jenaplaryň bar eden işi mahmal ýassyklara, atlas ýorganlara ýassanyp, aýagyny aýagynyň üstüne atmak we bir eli bilen zalym hökümdara hurma, injir, üzüm iýdirip, bir ýandan täsin wakalary toslap tapmak! Munuň nämesi kynmyş, hä? Gelsin-de, meniň çekýän mähnetlerimiň ýaryna çydajak bolup görsün, müň bir gije-hä beýlede dursun, birje hepde mydar edip bilse-de zor boldugy! Synawyň tamamlanmagyna heniz wagt köp. Hasaplaýanyň bardygyny-ýokdugyn-a bilemok welin, özüm-ä diwara her gün bir kertijek edýän: alty ýüz ýigrimi dördünji säher! Bu tekgehanada ilkinji kyrk günümi kiçijik, pessejik hem garaňky hüjrede − çilehanada geçirdim. Ne aýagyňy uzyn salyp bolýar, ne-de dik durup. Ne sagyňa öwrülip bolýar, ne-de soluňa. Hemişe çöküňe düşüp, ykjam oturmaly. Berkden-berk tabşyryp: birdenkä, garaňkylykdan gorksaň, açlykdan aşgazanyň agyrsa ýa-da Alla gorasyn, pynhan düýşler görüp, şeýtan gyzyl-çyzyl küýsedýän damaryňa küşgeleň beräýse, dessine petikdäki jaňy kak-da, ruhy goldaw talap et! − diýdiler. Şol hüjrede kyrk gün boldum. Bir gezegem jaň kakmadym. Serime erbet pikirleriň gelmäni üçin däl. Alla bilýändir, onda-da süri-süri bolup geldi, ýöne şol darajyk ýerde gysylan, külembikäňi hem gymyldadyp bilmeýän halyňa, biraz erbet pikir geleni bilen kime zelel ýeter öýdýäň? Çilehanadan dynanymdan soň, Sertarik geldi-de: «Eti seniňki, süňňi biziňki» diýip, meni Aşçy ata tabşyrdy. Aşhanada çekilen ejir, görlen görgüler iň beteri bolsa gerek. Şonda-da her näçe gahar etsem hem, tä Şems-i Töwrizi gelýänçä, aşpeziň bellän düzgünini bozmadym. Onuň gelen gijesi aşhanadan assyrynlyk bilen gaçdyň diýip, Aşçy ata taýak bilen erbet edip gomuma dartdy. Arkamda çylgym-çylgym taýak yzlary galdy. Soňra aýakgaplarymy aldy-da, uçlaryny daşaryk tarap edip, gapynyň öňünde goýdy. Şeýlelikde, tekgehananyň edebine görä: «Ogul, hoşlaşmaly wagtyň geldi» diýdigidi. − Eger ýüregiňi bire baglamadyk bolsaň, özüňi-de biderek horlap ýörme, meni-de –– diýip, Aşçy ata ters gürrüňe tutdy. – Çeşme eşege gelýän däldir, suwsan eşegiň özi çeşmä gidýändir, ýadyňdan çykarma. Ganagana içmek isleýän üçin tasawwuf hem umman suwudyr! Onuň aýdyşyna görä, menem, elbetde, eşekdim. Dogrusyny aýdanyňda, Şems-i Töwrizi bolmanynda, bärden bireýýäm giderdim. Bu gezende derwüş meni şeýle bir haýran galdyrdy welin, diňe şoňa bolan bilesigelijiligim sebäpli tekgehanada labyr taşladym. Mundan öň beýle abdal görmändim. Hiç kimden gorkusy-ürküsi ýok, hiç kime-de boýun egmeýärdi. Oňa Aşçy ata hem hormat goýýardy. «Meniň mundan beýläk nusga almaly adamym Şems bolar» diýip, öz ýanymdan ýüregime düwdüm. Özüneçekijiligi, ötgür dili, erkanalygy, pitneçi ýasawy bilen meniň halypam ýaşuly, duýgusyny ýitiren garry pir hezretlerimize derek şol bolmalydy. Hawa, Şems-i Töwrizi meniň gahrymanym. Ony görenimden, öz-özüme şeýle diýdim: «Näme üçin misgin derwüş bolmalymyşym. Eger onuň ýanynda hümmet alýançam galsam, menem Şems ýaly, batyrgaý, boýunegmezek bolaryn». Şeý diýdim-de, güýzde Şemsiň başbütin gidýändigini eşidip, şonuň bilen Konýa gitmegi ýüregime düwdüm. *** Gelen kararymy Baba Zamana aýtmalydym. Onuň ýanyna otagynda şemiň yşygyna hat ýazyp otyrka bardym. Meni görenine begenýäne meňzeş däldi. Ýanyna barmagym ony kejikdirýän ýaly, ýüzüme argyn seretdi: − Näme islegiň bar, Gyzyl şägirt? – diýip sorady. Gepi uzaldyp durman, ýagdaýymy düşündirmäge başladym: − Şems-i Töwriziniň gidip barýanyndan habarym bar. Menem şonuň bilen gidäýsem diýýän. Ýolda kömek gerek bolmagy ahmal. Baba Zaman meni ünsli synlady. − Şemse kömek etmek üçin onuň bilen gitmek isleýäňmi ýa-da özüňe ynanylan işlerden gaçmak niýetiň barmy? Heniz synaw tamamlananok. Sen entek mürit hasaplanaňok. − Şems ýaly adama ýoldaş bolmak hem synawyň bir görnüşi dälmidir? – diýip soradym. Hetdimden geçýändigimi bilýärdim. Ýöne piri yrmak üçin, kellämi etegime salmaly boldum. Şeýh başyny egdi, oýa batdy. Ol dyman mahaly menem duran ýerimde dikilgazyk boldum. Häzir maňa iňirdär, Aşçy atany çagyryp, maňa çäre görmegi tabşyrar öýtdüm. Erbet gorkdum. Ýöne ol beýtmedi. Baba Zaman manyly nazary bilen maňa seretdi-de, başyny egdi. − Ençeme wagt bäri seni synap gelýärdik. Dogrusy, agajyň miwesi özünden soň emele gelýänem bolsa, aslyna seretseň, miwe ilkinjidir. Kişiniň nähili derwüş boljagy heniz şägirtkä belli bolýar. Bu ýollar seniň ýörejek ýoluň däl, ogul. Her ýyl tekgehanamyza gelýän ýedi ýetginjegiň diňe biri tarykatymyzda galmagy başarýar. Meniň pikirimçe, derwüş bolmagyň üçin seniň maýaň laýyk däl. Kysmatyňy başga ýerden gözleseň, has haýyrly bolar. Näme diýjegimi bilmedim, ýuwdundym. Baba Zaman sesini gataldyp, sözüni tamamlady: − Töwrizli Şemse ýoldaş bolmak barada aýdanymyzda, ony menden däl-de, özünde sora. Şeýdip, çürt-kesik edenden soň, pir gapyny yşarat edip, hatyna güýmenmäge oturdy. Şeýlelikde, tekgehanadan kowuldygym boldy. Gynanýardym, buýsanjymy elden aldyrypdym. Ýöne, dogrusyny aýtsam, janym rahatlyk tapypdy. Indi men guş ýaly erkanadym. Şems Bagdat, 1234-nji ýylyň 30-njy sentýabry Şu gün säher daňyň düýbi çyzylandan, Baba Zaman bilen razylaşyp ýola çykdym. Atyma atlandym-da, aýagaldygyna sürdüm. Depä ýetenimde aýak çekip, uzakdan ahyrky gezek tekgehana seretdim. Tut agaçlaryna bürenip oturan kerpiçden salnan bina gyrymsy agaçlaryň arasynda bukanjak ýerde mesgen tutan guş höwürtgesini ýadyňa salýardy. Baba Zamanyň boldumly keşbi aňymda ýyldyrym kibi ýalp edip gitdi. Onuň meni gaýgy edýänini bilsemem, beýder ýaly sebäp görmeýärdim. Meniň bilşimçe, Yşka tarap aýagaldygyna ýüwrenlere däl-de, ondan uzaklaşanlara gaýgylanmak lazymdy. Onunjy kada: Gündogaramy ýa günbatara, demirgazygamy ýa-da günorta – haýsy tarapa gitseňem, her bir ugran ugruňy öz içki dünýäňe syýahat bil! Öz içine syýahat eden adam ahyrynda zemine aýlanyp çykar. Özüme Konýada nämeleriň garaşýanyny bilemokdym. Ýöne şäherde maňa nähili ýazgyt garaşýan bolsa, ony ähli gaýgy-hasraty bilen birlikde kabul etmäge taýýardym. On birinji kada: göbegene sanjynyň awusyny duýman, dogrup bolmaýandygyny bilýändir, şonsuz ene rähminden bäbege ýol açylmaz. Özüňden täze we düýpgöter başga bir «seniň» emele gelmegi üçin seniň hem kynçylyklara, her jüre sanjylara taýýar bolmagyň gerek. Tekgehanadan gaýtmazymdan öňki gije otagymyň ähli penjirelerini doly gerimine açdym. Tümlügiň ysy içerik doldy. Şemiň pelpelläp duran yşygynda aýna bölegine garap, saçlarymy syrdym. Burum-burum saçlarym ýere döküldi. Kellämi päki bilen şyr takyr edip gazadym. Soňra birin-birin, emaýlyk bilen sakgalymy, murtumy syrdym, gaşlarymdan dyndym. Işim tamamlanansoň, ýüzümigözümi synladym. Indi keşbim has ýaş, has ýagty görünýärdi. Ýekeje-de gyl bolmansoň, ne ýaşym, ne adym, ne-de jynsyýetim bildirýärdi. Geçmişe-de, gelejege-de däl-de, men häzir diňe şu pursada örklenendim. Baba Zamanyň otagyna razylaşyp hoşlaşmaga bardym. − Görýän welin, syýahatyň seni eýýämden özgerdipdir – diýip, ol täze keşbimi görüp dillendi. – Ýöne heniz başlanogam ahyry. On ikinji kada: yşk bir syýahatdyr. Syýahata çykan her bir ýolagçy özi islese-de, islemese-de, depesinden dabanyna çenli özgerer. Bu ýollary geçip özgermedik ýokdur. Baba Zaman çalaja ýylgyryp, meni ýanyna çagyrdyda, elime bir mahmal guty tutdurdy. Gutuda üç sany zat bar eken: kümüş bilen haşamlanan aýna, keşdelenen ýüpek elýaglyk, onsoňam kiçijik billur çüýşe. − Bular saňa syýahat mahaly kömek eder. Gerek bolanda ulan. Birden, özüňe bolan ynamyň yraň atsa, bu aýna saňa içki gözelligiňi görkezer. Eger biri saňa şyltak atsa, şu ýüpek elýaglyk saňa aslynda iň möhüm zadyň ýürek päkligidigini ýatladar. Çüýşedäki melhem bolsa, hem zahyry – daşky, hem-de batyny – içki ýaralaryňa şypa bolar. Bu zatlaryň her birini elime alyp görenimden soň, gutyny ýapdym-da, Baba Zamana Allaýalkasyn aýtdym. Soňra diýere söz galmady. Günüň ilkinji yşyklary görnende, guşlar owaz edýän mahaly, çyg damjalary şahalardan damyp durka, atyma atlandym. Ugrum Konýa sarydy. Özümi Kadyr Allanyň ýazan ýazgydyna tabşyrdym. Öňde nämeleriň garaşýanyndan habarsyz, hatda o barada bilmek hem islemän, bar güýjüm bilen öňe tarap ümzük atýardym. Şägirt Bagdat, 1243-nji ýylyň 30-njy sentýabry Soňuny saýman, agyldan bir şar gara aty ogurlap, Şems-i Töwriziniň yzyndan eňdim. Başardygymça, arany sazlamaga çalyşsam-da, özümi bildirmän, ony yzarlamak gaty kyn düşdi. Bagdada ýetende, Şems bir bazarda düşläp, ýol şaýyny tutmaga çykdy. Menem «häzir tüýs wagty» diýip, özümi atynyň öňüne okladym. − Gyzyl saçly, gara ýetginjek, näme üçin ýerde ýatyrsyň? – diýip, Şems atynyň üstünde oturyşyna, eglip sorady. Ol hem geň galana, hemem begenene çalym edýärdi. Çöküme düşdüm-de, dilegçi gedaýlar ýaly, ellerimi gowşuryp ýalbardym: − Seniň bilen gidesim gelýär. Sen meniň gahrymanym. Gel, menem seniň bilen gideýin. − Ol-a ýagşy welin, nirä barýanymy bilýäňmi? Aljyradym. Dogrusy, bu barada asla pikir hem etmändirin. − Ýok, ýöne tapawudy näme? Müridiň bolasym gelýär. Seni özüme görelde edinýän. − Biderek gürrüň edýäň. Maňa mürşidem gerek däl, müridem. Men ýeke gezýän. Hiç kime görelde bolarlyk ýagdaýym hem ýok – diýip, Şems teýeneli gürrüň etdi. On üçünji kada: bu dünýäde galp hajylaryň, hojalaryň, şeýhleriň, şyhlaryň sany asmandaky ýyldyzlardanam kän. Hakyky mürşit seni özüne haýran bolmaga däl-de, içki dünýäňe garamaga we nebsiňden ökde gelip, özüňdäki gözellikleriň birin-birin üstüni açmaga ugrukdyrar. − Rugsat et, ýalbarýan, seniň bilen gideýin – diýip özelendim. – Onsoňam her bir meşhur syýahatçynyň ýanynda hökman kömekçisi-beýlekisi bolýandyr. Menem seniň şägirdiň bolaýyn. Şems oýlanýan ýaly eňegini gaşady. Şol pursat maňa rugsat eder öýtdüm. − Gyzyl şägirt, maňa şägirt bolmaga gaýratyň çatarmyka onsoň? – diýip, duýdansyz sowal berdi. Ýerimden çalasyn böküp turdum-da dikeldim. − Elbetde, çatar! Men gaýratlyadamdyryn. − Ýagşy, onda, eger meniň şägirdim bolmak isleýän bolsaň, ilkinji etmeli işiň şeýle: golaýdaky meýhana bar-da, bir küýze şerap alyp gel, onam şu meýdanda başyňa çek-de, iç! Agzymy açyp galdym. Tasawwuf ýolunda bişmek üçin şunça wagtlap, çekmedik zähmetim, görmedik mähnetim galmandy. Günde ýüz ýola ýerleri jüpbäm bilen päkizeledim, tüsseden ýaňa gözlerim ýaşarynça, oduň başynda tabalarydyr tabaklary galaýyladym, syçan gapanlardan öli syçanlary ýygnadym, gepiň gysgasy, görmedigim görde galdy. Ruhanyýetim kuwwatlansyn diýip, bir oturyşyma ýüz sogan dogramaga, äpet gazanlarda ýagly palaw, balsuwuny (kompot) taýýarlamaga, ertirden agşama eşek ýal işlemäge endik etdim. Emma bazar ýaly köpçülik ýerinde hemmeleriň gözüniň alnynda şerap içmek barada aýtmaly bolsa, dogrusy, muňa ynanjym ygtyýar edenokdy. Erbet gorkdum. − Toba estagfurullah – diýdim. – Kakam biläýse, gözümi ýeňsämden çeker. Hossarlarym meni Baba Zamanyň tekgehanasyna kapyr bolup, ýoldan çyk –– diýip ugratmady. –– Ýagşy musulman bol –– diýip ýollady. Şerap içsem il-gün maňa näme diýer?! Goňşy-golam näme diýer? Şems meni ýakyp barýan nazaryndan geçirdi. Ol, hamala, şol ilkinji gije gapynyň ýeňsesinden ony synlan mahalymdaky ýaly, nazary bilen ýüregimi ezip suw etdi. Ahyry kesgitli netijä gelip, atynyň jylawyny çekdi. − Gyzyl şägirt, sen maňa mürit bolup bilmersiň – diýdi. – Özgeleriň näme pikir edýändigine kelläňi köp agyrdýaň. Ýöne, bilip goý, özgeleriň makullamagyny, hormat goýmagyny näçe köp isleseň, olaryň tankydydyr myş-myşlaryna-da şonça köp gulak gabardarsyň. Şemse ýoldaş bolmak mümkinçiligini elimden giderenime düşündim. Elimde barymy edip, özümi aklamaga çalyşdym. − Bolýa welin, «git-de şerap getir» diýeniňizde, ynanjymyň näderejede sagdyndygyny synamakçy bolýansyňyz öýtdüm. Özümi synagdan geçirmeýäniňizi men nireden bileýin? Imanymy synap görýänsiňiz öýtdüm. Şems gaşlaryny çytdy. − Başga biriniň ygtykadynyň mäkämligini synaga salmak biz ynsanlaryň borjy däldir. Bu Allanyň ornuna dalaş etmek bolar. Bendesiniň imanyny ölçerip görmek guluň işi däldigini bileňokmydyň? Diýere söz tapman, ýüzümi sapajak-supajak etdim. Derwüşiň edýän gürrüňlerini ölçerip gördüm. Ýöne tereziniň haýsy jamyna goýjagymy bilmedim. Başym şeýle bir çaşdy welin, çekgäm agyryp başlady. Ýüregim howlaýan ýaly bolup, ýeňimi-ýakamy açyşdyrdym. Şems şol bir wajyplygy bilen gürrüňini dowam etdi. − Gyzyl şägirt, tasawwuf ummanyna özüňi bagyşlamak isleýäň, ýöne öwezine hiç zat beresiň gelenok. Bu iş beýle bolýan däldir! Kim üçin pul-baýlyk, kim üçin şan-şöhrat, kimlere köp ýylyň abraýy, kim üçin bolsa, ten şöhweti esasy duzakdyr! Adam şu dünýäde nämä artyk baha kesýän bolsa, onuň ilki bilen şondan halas bolmagy bu ýolda hökmany şertdir. Şeýle diýenden soň, Töwrizli Şems eglip atynyň boýnuny sypady. Sözüni jemlemek isläp: − Meniň pikirimçe, Bagdatda galyp, eneň-ataň ýanyna dolanyp barsaň, özüň üçin has bähbitli bolardy. Sapýürekli senetkär tap-da, şoňa şägirt dur. Ýüregim gelejekde seniň örän başarjaň täjir çykjakdygyňy buşlaýar. Ýöne hergiz doýmaz-dolmazlardan bolaýmaweri! Indi rugsat etseň, ýola düşeýin − diýdi. Ol maňa ahyrky ýola salamatlyk diledi. Aýagy bilen atyny debsiledi-de, däli şemal, joşgunly derýa kimin bat alyp, atyny aldygyna sürüp gözden ýitdi. Dünýä onuň atynyň toýnaklarynyň astynda gaýyp gidýärdi. Menem atyma atlandym. Tä Bagdadyň eteklerine çykýança, ony kowalap gitdim. Emma aramyz barha açyldy. Ahyrynda ol gözýetimde kiçijik nokada döndi. Garaşdym. Onsoň Alla bilýändir, şol gap-gara nokat gözýetimiň aňrujynda damja kimin eräp, ýitirim bolanyna köp wagt geçeninden soň hem, Şemsiň ýakyp barýan nazaryny bedenimde, hut ýüregimiň çuňluklarynda duýýardym. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 24-nji maýy Bahar möwsüminde Rubinşteýnleriň haşamly mülkünde her gün irden ilki bolup oýanýan, aşhana ilki bolup gelip, ertirlik taýýarlaýan Ellady. Ol ertirligiň gündeki üç wagtyna iýilýän naharlaryň arasynda iň peýdalysydygyna ynanýardy. Aýallar žurnallarynyň birinden bir zat okapdy. Barlaglara görä, ertirligi adat edinen maşgalalaryň agzalary ertirlik edinmeýän ýa-da irden çalak-çulak garbanyp, täze güne başlaýan maşgalalara garanyňda, has agzybir hem bagtyýar bolýarlar. Bu deňeşdirmä her näçe ýürekden ynanýan hem bolsa, žurnalda gürrüňi edilýän şol şowhunly ertirlikleriň lezzetini heniz ol dadyp görmändi. Ertirlik başyndaky gürrüňdeşlik näme üçindir, beýle gülala-güllük bolmaýardy. Oňa derek her kim bir perdeden gopýardy, hiç kimiň üýşüp bir nahardan iýesi gelmeýärdi. Biriniň mürepbeli tort iýesi gelýän bolsa (Janet), beýleki biri mekgejöweniň patragyny çemçeläp oturandyr (Ewi), ýene biri, tabadaky ýumurtgalary tutuşlygyna bir özi iýsem diýýän bolsa (Dewid), dördünji biri hiç zat iýmejek bolup hötjetligine tutýandyr (Orly). Şonda-da Ellanyň garaýşyça, ertirlik edinmek möhümdi. Her gün irden ýaltanman, hemmeleriň iýjek naharyny taýýarlardy, şeýdip, çagalarynyň mekdepde çem gelen gurak-gumursa zady garbanmaga mejbur bolmajaklary hakynda oýlanyp, ene hökmünde muňa guwanardy. Ýöne, ynha, şu gün irden Ella aşhana giren mahaly hemişe bolşy ýaly, kofe taýýarlamaga, pyrtykal sykmaga we çörek gyzartmaga derek, ilki bilen aşhananyň stoluna geçip ýan kompýuterini açdy. Hatlar gutujygyna giren badyna ýüzüne ýagty ýylgyryş çaýyldy. Garaşýan elektron haty gelen eken. Aziz Zahara jogap ýazypdyr. «Gadyrly Ella, Gyzyň bilen araň düzelenine örän begendim. Menem şu gün irden Momostenangodan gaýtdym. Haýran galaýmaly, ol ýerde bary-ýogy birnäçe gün bolsam-da, hoşlaşjak wagtym meni birhili gussa gaplap aldy. Gwatemaladaky bu kiçijik obany gaýdyp görjegim-görmejegim gümana. Nesip eder öýdemok. Heran-haçan bir ýer bilen hoşlaşmaly bolanda, özümiň bir bölegimi ol ýerde goýup gaýdýan ýaly bolýan. Ýöne Marko Polo ýaly dünýäni aýlanyp çyksagam, sallançakdan mazara çenli şol bir öýde gazyk ýaly dikilip geçirsegem, ählimiz üçin ýaşaýyş dogluş bilen ölümden düzülen zynjyrdyr. Onuň başlangyjy hem ahyry bar. Bir pursadyň dünýä inmegi üçin ondan öňki pursadyň ölmegi zerur. Bu edil täze bir «meniň» peýda bolmagy üçin öňki meniň gurap solmagynyň gerek bolşy ýaly... Momostenangodan gaýtmazdan ozal meditasiýa etdim, oý-pikiri boýladym. Özüň barada oýa çümdüm, eý, Bostondaky täze tanşym! Her bir adamyň töwereginde dürli reňklerden ybarat halka bolýandygyna ynanýaryn. Gözlerimi ýumup, seniň reňkleriňi tapmaga synanyşdym. Köp wagt geçmänkä, tolkun şekilli serpilme saýgardyp ugrady. Ýakymly sary, näbelli narynjy we tutuksy metallik goňur reňkler göründi. Meniň pikirimçe, bular – seniň reňkleriň. Örän owadan. Hem aýyl-saýyl, hemem bir bitewi. Gwatemalada ahyrky aýak çeken ýerim Çažul atly kijiräk şäherçe. Bu ýerde jaýlar kerpiçden salnan, çagalaryň gözleri ullakan hem şar gara. Bakyşlary ýaşyna görä däl. Her öýde dürli ýaşdaky aýallar kilim dokaýar. Menem bir eneden seniň üçin kilim satyn aldym. Ol enä bostonly bir hanym üçin sowgat alýanymy, saýlaşmaga kömek etmegini haýyş etdim. Biraz oýlanyp durandan soň, öýündäki üýşmek kilimden birini sogrup aldy. Ynanaý, ol ýerde her dürli reňkli, her hili bezegli ellidenem köp kilimi üýşürip goýupdyr. Ýöne garry aýalyň seniň üçin saýlap beren kiliminde diňe üç hili − sary, narynjy, goňur reňkler bar. Nähili aňk edýän tötänlik, şeýle dälmi?! Elbetde, älemde «tötänlik» diýen zat bar bolsa... Biziň elektron tor arkaly duşuşmagymyzyň hem tötänlik däl bolmagynyň ahmaldygy barada oýlanyp gördüňmi? Size söýgi bilen Aziz. Hatsoňy: isleseň, kilimiňi poçta üsti bilenem ugradyp bilerin ýa-da Bostonda kofe içjek günümiz ýanym bilen alyp bararyn...» Haty okanyndan soň, Ellanyň ýaňaklaryna ýakymly bägül reňki çaýylyp gitdi. Aziz nähili gowy ýazypdyr. Mähirli, sap ýürekden, öz bolşy ýaly, ýasama däl... Gözlerini ýumdy, göwresini gurşap alan reňk guşaklaryny hyýalyna getirdi. Haýran galaýmaly tarapy, hyýalynda janlanan Ella kämillik ýaşynda däldi-de, ýedi ýaşlaryndaky keşbidi. Birmahal ýadyndan çykarandyryn öýdüp ýören ýakymsyz ýatlamalar hyýalynda janlandy. Çagalygyny, öýkelekligini, özüni ýalňyz duýan pursatlaryny ýadyna saldy... Ejesini ýatlady, ol egni açyk ýaşyl reňkli, büzmeli öňlükli, eli togalak, ortasy deşik tor gaply, ýüzi kül reňk nikaply, öçügsi hem tükeniksiz hasrat bilen aşhananyň gapysynda aňalyp durdy... Başda kakasynyň jansyz bedeniniň üstünden Ella barypdy. Jaýyň petiginden ýalpyldawuk, oýnawaç ýürek şekilleri, toplar, gutular sallanyşyp durdy, içeri ýagtydy. Täze ýyl baýramçylygy günleridi. Baýramçylyk bezegleriniň arasyndan bolsa bir göwre sallanyp durdy. Kakasy özüni asypdy. Tutuş ýaşlyk ýyllary Ella kakasynyň ölümi üçin ejesini günäkärläp gezipdi. Şondan ötri heniz ýaşajyk gyz mahaly öz-özüne bir zady söz beripdi. Ol ejesiniň goýberen ýalňyşlygyny gaýtalamaz, maşgala guransoň, ärini elmydama bagtyýar eder. Onuň nikasy ölinçä bozulmaz, ene-atasynyňky ýaly, az wagtlyk bolmaz. Belki-de, şol sebäpli, ýagny öz maşgala durmuşynyň üýtgeşik bolmagy üçin, ejesiniň edişi ýaly, hristian adam bilen däl-de, öz ynanjyndan bolan jöhit adam bilen maşgala gurmak isläp, Dewide durmuşa çykypdy. Ella bilen ejesiniň arasyndaky tow uzaga çekdi. Ol soň-soňlaram ejesini ýigrener ýörerdi. Diňe birnäçe ýyl mundan ozal köne saman sowurmagy goýbolsun etmegi başardy. Gahar edip ýörmekden ol halys bolupdy. Geçmişe gahar etmek agyr ýükdi. − Eje! O-ho-ho-o! − Zeminden ejeme! Zeminden ejeme! Eje, jogap ber! −... Ella aşhanada oýa çümüp otyrka, birden gülki sesine tisginip gitdi. Yzyna garanda özüne ýaňsyly seredip duran dört jübüt göze nazary düşdi: Orly, Ewi, Janet hem Dewid. Dördüsi-de bir wagtda ertirlik edinmäge düşen bolmaly. Häzir üýşüp duruşlaryna oňa geň-taň bir jandary synlaýan ýaly seredişýärdiler. Boluşlaryna, ýüzgözlerine seretseň, olar şol ýerde esli wagtlap durup, ünsi çekmäge çalşan bolmalydylar. − Eje, näme bolýar-a? Iki sagat bäri saňa seslenýäris welin, eşideňogam – diýip, Orly dillendi. Dewid nazaryny gizläp: − Ekrana beýle gaty ünsüňi beripsiň-le? – diýip mydyrdady. Ella äriniň nazary eglenýän ýere seretdi. Ekranda Aziz Z.Zaharanyň elektron haty açyk durdy. Dessine ýan kompýuterini öçürdi. − Neşirýat üçin bir topar okamaly zadym bar – diýip, Ella dillendi. − Hasabatnamamy wagtynda tabşyrmaly. Özüň bilýäň, şu romanyň üstünde işleýän. Ewi özüni örän çynlakaý tutup, gürrüňe goşuldy. − Ýöne hasabatnama ýazaňokdyň-a! Gözüm bilen gördüm, elektron hat okap otyrdyň. Ella çym gyzyl boldy. Ýetişen çagalary näme üçin ulularyň kemçiliklerini, ýetmezini tapjak bolup ölüp-öçüp barýarkalar? Ýöne, her hal, maşgalanyň beýleki agzalarybu gürrüňlere üns bermedik borly. Häzir hemmeler üsti boş stola tarap seredişip durdular. Orly bilesigelijilik bilen ejesine garady-da, hemmeleriň serinden geçirip duran pikirini orta atdy: − Eje, bu gün bize ertirlik taýýarlamansyň-la. Haýran galaýmaly! Bu söz Ellany-da saňsar eden ýalydy. Daş-töweregine seretmek gezegi indi onuňkydy. Ne kofäniň tüssesi çykýardy, ne-de ojagyň üstündäki tabada ýumurtga bardy. Çörek gyzardýan enjam hem boşdy. Dogrusy, nä döw çalyp, robot ýaly, üýtgewsiz endigine görä her säher saçagy dürli-dümen naz-nygmat bilen bezeýän aýal bu gün irden ertirlik taýýarlamagy ýadyndan çykaraýdyka? Şol pursat Ella öz aňynyň Azize gidendigine düşündi... Häzir ol ullakan hem aňrybaş oňaýly öýde däl-de, Gwatemalada, şonuň ýanynda bolmak üçin, gör, nämeler etmezdi... | |
|
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -16: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr - 22.06.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |