18:14 Yşk / roman | |
YŞK
Romanlar
• Terjimeçiden XIX asyryň ikinji ýarymynda ýüzüni Ýewropa öwren türk edebiýaty şondan soň, örän uly özgerişligi başdan geçirdi. Türkiýäniň we Ýewropa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okap ýetişen türk ýazyjyşahyrlary öz halkynyň durmuşyny, dünýägaraýşyny, türk medeniýetiniň ruhy gymmatlyklaryny, gelejegi nazarlaýan arzuw-islegini bütinleý täzeçe, täze eýýamyň talabyna görä beýan etmäge çalyşdylar. XX asyryň başlarynda alty ýüz ýyllap dowam eden Osmanly soltanlygysynyp, Türkiýe Respublikasy (1923ý.) yglan edildi. Bu ägirt özgerişlik türk edebiýatyna-da uly täsir etdi. Türk ýazyjy-şahyrlary döwür bilen aýakdaş gopmagy başardylar, türk edebiýaty dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýan edebiýata öwrüldi. Ömer Seýfetdin, Ahmet Hamdy Tanpynar, Eziz Nesin, Kemal Tahyr... ýaly görnükli türk ýazyjylary, Mehmet Akif Ersoý, Nazym Hikmet, Nejip Fazyl Kysakürek, Arif Nihat Asýa... ýaly şahyrlar ýetişdi. 2006-njy ýylda türk ýazyjysy Orhan Pamuk edebiýat ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Häzirki döwürde ýyldyzy parlaýan türk ýazyjylarynyň biri-de, Elif Şafakdyr. Bu ýazyjynyň 2009-njy ýylda neşir etdiren «Yşk» romany iň gysga wagtda iň köp satylan kitap hökmünde türk edebiýatynyň taryhyna girdi. «Yşk» romany Amerikanyň Boston şäherinde ýaşaýan Ella Rubinşteýniň durmuşyndan söz açyp başlaýan hem bolsa, ol Gündogaryň beýik akyldary Jelaletdin Rumy hem onuň jan ýoldaşy, halypasy Töwrizli Şems baradadyr. Özünden soňa ägirt uly edebi miras goýan, eserleri Ystambuldan Deli aralykda iri ylym-bilim ojaklarynda öwrenilen Jelaletdin Rumy bilen Töwrizli Şemsiň dostlugyny soňky asyrlarda ýaşap geçen alymlar «iki ummanyň duşuşygyna» meňzedipdirler. Elif Şafagyň iňlis hem türk dilli okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan «Yşk» romany türkmen çeper edebiýat muşdaklarynyň hem göwnünden turar diýip umyt edýäris. Türk dilinden terjime eden Meretmämmet HANMÄMMEDOW. * * * 1971-nji ýylda Fransiýanyň Strasburg şäherinde dünýä inen Elif Şafagyň çagalyk hem ýaşlyk ýyllary Ankarada, Madridde, Ammanda, Kölnde, Ystambulda, Bostonda, Miçiganda we Arizonada geçdi. Ol ýokary bilimi Ýakyn Gündogar Türk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminde aldy, ylmy işlerini-de şol uniwersitetde gorady. Elifiň ilkinji romany bolan "Pynhan" 1998-nji ýylda Jelaletdin Rumynyň adyny göterýän Uly baýraga mynasyp boldy. Bu eserinden soň, ol "Şäheriň aýnalary" we Türkiýäniň Ýazyjylar Birleşiginiň baýragyna mynasyp bolan "Mährem" (2000 ý.) atly eserlerini ýazdy. Soňra ýazyjy iň köp satylan eserleriň sanawynda ilkinji orny eýelän "Bit palas" (2002ý.) we iňlis dilinde ýazan "Araf" (2004ý.) eserlerini neşir etdirdi. Elif Şafak "Gaýtgyn" (2005ý.) eserinde aýallar, medeni bölünişik, dil we edebiýat barada ýazan eserlerini jemledi. Ol 2006-njy ýylda, ýylyň iň köp okalan eseri bolan "Çöpdüýbi we onuň kakasy" romanyny okyjylara ýetirdi. Mundan soňra bolsa ençeme aýlap, iň köp satylan kitaplaryň sanawynda ilkinji orny eýelemegi başaran "Gara süýt" atly terjimehal kitabyny ýazdy. Eserleri iňlis, nemes, italýan, polýak dilleri ýaly ýigrimiden-de köp dile terjime edilen Elif Şafagyň romanlary "Farrar", "Straus and Giroux", "Wiking" we "Penguin" ýaly dünýäniň iň abraýly neşirýatlary tarapyndan neşir edilýär. Elif Şafak eserlerini türk, iňlis dillerinde ýazýar. ● Giriş Bir daş derýa gaçaýanda-da täsiri o diýen bildirip durmaz. Sähel oýjuklanar-da, suwuň ýüzi çala tolkun atar. «Jülp» eden ýaly ses çyksa-da, şol ses akymyň güwwüldisinde onçakly eşidilip hem durmaz. Bar bolaýjagy, ana, şudur. Ýöne ýaňky daş kölçä gaçybam bir görsün... Onuň täsiri has uzak saklanar hemem güýçli bolar. Ol daş, hut şol daş asuda suwy bulandyryp taşlar. Daşyň suwa düşen ýerinde birbada bir halkajyk peýda bolar, ol halka-da pyntyga dönüp, kem-kemden gül açar, pajarlar, halka-halka bolar barar. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde kiçijik daş, gör, nähili işler aparar. Onuň täsiri tutuş suwuň ýüzüni tutar. Bir görseň, ol ähli ýeri gurşap alandyr, halkadan halka döräp, tä iň soňky aýlawy kenara urlup ýitip gidýänçä, ol şeýdip, ýaýrar barar. Derýa welin, bulanyp, dolup-daşyp akmaga öwrendeklidir. Ýogsa-da, ol çyrpynyp akmak üçin bahana araýar ahyry. Ol okgunly ýaşar, tizem joşar. Özüne oklanan daşy goýnuna salar-da, ony özüniňki däldir öýtmez, «ýuwdar» goýberiberer, aňsatlyk bilenem ýadyndan çykarar. Herhal, şeýle bulam-bujarlyk onuň tebigatynda bardyr. Bir zat artdy nä, kemeldi nä onuň üçin?! Kölçeli gürrüňe dolanyp gelsek, ol beýle duýdansyz tolkun atmalara taýýar däldir. Çaýkanyp, düýpteýkary bilen bulanmagy üçin oňa ýekeje daş ýeterlik. Kölçä daş düşdümi, onsoň ol hiç haçan öňki durkuna gaýdyp gelmez, geleýin diýse-de başarmaz. Özüni bileli bäri Ella Rubinşteýniň ýaşaýşy hem edil asuda kölçe ýalydy. Kyrk ýaşynyň bosagasynda durdy. Näme üçindir onuň endiklerinde, zerurlyklarydyr isleglerinde üýtgeýän zat ýokdy. Günleriniň gelip-geçip durşy üýtgewsizdi, juda birsydyrgyndy, tertiplidi hem adatydy. Ylaýta-da, soňky ýigrimi ýylda durmuşyna degişli zatlaryň ählisini maşgala ýagdaýyna görä laýyklapdy. Aňyndan geçen her bir isleg, tutunan her bir täze jorasy, hatda ähmiýeti bolmadyk etsem-pessemleri-de şonuň bilen baglydy. Durmuşda ýol görkezýän ýeketäk çelgisi ― öýi hem maşgalasydy. Ýanýoldaşy Dewid tanymal diş lukmanydy. Ol işine ökdedi hem-de köp girdeji gazanmagy başarýan adamdy. Ýöne är-aýalyň arasyndaky baglany şyk o diýen mäkäm däldi. Ella bu ýagdaýdan habarlydy, dogrusy, maşgala bolmaklarynda (ylaýtada, olaryňky ýaly uzaga çeken maşgala durmuşynda) ileri tutulýan ýörelgeleriň üýtgeşik bolýandygyna ynanýardy. Maşgalada söýgüden hem hyjuwdan has möhüm zatlar-da bolmalydy: ikitaraplaýyn hoşniýetlilik, mähribanlyk, düşünişmek, hormatsylagdyr sabyrlylyk ýaly... Onsoňam, elbetde, her bir maşgala üçin örän zerur bolan başga bir aýratynlyk hem gerekdi: bagyşlap bilmek! Eger eliňizden gelýän bolsa, hökman geläýmelem, ýanýoldaşyňyz hata iş etdimi, edibem biler, her zat ediň welin, bagyşlaň! Söýgi-pöýgi diýýäňizmi, owarrasyna! Nämesine derkarmyş? Söýgi, yşk diýýänleri Ellanyň öňe tutýan ýörelgeleriniň arasynda bireýýämden bäri soňky orunlarda durýar. Diňe filmlerde bolardy söýgi. Ýa-da hyýalbentligiň döreden romanlarynda. Diňe şolar ýaly ýerlerde baş gahrymanlar bolan gyz bilen ýigit biribirlerini ertekilerden alnan rowaýaty hyjuw bilen jandilden söýüp biler. Ýöne durmuş, hakyky durmuş welin, filmem däldi, romanam! Ellanyň ileri tutýan zatlarynyň sanawynda çagalary ilkinji orundady. Owadan diýseň bärden gaýdýan gyzlary Janetuniwersitetde okaýardy, biri gyz, biri oglan ekizleri (gyzjagaz Orly, oglanjyk bolsa Ewi) ulalyp, ýetginjeklik ýaşyna ýetipdiler. Şeýle hem olaryň Kölege atly on iki ýaşly tohum aw itleri bardy. Bu öýe getirilende ol kiçijik güjüjekdi. Şodur-da şudur, ol Ella gezelenje çykdygy ýanyndan aýrylmaýan wepadar dostuna, ýoldaşyna öwrüldi. Dogrusy, häzir ol garrapdyr, ýarsypdyr; Gözdengulakdan galaňkyrlan Kölegäniň ahyry golaýlap ýördi. Ýöne itiniň günlerde bir gün öljekdigi hakda oýlanmaga welin, Ellanyň bogny ysmaýardy. Her näme-de bolsa, Ella şeýle adamdy, her bir zadyň ahyrynyň bardygyny hiç haçan boýun alasy gelmeýärdi, isle döwür bolsun, isle könelişen adat, hala-da, birmahal arasy üzülen gatnaşyk... Ol ölümi ykrar etmekden ejizdi. Görmezlige salýan şol «ahyrlary» alkymynyň aşagynda duran hem bolsa, olar bilen ýüzbe-ýüz bolmaga ýürek edip bilmeýärdi. Rubinşteýnleriň maşgalasy Amerikanyň Norzemton diýen ýerinde, Wiktoriýa döwrüne degişli goňras reňkli kaşaň jaýda ýaşaýardy. Birneme bejerilip, täzelenmegine mätäçdigi görnüp duran-da bolsa, bu jaý henizem haýbatlydy. Tutuş bäş sany ýatyş otagy, üç ulaglyk awtogoýalgasy, iri-iri parketleri we fransuz usulynda ýasalan gapylary bardy. Üstesine, howlusynda üýtgeşik owadan howuzçasy hem bardy. Maşgala agzalarynyň başdan-aýak ählisi ätiýaçlandyrylandy. Durmuş ätiýaçlandyryşy, awtoulag ätiýaçlandyryşy, ogry-jümrülik boýunça ätiýaçlandyrma, ýangyn hem saglyk ätiýaçlandyrmasy, nepaga hasaplary, çagalaryň ýokary bilimi üçin süýşürintgileridir umumy bank hasaplary... Ýaşaýan jaýlaryndan başga-da, biri Bostonda, beýlekisi Rowd adasynda ýerleşýän iki sany aňrybaş oňaýly öýleri hem bardy. Bu zatlaryň ählisini edinmek üçin Ella-da, Dewid hem eslije der döküpdiler. Her gatynda çagalar hezil edip, ylgap-ýüwrüp oýnap biljek, howurpeçden zenjefilli-dalçynly külçeleriň ysy kükäp duran ullakan jaý edinmek käbir kişiler üçin lenç edilen arzuw bolup görünse-de, olaryň gözüne durmuşyň aňrybaş matlabydy. Olar maşgala durmuşlaryny şu umumy maksadyň üstünde gurupdylar we kem-kemden arzuwlarynyň ählisini bolmasa-da, birentegini durmuşa geçiripdiler. Geçen ýyl Söýgüliler gününde ýanýoldaşy Ella ýürek şekilli almaz tokaly monjugy sowgat edipdi. Onuň ýanyna-da aýyjyk, şarjagaz hemem bir hatjagaz goşupdyr: «Eziz Ellam! Ümsüm, mylaýym, eli açyk hem-de welilere mahsus sabyrly zenan... Meni bolşum ýaly kabul edýäniň hem-de aýalym bolanyň üçin senden hoşaldyryn. Seni müdimilik söýgi bilen gurşajak ýanýoldaşyň Dewid». Ella hiç kimiň, onda-da äriniň ýanynda boýun almadygam bolsa, dogrusy, şu setirleri okan mahaly özüniň ölüm permanyny okan ýaly bolupdy. «Men ölenimde yzymdan şeýle sözler aýtjak ekenler» diýip, içini gürledipdi. Ýöne eger olar çyndanam dogrusyny aýtmaly bolsa, şulary-da üstüne goşmaly bolardylar: «Ella janymyz ömürboýy ärinden hem çagalaryndan başga zady bilmedi. Takdyryň her jüre hupbaty bilen ýeke özi dikleşer ýaly, onuň bilýän zady-da, tejribeside ýokdy. Hiç wagt töwekgellige baş uran aýal däldir ol. Hemişe ätiýaçlydy. Içýän kofesini üýtgetjek bolsada, uzak wagtlap kelle döwerdi. Ol örän çekinjeň, şeýle ýuwaş, ýygra maşgalady. Eger ýüz görmän aýtmaly bolsa, ol barypýatan gorkakdy». Ynha, şu ýagdaýdan habarly bolandyklary sebäpli hiç kim, şol sanda onuň özi hem bir zada asla düşünip bilmedi. Tegelek ýigrimi ýyl maşgala bolup ýaşaşandan soň, Ella Rubinşteýn nähili boldy-da, bir gün irden ärine aýrylyşmak üçin kaza ýüz tutandygyny we özüni maşgala jogapkärçiliginden azat edip, ýeke özi soňy näbelli syýahata çykýandygyny... *** Ýöne, elbetde, sebäbi-de bardy: Yşk! Ella oslagsyz ýerden peýda bolan bir kişä göwün berdi. Olar bir şäherde-de ýaşamaýardylar, bir yklymda-da. Arada ýatan uzak-uzak menziller barada aýt manyňdada, olaryň häsiýetleri hem bolmanda, gije bilen gündiz ýaly parhlydy. Ýaşaýyşlaram büs-bütin başgaçady. Giden bir uçut ýatyrdy aralarynda. Adaty şertler bolanlygynda biri-birine tagapyl etmesi hyllalla boljak hallaryna, olaryň özüni yşkyň oduna atmagy garaşylmadyk waka boldy. Ýöne boljak işe çäre ýok. Onda-da ähli zat şeýle bir tiz bolup geçdi welin, Ella başyna nä söwdalaryň düşenini aňyp, özüni goramagada ýetişmedi. Ynsanyň özüni yşkdan gorap saklamagy mümkinbolsa, elbetde! Yşk Ellanyň ömrüniň şol asuda kölçesine gaýypdan inen daş mysaly, şaglap indi-de, ony elendirip sarsdyrdy, siltedi, duw-dagyn etdi. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 17-nji maýy Bahar paslydy. Bu täsin waka mylaýym howaly asuda bir günde başlandy. Ençeme wagtdan soň, Ella yzyna gaňrylyp bakan mahaly, şol başlangyç pursady aňynda şeýle bir tekrarlar welin, ol göýä geçmişde bolup geçen waka baradaky ýatlama däl-de, oňa ähli zat häli-häzirem älemiň bir künjeginde dowam edýän teatr sahnasy ýaly bolup görner. Wagty: maý aýynyň şenbe günleriniň biri, öýleden soň. Ýeri: öýleriniň aşhanasy. Maşgala bolup üýşüşip, naharlanyp otyrdylar. Äri iň gowy görýän nahary bolan gyzardylan towuk butlaryny tabagyna atyp otyrdy. Ekizleriň biri – Ewi pyçakdyr çarşagyny çakyşdyryp, hyýalynda deprek çalýan ýaly ses edýärdi, ekiz taýy gyz Orly bolsa, günde diňe 650 kilokaloriýalyk iýmitlenmäge ygtyýar berýän täze berhizine eýermek üçin jemi näçe lukma iýmelidigini hasaplap otyrdy. Uly gyzy Janetoýhyýallara gark bolup oturyşyna, eline alan bir bölek çöregine peýnir erginini çalýardy. Maşgala bilen birlikde stoluň başynda Ester daýza-da bardy. Taýýarlan kakaoly tortuny goýup gitmek üçin gelenem bolsa, ol ýanjalyp durlansoň, göwünlerini ýykmazlyk üçin nahara galypdy. Nahar iýlip bolnan dessine bitirmeli bir topar işiň garaşyp durandygyna garamazdan, Ellanyň saçagyň başyndan turasy gelenokdy. Soňky wagtlarda, şeýdip, maşgala bolup, göwnejaý jemlenişip oturybam bilmeýärdiler. Şeýle pursatda her kim birek-birege mähir paýlar diýip umyt edýärdi. ― Ester daýza, Ella saňa täzelig-ä buşlan däldir-dä? ― diýip, Dewid birden dillendi. ― Aýalym üýtgeşik bir iş tapyndy. Bilýäňmi nämedigini, onda-da şunça ýyldan soň. Ella uniwersitetde iňlis dili we edebiýaty bölüminde okapdy. Edebiýaty her näçe gowy görýän hem bolsa, uçurym bolanlaryndan soň, belli bir işiň başyny tutup bilmändi. Diňe aýallar žurnallarynyň birnäçesine ownuk-uşak ýazgydyr makalaiberipdi, kitapsöýerler jemgyýetleriniň käbirlerine gatnapdy, käteýerli gazetlerde kitaplara syn ýazypdy. Bar bolany şudy. Birmahallar abraýly tankytçy bolmaga hyýal ýüwürden hem bolsa, indi o günler birçak yzda galypdy. Ol indi ýaşaýyş şemalynyň özüni bütinleý başga başdangeçirmelere ykdyryp äkidendigi baradaky hakykaty boýun alýardy. Görnükli edebiýat tankytçysy bolmag-a beýlede dursun, indi ol soňy görünmeýän hojalyk işleridir maşgala borçlaryny gerdeninde göterýän, üstesine-de, üç çaganyň aladasy bilen ýanyp-bişýän yhlasly hojalykçy aýala öwrülipdi. Dogrusy, şu durmuşyndan hem beýle bir nadyl däldi. Ene, ýanýoldaş bolmak, itiňi idetmek, öýüň otur-tury, aşhana, howly, gündelik gerek-ýarak zatlary satyn almak, egin-eşikleri ýuwmak, ütük... Onsuzam durmuşynyň hysyrdysy ýeterlikdi. Şular ýaly aladalaryň bar mahaly elýetmez şaha eliňi uzatjak bolup durmagyň nä hajaty bar? Feministlerden ýaňa hyň berýän Smit uniwersitetinde bile okan synpdaş joralarynyň hiç biri Ellanyň saýlap tutan ýoluny unamasalar-da, ol muňa pitiwa etmändi. Öýüniň ody bilen girip, küli bilen çykýan ene, ýanýoldaş hem öý bikesi bolmakdan uzak ýyllaryň dowamynda özünde sähelçe-de ynjalyksyzlanma duýmandy. Maddy ýagdaýlarynyň guratlygy, elbetde, işlemek zerurýetini duýmazlygyny ýeňilleşdiripdi. Şonuň üçinem Ella durmuşyndan hoşaldy. Edebiýata bolan gyzyklanmasyny eýdip-beýdip öýde-de dowam etdirip bilerdi. Onsoňam okamaga bolan höwesi ölmändi ahyry, ol häzirem kitaplaryň ölemen muşdagydy ýa-da özüniň şeýledigine ynanasy gelýärdi. Ýöne wagty ýetip, çagalar ese-boýa galyp, adam çykdy. Has beterem, olar ejeleriniň häli-şindi üstlerini alyp, kökenek bolup ýörmesini halamaýandyklaryny açyk mälim etdiler. Geregiçe boş wagtynyň bardygyny görüp, Ella ahyrynda bir iş tapynsa kem bolmajakdygy barada oýlanyp başlady. Äriniň ony ýürekden höweslendirýändigine, hemişe öz aralarynda bu mesele barada gürleşip, amatly pursada garaşyp ýörendiklerine garamazdan, Ella üçin iş tapmak beýle bir aňsat düşjek däldi. Ýüz tutan ýerlerindäki iş berijilere bolsa, ýa-ha ýaş adam gerekdi, ýa-da olar has tejribeli birini agtarýardylar. Yzyna gaýtarylagaýtaryla göwni çöken Ella indi köpden bäri iş hem gözlänokdy. Meseläni goýbolsun edipdi. Her hal, 2008-nji ýylyň maý aýynda şunça ýyllap iş tapmagyna päsgel beren böwetleriň ählisi garaşylmadyk ýagdaýda aradan aýryldy duruberdi. Kyrk ýaşyna gadam basmagyna birnäçe hepde galanda Bostondaky neşirýatlaryň birinden amatly tekle geldi. Aslynda işi äri tapyp beripdi. Müşderileriniň biri sebäp bolupdyr, belki-de, söýgülileriniň biridir... ― Bolýa-la, ulaldyp ýörer ýaly işmi, näme, bi ― diýip, Ella muňa uly bir ähmiýet bermezlige çalyşdy. ― Bolmalym bary-ýogy bir neşirýatyň redaktorynyň kömekçisiniň kömekçisi. Ýagny, çorbaň çorbasynyň çorbasy! Ýöne Dewid aýalynyň täze işine göwnüýetmezçilik etmegine ýol berjege meňzänokdy. ― Ezizim, näme üçin beý diýýäň? – diýip, ol gaýtargy bermek bilen boldy. ― Özüň bilýäň-ä onuň nähili abraýly neşirýatdygyny. Dewid tirsegi bilen Ellany çalaja kakyp goýberdi, ýöne ondan ses çykmansoň, öz aýdanlaryny özi ilgezik baş atyp oňlady. ― Ol örän belli hem abraýly neşirýat, Ester daýza. Ýurtdaiň gowularyň biri! Beýleki kömekçileri bir görseň. Ählisi ýaş! Hemmesem iň abraýly uniwersitetleriň uçurymy! Olaryň arasynda Ella ýaly şunça ýyllap öý bikesi bolup, indi işe durýan ýeke adamam ýok. Gör, bu aýalyň dänjirän bolşuny?! Ella çala gozganjyrap, eginlerini gobsundyrdy, dodaklarynda mejbury, ýasama ýylgyryş peýda boldy. Bir tarapdanam onda eýse äri näme üçin beýle ýanjap goýmaýarka diýen gyzyklanma döredi. Şunça ýyllap ony kär eýesi bolmakdan mahrum edip, indem şu ýitirilen ýyllaryň öwezini birbada doljak bolýarmyka? Ýa-da biwepalyk edenine puşman edip, şeýdip, arany ýumşatjak bolýarmyka? Eýse, bularyň haýsy birikä? Ýadyna başga hili pikir gelenokdy, dogrusy. Dewidiň şunça janygyp, süýjedip gürlemeginiň başgaça düşündirişi ýokdy. ― Gaýratly zenan diýibem şuňa diýäýseň. Hemmämiz Ella jana buýsanýarys ― diýip, Dewid gürrüňini dabaralandyrdy. Ester daýza mylaýym gürläp söhbete goşuldy. ― Hawwa, Ella jan ýaly boljak ýokdur, hemişe-de şeýledi. Hamala, ol Ella stoluň başyndan turup, ahyrky ýoluna ugraýany üçin ony çuň hasrat bilen ýatlaýan ýalydy. Stol başyndakylaryň ählisi Ella mähir bilen seredişdiler. Ewi kakdyryp gürlemesini bes etdi, Orly bolsa şonda ilkinji gezek daşky keşpden başga-da bir zada ünsüni gönükdirmegi başardy. Ella bu söýgüden doly pursadyň keýpini görmäge çalyşsa-da, başarmady. Ol özüni birhili oňaýsyz, bitakat duýýardy. Sebäbini-de bilenokdy. Käşgä, şu oňaýsyz gürrüňi biri üýtgedäýsedi. Ol özi hakynda gürrüň edilmegini halamaýardy. Ynha, şol pursat uly gyzy Janet bu ümsüm dilegi eşiden ýaly, birden gürrüňe goşuldy: ― Meniň size aýtmaly zadym bar. Buşlugymy taýynlaberiň! Hemmeler Janete tarap öwrüldi. Gyzyklanma bilen, gulaga öwrülip, gürrüňiň yzyna garaşdylar. ― Skot ikimiz durmuş gurmagy ýüregimize düwdük! ― diýip, Janet habaryny morta orta atdy oturyberdi. ― Bolýa-la, häzir näme diýjegiňizi bilýän: «Heniz okuwyňyzy tamamlaňzok, beýtmäň, näme beýle alňasaýaňyz, heniz başyňyz ýaş ahyry, ýeneýeneler.....» Ýöne düşüniň, haýyş edýän, ikimizem indi bu uly ädimi ätmäge taýýar. Aşhana geň bir ümsümlik aralaşdy. Ýaňyja, bir minut ozalam hemmeleri gurşap duran ýakymlylyk hem ýakynlyk bugaryp uçup gidene döndi. Orly bilen Ewi biri-birine bimany seredişdiler. Ester daýza elinde bir bulgur alma şerbedini saklap durşuna dälişge heýkeltaraşyň çeken gülkünç, çişik heýkeline meňzäp doňup galdy. Işdäsi kesilen bolsa gerek, Dewid çarşakdyr pyçagyny gyra süýşürdi-de, gözüni süzüp, Janete seretdi. Onuň açyk goňur gözlerinde birhili dartgynlylyk, ynjalyksyzlyk duýulýardy. Keşbinde bir çüýşe sirke suwuny içmäge mejbur bolanyňky ýaly turşulyk alamaty bardy... Ýagdaýyň öwerlik däldigine düşünen Janet zeýrenmäge başlady: ― Owf, ýeri, başlaň hany! Men-ä hossarlarym begenjinden uçaýjak bolar öýdüp garaşdym, ýöne hany?! Öz bolşuňyza bir serediň-ä? Ýüz-gözüňizden gar ýagýar. Biri göräýse dagy size erbet habar aýdandyryn öýder. ― Gyzym, ýaňyja durmuş gurjakdygyňy aýtdyň ― diýip, Dewid hamala näme aýdanyny bilmeýäni üçin Janet ony birinden hökman eşitmeli ýaly dillendi. ― Kaka jan, biraz duýdansyz bolanyny bilýän, ýöne düýn agşamlyk edinenimizde Skot: «Maňa durmuşa çykarmyň?» diýdi. Menem: «Bolýa» diýäýdim. ― Ýagşy-la welin, näme üçin? Bu sowaly orta oklan Ellady. Söz agzyndan çykan dessine gyzynyň özüne seredişinden beýle soraga onuň geň galýandygyna düşündi. «Ýagşy-la welin, haçan?» diýip soran bolsa ýa-da «Ýagşy-la welin, nähili?» diýen bolsa, onda hiç hili mesele ýüze çykjak däldi. Soraglaryň ikisi-de Janeti bagtyýar hem hoşal etjekdi. «Ýeri, onda, toý taýýarlygyna başlabermelidä» diýen äheňde boljakdy. Ýöne «Ýagşy-la welin, näme üçin?» diýen sorag garaşylmadyk sowaldy. Oňa jogap bermäge Janetiň özem taýýar däldi. ― «Ýagşy-la welin, näme üçin» diýmäň näme? Skoty söýýänim üçin bolaýmasa... başga näme sebäbi bolsun, eje, hä? Ella sözleri ýekän-ýekän saýlap alyp, aýdanyny düşündirmäge çalyşdy. ― Balam, diýmekçi bolan zadym... Nämä alňasaýaňyz? Ýa hamyla dagy bolduňmy? Ester daýza oturan ýerinde birhili gozganjyrady, ýygryldy, yzly-yzyna ardynjyrady, alma şerbedini goýup, jübüsinden iýmit siňdiriji dermanyny çykardyda, agzyna atdy. Ewi bolsa, kikirdäp gülüp başlady. ― Weý, şu ýaşymda daýy boljak-da men onda! Ella Janetiň elinden tutup, özüne tarap çekdi-de, ony çalaja gysdy. ― Hakyky ýagdaý nähili bolanda-da, çekinmän bize aýtgynyň, bolýarmy, gyzym? Her näme bolsa-da, hossarlaryň hökmünde biz hemişe seniň arkaňdadyrys. Janetelini batly çekip aldy-da ýaryldy: ― Eje, goý şu gürrüňi, haýyş edýän. Men hamyla-da däl, zadam. Meni utandyrýaň. ― Saňa ýagşylyk üçin aýtdym ― diýip, Ella özüni rahat hem durnukly tutmaga çalşyp pyşyrdady. Dogrusy, dymmalygyny, durnuklylygyny saklamak oňa soňky wagtlarda iň agyr düşýän zatlardy. ― Meniň göwnüme degip ýagşylyk etjek bolýaň-da, şeýlemi, eje? Seniň üçin söýýän ýigidim bilen durmuş gurmak islemegimiň ýeke-täk düşündirişi ― ol hem tötänden hamyla galmagym! Näme, sen meni şeýle sadadyr öýdýäňmi? Diňe Skoty ýürekden söýýänim üçin onuň bilen durmuş gurmak islemegimiň mümkindigi hakda oýlanmadyňmy? Biziň duşuşyp ýörenimize tutuş sekiz aý boldy. ― Çagalygyňy etme ― diýip, Ella dillendi. ― Bir ýigidiň hüý-häsiýetine belet bolmak üçin sekiz aý ýeterlikdir öýdýäňmi? Kakaň bilen ýigrimi ýyllap ýaşaşyp ýörüs, şonda-da biri-birimiz hakynda ähli zady bilýändiris diýip bilmeris. Muň ýaly iş üçin sekiz aý dagy nämejik? Deňizde damja ýaly zat! Ewi içýakgyç gülüp gürrüňe goşuldy: ― Özüňiz bolsaňyz, Taňry tutuş dünýäni alty günde ýaradypdyr diýýäňiz! O-o-o, sekiz aýda, gör, nämeler bolmaýar. Saçak başyndakylar alarylyşyp seredişensoň, Ewi agzyny ýumup, lal-jim oturdy. Şol wagt gaşyny çytyp, oýlanyp oturan Dewid dartgynlylygyň güýjändigini duýan dessine ara goşuldy: ― Mähribanym, gulak as, ejeň neme diýjek boldy, bir ýigit bilen duşuşmak bir zat, durmuş gurmak bütinleý başga zat. ― Ýöne, kaka jan, ölýänçäň söýşüp ýörmelimi onda? – diýip, Janetdillendi. Ella uludan dem aldy-da, ýene tutluşyga girdi: ― Gowusy, gepi köpeldip oturman, bir gezekde aýdyp dynjak. Menem, kakaňam has mynasyp ýigit taparsyň öýdýärdik. Onsoňam ony çynlakaý gatnaşyk hasaplap bolmaz. Beýle zatlar üçin heniz seniň başyň ýaş. Janet gyryljyk, düşnüksiz, ugur-utgusyz ses bilen dillendi: ― Näme hakda oýlanýanymy bilýäňmi, eje? Öz wagtynda sen nämeden gorkan bolsaň, meniň başymada şol geler öýdýäň. Ýöne sen ýaş durmuşa çykyp, meň ýaşymdakaň çaga dogrupsyň diýip, menem şol bir ýalňyşlygy gaýtalasym gelenok! Ýüzüne şarpyk çalnana dönen Ella çym gyzyl boldy. Hakydasynyň bir ýerlerinde hyýalyna geti-resi gelmeýän ýatlamalar janlandy: ilkinji çagasy Janete hamyla wagtyndaky ýagdaýy, çykgynsyz pursatlary, häli-şindi döken gözýaşlary, elewremeleri, başdan geçiren ruhy sarsgynlary... Ilkinji göwrelilik mahaly kynçylyk baryny çekipdi, saglyk bilen bagly meseleleri, ruhy sarsgynlary başdan geçiripdi, üstesine, çagany wagtyndan öň dünýä indirmeli bolupdy. Ýedi aýlykka doglan uly gyzy bäbek wagtam, çagalygynda-da onuň ähli güýjüni sorup alypdy. Şonuň üçinem hut şu zerarly Ella ýene çaga edinmek üçin tutuş on ýyl garaşmaly bolupdy. Şol arada Dewid başgaça ýoly synap görmegi ýüregine düwene meňzeýärdi, ol örän seresap görnüşde gürrüňe goşuldy. ― Gyzym, Skot bilen duşuşyp başlan mahalyňyz, ene-ataň hökmünde bizem begenipdik. Edepli oglan ol, elbetde... Juda salykatly görünýär. Şu döwürde şolar ýaly ýigidi tapmak aňsadam däl. Ýöne gyssanmajy ýok ahyry. Hany, entek okuwyňyzy bir tamamlaň, soň näme niýetlenjegiňiz belli däl. Ynha, görseňiz, oňa çenli hyýalyňyz üýtgär gider. Janet«mümkin» diýýän äheňde baş atdy. Ýöne bir zat bellidi, onuň kakasynyň aýdýanlaryny doly unamaýany mese-mälim aňdyryp durdy. Soňra ol garaşylmadyk sowaly orta oklady: ― Ýa bu aýak diräp durmaňyz Skotyň jöhit däldigi üçinmi? Dewid gyzynyň gepi kesä çekmegine ynanmaýan ýaly, gözlerini tegeledi. Her hal, ol hemişe özüne «men açyk dünýägaraýyşly, medeniýetli, döwrebap, liberal, demokrat maşgalabaşydyryn» diýip buýsanýardy. Dogrusy, hut şonuň üçinem öýlerinde jynsparazlyk, din, aýal-erkeklik, sosial gatlak meseleleri barada gürrüň etmekden gaça durardy. Gürrüňi Janete syrykdyrsak, ol hötjetdi, ünsüni kakasyndan sowup, hasap soraýan terzdäki nazaryny ejesine gönükdirdi: ― Eje, hany, göniňden gel, eger söýýän ýigidimiň ady Skot däl-de, Aron Pylankeşteýn bolanda onuň bilen durmuş gurmagyma-da şeýle garşylyk görkezermidiň? Janetiň sesi üzlem-saplam hem igençli çykdy. Ellanyň ýüregi gysdy. Eýse gyzy oňa şeýle gaharly hem teýeneli garaýarmyka? Ondan ara saklap, kinaýa hem şübhe bilen bakýarmyka? ― Mähribanym, gulak as, men seniň ejeň bolýan bolsam, ýarasa-da, ýaramasa-da, saňa käbir zatla ry aýtmaga borçly. Ýaşlyk, aşyk-magşuk bolmak, durmuş gurmak üçin edilýän teklip ― bularyň juda gowy zatlardygyny menem bilýän... Ýaşlyk seriň şemally döwri bolýar... şu zatlar meňem başymdan geçdi. Ýöne durmuş gurmak agzalan ýerde ýagşy oýlanyşmak gerek! Özüňden bütinleý saýry adam bilen durmuş gurmak diýmek, gös-göni humarly oýna baş urmak diýmekdir. Biz ene-ataň hökmünde, elbetde, seniň iň dogrusyny saýlap almagyň tarapdary. ― Ýagşy, eýse, siziň iň dogrusy diýýäniňiz meniň üçin düýpden ýalňyş bolsa näme? Beýle sowala garaşmaýan Ella howsalaly halda demini uludan alyp, maňlaýyny owkalady. Eger häzir çakyzasy tutan bolsa-da, kellesi beýle agyrmazdy. ― Men ol oglana aşyk boldum, eje. Düşünýäňmi? Heý, bir ýerden eşidipmidiň şu sözi? Yşk! Ýüregiň gürs-gürs urup, onsuz oňup bilmez güne düşersiň-ä! Ella biygtyýar ha-ha-haýlap gülüp goýberdi. Ýöne, elbetde, gyzynyň üstünden gülmek niýeti ýokdy. Birden gülüp goýberipdi. Gaty ýaňsyly çykdy gülküsi. Düşnüksiz halda tolgunyp, gahary gelipdi. Emma uly gyzy bilen ozal hem onlarça, belki, ýüzlerçe gezek gygyryşyp görüpdi. Hiç bir gezek şular ýaly tikeniň üstünde oturan kimin bolmandy. Bu gün bolsa, hamala öz perzendi bilen däl-de, iňňän hilegär hem çylşyrymly duşman bilen tutluşýana döndi. ― Eje, nämä gülýäň, sen asla aşyk bolup görmediňmi? –– diýip, Janetgepi kesä çekdi. ― Owf-f, bes et, halys bez boldum indi. Özüňe gel, guzym, haýyş edýän! Beýle sadalyk bolmaz ahyry, beýle-de bir... ― Şo dem dili çolaşyp, Ella gözleýän sözüni tapmak üçin töweregine garandy. Ahyry sözüniň üstüni ýetirdi. ― Beýle-de bir romantiklik bor oguşýa! ― Romantikligiň nämesi erbetmiş? ― diýip, Janet öýkeli sorady. Dogrudanam, romantik bolmagyň nämesi nädogrumyş? Ella oýa batdy. Ol öňler-ä beýle däldi. Ozallar ärini geregiçe romantik däldigi üçin tankyt eder derejede bu söze hossar çykardy. Eýse, haçandan bäri «romantik» adamlary halaman başladyka? Jogap tapmady. Ýene-de şol bir pert hem ýazgaryjy äheňde gürlemesini çaltlandyrdy. ― Balam, haýsy asyrda ýaşap ýöreniňi bilýäňmi? Bir zady berk belle, zenan söýýän erkek kişisi bilen durmuş gurýan däldir. Gördi-bakdy, iş jygba-jyga gelip, gelejegi üçin birini saýlap tutmaly boldumy, zenan diýeniň oňat maşgalabaşy, adamkärçilikli är bolar öýdýän adamyny saýlar, arka diräp biljek kişisini tutar. Düşündiňmi? Seniň yşk-pyşk diýýäniň geldi-geçer, ýaldyr-ýuldur duýgudyr. Ella sözüni tamamlan badyna äriniň gözüne gözi düşdi. Dewid ellerini gowşuryp, gymyldaman, demini alman, oňa hereketsiz gözleri bilen seredip otyrdy. Ella onuň öňler beýle seredenini görmändi. Ýüregi jigläp gitdi. ― Maňa näme üçin azar berýäniňi bilýän, eje –– diýip, Janet duýdansyz dillendi. ― Sen meniň bagtymy görüp bileňok. Ýaşlygyma görübilmezçilik edýäň. Meniň hem edil özüň ýaly, göwnüçökgün, nalajedeýin, dünýeden doýgun öý bikesi bolarymy isleýäň! Ellanyň içine ullakan daş gütläp düşen ýaly boldy. Diýmek, ony öz gyzy şeýle hasap edýän eken-dä? «Göwnüçökgün, nalajedeýin, dünýeden doýgun öý bikesi», şeýlemi? Ömrüniň ýaryny ýaşan, dargap ugran maşgala durmuşynda tussaga dönen, adaty aýal? Diýmek, göz öňüne getirişleri şeýle eken-dä? Ärem ony şeýle hasap edýärmikä? Eýse joralary, goňşular? Ellanyň serini bada-bat alada gurşap aldy, daştöweregindäkileriň ählisi assyrynlykda özüne nebsagyryjylyk bilen seredýändirler diýip şübhelendi. Bu içýakgyç şübhe ony şeýle bir awundyrdy welin, demi tutulyp, ümsüm oturdy. Dewid gyzyna tarap öwrüldi-de: ― Dessine ejeňden ötünç sora ― diýdi. Onuň gaşlary çytyk, ýüzi salygam bolsa, bu tutuklygy onçakly ynandyryjy-da däldi, tebigy hem görünmeýärdi. ― Hökman däl. Ötünje tamakinçiligim ýok ― diýip, Ella adamsyna sowuk bakyş bilen seretdi. Janetöz gözlerine ynanmaýan ýaly ejesine garady. Soňam hasyrdap, gahar bilen eteginde duran elsüpürgijini stoluň üstüne taşlady, oturgyjy itip, ýerinden turdy-da, aşhanadan atylyp çykyp gitdi. Bir minut geçip-geçmänkä, Orly bilen Ewi hem yzlyyzyna gozganyşyp, daraklygyna basyşyp çykdylar. Olar ýa-ha öz ýanlaryndan doganlaryna goldaw bermek isläpdiler, ýa-da ulularyň ýakymsyz gürrüňlerinden iripdiler. Olaryň yzysüre Ester daýzada turmak bilen boldy, iýmit siňdiriji dermanynyň ahyrkysyny kirt-kirt çeýnäp, suw içmek bahanasy bilen ýumlukdy. Şeýdip, stoluň başynda diňe Dewid bilen Ella galdy. Howada geňsi bir dartgynlylyk bardy... Är-aýalyň arasyna sowuklygyň aralaşandygy mese-mälim görnüp durdy. Olaryň ikisi-de aslynda bu çykgynsyz ýagdaýyň sebäpkäriniň Janet hem, beýleki çagalaram däldigini gaty gowy bilýärdiler. Mesele olaryň özündedi, ody öňden bäri körükläp gelýän maşgala durmuşlaryndady! Dewid ýaňyja goýan çarşagyny eline aldy, üýtgeşik bir zat tapan ýaly, ony eýlesine-beýlesine agdaryşdyryp synlady. ― Seniň ýaňky aýdanlaryňdan çen tutup, söýýän adamyň bilen durmuş gurmansyň diýen netijä gelmelidä, şeýlemi? ― Ýok, ezizim, elbetde, men beý diýmekçi bolmadym. ― Onda näme diýmekçi bolduň? -diýip, Dewid henizem çarşaga seredip oturyşyna dillendi. – Durmuş guran wagtymyz meni söýýänsiň öýdýärdim. ― Söýýärdim ― diýen Ella, ýene dowam etmän durup bilmedi ― Şol wagtlar söýýärdim. ― Onda meni söýmegi haçan bes etdiň? Ella ärine haýran galyp seretdi. Ömründe bir gezegem öz keşbini görmedige aýna tutan mahalyňyz nähili aňk bolar öýdýän bolsaňyz, ol hem garaşmadyk hakykaty bilen ýüzbe-ýüz bolanyna şolar ýaly doňup galdy. Dogrudanam, ärini haçandan bäri halamaýarka? Haýsy bosagadan, haýsy dönüş nokadyndan, haýsy gaýtadan dogluşdan bäri? Bir zatlar diýjek ýaly etdi. Söz tapmady. Sägindi. Aslynda är-aýalyň ikisi-de şu çaka çenli hemişe iň gowy başarýan zatlaryny edýärdiler: düşünmediksirän bolýardylar. Günler owarramçyllykda geçip gidýärdi. Olar üçin wagt özleriniň belet bolan şol tanyş, gutulgysyz akymynda, birsydyrgynlyga maýyl bolup, bir endigi, üýtgewsizligi, haýal-ýagal depgini bilen gopup, üznüksizlige tarap akyp ýatan ýalydy. Ellanyň birdenkä agysy tutdy. Özüne erk edip bilmän aglady. Dewid bolsa bezigip ýüzüni öwürdi. Ol aýallary öte aglak hasap edýäni üçin, ylaýta-da, öz aýalyny gözi ýaşly halda görmegi ýigrenýärdi. Şonuň üçinem Ella äriniň ýanynda aňsat-aňsat şumjaryp aglamazdy. Ýöne, ynha, bu günki bolup geçen zatlaryň ählisinde birhili adaty dällik bardy. Hernä jaý wagtynda jyňňyrdan telefon olaryň ikisini hem bu dartgynly pursadyň penjesinden halas etdi. Telefony Dewid aldy: ― Alo... Hawa, özi bärde. Häzir, birje minut. Ella uzadylan telefon tutawyny alan mahaly özüni rastlady, başardygyndan şähdaçyk gürlemäge çalyşdy. ― Alýo, diňleýän. ― Salam, Ella. Men Mişel. Neşirýatdan jaň edýän. Işler nähili? ― diýip, bir ýaş zenan jedirdedi: ― Beren romanymyzyň üstünde işläp başladyňmy diýip soraýaýyn diýdim. Redaktorymyz habar tutaý diýensoň, jaň edip durşum. Biziň Stiwimiz bu zatlarda gaty jürdür işine, bilip goýaýgyn. ― Hä, jaň edeniň gowy boldy ― diýse-de, Ella öz ýanyndan «owf» diýip içini çekdi. Şu belli neşirýatda edebiýat boýunça redaktoryň kömekçisiniň kömekçisi hökmünde oňa berlen ilkinji tabşyryk ady-sory bilinmeýän bir ýazyjynyň romanyny okamakdy. Ilki bilen-ä kitaby okamaly, okanyňdan soňam ol hakda ýörite hasabatnama taýýarlamalydy. ― Stiwe alada etmesin diý-de aýdaý, eýýäm işe-de girişendirin ― diýip, Ella duran ýerinde ýalan sözläp goýberdi. Heniz ilkinji işinde Mişel ýaly edenli hem wezipä kowalaşýan gyz bilen kejeleşmek niýeti ýokdy. ― Nätdiň-ä, ol-a hasam gowy! Onda romany nähili gördüň? Ella sägindi, birbada näme diýjegini bilmedi. Berlen eser barada hiç zat bilenokdy ahyry. Bir bilýän zady onuň taryhy mistiki romandygydy; galyberse-de, gürrüňiň meşhur şahyr Rumy bilen sopy dosty Şems barada gidýänligi. Bar bilýäni şu. ― Neme... e-e-e.., dogrusy, gaty mistiki kitap eken –– diýip, sypjyklyk etdi. Ýöne Mişel gaty çyny bilen: ― Hüm-m-m ― diýdi. ― Eşidýäňmi, meniň pikirimçe, bu eseri oňatja iş edinmeli bolsaň gerek. Beýle uly romanyň hasabatnamasyny taýýarlamak çak edişiňden uzaga çekmegi ahmaldyr. Telefondan ses ýitirim boldy. Mişeliň sesi bir pursatlyk üzlem-saplam eşidilip, gitdigeldi durdy. Şol arada Ella telefonyň beýleki ujundaky ýaş zenanyň nämeler işleýändigini göz öňüne getirmäge çalyşdy. Bir ýandan birine tabşyryklar berip, beýleki bir tarapdan neşirýatyň ýazyjylarynyň biri hakynda «New Ýorkerde» çykan bir tankydy seljermä göz gezdirýän bolmagam, satuw maglumatlaryny derňäp otyrka, täze elektron hat geldimikä diýip, ekrana garaýan bolmagy-da, doň balykly sandwijini gyssanmaç iýýän mahaly çöregini buzly kofe bilen ýumşadýan bolmagam ahmaldy. Şu pursat ol birbada bäş-alty işiň hötdesinden gelýän bolmalydy. ― Ella... dursuň dälmi? ― diýip, Mişel birhaýukdan soň dolanyp gelşine sorady. ― Hawa, durandyryn. ― Hä, bagyşlaweri, bärde şeýle bir iş köp welin, başym çaşara geldi. Telefony goýmaly boljak. Ýadyňdan çykaraýmagyn, işi tabşyrmagyňa üç hepde galandyr. Hany, göreli... Şun maýyň on ýedisi. Hää,..., gaty gijä galanyňda iýunyň onuna çenli hasabatnama elimde bolmalydyr. Gepleşdik gerek? ― Alada etme ― diýip, Ella sesine mümkin boldugyça ynamly äheň bermäge çalyşdy. ― Wagtynda tabşyryn. Ýöne, görnüşi ýaly, aýdan sözlerinden hem beter, Ellanyň esasy duýgularyny beýan eden zat ara düşen dymyşlyklardyr säginmeler boldy. Aslynda onuň özüne tabşyrylan romany okamak isleýänine-de ynamy ýokdy. Başda welin, bu işi höwes bilen boýnuna alypdy. Asla tanalmaýan bir ýazyjynyň heniz çap edilmedik romanynyň ilkinji okyjysy bolmak oňa tolgundyryjy bir oýun ýaly bolup görnüpdi, romanyň hem ýazyjynyň ykbalynda sähelçe-de bolsa orun eýeläp biljekdi. Emma häzir welin, başgabir duýgy kalbyny gaplapdy, şeýle esere wagt sarp etmek isleýänine o diýen ynamy ýokdy. Roman öz durmuşy bilen baglanyşygygatnaşygy bolmadyk mowzukdady: Sopuçylykmyşyn! Mistiklikmiş! Onda-da XIII asyr ýaly uzakdaky döwrüň gürrüňi... Wakalaryň geçýän ýeri diýseň, hasam alysda: Kiçi Aziýada... O ýerini kartada görkezip bilmeýän halyna, nädip, ünsüni jemläp, onça sahypany okap çyksyn? Asla nätanyş mowzugy nädip akylyndan geçirsin? Şol arada Ellanyň ikirjiňlenýänini duýan Mişel: ― Näme bolýar? Ýa bir mesele barmy? ― diýip, ony gyssady. Wagtynda jogap berilmänsoňam, sözüniň üstüni ýetirdi: ― Ella, maňa bil baglap bilersiň. Göwnüňden turmaýan zat bar bolsa, häzirden bilsem gowy. ― Bir zady boýun alaýyn, soňky döwürde kelläm gaty garjaşyk. Taryhy romana ünsümi berip bilmezmikäm öýdýän. Ters düşünme, elbetde, Rumynyň durmuşy gyzyklandyrýar, ýöne bu mowzuklar maňa gaty nätanyş. Okamak üçin maňa başga bir roman berseň nähili borka diýýän. Ýagny, bahym girişip gider ýaly bir zat bolaýsa... ― Aý, sen bir beý diýme ahyry, o diýýäniň gaty ýalňyş gürrüň ― diýip, Mişel ör-gökden geldi. ― Ýöne, haýp, biziň kärimizde täze gelenleriň hemmesem şeýle ýalňyşlyk goýberýär. Sen adam özüne ýakyn mowzukdaky romany has aňsat okar öýdýärmiň? Beýle zat ýok! Beýdip redaktorlyk edip bolmaz ahyry! Biz häzir 2008-nji ýylda Amerikada, Massaçusetsde ýaşaýarys diýip, diňe şu töwerekde, şu döwürde bolup geçýän wakaly romanlary neşire taýýarlalymy onda? ― Men beý diýjek bolmadym –– diýip, Ella özüni aklamaga çalyşdy. Şobada-da şu gün özüne yzygiderli ýalňyş düşünilýändigini duýdy-da, her gezegem özüni aklamaga mejbur bolandygyny aňynda aýlady, egni üstaşyry-da ärine gözüni aýlap goýberdi. Eýse, ol hem şeýle pikir edýärmikä? Ýöne Dewidiň ýüzi möhürlenen gapy ýaly, zat saýgardanokdy, şeýle bir syrlydy welin, many alyp bilmedi. ― Dogrusy, köplenç öz durmuşymyz bilen sähelçe-de baglanyşygy bolmadyk kitaplary okamaly bolýarys. Biziň kärimiz şeýle. Gulak as, meselem, şu hepde Tähranda bir bolgusyzhana işledýän mahaly ýurtdan gaçyp çykmaga mejbur bolan eýranly bir aýalyň kitabyny çapa taýýarladym. Başga nä alaç edeýin? Aýal eýranly diýip, gitsin-de şo ýerli bir redaktora bersin kitabyny diýeýinmi? ― Ýok-la, elbetde, beýle däl ― diýip, akmagyň durumyna düşüp, özüni etmişiniň üstünde tutulan ýaly boýnuburuk duýan Ella sakawlady. ― Onsoňam edebiýat öz güýjüni biri-birinden uzakdaky ülkeleriň, üýtgeşik medeniýetleriň arasynda köpri gurmakdan almaýarmy? Edebiýat adamlary biribirine baglamaýarmy näme? ― Elbetde, şeýle, aýdanlarymy ýadyňdan çykaraweri, haýyş edýän. Hasabatnama gowşurmaly senämdenem öň stoluň üstünde bolar ― diýip, Ella çürt-kesik gürledi. Özüne aňsyz mahluk ýaly çemeleşeni üçin şol pursat ol Mişeli ýigrendi, ýöne aslynda welin, ol özüni ýigrenipdi; sebäbi bu ýaş zenana hamala alym däldirin öýdüp gürlemegi üçin gaýraty-da, mümkinçiligi-de onuň özi beripdi! ― Şeýlemi asyl?! Bäý-bä! Şu depginiňi dowam et onda ― diýip, Mişel dillendi. ― Ýalňyş düşünme welin, sen ýene bir zady-da ýadyňdan çykarmagyn. Häzir goşmaça sanawymda seniň ornuňy eýeläp, işiňi eliňden alsam diýip ýören adam azyndan ýigrimi dagy bardyr. Köpüsem seniň ýarpy ýaşyňda. Beýniň bir ýerinde belle-de goýaý şuny, şonda görersiň işlemek höwesiniň nähili gelşini. Ahyrynda telefony goýan mahaly Ellanyň äri bilen nazary çaknyşdy. Dewid wajyp keşbe giripdir. Onuň gürrüňi galan ýerden dowam etdirmäge garaşýandygy görnüp durdy. Ýöne indi Ellanyň oturyp uly gyzlarynyň gelejegine janyny ýakmak niýeti ýokdy ― elbetde, eger turuwbaşdan är-aýaly gaýga goýýan esasy mesele şo bolsa... * * * Birnäçe minutdan soň ýeke özi dälizde galan Ella arkan-öňin gaýyşýan oturgyjyna ornaşdy. Norzemtonyň asmanyna gyzylymtyl-narynjy şapak çaýylypdy. Asman şeýle bir ýakyndy welin, elini uzatsa ýetäýjek ýalydy. Munça goh, munça majagaýlykdan halys bolansoň, beýnisi doňup durdy. Hasap kartlarynyň tölegi, Orlynyň işdäsiniň bozulmalardyr iýmitleniş kadalarynyň bitertipligi, Ewiniň sapaklaryna ýetişiginiň barha pese gaçmasy, Ester daýza we şol gurbany gitdigim bezegli torty, Kölegäniň elden-aýakdan çykmasy, Janetiň durmuş gurmak baradaky garaşylmadyk meýilleri, äriniň ýyllar boýy aldadyp gelmesi... Adaty günlerde serini gaplap alýan bu sowallaryň ählisiniň ýekänme-ýekän ýeňsesinden tutdy-da, idenekledip kiçijik gutulara dykyp, üstündenem gulp urdy. Ynha, şeýle ruhy ahwalda Ella RBT neşirýaty tarapyndan özüne berlen eseri eline alyp ony , gözden geçirdi. Kagyzlar yhlas bilen çatylan eken, aňyrsy görnüp duran işbukja salnypdyr. Romanyň ady ilkinji sahypa nilreň syýa bilen ýazylypdyr: | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -3: romanyň dowamy - 06.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy - 08.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -4: romanyň dowamy - 08.07.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -3: romanyň dowamy - 26.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |