18:17 Yşk -8/ romanyñ dowamy | |
Üçünji bölüm Howa
Romanlar
Ýaşaýyşdaky geçýän, göçýän we aýlanýan zatlar... Yňdarma (Fanatik) Konýa, 1244-nji ýylyň 19-njy oktýabry Birden köçede itleriň üýrýän sesini eşidip, düşegimden dikeldim. Itler golaýdaky öýleriň birine girmäge synanyşýan ogrynyň ýa-da ýoldan geçip barýan serhoşuň ysyny alan bolsalar gerek. Indi sapýürekli adamlara öýünde arkaýyn ýatmak haram boldy. Ähli ýerde azgynlyk hem ahlaksyzlyk höküm sürýär. Konýa ozalam şeýlemidi? Ýaňy-ýaňylar, birnäçe ýyl mundan öň hem, bu şäher iň parahat, gorkusyz-ürküsiz ýerdi. Emma şu «ahlak bozuklygy» diýilýän apatyň palçykdan, batgalykdan parhy ýok. Birje gezek gyrasynda göründigiň, ýa üstüňe çyrşalar, ýa-da ol seni özüne sorar. Bu şeýle howply musybet welin, ýaş-garry, baý-garyp diýmän, kim bolsaňam öz penjesine alýar. Ynha görseň, şemala çabrap ýaýraýan ýalyn ýaly, çar tarapyňy gurşap alandyr. Şäherimiziň häzirki hal-ýagdaýy-ha, ine, şeýle... Medresede sapak bermek aladam bolmadyk bolsa, dogrusy, her säher öýden daşaryk ädimimem ätmezdim. Döwür ýamanam bolsa, herhal jemgyýetiň nyzamy başsyz-gözegçisiz däl. Jemgyýetiň bähbidini onuň agzalarynyň bähbidinden ileri tutup bilsek, ertir-agşam diýmän, jemgyýetçilik tertibini gorap-goldap ýörenler hem bar. Meselem, agamyň ogly Baýbars! Aýalymam, menem oňa buýsanýarys. Baýbarsdyr beýleki ýasawullar gijäniň biwagt çagynda jenaýatkärler töwerekde sümsünişip ýörmesin diýip, biz öýümizde rahat ýatar ýaly, aýak üstünde. Ençeme ýyl mundan ozal sanaglysy dolup, agam bu dünýäden göç edensoň, Baýbarsa özüm hossar çykdym. Ony öz oglum ýaly ösdürip ýetişdirdim. Ganygyzgyndyr, gatyja hozdur özi. Mundan alty aý öň ol ýasawul boldy. Myş-myşlara gulak gabartsaň, men medresede ders bermeýän bolanlygymda, Baýbarsyň iş tapjak gümany ýokmuş. Barypýatan jyp dyrma! Baýbars bu işiň aňryýany bilen hötdesinden gelip biljek derejede başarnykly hem gaýratly ýigit. Islese, ajaýyp esger bolup hem bilerdi. Emma Küdusa barýan ýoldaky Haç göterijiler başlyklaýyn dinimiziň duşmanlarynyň ählisine garşy söweşe goşulmak üçin urunsa-da, bärden gitmegini menem, aýalym hem göwnemedik. Şu ýerde galyp, öýlenip maşgalaly-mülkli bolmagyny isledik. Oňa öýli-işikli bolmaga bireýýäm çen boldy. –– Ogul, sen mert, güýçli, tutan ýerini goparýan ýigit, sen bärde-de gerek –– diýip, garşy çykdym. –– Maksadyň jihat etmek bolsa, şu şäherde-de jihat edere zat köp. Hakykatdanam, şeýle. Şu gün ir bilen aýalyma aýtdym: –– Kyn döwri başdan geçirýäris, keýwany. Ahlaksyzlyk barha möwjeýär –– diýdim. Her gün bir ýerlerde nähilidir heläkçiligiň bolany hakda habarlar eşidilip dur. Tötänden däl. Eger mongollar şular ýaly üstünlik gazanýan bolsalar, hristianlar öz maksatlaryna ýetmek üçin ilerleýän bolsa, yslam duşmanlary obama-oba, şähermeşäher talaňçylyk edýän bolsa, bu zatlaryň ählisiniň sebäpkäri Allanyň ýolundan gyşaranlardyr! Gürletseň musulmandyryn diýip, yslamyň kadalaryna eýermeýänlerdir! Eger bir ýurduň ilaty ýoldan çyksa, şular ýaly, gaýdyp dikeldip bolmajak ýagdaýa düşer. Mongollar –– günälerimiziň öwezine berýän tölegimizdir. Olaryň iberilmeginiň sebäbi şol. Mongollar bolmadyk bolaýanda-da, şu gezek ýa ýer hopardy, ýa-da suw belasy –– sil gelerdi. Günäkärler şu zatlardan sapak alyp, toba gelsinler diýip, ýene näçe apatlary başymyzdan geçirmeli? Başymyza gelmedik bir bela –– gökden daş ýagmasy; şu gidişine gitse, ol hem uzak däl. Sodom hem Gomorranyň wejera ýaşaýjylarynyň ýoly bilen gitsek, ählimiz köki-damarymyz bilen ýok edileris. Şu geň-taň hem birtöwra sopular bar-a, şolaram hemmelere ters görelde bolýarlar. Musulmanlara gelişmejek samahyllamalar dillerinden düşmeýäni-hä düşmeýäni, dinden, imandan gep uran bolup ýörmeleri meniň myrryhymy atlandyrýar. Lenç edilen pikirlerini ýer tutdurmak üçin, Pygamber Serwerimiziň eziz ismini agzanlarynda ganym gaýnaýar. Nämemiş, bir uruş tamamlanandan soň, hezreti Muhammet halka ýüzlenip: «Indi kiçi jihady tamamladyk, mundan soňra uly jihada başlaýarys» diýipdir. Mutasawwuflar şundan ugur alyp, biziň ýeke-täk duşmanymyz nebsimizdir, hiç kim bilen duşmançylyk etmäliň diýýärler! Bir topar kişiniň gulagyna şular ýaly myssyjak sözleriň hoş ýakmagy ahmal, ýöne pyçak süňke diräp, kapyrlar hem dinsiz mülhitler bilen söweşmäge gezek gelende, onuň bize näme peýdasy degsin? Tasawwufçylar meseläni ýagşy çişirip: «Öňümizde hatara dört gapy bardyr; şerigat, magryfat, tarykat we hakykat. Olar menzil-menzil ýol sökülip ýetilýändir» diýýärler. Käbirleri bolsa: «Şerigat diňe bir menzildir» diýýär. Şo diýýänleriniň nämedigini özleri bir bilýämikä?! Onsoňam çekinmän: «Dördünji gapa ýeten kişini birinji gapynyň kadalary baglap bilmez. Hakykata ýetenler şerigatyň kadalaryna uýmaga mejbury däldir» diýýärler. Al saňa gerek bolsa! Beýik mertebä ýetendirin öýdýärler, şeýlemi? Azjaga her zat bahana! Içgi içmek, raks etmek, saz gurallaryny çalmak, şygyr ýazmak, surat çekmek... olaryň pikiriçe, dini wajyplardan has möhümmiş. Haçan görseň, agzyndan düşürmän: «Eger yslamda hemme adam Hakyň huzurynda deň hasap edilýän bolsa, onda her bir adamyň Allany özbaşyna gözlemäge haky bardyr» diýip wagyz edýärler. Şeýle gepler gulaga zyýansyz, hatda kir-kimirsiz, çirksiz ýaly bolup görünýänem bolsa, olaryň halka wagyz edýän söz dürüşdeleriniň astynda ýaşyryn hem erbet niýetiň gizlenip ýatandygyny bilip durun. «Dini guramalara gulak asmaň, olaryň nämä geregi bar!» diýýärler. Olar şeýle diýmek bilen, aslynda bizi göz öňünde tutýarlar. Sopulardan sorasaň mübärek Gurhan-y Kerim syrly alamatlardan, göçme manyly nyşanlardan doly bolmaly. Harp-harp edip ebjet hasabyna geçirip, aýatlardan gizlin manylar gözleýärler. Her bir sözüň hem daşky, ýüzleýin manysy, hem-de içki, gizlin manysy barmyş. Şonuň üçin hem, her bir aýata ençeme mertebe manysy bolan ýazgy hökmünde seredýärler. Gapyllar! Gözlär ýaly näme bar? Alla hiç bir hökümini gizlemändir ahyry! Açyk-aýdyň beýan edýär. Sopular kysmy üsti örtükli salgylanmalar, gizlin manylar gözläp, akyllaryndan şeýle bir azaşypdyrlar welin, ulug Allanyň açyk-aýdyň aýdanlaryna düşünmekde-de kynçylyk çekýärler. Sopularyň käbirleri: «Ynsan ogly Gürleýän Gurhandyr» diýip tutduryp gidip otyr. Toba estagfirullah! O nähili gep boldugy? Bu tüýs küpür gep! Ylaýta-da gezende abdallar bar, şolar hem gedem, hem-de bibaş. Galandary, haýdary, jamii, jawlaki... Olaryň müň bir atlary bar, özlerem hil-hil... Meniň pikirimçe, iň ýamanam şolar. Bir ýere kök urup bilmeýän, ejiz adamdan jemagata näme haýyr bolsun? Gatnaşyk diýlen zady bilmeýän, şemala ygyp ýören gury ýaprak ýaly, çem gelen tarapa sowrulyp, tutuş dünýä «meniň öýüm» diýip ýören adam şeýtanyň gözläp tapman ýören jenaýata şärikdeşidir. Pelsepeçilere näme diýjek, olaram sopulardan kem oturanoklar. Hamala, özleriniň çäklije akyly älemiň uç-gyraksyzlygyny göz öňüne getirip bilýändir öýdüp pikir ýöreden bolýarlar. Baýguşdyryn öýdýäňmi, gadyrdan? Pelsepeçiler bilen sopular biri-birini görse äbe-de jüýje. Olar barada bir hekaýatam bar ahyry. Bir gün bir pelsepeçi ýol bilen gidip barýarka, derwüşe duşupdyr. Biri-birini göreninden dessine olaryň sulhy alşypdyr. Ençeme günläp söhbet edipdirler. Biri bir zat diýip başlasa, yzyny beýleki alyp göterýärmiş. Ahyrynda aýrylyşanlarynda töwerekdäkiler olaryň ikisindenem janygyp näme hakda söhbet edendiklerini sorapdyrlar. Pelsepeçi: «Söhbet edenimizde bir zady bildim. Ol meniň bilýän zatlarymyň ählisini görýän eken» diýip jogap beripdir. Sopy bolsa şeýle diýipdir: «Söhbet mahaly bir zada göz ýetirdim, meniň görýän zatlarynyň ählisini ol bilýär eken». Diýmek, gapyl sopy görýändirin, gapyl pelsepeçi bolsa, bilýändirin öýdýär. Ýöne ne onuň bilýän zady bar, ne-de beýlekiniň görýän zady. Näme üçin sada, çäkli, galyberse-de, ötegçi bolan biz adamlaryň öz çenimizden artygyna güýjümiziň ýetmejegini boýun alasymyz gelmeýärkä? Ynsan diýilýän mahluk her näçe urnanda elinden näme geljek? Bir arpanyň boýuça-da ýol geçip bilmez. Kadyr Alla maňlaýymyza näme ýazan bolsa, şol bolar. Bolany şol. Biziň borjumyz Ýaradanyň buýruklaryna düşündiriş bermek däl, düşünjek bolmag-a asyl hem däl, diňe we diňe aýdylyşy ýaly, gylyny gymyldatman berjaý etmek. Hany, Baýbars bir öýe gelsin, bu zatlar barada ýekän-ýekän pikir alşarys. Indi ikimiziň aramyzdaky bu içdöküşmeler däp bolup barýar. Her gije nobatçylygyny sowup, aryp-ýorlup öýe gelende bile ojagyň golaýjagynda oturýarys. Baýbars aýalymyň bişiren çorbasyny iýip otyrka, özara hal-ýagdaýlarymyz hem-de şerigat barada-da gürrüň edýäris. Ol «men» diýen ýaşynda. Elbetde, ol gujur-gaýratly bolmaly. Şonuň ýaly ýaş, gaýratly hem namysjaň ýigidiň Allany bilmeýän şu şäherde bitirip biljek işi örän köp. Kapyrmy, fasykmy, heniz ýola salmaly adam hem köp, juda kän! Şems Konýa, 1244-nji ýylyň 29-njy oktýabry Buz ýaly sop-sowuk gijeleriň birinde Şekerçiniň myhmansaraýynyň eýwançasynda otyrdym. Möwlana Rumy bilen görüşjek wagtym indi daşda däldi. Men Allanyň haýsy tarapa baksagam, Özüni gözlemegimiz hem tapmagymyz üçin, öz keşbinde ýaradan äleminiň ajaýyplygynyň huzurynda kalbymyz guwanç hem söýgi bilen dolmalydygy hakynda oý-hyýallary boýlap otyrdym. Ýöne bu hoşallyk duýgusyny ynsan ogullary gaty seýrek başdan geçirýär. Konýa gelelim bäri tanşan adamlarymy hakydamdan geçirdim. Hasan gedaý, Süleýman serhoş, onsoňam bozukhanadaky Çöl Güli. Beýlekiler tarapyndan pes görülýän we äsgerilmeýän bu adamlar ýoň bolan bir dertden –– «özüniň ilden üýtgeşikdigi hakyndaky garaýyşdan» ejir çekýärdi. Bu adamlar jemgyýet tarapyndan alga alynman, çetleşdirilip taşlanypdyr. Olar jemgyýetden üzňeleşen alymlaryň gözýetiminiň daşynda galan adamlardy. Bir zady bilesim gelýär, eýse, Möwlana Rumynyň olar bilen arasy nähilikä? Eger Möwlana Rumy jemgyýetiň aşaky gatlaklaryna öz täsirini ýetirmeýän bolsa, bu babatda oňa kömek etmek, onuň bilen aşaky gatlakdakylaryň arasynda köpri bolmak isleýärin. Şäher ahyry uka gitdi. Häzir gijegezer haýwanlaryň hem ümsümligi bozmaga het edip bilmeýän sagatlarydy. Bir şäheriň ukusyna diň salmak diýip-aýdyp bolmajak hasrat hem-de söz bilen beýan edip bolmajak bagtyýarlyk eçilýär. Ýapyk gapylaryň aňyrsynda neneňsi wakalar bolup geçýärkä? Durmuşda başgaça ýaşan bolsam, meniň özüm nähili wakalary başdan geçirerdimkäm? Şu barada-da oýlanýan. Ýöne bir zady bilýän: bu ýoly özüm saýlap almandym. Ýol meni saýlady. Bir derwüş ýat şähere gelipdir. Bu ýeriň halky keseden gelenleri halamaz eken. «Seni hiç birimiz tanamzok. Şonuň üçinem bärden gümüňi çek!» diýip, olar derwüşi kowupdyrlar. Derwüş aljyrap durmandyr: «Men özümi tanaýan ahyry. Esasy zat şol dälmi?! Ynanyň, eger tersine bolan bolsa, ýagny siz meni tanap, men özümi tanamaýan bolsam, şonda gaty erbet bolardy» diýip jogap beripdir. Goý, Konýanyň ilaty meni tanamasyn. Esasy zat özüm özümi tanaýan, şol ýeterlik. Özüni bilen Ony biler. Ýigrimi üçünji kada: ýaşaýan durmuşymyz elimize tutdurylan ýaldyr-ýuldur reňkli, amanat oýnawaçdyr. Kim oýnawaja hakykydyr öýtse, onuň üçin aglap, gaýgy-gussa batar. Kim bolsa, eline alan badyna oýnawajy söküşdirip döwüp taşlar. Biz oňa ýaha aşa baha kesýäris, ýa-da gadyr-gymmatyny bilmeýäris. Öte geçmeden daş dur. Sopy aşa-da geçmez, kem hem gaýtmaz. Sopy hemişe aralyk ýagdaýda... Ertir irden menem hemmeler bilen birlikde uly metjide gidip, Rumyny diňlejek. Aýdyşlary ýaly, onuň ussat wagyzçy-hatyp bolmagy ahmal, ýöne owalda-ahyrda her bir hatybyň aýdýan zatlarynyň çuňlugyna ony diňleýänleriň düşünişine görä baha berilýär. Wagyz diňleýän mahaly adam eşidesi gelýän zady eşidýär. Ýöne hikmet, esasan, gulaga hoş ýakmaýan sözlerde bolýar. Meniň nazaryma Möw lana Rumynyň wagyzlary tikenli otlar, ýandak, pürler bilen örtülen ýabany bag ýalydyr. Ol ýere giren her bir adam gözüne ýaran gül-çiçekleri ýolar-da, beýleki ot-çöplere seretmezem. Tikenli, gödeňsi görünýän ösümliklere meýil bildirýänleriň sany gaty az bolýandyr. Ýöne şu älemde birgiden derdiň dowasy, ana, şeýle ösümliklerden emele gelýär. Yşk bagy hem şeýle dälmidir? Eger diňe göze gelüwlisini, aňsadyny ýygnap, kynyny taşlasak, oňa «yşk» diýiljekmi? Owadanyny söýüp, betnyşanyny eliň tersi bilen itiberip goýbermek iň aňsady. Esasy zat parh goýmazdan, ýagşysynam, ýamanynam deň söýübilmekde. Diňe göwnümize ýaran zada şükür etmegiň näme kynçylygy bar? Onuň ýaly işi-hä Balhyň itlerem oňarýar. Süňk oklasaň halaýar, hoşal bolup guýrugyny bulaýlaýar. Ynsanyň ondan has köp zat başarjagy şübhesiz ahyry. Ýagşy hem ýaman diýen düşünjelerden aňryk geçmek mümkin zat! Ýöne şeýle bir ýer hem bar, ol ýerde ýagşy, ýaman diýen ýaly düşünjeleriň ählisi öz manysyny ýitirýär! Men ertir Rumyny görerin. Eý, Möwlana Rumy! Sözleriň, harplaryň, many äleminiň alyjenaby! Eý, dünýäniň serraby. Ýüzüme sereden mahalyň meni görermikäň? Meni gör! Gör meni! Rumy Konýa 1244-nji ýylyň 30-njy oktýabry Janym tenimden çykýança, Töwrizli Şems bilen tanşan günümi ýadymdan çykarmaryn. Jumady-al-owwal aýynyň ahyrky günleridi. Daşarda aýazly diýdirýän sowuk öwüsgin bardy. Şemal güýzüň bar güýji bilen öz hökmüni ýöredýändigini buşlap şuwlaýardy. Jumga metjidi hemişekileri ýaly agzy-burny bilen adamdan doly, hatarlar gysby durdy. Heran-haçan şular ýaly uly mähellä ýüzlenmeli bolanymda, özümi diňleýänleriň köplügi barada kän bir oýlanyp hem oturamok, pikir etmän hem duramok. Bu ikisiniň arasynda inçejik ýol tapýaryn. Munuň ýekeje usuly bar: diňleýjileri onlarça, ýüzlerçe aýry-aýry adamlar däl-de, diňe bir adam hasap etmeli! Her hepde meni diňlemek üçin ýüzlerçe adam gelýär, ýöne men diňe bir adama ýüzlenýän ýaly gürleýärin. Şol kişi sözlerimiň ýaňyna gulak gerýär diýip göz öňüne getirip, özümi diňe şol diňleýär hasap edip gürleýärin. Wagyz tamamlanandan soňra metjitden çykdym. Görsem, atymy taýýarlapdyrlar. Ýalyna zer sapaklar örüp, kümüşden jaňjagazlar dakypdyrlar. At her ädim ädende jaňjagazlaryň enaýyja jyňňyrdysyny diňlemegi halaýardym, ýöne töwerekde mähelläniň hyň berýändigi, ýollaryň dykyn alyp durandygy üçin, tiz gitmek mümkin däl! Öňde şägirtlerim bilen özüm, yzymyzda bolsa aňyrsy görünmeýän mähelle. Kem-kemden hereket edip, ýykyk-ýumruk, başy çala çatylan öýleriň, öýjük-öýjük bolup duran dükanlaryň deňinden geçdik. Töwerek ýöne goh bolup durdy. Ýolda düzülip duranlaryň şowhun bilen garşylamasy arzy-hal aýdýanlaryň özelenmelerine, çagalaryň izzildisi ene-atalaryň käýinçlerine, satyjylaryň harydyny hödürläp döredýän gohy gedaýlaryň naýynjar seslerine goşulyp gidýärdi. Bu adamlaryň köpüsi özleri üçin ýagşy doga-dileg etmegime garaşýardy, bir topary bolsa meni elläp görmek ýa-da ýakynymdan ýöremek isleýärdi. Has uly islegler bilen gelenler hem bardy. Agyr ýatan hassalaryna şypa tapyp bermegimi isleýänlerden başlap, özüni jadydan açmagymy soraýanlara çenli. Ynha, şolar meni gaýga goýýardy. Olar meniň keramat görkezer ýaly pygamberem, şypa paýlarym ýaly hekim hem däldigimi görmeýärlermikä? Şu zatlar hakynda oýlanyp barşyma, çatrykdan öwrülip, Şekerçiniň myhmansaraýyna golaýlaşanymyzda bir derwüşiň içiňden geçip barýan nazaryny maňa dikip, mähelläni böwsüp, göni özüme tarap gelýänini gördüm. Onuň hereketleri alyslary nazarlaýan adamlara mahsus aýgytlydy. Ol töweregindäki adamlaryň we zatlaryň ählisinden bütinleý üýtgeşikdi, özüni tutuşy beýlekilerden saýlanýardy. Bir özüdi. Diňe häzir däl, ol hamala ömürboýy ýeke başyna ýaşan ýalydy. Seretsem, saçy, sakgaly, gaşy ýok. Nurana diýip şeýle adama aýdyp boljakdy, emma onuň keşbi welin, bir hili syrlydy. Düşünmesi kyndy. Ünsümi çeken esasy zat derwüşiň daş keşbi däl. Konýa şäheri gezende derwüşleriň köp düşläp geçýän ýeri. Bu ýerden Allany gözläp ýören derwüşleriň her jüresi geçendir. Gollaryna göreniňden ünsüňi çekýän nagyş çekilenleri-de, gulaklarydyr burunlary düzüm-düzüm halkalylary-da, boýunlaryna surnaýdyr buýnuz asyp ýörenlerini-de köp gördüm. Şonuň üçinem bu derwüş ilki gözüme ilende, özümi haýran galdyran zat onuň geýim-gejimi däldi. Men onuň nazaryndan gözümi aýryp bilmedim. Onuň gara gözleriniň garaýşy hanjardanam ýitidi. Ol gollaryny iki ýana açyp ýokary göterdi-de, köçäniň ortarasynda dikilgazyk boldy duruberdi. Diňe meni hem söbügimi basyp gelýän adam silini däl, hamala wagtyň akymyny hem togtatmak niýetine münen ýalydy. Birden tutuş bedenim endiräp gitdi. Ýüregimden bir zat sogrulyp aýrylan ýaly boldy. Atym gozgalaň tapdy; ynjalykdan gaçyp kişňäp başlady. Janawary köşeşdirjek bolsamam, başardarly däldi. Art aýaklarynyň üstüne galyp, tasdanam meni ýere pylçap urupdy. Şol pursadam derwüş gözlerini atyma dikip, golaýa geldi-de, onuň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. At şol bada hereketini togtadyp köşeşdi, burnunyň deşiklerini giňden açyp, pyrryldap dem alyp başlady. Töweregimizi gurşap alan köpçülik gözleriniň öňünde bolup geçen wakany demini alman synlapdy. Pyşyrdy seslerini eşitdim: –– Bu adam jadygöý bolsa gerek. Aty jadylady! Derwüş bolsa töweregindäkilerden habarsyz ýalydy; häzir onuň özüme dikilen gözleri syrly garaýardy. –– Eý, allame-i jahan Rumy, gündogarda hem günbatarda deňsiz-taýsyz Möwlana, siz barada diýseň öwgüli zatlar eşitdim. Şunça ýol aşyp, saňa bir sowal bermäge geldim, eger rugsat etseňiz. –– Baş üstüne − diýip, ýuwaşlyk bilen dillendim. –– Onda ilki bilen atdan düş, ikimiziň derejämiz deňleşsin. Onuň bu sözleri meni gaty aljyratdy, hiç hili jogap berip bilmedim. Ýanymdakylar hem aňk-taňk boldy. Şu güne çenli hiç kim meniň bilen beýle äheňde gürleşmäge het edip bilmändi. Ýüzüm gyzardy. Ýüregimde bir hili gyýylma, gyzgynlyk duýdum, ýöne özüme erk edip, atdan düşdüm. Derwüş eýýäm aňyrsyna öwrülip gidip barýardy. Yzyndan ýetip sakladym. –– Heý, hany, aýak çek, sowalyňy eşideli ahyry. Derwüş şobada saklandy. Yzyna öwrüldi, ilkinji gezek ýylgyrdy. –– Mertebe taýdan hezreti Muhammet bilen sopy Baýezid-i Bistamynyň, seniň pikiriňçe, haýsy biri has ýokarydyr? –– Bu nähili sowal bolýar?! –– diýip, ör-gökden geldim. –– Heý-de, ahyrky pygamber Resulullah sallallahu aleýhi we sellem Serwerimiz bilen bir sopyny deňeşdirip bolarmy? Töweregimize bilesigeliji mähelle üýşüpdi, ýöne daşymyzy gurşap alan köpçülik derwüşiň piňine däl ýalydy. Bir bolşuny üýtgetmän, sözüni dowam etdi: –– Oýlanyp gör, Pygamber hezretleri: «Ýa, Rebbim, saňa tagzym edýärin, Seni mynasyp derejede tanap bilmedim» diýmänmidir?! Baýezid-i Bistamy bolsa: «Men özüme tagzym edýärin, meniň şanym beýikdir. Çünki hyrkamda Alla bar» diýýär. Bularyň biri özüni Allahyň ýanynda gaty owunjak duýýan bolsa, beýlekisi Allahy özünde görýär. Seniň pikiriňçe, bularyň haýsy biri has ileridir? Duýdansyz demim tutuldy, ýuwdundym. Ilkibada samahylly bolup eşidilen bu sowal birden başgaça many aldy. Göýä üstüniň örtügi sypyrylyp, aşagyndan üýtgeşik bir tapmaça çykan ýalydy. Derwüşiň ýüzünde çala saýgardýan ýylgyryş görnüp gitdi. Indi öňümde duran adamynyň akyly gelip-gitme diwana däldigine göz ýetiripdim. Ol menden jan-dilden bir zady –– ozal hiç haçan oýlanyp görmedik meseläm barada pikirlenmegimi isleýärdi. –– Näme diýmekçi bolýanyňa düşündim –– diýdim. –– Bu iki sözi degşireniňde, Bistamynyň sözi her näçe ynandyryjy görünse-de, aslynda Pygamber Serwerimiziň sözüniň ondan has ýokarydygyny düşündirjek bolaýyn. –– Iki gulagym sende, hany, aýdyber –– diýip, derwüş dillendi. –– Allahyň yşky deňiz-derýa ýaly bir zatdyr. Her bir ynsan ondan öz ukybyna görä suw alýandyr. Ýöne kimiň näçe suw aljagy onuň gabynyň ululygyna baglydyr. Kimiň gaby çelekdir, kimiňki bolsa gowadyr; kimiňki meşik-tulumdyr, kimiňkem mytara. Men gürledigimçe, derwüşiň ýüz-keşbini tutuşy üýtgäp ugrady. Onuň gözlerinde kem-kemden öz pikirleriniň ýaňyny başga biriniň sözlerinden eşiden adamyňka çalymdaş ýumşak, dostana ýalpyldy peýda boldy. –– Bistamynyň gaby Pygamber Serwerimiziňkä garanyňda ujypsyzdy. Ol birje owuç içende gandy. Şojagaz mukdara-da bagtyýar bolup, serhoş düşdi. Onuň özünde ylahy barlykdan eser tapmagy nähili ajaýyp! Ýöne şol halda galmak ýoly dowam etmezlik diýmekdir. Şol mertebede hem Allah bilen nebis heniz aýry-aýrydyr. Pygamber Serwerimiz barada aýdylanda bolsa, Ol Allanyň söýgüli guly, bendesidir, onuň gaby aňsat-aňsat dolmaz. Şonuň üçinem Allah Gurhanda gullaryna şeýle buýrupdyr: «Seniň ýüregiňi açyp giňeltmedikmi?» Kalby şeýle giňänsoň, ýagny gaby ulalansoň, onda doýmaz-dolmaz teşnelik peýda bolupdyr. Pygamber Serwerimiziň «Seni mynasyp derejede tanap bilmedik» diýmesi ýöne ýere däl. Ýöne hiç kim Allahy Şonuň ýaly tanap bilen däldir. Derwüş parahat, özüne ynamly ýylgyrdy. Baş atyp, salam berdi. Soňra hoşallyk alamaty hökmünde elini ýüreginiň üstüne ýetirip esli wagtlap durdy. Gaýtadan gabaklaryny galdyranda, batan Günüň ýagtysynda maňa bütinleý täze bilesigelijilik bilen seretdi. Ol öňümde hormat bilen egildi. Menem oňa hormat bilen baş egdim. Şeýdip, näçe wagt duranymyzy bilemok, asman melewşe öwsüp ugrady. Töweregimizdäki mähelle ynjalykdan gaçyp, pyşyrdaşyp, herekete gelip başlapdy. Adamlar derwüş bilen aramyzda bolup geçenleri ilki bilesigelijilik, soňra haýrangalyjylyk bilen tomaşa edipdiler. Ýöne geňgalyjylyk ahyrynda öz ornuny garşylyga berdi. Sebäbi olar şu çaka çenli meniň hiç kimiň öňünde baş egenimi görmändiler. Adaty derwüşiň öňünde başymy egenimi görmek müritlerime ýaramandy. se geçi süýdünden başga ähli zady yzyna gaýtarýardylar. Öýümiziň düzgüni bulam-bujar boldy. Gün geçdigi saýy, bu ýagdaý degnama degip başlady. Barha gyýygymyň ajaýanynyny duýýardym, ýöne özüme erk edip bilemokdym. Günüň dürli sagatlarynda gapydaky deşikden kitaphananyň içine seredýärdim. Gapyny birden açaýsalar, meni somalyp, gürrüňlerini diňläp duran ýagdaýda görerdiler. Ýöne meniň üçin parhy ýokdy. Olary her gün irmän synlaýardym, ýöne onçakly görüp bilýän zadym ýokdy. Perdeleriň ýarym-ýarçyk örtülendigi üçin otagyň içi alagaraňkydy. Käte bir gulagyma ilýän üzlem-saplam sözler bolaýmasa, bir eşidýän zadym tükeniksiz hümürdidi. Görere, eşidere zat bolmansoň, öz ýanymdan çak urup başladym. Bir gezek Kerra gulagymy gapa goýup durkam üstümden geldi. Ýöne gaharlanmadam, igenmedem. Ol hem bolýan zatlar bilen, bolmanda, mençeräk gyzyklanýardy. Nämeleriň bolup geçýänini bilmek üçin jan edýärdi. Onsuzam zenanlar gaty bilesigeliji bolýar. Olaryň tebigaty şeýle. Ýöne başga bir gün agam hem meni etmişimiň üstünde tutdy. Käýinjiräp: –– Başga kişileri yzarlamaga nä hakyň bar?! –– diýdi. –– Ylaýta-da, kakaň näme edýänini yzarlap ýörmek gaty gelşiksiz bolar. Ähmiýet bermedim. –– Kakamyzyň gije-gündiz bar wagtyny keseki biri bilen geçirmegi, maşgalany gözden salmagy janyňa batanok-da, gel-gel, meniň gapy diňlemäm gözüňe iläýýärmi? Kakamyň ýüzüni görmälime bir aýdanam köp wagt boldy. Şeýdip, çetleşdirilmek seni gaýgylandyranokmy? –– Hiç kim hiç kimi çetleşdirenok! –– diýip, agam çürt-kesik aýtdy. –– Kakam Töwrizli Şemsde ýyllar bäri gözläp ýören dostuny, ruhdaşyny, ýoldaşyny tapdy. Çaga ýaly arz-şikaýatyňy aýdyp izzildäniňden, şoňa guwansaň gowy bolar. Eger bir adamy hakykatdanam, gowy görýän bolsak, onuň bagtyýar bolmagyny dilärdik. Al gerek bolsa, tüýs agamyň agzyna gelşip duran samsyklaç gep-dä! Onuň göwni ähli zadyň asuda, hemmeleriň bagtyýar bolmagyny isleýär! Ol çaglygynda-da şeýledi, kakamyň göz-guwanjydy, häzirem kemsiz-kössüz ýigit; men bolsam, bihepbe, boýnuýogyn hem dikdüşdimişim. Belki-de, bu dünýäde her bir adamyň berjaý etmeli işi, wezipesi bardyr. Eger ähli magtalýan orunlar eýelenen bolsa, sen özüňe düşen bölegini boýun almaly bolarsyň. Bu isleseňem şeýle, islemeseňem. Maşgalanyň uluglarynyň tüýs mynasyp mirasdüşeri, kakamyň ilkinji gözi düşen nowbahary bolmak agamyň paýyna düşüpdir. Meniň paýym bolsa, ondan artan zatlara kaýyl bolmak! *** Kakamyň Şems bilen kitaphanadan çykman oturanyna kyrk gün diýlende, örän geň bir waka boldy. Şu gün irden ýene-de gapynyň öňünde çommalyp, içerdäki ümsümligi diňläp durkam, derwüşiň gürlänini eşitdim. –– Indi bu otagdan çykmaga çen boldy, Möwlana. Köňli giň, ruhy sergezdan sopuçylyk ýoluna baş goşanlaryň kyrk kadasyndan şu geçen günleriň hersinde birini akylymyzdan-pikirimizden geçirdik. Şu gün ahyrky kadany hem tamamlandygymyz üçin adamlaryň arasyna barsak dogry bolar. Seniň bolmazlygyň maşgalaňy alada goýandyr. Kakam şol pursat garşy çykdy: –– Gaýgy etme, aýalym hem, ogullarym-da bu ýagdaýa düşünerler. –– Aýalyňy-ha bilemok, ýöne iki ogluň biri-birinden gyş bilen tomus ýaly tapawutly – – diýip, Şems dillendi. –– Hadis-i şerifde: «Ogul kakasynyň syrydyr» diýlipdir. Ýöne nähili ogul? Uly ogluň seniň yzyň bilen gelýär, ýöne kiçi ogluň ugry welin, bütinleý başga tarapa. Görübilmezçilik, şübhe hem tankyt etmek islegi onuň ýüregini garaldypdyr. Bu sözleri eşiden badyma ýüzüm lap-lap gyzdy. Wah, bisyrat derwüş! Heniz tanamaýan halyňa, men barada beýle gepleri aýtmaga neneň diliň barýar? Heniz bu sowaly serimde doly aýlap ýetişmänkäm, Şems maňa jogap berýän ýaly, sözüni dowam etdi: –– Kiçi ogluň özüni tanamaýandyryn öýdýär, ýöne ony tanaýan ahyry. Sebäbi ol kyrk gün bäri gulagyny gapydan aýyrman, deşikden bizi synlaýarka, menem oňa seredýärdim. Tüýlerim syh-syh boldy. Oýlanyp durman gapyny batly açdym-da, içerik kürsäp girdim. Kakamyň gözleri haýran galmakdan ýaňa tegelendi. Şobada-da, keşbindäki aljyraňňylygyň ornuny gahar eýeledi. –– Alaetdin, bu nä boluş? Bu nä edepsizlik, ogul? Akylyňy aldyrdyňmy? –– diýip seslendi. –– Näme üçin bizi birahat edýäň? Yzly-yzyna ýagdyrylan soraglary eşitmedik bolup, süýem barmagymy Şemse çommaltdym. Gygyrmak niýetim ýokdy, ýöne tolgunyp, saňňyl-saňňyl edip titräp, sesimiň gatalmasynyň öňüni alyp bilmedim: –– Maňa bir zat diýýänçäň, ilki şu hepbesizden men barada nädip beýle sözleri aýdyp bilýänini soramaly ekeniň. Kakam sesini çykarmady. Diňe içini çekdi; hamala men onuň boýnunda degirmendaşy bolup asylan ýaly ýüzüni aşak salyp durdy. Ol şeýdip durşuna, maňa seretdi. Onuň ýüzi edil gara bulut çöken ýaly agyrdy. –– Kaka jan, Kerra sizi gaty alada edýär. Talyplaryňyzam şeýle. Şu talaňçy derwüşe şunça wagtyňyzy sarp edip, eý görýän adamlaryňyzdan nädip ýüz dönderip bilýärsiňiz? Bu sözleriň agzymdan çykanyna puşman etdim, ýöne soňky tüýkülik sakgal ezýärmi? Kakamyň meňzi saraldy, gözlerine gaýgy-hasrat çaýyldy. Mundan öň onuň özüme beýle seredenini görmändim. –– Alaetdin, häziriň özünde çyk şu ýerden –– diýdi. –– Häzir seniň akylyň başyňdan uçupdyr. Git-de çola ýerde özüňi dürse. Goýberen ýalňyşlyklaryň barada oýlanypölçer. Öz kalbyňa garap, puşman etmezden, şol ýerden turma. Öz gögeleligiňi görüp, şony boýnuňa alman, meniň golaýyma geläýme! –– Ýöne, kaka... –– Hany, ugra! –– diýip, kakam indi has gödeňsi hem dözümli ses bilen aýtdy. Elim-aýagym sandyrap daşaryk çykdym. Aýam derläpdir, dyzlarym sandyr-sandyr edýärdi. Ynha, şol pursat men bir zada düşündim. Töwrizli Şems zerarly durmuşymyz bulambujar boldy. Mundan beýläk indi hiç haçan öňki günler gaýdyp gelmez. Ejem ençeme ýyllar ozal, heniz çaga mahalym aradan çykypdy. Häzir bolsa ikinji bir uly ýitgini çekýärdim. Bir adamyň kakasy hem diri, hem öli bolup bilermi?! Diýmek, bolup biljek ekeni... Rumy Konýa, 1244-nji ýylyň dekabry Dünýä boram-boşlukdy. Uly köçelerem, bulutsyz asman hem, tutuş Konýa-da. Töwrizli Şems ýolumy kesip, şol sowaly beren mahaly sähel pursatlygam bolsa, göýä ähli zat ýom-ýok bolan ýaly boldy. Bu şäherde diňe ikimiz –– soraýan we jogap berýän –– ol bilen men galdym. «Hany, aýt, Bistamy ýokarymy ýa-da Pygamber Serwerimiz?» Bu sowaly eliň tersi bilen bir gyra itiberip goýbermek ýa-da eşitmedik bolmak aňsat. Gaharlanyp, öňüňde durany sem etmek hasam ýeňil. Kyn zat: näme soralýandygyna düşünjek bolmak we elbetde, jogabyny tapmakdy. Ynsan ýaşaýşy hemişe-de syýahat-sergezdançylyk. Biz sallançakdan mazara çenli sapar edýäris. Öňümizde ýedi sany aýry-aýry basgançak, ýedi mertebe uzap ýatyr. Bilýänler güzergähdäki her menzile bir at beripdirler. Nebsimiz şol basgançaklary ýekän-ýekän geçmezden, özüni üýtgeşikdirin öýtmekden ýüz öwürmezden syýahatyny soňlap, Hak bilen bitewüleşip bilmez. Ynsan ýalandadyr, zyýandadyr, şübhe içindedir. Ol ýedi basgançagy-da geçmezden, hakykata ýetip bilmez. Ilkinji mertebäniň ady Nebs-i Emmaredir. Bu gödeňsi, gögele we hemişe özgeleri günäkärleýän mertebedir. Haýp ýeri, adamlaryň köpüsi ömürboýy şu basgançakda galýarlar. Onuň basmaryndan halas bolup bilmeýärler. Dünýewi işlerden başga zat hakynda pikir edip bilmeýän, pula-baýlyga, häkimiýete tamakin, gabarylyp ýören «menlik» şübhesi bilen ýaşaýan adam şu basgançakdadyr. Bu ýerde düşlän kişini dessine tanap bilersiň. Hemişe özgeleri ýazgarar, günäkärlär, tankyt eder; edil dem alşynyň tebigy bolşy ýaly, onuň myş-myşlara gulak gabardyp, kesekä töhmet atmasam şeýledir; özünde jinnek ýaly-da köst bardyr öýtmez; başgalary aýyplar; şübhe, müňkürlik hem ulumsylyk yklymynda ýaşar. Olary özüňem bilýänsiň. Özüňden çen tutsaňam tanarsyň. Sebäbi eger biz adam bolýan bolsak we özümizem çig süýt emen bolsak, onda biziň Nebs-i Emmaräniň alyna aldanmadygymyz ýokdur. Esasy zat şol çukurdan çalt çykyp bilmekdir. Ol adam haçan nebsiniň kemçiliklerini, ýetmezçiligini, ýalňyşlyklaryny saýgaryp bilse we düzetmegiň ugruna çyksa, ynha, şol wagt onuň ruhy syýahata çykar. Şondan soň gözlerini daş-töweregine aýlamaz-da, öz içine garar. Şeýde-şeýde, ädim-ädim ýol söküp, indiki mertebä ýeter. Bu mertebe, bir tarapdan, özünden öňkiniň bütinleý tersinedir. Bu ýerde adam özgeleri günäkärlemäge derek, hemişe özüni ýazgarmak bilen bolar. Bolup geçen her bir işi jikme-jik öwrenip, özüni köteklär. «Älem görkana, men betnyşan» basgançagydyr bi. Ynha, şu mertebede nebis Nebs-i Lewwame, ýagny Günäkärlenýän ýa-da Ýazgarylýan nebse öwrüler. Üçünji mertebede ol kişi hasam bişer, Nebs-i Mülhimä ýeter. Bu basgançakda ynsan nebsi Ylham alýan nebse öwrülýäni üçin, ol kişi dünýäde görýän ähli zadyndan we her bir kişisinden ylham öwüsginini alar. Kaýyllyk diýilýän halyň näderejedäki erkanalykdygyny aňşyrar, sähelçe-de bolsa onuň tagamyny duýup başlar. Nesibesi çekse, Ylym şährine gadam goýar. Wagtal-wagtal kabz, ýagny darykma we gahar döretse-de, köplenç halatda bast, ýagny giňlik, erkanalyk hem rahatlyk getirýändigi üçin, bu mertebe kalbyňa hoşwagtlyk berip biljek derejede gözeldir. Ýöne şol bir wagtda onuň özüneçekijiligi örän uly howpdur. Çünki bu mertebä ulaşanlaryň köpüsi bu ýerden çykmak islemeýärler. Olar ýoluň ahyryna gelendirin öýdýärler. Ýöne ýol welin, has uzak hem agyrdyr. Bu mertebe örän maýyl ediji we diýseň owadandyr, ençeme kişiler mundan aňyrlaryk gitmäge gaýrat tapyp bilmezler. Şu sebäpli-de üçünji makam jennet baglary ýaly her näçe nepis bolsa-da, belentlikleri maksat edinýänler üçin duzakdan başga zat däldir. Bu ýerden aňryk geçmegi başaran kişi Ylym şährini eýelär we Nefs-i Mutmaine mertebesine ulaşar. Indi nebis öňküsi ýaly däldir, düýpgöter özgerendir. Şu sebäpdenem oňa Kanagatlanan nebis ady berler. Indi ol kişi örän ýokary düşünjä eýedir. Gözi doýgun, köňli giňdir. Pul-baýlyk, at-şöhrat, mal-mülk, wezipe-dereje derdi ýokdur. Özgeler bilen oňşukly ýaşar, diňe namazlygyň üstünde namaz kylýarka däl-de, hemişe Hakyň huzuryndadyr, ybadat ýagdaýyndadyr. Hemişe namazdadyr. Hiç kimiň göwnüne degmez, kişi hakyny iýmekden berk saklanar we hiç kimiň köstüni görmez, hatda kem-kösti bolaýsa-da, ony örter. Malyny we mülküni Malik-ül mülk bolan Alla tabşyrar. Mundan aňyrsy Töwhid şähridir. Soňky üç mertebä kemal mertebeleri diýilýär. Ol ýere ýetip bilýän ynsan, hakykatdan hem, gaty azdyr. Onsoňam olar Alla özlerini haýsy hala salsa-da, bagtyýardyrlar, kaýyldyrlar we şükürlidirler. Soňky üç mertebäniň ilkinjisinde Nefs-i Raziýä ýetenden soň, dünýewi meselelere özüni bermez, aldatdyrmaz. Indiki makam Nefs-i Marziýedir. Bu mertebeden Alla razy bolany üçin oňa Razy bolnan nebis diýilýär. Bu ýere ýeten kişi özgelere çelgi, ýolgörkeziji çyraga öwrüler. Yşygyny kime islese, şoňa tutar. Hakyky kutub, öçmez şemdan ýaly töweregine ýalkym saçar, aýdyňladar. Käte şypa hem paýlap biler. Hereketlerinde öte geçmekden we kem gaýtmakdan gaça durar. Hiç babatda çendenaşa hereket etmez; tersine aýra düşenleri duşurar, duşmanlary dost eder, dartgynlylygy ýumşadar. Şeýle kişi sowuk yklymlarda öwsen mylaýym şemal kibidir. Ýedinji we ahyrky makamda kişi Nefs-i Kämile ulaşar. Bu ýerde tapawutlanmagy gowy görýän «menlik» şübhesi tot-tozana döner, ýok bolar. Ýöne bu makamy bilýän, bilse-de ol barada dil ýaran bolmanlygy üçin, ol ýerden seredeniňde älemiň nähili görünýändigi barada maglumatymyz örän çäkli. Hak ýolundaky makamlary birin-birin sanamak aňsat, ýöne olardan geçmek welin, iňňän çetin. Ýoluň özüne mahsus kötelleri az ýaly, bu ýol bilen gös-göni ýöremek hem mümkin däldir. Ilkinji makamdan ahyrkysyna çenli eltýän bu ýol göni däl-de, iniş-çykyşly, egrem-bugramdyr. Üstesine-de, haýsydyr bir makama ýeten kişiniň ol ýerde hemişelik galjagyna kepil ýokdur. Hatda «indi bişdim, men bu ýollary söküp kämil çykdym» hasap edip, ýokardan aşaklygyna güwläp gaýdanlar hem bardyr. Şeýle bolansoň, geçmiş hem gelejek, ýaşan we ýaşajak şunça ynsanyň arasynda juda az sanlysy, onda-da her asyrda diňe biri iň ahyrky makama çenli ýetmegi başarýar. *** Ynha, şu sebäpden Şems maňa Hezreti Muhammet we sopy Bistamy hakynda şol sowaly berende, menden diňe kitaby deňeşdirmä garaşmaýardy. Şol bir wagtda maňa, ýagny hut şahsyma bir sorag gönükdiripdi. «Hakda ýitip ýok bolmak üçin nebsiňi bütinleý ýok etmäge taýýarmyň?» diýen sowal meni pikirlenmäge çagyrýar. Ilkinji soragyň aňyrsynda ikinji bir sowal ýatyrdy. «Eý, sen beýik wagyzçy, özüň ýedi makamyň haýsy birinde? Duran ýeriňden göwnüň hoşmy? Hany, aýt, seniň gabyň ululygy näçeräk?» «Ýoluň ahyryna çenli gitmäge ýürek edip bilermiň?» Kerra Konýa, 1244-nji ýylyň dekabry Soňky günler gaty keýpim ýok, takatym tükenip ýör. Möwlana Rumy bilen Şems gijegündiz içerden çykman, hümürdeşip söhbet etdikleriçe, menem barha suslaşyp barýaryn. Käşgä, fykyh, hadys, pelsepe, taryh we mantyk ýaly ugurlardan bilimli bolsadym. Käte şeýle bir pursatlar bolýar welin, aýal bolup ýaradylanyma garşy aýaga galyberesim gelýär. Bu dünýä gyz bolup geleniň üçin, durman işlemegi öwredýärler. Nahar bişirmek, arassaçylyk işleri, kirli egin-eşikleri küle owkap ýuwmak, ýapdan suw çekmek, köne joraplary ýamamak, hamyr etmek... hemmesi şobir zatlar. Käbir zenanlar bularyň daşyndan ýa-da şolara derek bedenlerini güjeňläp, erkekleriň gözüni-başyny aýlamagy-da öwrenýärler. Ýöne bar öwrenmeli zadyň, ynha, şolar. Ikisinde-de hyzmat etmeli. Hiç kim aýallaryň eline kitap tutduranok. Ýöne Möwlananyň şu gün Şems bilen gürleşişi ýaly, özüm bilenem çynlakaý gürrüň etmegini, oý-pikirini paýlaşmagyny näler isleýärin. Durmuş guran ýylymyzdy. Şol döwürler sähel ýeke galdygym, adamymyň kitaphanasyna girmegi endik edinipdim. Möwlananyň gözüniň göreji ýaly görýän kitaplarynyň, golýazmalarynyň arasynda aýbogdaşymy gurup oturyp, olaryň heňjeren we çaň siňen ysyny alyp, ol kitaplarda neneňsi syrlaryň gizlenendigini göz öňüne getirmäge çalşardym. Möwlana Rumy kitaplaryny öte gowy görýärdi, onda-da nähili gowy görmek! Kitaphanasy biri-birinden gymmatly golýazmalardan doludy, köpüsi rahmetli kakasyndan miras galandy. Bu kitaplaryň arasyndaky gözüniň görejine deňeýän «Magaryfy» ol setirme-setir ýatdan bilýär. Ençeme gijeläp, daňdana çenli uklamaýar, şol okaýar oturýar. Ol kitabyň her sözüni birçak okap çykandyr. Adam her harpyna çenli belet kitabyny-da her gezek täze gyzyklanma bilen okap bilýärmikä? «Maňa çuwallap altyn berselerem, kakamyň kitaplarynyň bir sahypasyna çalyşman – – diýýär Möwlana. –– Bu baha kesilmez kitaplaryň her biri maňa kakamdan miras. Olary kakamdan aldym, wagty gelende-de ogullaryma gowşuraryn». Gynansam-da, Möwlana Rumynyň öz kitaplaryna näderejede gadyr goýýanyny birçak ajy sapak arkaly bilip galdym. Durmuş guranymyza heniz bir ýylam bolmandy. Öýde ýeke özümdim. Birden serime bir pikir geldi. Elime mata bilen suw gabyny alyp, kitaphana girdim. Adamymyň kitaplaryny ýekän-ýekän arassalap çykmagy ýüregime berk düwüpdim, şeýdibem, ony haýran galdyrmakçydym, begendirmekçidim. Ähli kitaplary tekjelerden düşürdim; mahmal matanyň bölegini gül suwuna batyryp, kitaplaryň ählisiniň sahabyny gowy edip süpürişdirdim. Şu töwerekdäki sebitleriň ynanjyna görä, kitaplaryň kül-külüne düşüp, sahypalaryny gemirmekden lezzet alýan bir jyn barmyş. Onuň adyna Kebikeç diýýärdiler. Ynha, şol jyny dep etmek üçin her kitabyň başyna bir duýduryş ýazgysyny ýazmalymyş. «Eý, Kebikeç! Şu kitaba golaýlaşma! Bu sahypalar seniň diýjek sahypalaryň däldir!» Men her kitaby süpürenimde şol ýazgylary görüp ýylgyrýardym. Şol gün öýläne çenli kitaphanadaky kitaplaryň hemmesiniň tozanyny süpürip aýyrdym. Işläp ýörkäm hem, bir tarapdan, ymam Gazalynyň «Ihýa-i Ulu:mi’d-Din» atly kitabyny agdaryşdyrýan, oňa düşünjek bolýardym. Okap-ýazyp bilýänem bolsam, kitaplaryň dünýäsine aralaşmak üçin diňe şol ýeterlikmi diýsene! Ynha, şeýdip, öz-özüm bilen käýinişip durşuma, näçe wagt geçenini bilemok, dünýäni unudypdyryn. Birden bir hemleli ses eşitdim. –– Hatyn, bärde näme işleýärsiň? Yzyma öwrülenimde Möwlana Rumy bilen ýüzbe-ýüz boldum. Öýe haçan geldikä? Aýak seslerini hem eşitmändirin. –– Hoş geldiň, beg –– diýsemem sesini çykarmady. Ýüzi bir hili çytykdy, şol wagt öz adamymyň däl-de, başga biriniň ýüzüne seredip durandyryn öýtdüm. Sekiz ýyllyk maşgala durmuşymyzyň dowamynda ol diňe şol gezek meniň bilen şeýle berk gürleşdi. –– Arassalaşdyraýyn diýdim –– diýip, ysgynsyz ses bilen jogap berdim. –– Begenersiň öýtdüm. –– Ýöne bu meni begendirmedi –– diýip, Möwlana dillendi. –– Niýetiň gowudygyny bilýän, ýöne haýyş edýärin, kitaplaryma eliňi degirme. Arassalamaly wagty olary özüm süpürişdirerin. Senden haýyşym, bu ýere özüňem girme, hiç kimem goýberme. Şol günden soň, adamymyň kitaplaryna gaýdyp ýeke gezegem elimi degirmedim. Öýde hiç kim ýok mahaly hem kitaphana girmedim. Özüme ylym öwrenmek bagtynyň berilmändigine düşündim. Adamymyň kitaplaryndan uzak durmaly diňe Kebikeç däl eken, menem şeýle ekenim. Bu sahypalar meniň başym çykjak zatlar däl eken! Janyma batmasa-da, şeýle ýagdaýlar bilen öwrenişmeli boldum. Tä Şems-i Töwrizi öýümize gelýänçä, hatda ony ýadymdanam çykarypdyryn. Şems bilen Möwlana ikisi kyrk günläp kitaphanadan çykman oturansoňlar, birmahalky ýatlamalar dessine ýadyma düşdi. Diýmek, maňa gadagan edilen otagyň gapylary Şems üçin giňden açykdy. Bu meni ynjytdy. Ýüregimiň jümmüşinde bir ýerlerde bardygyny-da bilmeýän ýaralarym yza berip başlady. Kimýa Konýa, 1244-nji ýylyň dekabry Meni perzentlige alanlarynda on iki ýaşymdadym. Öz ejem-kakam ýönekeý, oba adamlarydy; Gün dogandan Gün batýança, ekin üstünde işläp, wagtyndan öň garran adamlardy. Kiçijik, bir otagly öýde ýaşardyk. Gyz doganym ikimiz otagyň bir böwründe, bir düşekde ýatardyk. Gapdalymyzda aradan çykan doganjyklarymyň ruhlary uklardy. Olaryň ählisi-de yzly-yzyna ýönekeý näsaglyklardan amanadyny tabşyran bäbeklerdi. Öýümizde olaryň ruhuny diňe men görýärdim. Haçan şol kiçijik ruhlaryň nämeler edip-goýýanlaryny hossarlaryma düşündirjek bolsam, gyz doganym erbet gorkardy, ejem aglap başlardy. Her näçe düşündirjek bolsam-da, peýdasy ýokdy. Ýöne gaýgy edere-de, gynanara-da zat ýokdy. Sebäbi kiçgine ruhlaryň hiç biri bagtsyz görnenokdylar. Gorkunjam däldiler. Ýöne, ynha, şuny özümiziňkilere hiç düşündirip bilemokdym. Günlerde bir gün obamyza bir garry bilge-dana geldi. Ol argyndy, halys bitapdy hem açdy. Saçy-sakgaly buýur-bulaşykdy, ýiti ýagta gözüni süze-süze, ýüzüni ýygyrt tutup gidipdir. Kakam dynç alyp, özüni dürsesin diýip, ol bilgäni öýümize çagyrdy. Şol gije ählimiz ojagyň başynda oturdyk. Bilge hem bize uzakdaky diýarlar barada täsin gürrüňleri aýdyp berdi. Ol birsydyrgyn äheňde gürrüň berip otyrka, menem gözlerimi ýumup, onuň bilen birlikde Arap çöllerine, Afrikanyň demirgazygyndaky çarwa çadyrlaryna, suwlary göm-gök Ortaýer deňzine syýahat etdim. Bilge nire barada gürrüň berse, hyýalymda janlandyryp, şol ýerlere syýahata gitdim. Bir çägelik ýerde äpet ullakan owadan balykgulagyň üstünden baryp, jübime saldym. Çägelik kenaryň bir başyndan beýleki ujuna tarap ýöräp başladym welin, duýdansyz ýerden ýiti, porsy ys burnuma urdy. Mejbury ýagdaýda aýak çekdim. Gözlerimi açdym. Süýnüp ýatan ekenim. Özümden gidipdirin. Düýş gören bolaýmasam. Öýdäkileriň ählisi üstüme abanyşyp, maňa aladaly seredişip durdular. Ejem bir eli bilen kellämi saklap dur, beýleki eli bilenem burnuma ýarty sogan tutdurýardy, ony maňa ysgatjak bolup başagaýdy. Gyz doganym begenjinden ellerini çarpdy: –– Özüne geldi! Ýaşa! Kimýa yzyna gaýdyp geldi! Ejem uludan dem aldy. –– Alla jan, saňa şükür! –– diýdi. Soňra bilgä garap ýagdaýy düşündirdi. –– Kimýa jan kiçijikliginden bäri birahadrak. Birdenkä, durýar-durýar-da çaşýar ýatyberýär. Bilge hiç zat diýmedi, diňe aňymdaky pikirleri okajak bolýan ýaly, meni üns berip synlady. Ertesi gün säher bilen hemmämize birin-birin taňryýalkasyn aýdyp hoşlaşdy-da, ýola düşmek üçin aýak üstüne galdy. Ýöne ýola düşmezden ozal, kakamy ýanyna çagyryp şeýle diýdi: –– Seniň gyzyň gaty üýtgeşik çaga. Alla oňa ullakan ukyp beripdir. Şeýle sowgadyň gadyry bilinmese haýp bolar. Kimýany hökman mekdebe iberiň... Gürrüňi üns berip diňlän ejem: –– Gyz çaga mekdep nämä gerek? –– diýip, dessine dillendi. Bilge bu garşylyga ýan bermedi: –– Çagaňyza gyz diýip, Alla ony gözden salmandyr. Haktagala oňa ukyp bagyş edipdir. Siz Alladan has gowy bilýändirin öýdýäňizmi? –– diýip sorady. –– Eger mekdebe ibermejek bolsaňyz, gyzyňyzy bir alymyň garamagyna beriň. Ejem «hiç haçan» diýýän manyda başyny ýaýkady. Ýöne kakam näme diýjegini bilenokdy. Bilgäniň sözüniň oňa täsir edeni görnüp durdy. Ol okuwly kişileriň, dini hem tebigy ylymlaryň muşdagydy. Kakam meni hem örän gowy görýärdi. –– Ýöne ulamalardan hiç tanaýanymyz ýok. Nireden tapaly? –– diýip sorady. Ynha, şol pursat goja bilge durmuşymyň ugruny bütinleý özgertjek bir teklip aýtdy. Ol şeýle diýdi: –– Konýa şäherinde üýtgeşik bir alym ýaşaýar. Ady Möwlana Jelaletdin Rumy. Kimýa ýaly bir gyzy ösdürip-ýetişdirmäge göwünjeň çykmagy ahmal. Gyzyňy şonuň ýanyna äkit. Ökünmersiň. Bilge gidensoň ejem «Eý, Hudaý!» diýip, gollaryny giňden açdy. Gürläp başlady: –– Men agraýak. Kimýa maňa hemaýat etmeli. Onsoňam gyz diýeniň kitap nämesine gerekmiş. Bu, heý, boljak işmi? Öýde otursyn. Çaga seretmegi öwrensin. Käşgä, ejem gitmegime başga sebäpler bilen garşy çyksady. Aýralyga çydap bilmejegini, wagtlaýyn hem bolsa, gyzyny başga bir maşgala bermäge dözmeýändigini aýdan bolsady, menem beýle höwese ulaşman, obamyzda galanymy gowy görerdim. Ýöne ejem bu zatlaryň hiç birini diýmedi. Ol diňe öýde-de kömek gerekdigi üçin gitmegime garşy çykansoň, kejirligime tutup, menem gidenimi gowy gördüm. Şol wagtam kakam bilgäniň gürrüňini eden meşhur alymynyň ýanyna bile gidip görmegi ýüregine düwdi. Şeýlelikde, köp wagt geçmänkä, kakam ikimiz ýola düşüp, Konýa geldik. Ders berýän medresesiniň gapysynda Möwlana garaşdyk. Şol gün hezreti kakalygymy ilkinji görşümdi. Ol birhaýukdan talyplaryny yzyna tirkäp daşaryk çykdy. Elimi-aýagymy nirede goýjagymy bilmän aljyradym, başymy galdyryp, ýüzüne-de bakyp bilmedim. Ellerine seretdim. Nepis barmaklary uzyndan inçedi. Alyma garanyňda, ol eller sungat adamsynyňka has köp çalym edýärdi. Kakam Möwlananyň öňünden çykyp, meni görkezdi. –– Tagsyr hezretleri, gyzym Kimýa üýtgeşik çaga. Ýöne ejesi-de, menem ýönekeý adamlar. Ony mynasyp derejede terbiýeläp ýetişdirip bilmeýäris. Şu töweregiň iň ylymly adamy özüňiz diýdiler. Kimýany okuwçyňyz hökmünde kabul edip bilmezmisiňiz? Gözümiň gytagy bilen Möwlananyň ýüzüne seretdim. Onuň geň galmaýandygy bildirýärdi. Şular ýaly arzy-hal aýdylmagyna öwrenişikli bolmalydy. Ol kakam bilen aýak üstünden gürrüňe başlansoň, menem ýeňseki baga tarap ýöredim. Şol ýerde birnäçe çaga oýnap ýördi, ýöne aralarynda gyz ýokdy. Medrese diňe oglanlar üçindi. Ýöne yzyma dolananymda bir künjekde ýeke özi duran ýaş aýaly görüp aljyradym. Ol göze gelüwli, hoşamaý ýüzli zenandy. Aý ýaly nurana ýüzi ýalkym saçyp durdy. Apak bedeni mermerden ýonulyp ýasalan ýalydy. Elimi galdyrdym. Ol aýal maňa haýran galyp seretdi. Sähel salymlyk ikirjiňlenmeden soň, ol hem maňa elini galdyrdy. Ýanyna bardym. –– Salam, eýjejik gyz, sen meni görýärmiň? –– diýip sorady. Men baş atanymda ol aýal begenip ýylgyrdy. –– Bu gaty täsin! Meni senden başga hiç kim görenok. Ol aýal bilen bile kakamdyr Möwlananyň duran ýerine bardyk. Ýanymdaky nätanyşy görüp, gürleşmelerini bes ederler öýtdüm. Ýöne beýtmediler. Aýal dogry aýdýan eken; menden başga hiç kim ony görmeýän eken. –– Hany, gel hany, Kimýajyk –– diýip, Möwlana dillendi. –– Kakaň aýdyşyna görä, sen öz-özüňden okap-ýazmany öwrenipsiň. Üýtgeşik ukyplaryň barmyş, okamagy örän gowy görýärmişiň. Hany, aýt bakaly, kitaplaryň nämesini halaýaň? Bokurdagyma bir zat düwün boldy, dilim çolaşdy. Jogap berip bilmeýärdim. –– Ýeri, Kimýa, hezreti tagsyra gürrüň ber ahyry –– diýip, kakam dillendi. Möwlana Rumynyň umydyny puja çykararmykam öýdüp alada galýan ýalydy. Dogry, jogap beresim gelýärdi. Kakamyň özüme guwanmagyny isleýärdim, ýöne hiç gürläp bilmedim. Onsoň eger ýanymdaky ýaş aýal kömege ýetişmedik bolsa, belki, hiç haçanam gürläp bilmezdim. Oba iş bitirmän dolanmaly boljakdyk. Ýöne ýaş aýal emaýlyk bilen elimden tutdy. –– Ýeri, akyllyja gyz, Möwlana gürrüň ber, hany. Söz berýän, hemmesi oňat bolar. Şol pursat ekezlendim. Möwlana tarap ynamly öwrüldim: –– Tagsyr, siziň ýanyňyzda terbiýe almak maňa şeref berer. Kynçylykdan gaçmaryn, okamagy gowy görýärin. Öwrenmegi halaýan. Oňat okuwçyňyz boljakdygyma sizi ynandyrýaryn. Möwlananyň gözleri ýalpyldap gitdi. –– Ynha, bu bolubilýär –– diýdi, ýöne soňra uludan dem aldy. Hamala ýakymsyz bir zat ýadyna düşen ýalydy. –– Ýöne sen gyz ahyry. Biz dynjymyzy alman okap, kän zatlary öwrenäýenimizde-de, köp wagt geçmänkä, sen durmuşa çykmaly bolarsyň, çaga-maşgala basdyrarsyň. Şonça ýyllyk zähmetiň biderek bolar. Näme diýjegimi bilmedim. Höwesim gaçdy. Kakamyň hem keýpi gaçyp ugrapdy, nazaryny çaryklaryna dikip, sesini-üýnüni çykarman durdy. Ynha, şol wagt ýaş aýal ýene dadyma ýetişdi: –– Möwlana «Aýalyňyz hemişe kiçijik gyzyňyzyň bolmagyny islärdi. Alla häzir meni iberdi. Eger bir gyz çagany okatsaňyz, aýalyňyz muňa begener» diý. Şu jümleleri bolşy ýaly edip aýdanymda, Möwlana güldi. –– Görýän welin, öýüme baryp, aýalym bilen gürleşipsiňiz öýdýän. Ýöne Kerra meniň derslerime goşulýan däldir, gyzym. Şol wagt ýaş zenan başyny atdy-da, gulagyma şu zatlary aýtdy: ― Kerrany göz öňüne tutmaýandygyňy aýt. Ol ikinji aýaly. Sen Göwher barada aýdýaň. Ogullarynyň ejesi. –– Kerra hatyn barada däl, Göwher hatyn barada aýdýan –– diýip, atlary ýalňyşmajak bolup ýanjap aýtdym. –– Ogullaryň ejesi barada. Möwlananyň ýüzi agraslandy, ýylgyrmasy galdy. –– Göwher aradan çykdy, balam –– diýdi. –– Merhum aýalymy nireden tanaýaň? Sen oýun edýärmiň? Kakam alada bilen gürrüňe goşuldy. –– Erbet niýeti ýokdur, tagsyr. Kimýa ulyny-kiçini sylaýan gyzdyr. Ulug kişilere hormat-sarpasynyň kemini goýýan däldir. Dogrymy aýtmaga mejbur ýagdaýa düşendigime düşündim. –– Aradan çykan aýalyňyz şu ýerde, ýanymda. Elimden tutup dur. Ol meni gürlemäge höweslendirýär. Özi-de goýy goňur gözli, ýüzi menekli, egni hem uzyn sary köýnekli... Ýaş aýal aýagyndaky aýakgaby yşarat edensoň, ol barada-da aýtdym. –– Aýakgaby barada aýt diýýär. Ýalpyldap duran narynjy ýüpekden edilen, üstüne owunjak gyzyl gül çekilen, şeýle owadan aýakgaby bar. Möwlananyň gözleri ýaşdan doldy. –– Ol aýakgaby Göwhere Şamdan getirip beripdim. Gaty gowy görerdi, pahyr... Şeýle diýenden soň, ulug alym esli wagtlap dymdy. Onuň ýüzi aladaly hem syrly görünýärdi. Ýöne gaýtadan gürleşip başlanda hereketleri sypaýy hem mähirli çykdy, sesinde hasratdan nam-nyşan ýokdy. –– Gyzyňyzy hemmeleriň näme üçin üýtgeşik ukyply çaga hasap edýändiklerine indi düşündim –– diýip, Möwlana Rumy kakama ýüzlendi. –– Ýeri, bärde aýak üstünde durmalyň. Öýe baralyň. Bile nahar edinip, Kimýanyň gelejegi barada maslahat edeliň. Onuň örän ökde talyp boljagyna ynanýaryn. Onda-da gaty köp oglanlardan öňe geçer. Ýola düşmänkäk, Möwlana mylaýym dillendi: –– Bulary Göwhere ýetirip bilermiň, gyzym? –– Zerurlygy ýok, tagsyr. Ol aýdanlaryňyzy eşitdi ahyry –– diýdim. –– Maňa özüniň indi gitmelidigini aýtdy. Ýöne gidýän ýerinden hemişe muhabbet bilen sizi synlaýarmyş. Möwlana Rumy çyny bilen ýylgyrdy. Kakam hem şeýle. Şeýlelikde, ara düşen dartgynlylykdan nam-nyşan galmady. Şol pursat Möwlana bilen tanyşmagymyň täsiriniň örän alyslara uzajakdygyna düşündim. Ejem bilen aramyz hiç haçan ýakyn bolmandy, ýöne indi Alla hamala ejem babatda kalbymda dörän boşlugy doldurmak üçin maňa iki kakany: öz kakamy hem tagsyr kakamy birden berýän ýalydy. Sekiz ýyl ozal Möwlana Rumynyň öýüne gelşimiň hekaýaty, ynha, şeýle. Bu ýere gelenimde men ylma teşne, öz dünýäsine gümra, çekinjeň gyzjagazdym. Ýöne täze hossarlarym bilen çalt öwrenişdim. Kem-kemden Kerrany öz ejemden ileri görüp ugradym; ol hemişe mähirlidi hem rehimdardy. Möwlananyň ogullary hem meni gowy garşylady, aýratynam uly ogly hakyky agam ornunda durdy. Alaetdiniň meni gowy görşi başgaça, hiç zat diýmese-de, şeýledigini duýýaryn. Ýöne men ony diňe doganym hökmünde görýärin. Ahyrsoňy obamyza baran şol bilgäniň aýdany dogry bolup çykdy. Kakamydyr doganjygymy her näçe göresim gelse-de, Konýa gelip, Möwlana Rumynyň maşgalasyna goşulanyma sähelçe-de puşman edemok. Bu üçegiň astynda ýekeje gezegem bolsa, birahatlygy başymdan geçirip göremok. Şems-i Töwrizi gelýänçä, durmuşymyz şeýle dowam etdi. Şol gelenden soň welin, hiç bir zat gaýdyp öňküsi ýaly bolmady, bolubam biljek däldi. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 9-njy iýuny Ol hiç haçan ýeke özi galmagy halamazdy. Şeýle-de bolsa, soňky döwürlerde ömründe, belki-de, ilkinji gezek öýde ýeke galmak üçin amatly pursat peýleýärdi. Maý tapynsa, «Yşk şerigatyny» iş edinýärdi; roman hakynda ýazan hasabatnamasyna ahyrky düzedişlerini girizýärdi. Ol Mişele jaň edip, ýene bir hepdelik möhlet bermegini haýyş etdi. Aslynda, biraz gaýrat eden bolsa, hasabatyny öz wagtynda tamamlap hem biljekdi, ýöne muny onuň özi islemedi. Zaharanyň romany oňa öz dünýäsine çekilmäge bahanady, şonuň kömegi bilenem ol hem-ä maşgala jogapkärçiliklerinden, hem-de uzak wagt bäri bolaryna garaşýan är-aýal dawasyndan gaçýardy. Şu hepde ilkinji gezek ol nahar jemgyýetine gitmedi. Durmuşy häzirki bulam-bujar ýagdaýa düşen halyna, özüniňkä çalymdaş günde ýaşaýan on bäş aýal bilen hatarlanyşyp, nahar bişirmek oňa agyr düşüp başlapdy. Şol bir wagtda-da Ella Aziz bilen hat alyşýanyny syr hökmünde gizläp saklaýardy. Hernäçe geňem bolsa, soňky döwürde onda birtopar syr peýda bolupdy. Meselem, Aziz öz romany hakynda Ellanyň hasabatnama taýýarlaýandygyny bilmeýärdi. Neşirýat Ellanyň hasabat taýýarlaýan romanynyň ýazary bilen hat alyşýanyndan bihabardy. Başga bir tarapdan bolsa, çagalarydyr adamsy onuň ýeke galmak bahanasy bilen bu romana telbe kimin serini berip ýörenindenem, eseriň ýazary bilen hat alyşýanyndanam habarsyzdy. Ol birnäçe hepdäniň içinde durnukly, birsydyrgyn durmuşda ýaşap gelýän aýal bolmagy bes edip, biperwaý gylykly, sapalakçy we syrdan doly başga bir aýala öwrülipdi. Onuň bu özgerişlige birahat bolup durmaýanyna bolsa hasam haýran galaýmalydy. Onda täsin arkaýynlyk peýda bolupdy. Sabyr-kanagat bilen garaşyp bilse, möhüm bir zatlaryň bolup geçjegine ynanýardy. Täze ruhy ýagdaýyndan zeýrenmeýärdi-de, gaýta, uzak wagtdan bäri kalbynyň ilkinji gezek ýagtylanýandygyny duýýardy. Esli wagtdan soň, elektron hatlar azlyk edip ugrady. Olar jaňlaşyp başladylar. Şunlukda, indi ýedi sagatlyk wagt tapawudynyň bardygyna garamazdan, olar her gün diýen ýaly telefonyň başyndadylar. Aziz bilen gürleşýän mahaly Ellanyň sesi mylaýym hem näzik çykýardy. Gülmäge başladygy, şadyýan sesi töwerege ýaýrardy, gülküsiniň soňy kesilmezdi. Bu gülki durmuşda hiç wagt özüni öz ugruna goýbermegi başarmadyk, özgeleriň aýdanyna gulak gabartmany öwrenmedik, özüni, isleglerini hemişe çäklendirip gelen zenanyň gülküsidi. Şol arada Ellanyň öýünde birbada birnäçe waka bolup geçýärdi. Matematika synagyndan zordan geçen Ewi ýörite sapak alyp başlapdy. Orly bolsa, iýmit siňdirişiniň siňdirişiniň näsazlygy sebäpli, psihologa gatnaýardy. Ol ençeme aýdan soň, şu gün irden ilkinji gezek süýtli heýgenegiň ýaryny iýmegiň hötdesinden gelip bilipdi. Şobada-da yzyndan näçe kilokaloriýa alanyny hasaplan hem bolsa, haýran galaýmaly, oňa ökünip durmandy. Özüni açlyk arkaly terbiýelejek bolmandy. Beýleki bir tarapdan, Janet Skot bilen arasynyň bozulandygyny aýdyp, hemmeleriň kellesini bulam-bujar edipdi. Näme bolanyny soranlarynda ol biraz ýeke galasynyň gelýänini aýtmak bilen oňsa-da, Ellanyň şaýat bolşuna görä, gyzy gatybir ýeke hem däldi. Öňler şeýle ýagdaý bolanynda Ella dessine käýinjiräp ara goşulyşardy, gahar ederdi. Adamlaryň gatnaşyk saklamak we ony kesmek babatdaky howlukmaçlygy Ellany öň asla bolmadyk möçberde oýlandyrýardy. Eýse, Aziz bilen ysnyşmasy hem şeýle bolarmyka? «Şu gün bar, ertir ýok» diýilýänimikä? Kitap bilen bagly işi tamamlanansoň, bu ýakynlyk hem öz-özünden ýatdan çykar gidermikä? Ol şuny alada edýärdi. Çagalary bilen gatnaşygynda diýdimzor bolmajak bolup, ol köp güýç sarp edýärdi. Aziz bilen alşan hatlaryndan öwrenen zatlarynyň biri, –– ol hem özdiýenli we kejir bolmakdan ýüz öwrüp, rahat hem ümsüm ýaşamakdy, şeýtdigiçe-de çagalary oňa höwrügýän ýalydy. Ol öňler özüni şu maşgalanyň diregi hasap edýärdi. Hemmeleri ýekän-ýekän gözegçiliginde saklamasa, maşgala dagar öýdýärdi. Ol pugta, tutnukly aýaldy. Tutuş maşgalany we öýüň ähli zadyny deňagramlylykda saklaýan güýçdi! Ýöne häzir welin, tutnuklylykdan, pugtalykdan ýüz dönderip, sabyr-kanagatly we ümsüm synça öwrülipdi. Gündizler, gijeler geçip durdy; ol wakalaryň özgermegini göýä dahylsyz ýaly synlaýardy. Gözegçiliginde saklap bilmeýän zatlary üçin ahmyr etmesini bes edeli bäri, başga aýala öwrülipdi. Indi ol öňkülerden has rahatdy, ýalňyzdy we näzikdi. Dewid aýalynda birhili geň-taňlygyň bolup geçýänini aňýardy. Eýse, onuň bilen has köp wagt geçirmek isleginiň döräni şonuň üçinmikä? Bu günler ol öýe ir gelýärdi. Şonuň üçin «Esli wagt bäri ol başga aýal(lar) bilen duşuşan däl bolsa gerek» diýip, Ella çaklaýardy. –– Ezizim, ýagdaýyň niçik? Umuman, gowulyk dälmi? –– diýip, Dewid günde birnäçe gezek soraýardy. Ella her gezek şol bir äheňinde: –– Hemme zat gül ýaly –– diýip ýylgyrýardy. Ella ýeke özi çete çekilip, içki dünýäsi bilen gümra bolansoň, maşgala durmuşlaryny has ýalkymly we üstünlikli görkezýän syrçasy gopan ýaly boldy. Ýasama görünmegi goýbolsun edeli bäri, ol özleriniň kemçiliklerini-de, ýalňyşlyklaryny-da tutuş durky bilen syzmagy, görmegi başarýardy. Pylanmyş-pismidanmyş diýdirip, hondanbäri görünmegi indi ol ymykly goýbolsun edipdi. Munuň Dewide-de oňyn täsir edendigini onuň ýüregi syzýardy. Olaryň arasynda gürrüň edip oturara-da kän zat galmandy. Är-aýal biri-biri bilen diňe ir ertir, giç agşam çagalar bilen birlikde aşhanadaky stoluň başynda mahaly, bäş-üç agyz söz alyşýardy, bar bolany şoldy. Soňra olar ýowuz hakykaty boýun alyp dymýardylar. Ella adamsyny käte özüne çiňerilip, tiňkesini dikip oturan halda görýärdi. Dewid özünden bir zatlaryň soralaryna garaşýan ýalydy. Ella gürrüň açsa, adamsynyň ähli zady boýun almaga taýýar bolmagy-da mümkindi. Şu güne çenli eden ähli hileli hokgalaryny, biwepalyklaryny düşündirmäge razy bolmagy ahmaldy. Ol doly içini dökmek üçin şol ýönekeý sowala garaşýan ýalydy. Ýöne Ella hiç zat soramaýardy. Öňler maşgala durmuşlaryna zeper ýetmesin diýip, ol bilmedik bolardy, dünýäden habarsyzsyrap gezerdi. Häzir bolsa, her bir hereketinde bolan-geçen işlerden habarynyň bardygyny, ýöne perwaýyna-da däldigini görkezýärdi. Adamsyny gorkuzan zat Ellanyň şu täze tapynan häsiýetleri bolsa gerek. Şu sowuk, ara saklap çeke durmak; ýüz bermezlik ýagdaýy... Ella özüni hiç haçan beýle güýçli duýup görmändi. Ýöne köpem däl, mundan, bolsa, bir aý öň hem duýgulary düýpgöter başgaçady. Şol wagtlar Dewid maşgala binýadynyň berkemegi üçin birje ädim äden bolsady, begenjinden asmana uçardy. Ýöne häzir welin, beýle däl. Ol şu ýagdaýa nähili geldikä? Üç çaganyň ejesi bolan aýal, nädip, garamsallygyny taşlap, öz-özi bilen ýüzleşip bildikä? Onsoňam ol telefonda Janete boýun alşy ýaly bagtsyzdy, şeýle bolsa, näme üçin betbagt aýallaryň edişi ýaly etmeýärkä? Näme üçin öýdäki hammamçanyň içinden baglap, ýer ýumruklap aglamaýarka, aşhanada nahar bişirýän wagty gözýaş dökmeýärkä; näme üçin öýe girmek islemeýän ýaly, wagtyny daşarda gezmeläp geçirmeýärkä ýa-da gahar oduna berlip, penjiräniň aýnalaryny kül-uşak etmeýärkä?! Ellany täsin bir ümsümlik gurşap alan ýalydy. Her gün irden «Ýüz-gözümde üýtgän zat barmyka?» diýip aýna seredýärdi. Bir görseň, durmuşynda hiç zat özgermedik ýalydy, maşgalasy şol öňki maşgala, özi şol öňki zenandy. Bir görseň bolsa, hiç bir zat indi öňküsi ýaly däldi. Ol özüniň uly bir özgerişligiň hut jümmüşindedigini anyk bilýärdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -11: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |