14:55 Yşk -7/ romanyñ dowamy | |
* * *
Romanlar
Ahyry Susam bilen metjide bardyk. Gözüme ynanyp bilmedim. Her jüre kesp-kärdäki adamlar köçeleri, geçelgeleri tutup durdy. Metjidiň aýallara degişli haremlik böleginem erkekler eýeläpdir. Iňňe oklasaň ýere düşmejek mähelläniň içinde nädip ýer tapaýyn? Umydym üzülip, yzyma dolanaýyn diýip durkam, öň ýanymdaky hatardan bir gedaýyň çalasynlyk bilen ýerinden turup, köpçüligi böwsüp, metjidiň çykalgasyna tarap ugranyny gördüm. Dessine şonuň ýerine geçdim. Susam bolsa daşarda galdy. Ynha, şeýdip, men, Çöl Güli diňe erkek adamlaryň dolduryp duran metjidinde otyrdym. Howsalalydym. Şu adamlar öz aralarynda erkek lybasyna giren aýalyň oturandygyny bilseler näderdikäler? Muňa çydamsyz garaýan hallaryna, ol aýalyň bozuk zenandygyny dagy biläýseler, ýagdaýyň neneňsi boljagy barada oýlanasym hem gelenokdy. Ýöne men Möwlanany diňlemäge gelipdim. Özüme ýol görkezjek sese mätäçdim. Ähli gorky-ürkimi, howsalamy bir ýana goýup, bar ünsümi wagyz diňlemäge berdim. Rumy labyzly gürleýärdi: — Ulug Alla jübütlikde, gapma-garşylykda sagadat, bagtyýarlyk döresin diýip takdyry ýaradypdyr — diýdi. — Ýöne ýere bu dünýä Älem-i Kewn-ü Fesad, ýagny Barlyk hem Gapma-garşylyk älemi diýilmändir. Bu ýerde ähli zat jübütlikde, gapmagarşylykda ýüze çykýar. Diňe Allatagalanyň taýy ýokdur. Şonuň üçinem ol hemişe syr bolup galýar. Wagyz aýdýarka, Rumynyň sesi dag çeşmeleri ýaly, joşup çykýardy. — Aşakda toprak, ýokarda asman,.. dünýäniň ähli zady şeýledir. Bolçulyk hem gahatçylyk, uruş hem parahatçylyk... Her bir zadyň hökman öz jübüdi-taýy bardyr. Ýadyňyzdan çykarmaň, Alla hiç bir zady ýöne ýere ýaradan däldir. Kindiwanja dänäniň hem şu ylahy nyzamda öz orny bar. Bu dünýäde tötänden düşen ýa-da ýerliksiz, artykmaç ýekeje zadyň hem ýokdugyna göz ýetirdim. Her bir zat haýsydyr bir maksada hyzmat edýär. Ejemiň hamylalygy, üç doganymyň ene garnyndaky amansyz tutluşygy, doganymyň ýalňyzlygy, hatda kakamyň ýa-da öweý ejemiň öldürilmegi, tokaýda başymdan geçiren şol gorkunç günlerim, Konstantinopolyň köçelerindäki sergezdançylyklarym... bularyň ählisi hem-de her biri meniň ykbalyma öz täsirini ýetiripdi. Her bir kynçylygyň arkasynda we aňyrsynda başga bir syr, başga bir sebäp ýatyrdy. Düşündirip bilmesem-de, ony ýüregimden syzýaryn. Günortandan soňra agzy-burny bilen doly mähelleli metjitde Rumyny diňleýän wagtym kalbyma bir hili rahatlyk, giňlik, takdyra ten bermeklik –– kaýyl lyk aralaşdy. Ol duýgy ejemiň bişiren çörekleri ýaly mähirlidi hem ýumşajykdy... Hasan gedaý Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry Möwlana Rumynyň jany sag, garny dok bolansoň, oňa kynçylyga döz gelmegiň ýagşy işdigi barada akyl satmak aňsat. Adam bilýän zady barada gürlemeli, bilmeýän zady hakynda takal okajak bolmaly däl. Ony diňläp çydap durup bilmedim, öz-özüme hüňürdäp, metjitden çykdym. Baryp ýene kerkaw agajyň düýbünde oturdym. Metjitdäki jemagat dagaýança, hiç kimiň öňüme pul oklamajagyny bilýänim üçin, töweregimi biperwaýlyk bilen synlap başladym. Tas irkiläýmeli bolup durkam, öň hiç wagt görmedik bir adamym gözüme ildi. Ol boýdan-başa gara geýnendi, ýüzünde ýeke tüýem ýokdy, elinde uzyn hasa, bir gulagynda bolsa, kümüş gulakhalka bardy. Bolşy bir hili üýtgeşik bolany üçin, ondan gözümi aýryp bilmedim. Derwüş saga-sola garandy. Birdenem maňa gözi düşdi. Adamlaryň görmediksirän bolmagyna öwrenişenimden bolsa gerek, ol hem dessine beýlesine bakar öýtdüm. Ýöne derwüş sag elini ýüreginiň üstüne eltip, hamala köne tanşy ýaly salam berdi. Aňk boldum. Başga birine salam beräýdimikä diýip, biygtyýar töweregime garanjakladym. Ýöne töweregimde kerkaw agajy bilen özümden başga janly-jemende ýokdy. Ahyry, salamyň özüme berlenine göz ýetirip, menem elimi ýüregimiň üstüne goýup, salamyna jogap berdim. Ol howlukman ädimläp, ýanyma geldi. Başymy egdim, öňümdäki gabyma mis şaýylyk oklar ýa-da gury çörek uzadar öýtdüm. Ýöne derwüş golaýjagyma geldi-de, dyzyny epdi. Meniň bilen deň ýagdaýda oturyp, nazaryny gözüme dikdi. –– Salamünaleýküm, gardaş –– diýdi. –– Aleýkümsalam, derwüş –– diýdim. Öz sesim özüme bir hili ýat bolup eşidildi. Birdenem hiç kim bilen gürleşmänime gaty köp wagt geçendigine düşündim. Tas öz sesimi unudaňkyrlan ekenim. Ol öz adynyň Töwrizli Şemsdigini aýtdy. Soňra adymy sorady. Men gülüp: –– Adym näme bolanda parhy nä? ― diýdim. Derwüş garşy çykdy: –– Her adamyň bir ady bolýandyr. Allanyň ady bolsa sanýetmez kändir. Biz olaryň diňe togsan dokuzysyny bilýäris. Özüň oýlanyp gör, Allanyň şonça ady barka, Onuň öz ruhundan ruh beren ynsany nädip atsyz ýaşap bilsin? Sowala näme jogap berjegimi bilmedim. Dogrusy, synanyşjagam bolmadym. Oňa derek: –– Birmahallar ejem hem bardy, aýalym hem. Olar maňa Hasan diýerdiler –– diýip, onuň aýdanyny unadym. Şems başyny atyp: –– Beýle bolsa adyňy Hasan diýip tutaryn –– diýdi. Soňra asla garaşmaýan hereketimi etdi. Goltugyndan kümüş aýna çykardy-da, maňa uzadyp: –– Al şuny – diýdi. –– Muny Bagdatda bir mübärek adam beripdi. Ýöne seniň nesibäň eken. Birden özüňi ýadyňdan çykaraýsaň, saňa içiňdäki Ylahy Gözelligi görkezer. –– Pis açan adama aýna berýäňmi? –– diýip, haýran galyp soradym. –– Şeýle betnyşanlygyma garamazdan... Gürrüňimizi dowam etmäge mümkinçilik bolmady, ýeňse tarapdan bir goh turdy. Başda metjitde bir jübükeseri tutandyrlar öýtdüm. Ýöne kömek sorap gygyrýanyň sesi barha çirkin çykdy. Gohuň çaklaýşymdan has mojuk zat üçindigi görnüp durdy. Bir jübükeser üçin munça goh-galmagalyň bolmajagy bellidi. Nämäň nämedigine bahym göz ýetirdik. Görüp otursam, bir aýal erkek lybasyna çolanyp, metjide girmäge synanyşan bolsa nätjek. Üstesine-de, ol päk zenan hem bolman, barypýatan bozuk aýalmyş. Bir topar adam ol aýaly tutup, urup-ýenjip metjitden çykarýardy. Yzlaryndanam ýene birgiden adam gazap bilen gygyryşýar. –– Şu tüpbozany gamçylaň! Ýenjiň şol bozuk heleýi! Gazaba münen adamlaryň bir topary köçä çykdy. Olaryň arasynda erkek lybasyny geýen ýaş zenanyň bardygyny gördüm. Gorkudan ýaňa zähresi ýarylan zenanyň ýüzüniň gany gaçyp, reňki agarypdyr. Onuň badam gözleri töwerege wehim bilen garaýardy. Şu wagta çenli gaty köp ýenjilme wakasyna şaýat bolupdym. Her gezegem meni bir zat haýran galdyrýardy. Nädip, ýeke özükä pespälli, kiçigöwünli, hoşgylaw, alçak adamlar köpçüligiň içine aralaşan badyna üýtgäp, gedemleşip, birehim bolup bilýärkäler?! Kimisi daýhan, kimisi täjir-jerçi, kimisi agaç ussasy bolan, belki, garynjany-da ynjytmajak adamlar topar bolup hereket eden mahaly, näme üçindir, ýowuzlaşýardylar. Gyzyl ýumruga girmek bolsa, adaty waka öwrülýär. Köplenjem şeýle tutluşyklaryň soňy gan bilen tamamlanardy. Soňra pida bolanlaryň jesedi görene göz bolsun diýip, meýdanda asylyp goýlardy. –– Görgüli zenan –– diýip derwüşe ýüzlendim. Ýöne öwrülip sereden mahalym, Şemsiň duran ýerinde ýokdugyny gördüm. Bir görsem, derwüş olara baka ýaýdan atylan ok ýaly, süýnüp barýardy. Onuň adamlaryň üýşmegine tarap aýgytlylyk bilen barşy ynanar ýaly däldi. Menem derhal şo tarapa eňdim. Derwüşiň yzyna eýermek mümkin däldi. Şems adamlaryň üýşüp duran ýerine baryp, hasasyny baýdak ýaly howada galgatdy-da, sesiniň ýetdiginden: –– Saklanyň! –– diýip gygyrdy. Köpçülik tolkun atyp gitdi. Zenany urup-ýençmesini goýup, adamlar ýollaryny kesen bu gara geýimli telbä seredişdiler. –– Utanyň, bu nä boluş? –– diýip, Şems gygyrdy-da, hasasynyň demir ökjesini ýere urdy. –– Otuz erkek bolup, bir zenany ýençýäňiz, şeýlemi? Bu edýän işiňiz dürsmüdir? Tegelek ýüzli, bir gözi gypyk daýaw adam dessine öňe çykdy: –– Bu aýal dürs çemeleşeniňe degenok –– diýdi. –– Mynasyp adama dürs çemeleşilýändir. Bolşundan çen tutsaň, ol özüni şu adamlaryň öňbaşçysy hökmünde görýän bolmalydy. Golaýyna baranymda ony tanadym. Ol Baýbars atly ýasawuldy. Konýa şäheriniň dilegçi gedaýlarynyň ählisi ondan bizardy. –– Bu aýal jemagatyň gözüni baglamak üçin erkek lybasyna çolanyp metjide geldi, utanman musulmanlaryň arasyna goşuldy –– diýip, Baýbars sözüni dowam etdi. –– Diýmek, seniň aýdyşyňa görä, bu ynsan metjide wagyz diňlemäge gelipdir, indem muňa näme jeza bersekkäk diýýäňiz, şeýlemi? –– diýip, Şems sorady. –– Haçandan bäri jumga namazyna gelmek jenaýat hasaplanýar, sizden soraýan? Mähelleden bir pursat ses-seda çykmady. Gahardan ýaňa ýüzi çym gyzyl bolan başga bir adam: –– Aýallara onsuzam jumga namazy parz däl, gelmesinler! –– diýip yzdan gygyrdy. – – Onsoňam bu aýal beýle arassa heleýem däl. Kemçin! Mukaddes metjitde näme işi barmyşyn? Şol wagt yzrakda duranlaryň birnäçesi çydam edip durup bilmän, sesiniň ýetdiginden gygyryşdylar: –– Bihaýa! Utançsyz! Joşgunyna bäs gelip bilmedik bir ýetginjek öňe okduryldy, ol zenanyň sellesine ýapyşdy-da, güýjünde baryny edip çekdi. Selle çözülensoň, zenanyň ýalpyldap duran uzyn, bugdaý reňk saçlary tolkun-tolkun bolup döküldi. Hemmeleriň demi tutuldy. Bu bozuk zenanyň ýaşlygy, owadanlygy akylyňy haýran edýärdi. Şems adamlaryň kalbyndaky bulaşyk duýgulary duýmaga ukyply bolsa gerek: –– Bir karara geliň, gardaşlar, bu zenany hor-zar görýärsiňizmi ýa-da hoş görýäňizmi? ― diýip, hemmelere ýüzlendi. Şeýle diýen badyna, Şems bozuk aýalyň elinden tutup, ony özüne tarap çekdi; şeýdibem, biçäre zenany mähelläniň içinden sogrup aldy. Ýaş zenan ejesiniň gujagynda gizlenen kiçijik çagajyk ýaly, derwüşiň arkasynda bukuldy. Baýbars Şemsiň üstüne sürnüp, sesini gataltdy: –– Öte geçýäň, derwüş, sen bu ýerlere näbelet, biziň adatlarymyzy bileňok. Sen bu işe burnuňy sokma. Onsoň ýene biri gürrüňe goşuldy: –– Sendenem bir derwüş bolarmy? Bir bozuk heleýe arka çykmakdan başga işiň ýokmy? Şems-i Töwrizi bu aýdylýanlary diňleýän ýaly, esli wagtlap sesini çykarman durdy. Ýüzünde gahardan nam-nyşan ýokdy. Rahatdy hem aýgytlydy. –– Ýagşy ― diýip, Şems söze başlady. ― Siz başda onuň aýaldygyny nädip bildiňiz? Diýmek, siz metjide gelip, töweregiňize garanjaklap otyrsyňyz-da? Hakyky musulman ýanyndaky ýalaňaç hem bolsa, onuň şeýledigini aňmaz. Her kim Allany çyny bilen ýatlasa, Ondan başga ähli zady unudar. Siz bu gün şu eden işiňiz arkaly özüňiziň kimdigiňizi bildirdiňiz. Beýtmek bilen, öz küý-köçäňiziň başga ýerdedigini görkezdiňiz! Häzir yzyňyza, metjide baryň, enşalla, belki, bu gezek dogry-dürs iman edersiňiz. Uly köçä bir hili düşnüksiz ümsümlik aralaşdy! Ýanýodalardan göterilen çaňtozandan başga hiç zatda we hiç kimde gymyldy-hereket ýokdy. Ahyry Şems-i Töwrizi hasasyny hereketlendirip: –– Hany, ähliňiz yzyňyza ― Möwlanany diňlemäge baryň –– diýip, köpçüligi ugratdy. Görýän zatlaryma ynanyp bilemokdym. Hemmeler özüni ýitiripdi. Hiç kim yzyna gitmese-de, mähelläniň köpüsi birnäçe ädim yza süýşdi. Näme etjeklerini bilmän, töweregine manysyz garanjaklaýanlar kändi. Hut şol mahal bozuk zenan derwüşiň aňyrsynda gizlenen ýerinden çykdy-da, ürkejik dag towşany ýaly atylyp, uzyn saçlaryny galgadyp ylgap gitdi. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde-de ýakyndaky köçeleriniň birinde gözden ýitdi. Iki adam onuň yzyndan kowalamaga synanyşdy. Emma Şems-i Töwrizi hasasyny adamlaryň aýagynyň aşagyna şeýle bir duýdansyz oklady welin, olaryň ikisi-de oňa büdräp, ýere ýazyldy. Töwerekdäkiler gülüşdiler. Menem güldüm. Aljyrap özüni ýitiren iki adam aýak üstüne galýança, bozuk zenan bireýýäm gözden ýitipdi, derwüş bolsa ol ýerde işimi gutardym hasap edendir-dä, öz ugruna gidip barýardy. Süleýman serhoş Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry Kelläm hum ýaly çişip, gollarym bir hili ýakymly gurşupdyr, gözümi ýumdum. Irkiläýmeli bolup durkam, daşardan eşidilen güpür-tapyra syçrap turupdyryn. Ýüregim ýarylara geldi. –– Näme bolýar-aý? –– diýip gygyrdym. –– Ýa mongollar çozdumy? Kikir-kikir edip, gülki sesleri eşidildi. Töweregime seredenimde beýleki müşderileriň öz üstümden gülýändigine gözüm düşdi. Bu kelesaňlara sered-ä! –– Alada galma, Süleýman serhoş! –– diýip, meýhananyň hojaýyny Hristos gygyrdy. –– Bu goh köçeden eşidilýär. Möwlana Rumy wagyzdan gaýdyp gelýär. Yzynda-da birgiden muşdagy bar. Baryp penjireden seretdim. Hakykatdanam, aýdyşy ýalydy. Möwlananyň şägirtleri, muşdaklary hem-de müritleri uzyn guýruk emele getirip, köçeden geçip barýan ekenler. Rumy köpçüligiň içinde atynyň üstünde dim-dik bolup otyrdy. Penjiräni açyp, ýarpy göwrämi daşaryk çykaryp, şowhuny synlamaga durdum. Mähelle ördek ýörişi bilen süýşüp barýardy. Olar juda ýakyndylar, elimi uzatsam, biriniň kellesine degrip biljekdim. Birden kelläme hokga görkezmek pikiri geldi. Hiç kime bildirmän, birnäçe adamyň sellesini çalşaýyn! Şobada ylgap baryp Hristosyň arkasyny gaşanýan uzyn saply agaç gaşawyny garbap aldym. Bir elim bilen penjireden tutup, beýleki elim bilenem gaşawy aşak uzatdym. Esli öňe eglip, bir adamyň külahyny alaýmaly bolup durkam, birden mähelläniň içinden biri tötänden ýokaryk seretdi-de göräýdi. –– Salawmaleýkim –– diýip, oýunlyga saldym. –– Içgihanada oturyp, salam berýäňmi? Tüf ýüzüňe, ahlaksyz! Ýene-de musulmandyrynam diýjekdir! Utan ahyry, utan! –– diýip, ol adam hemle urdy. –– Şerap şeýtanyň işidir, habaryň ýokmy nä? Agzymy açyp, bir zat diýjek bolanym hem şoldy welin, kellämi gypyrdyp, gaty bir zat şuwlap geçip gitdi. Näme bolup geçýänine göz ýetirip howsala düşdüm. Biri daş zyňypdy. Soňky pursatda egilmedik bolsam, maňlaýymdan gapy açjakdy. Açyk penjireden içerik giren daş, kellämi gyratlap geçip, göni ýeňsämde oturan eýranly haly täjiriniň sapasyna gümp edip düşdi. Näme bolup geçýänine düşünerden geçip, meýden ýaňa seri dumanlap duran täjir «bu näm-aý» diýip geňirgenýän äheňde daşy eline alyp synlap otyrdy. Hristos aladaly seslendi: –– Süleýman, tizräk penjiräni ýap-da, ýeriňe geç! –– Näme bolanyny gördüňmi? –– diýip, tolgunmadan sandyr-sandyr edip durşuma soradym. Öz ornuma geçdim. –– Bir-ä maňa daş zyňdy. Öläýsem nätjek diýsene! Hristos bir gaşyny galdyrdy. –– Bagyşla welin, bulardan başga nämä garaşýaň? Meýhanada musulman görse, käbir kişiň jyny atlanýanyny bileňokmy? Senem agzyň aňkap, burnuň erkek käşir ýaly gyzaryp durka, alaga-da, özüňi güjeňleýäň. Onsoň nämä garaşýaň? –– Halamasa halaman geçsin, günä edýän men, kime näme! –– diýip hüňürdedim. –– Men nä, adam dälmi? Hristos arkama kakdy: –– Beýle ýüregiňe ýakyn tutmasana, be, Süleýman! –– Tutjak, onsuzam takal baryny okaýanlary üçin şol yňdarmalardan bizar boldum! Taňry özleri bilen biledir öýdüp, güp ynanýarlar. Şonuň üçinem özlerinden öňňä ýokardan seredýärler. Hristos jogap bermedi. Ol dindar adam hem bolsa, serhoş müşderilerini köşeşdirip biljek derejede ugurtapyjy meýhanaçydy. Biraz soňra ol öňümde bir küýze gyrmyzy şerap goýdy. Men dünýäni unudyp şeraby başyma çekdim, olam bir çetde durşuna meni synlaýardy. Daşarda şuwlap bir hili şemal öwüsdi. Biz diňşirgenip, şemalyň diline düşünjek bolduk. –– Şeraba näme üçin günä diýýänlerine düşünemok –– diýip, hüňürdedim. –– Eger erbet zat bolsa, onda näme üçin jennetde içmek bolýarka? Eger jennetde rugsat edilýän bolsa, näme üçin bärde gadagan? Hristos gözlerini elek-çelek edip: –– Gaýrat et, indi bir goýsana. –– diýip özelendi. –– Beýle köp sorag bermäňde bolanokmy, hä? –– Hawa, bolanok. Eger pikirlenmesek, sorag-jogap alyşmasak, hyýardan, kelemden näme parhymyz bolsun? Hudaý bize bu akyly oýlanyň diýip beripdir-ä. –– Süleýman, dostum, käte bolşuňy görüp, seni gaýgy edýän. –– Sen meni gaýgy etme –– diýip, gürrüňi başga tarapa sowdum. Ýöne Hristos gürrüňi dowam etdi. –– Şunça wagt bäri biri-birimizi tanaýarys. Men seni müşderi hasap edemok, dostum saýýan. Sen akýürekli adam. Hiç kime ýamanlyk edeniňi görmedim, ýöne diliň gaty awuly. Şony gaýgy edýän. Konýada her jüre adam bar. Käbir kişi musulman adamyň içgi içenini halanok. Köpçüligiň arasyna baranyňda ägä bol. Diliňi ýyg, özüňi sakla. Özümden biygtyýar dişlerimi syrtartdym. –– Gel, Haýýamdan bir rubagy okap, şu gürrüňleri täçlendireliň-le. Gürrüňimizi diňläp oturan eýranly täjir Hristosyň bir zat diýerine-de garaşyp durman, gapdaldaky sapadan seslendi: –– Haý, janym bol-a! Gaýyrsana Haýýamdan bir rubagy! Beýleki müşderilerem joşup, el çarpyşdylar. Saklanyp bilmän, sapanyň üstüne çykdym-da, rubagy okamaga durdum: –– Biziň meýhorlugmyz meý üçinem däl, Edebe, dine ters meýil üçinem däl, Eýranly täjir keýp bilen gygyrdy: –– Hak aýdýaň, şuny hiç düşündirip bilmedik-dä! Az-kem undar ýaly öz-özümizi Içýäs, içmegimiz keýp üçinem däl. Şunça ýyl bäri içgi içip ýörün. Meniň bar bolup bilşim şeýle, nädeýin? Ýöne bir zady-da bilýän, her kimiň bir içişi bar. Kim-ä her agşam hum ýaly çişýänçä içýär, beýleki biri bolsa, näçe içse-de, hiç kime zeper ýetirmeýär. Diňe içgiň keýpine aýdyma hiňlenip, soňam uklap galýar. Ýene bir hili adam bolýar, bir ýuwdum şerap içdigi, wagşyýana jandara öwrülýär. Oňa-muňa yrsaraýar, topulýar. Diýmek, mesele badada däl-de, özümizde. Köp içsem başym aýlanar, içmesem başym gaýgyda, Ne-hä serhoş, ne-de sersag, gelip bilmedim aýgyda. Üstümi elçarpyşmalar bilen gömdüler. Hatda Hristosam durup bilmän elini çarpdy. Konýanyň jöhitler mähellesinde bir hristianyň meýhanasynda her dürli ynançda, her hili häsiýetde bolan biz ― serhoşlar ählimiz jemlenip, keýp bilen badalarymyzy göterdik. Onsoň, näme üçindir, belki, sähel pursatlygam bolsa, aramyzda saýry hem galmady, gaýry-da, barymyz deňleşdik. Ählimiz-de tutuş kemçiliklerimizdir ýetmezlerimize garamazdan, Allanyň özümizi bagyşlaýandygyny, hatda bizi özümizdenem eý görýändigini, ýöne bir sözde däl-de, tüýs ýürekden duýduk. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 30-njy maýy «Şu zatlara üns beriň: Adamyňyz öýe gelen mahaly penjegini, köýnegini barlaşdyryň. Del atyr ysyna ýa-da pudranyň tegmiljigine duşsaňyz, şübhäňiziň dogry çykdygydyr ― diýip, «Maşgalaly aýallaryň bilmegi zerur zatlar» atly internet saýtynda ýazylypdyr. –– Ylaýta-da, ruž tegmiline üns beriň!» Maý aýynyň ahyrky güni, Ella Rubinşteýn öýünde «Yşk şerigatyny» okamasyna arakesme beren mahaly tötänden göz aýlan bir internet saýtynda gabat gelen barlagnama jogap berýärdi. «Adamyňyzyň aldanyny-aldamanyny on sowal arkaly nädip bilmeli?» Sowallar juda ýönekeý hem ýöntemdi, ýöne ol şonda-da jogap bermän saklanyp bilmändi. Aýal-erkek gatnaşyklaryna degişli barlagnamalar iňňän umumy we öte ähmiýetsiz zatlar bolsa-da, Ella indi durmuşyň özüniňem käte, bolmanda, şonuň ýaly bolgusyz bolýanyny bilýärdi. Ony durmuş görkezipdi. Barlagnamany tamamlanda utuklaryny jemläp, netijesini gözden geçirmelidi. Ýöne beýtmedi, taşlady. Sowallara höwes bilen jogap berse-de, äriniň özüni aldandygy barada başga biriniň dilinden, onda-da web-saýtdan bilmek islänokdy. Edil şu mesele barada Dewid bilen gürleşesiniň gelmeýşi ýalydy. Öýe gelmedik şol gijesi nirede bolandygyny hem heniz soramandy. Bu günler wagtynyň köpüsini «Yşk şerigaty» hakyndaky hasabatnamasyny ýazmak bilen geçirýärdi. Öz durmuşy bilen ujypsyzjaz-da baglanyşygy bolmadyk bu hyýaly göz öňüne getirmeler ony bir hili geňsi ýagdaýda gurşap alypdy. Zaharanyň ýazan romanyny okasy gelen mahaly ýeke özi bir künjege çekilýärdi, beýnisini dörjeleýän meseleler barada oýlanman, ümsüm, rahat hem kanagatly ýagdaýda eseriň gidişinden lezzet alýardy. Ondan daşgary gündelik durmuşy şobir gaýtalanyp duran zatlardy. Çagalaryň ýanynda är-aýal hiç hili syr bildirmezdiler, özlerinden biygtyýar ýasama hereket etmeli bolýardylar. Ýöne ikiçäk galan pursatlary aralaryndaky sowuklyk dessine ýüze çykýardy. Ella käte Dewidi özüne aňk bolup seredip duran mahaly tutýardy. Şeýle halatda Dewid aýalynyň özünden gije nirede bolandygyny näme üçin soramaýanyna düşünmäge çalyşýan ýalydy. Ýöne Ellanyň ol barada Dewidden soramaýanynyň bir sebäbi bardy. Soraglaryna onuň berjek jogabyna näme diýjegini bilenokdy. Näme etjegini bilmeýän maglumaty barada sorap, onuň nä azary?! Bilmek islemeýän zadyňy näçe az bilseň, şonça-da kelläňi az agyrdarsyň, ýüregiň ynjamasy kemeler. Şonça az aldanarsyň. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, nadanlyk beýle erbet zadam däldi. Bu emeli bagtyýarlygy bozup biljek ýeke-täk waka geçen Täze ýylda bolupdy. Ella bir gün irden, tötänden, öýe gelen hatlaryň arasynda myhmanhanalaryň biriniň nyşanyny göterýän bukja gözi düşdi. Açan mahaly garaşmadyk bir maglumatyna gabat geldi. Golaýdaky myhmanhanalaryň biriniň müşderi hyzmatlary müdiri Dewid Rubinşteýne özlerinde myhman düşendikleri üçin minnetdarlyk sowalnamasyny ýollan eken. Ella hiç zat bolmadyk ýaly, bukjany stoluň üstüne taşlapdy. Agşam Dewid haty açyp okan mahaly, bir çete çekilip, adamsyny daşyndan synlapdy. –– Bir şu ýetenokdy-da! Başga işim ýok ýaly –– diýip, Dewid sowalnamany bir gyra aýyrdy. Ol hata düşündiriş bermegiň zerurdygyny duýan bolmalydy, şobada sözüniň üstüni ýetirdi: –– Geçen ýyl şu myhmanhanada diş lukmanlary bolup, ylmy maslahat geçiripdik. Megerem, şoňa gatnaşanlary müşderileriň sanawyna goşan bolsalar gerek. Ella ynanypdy. Özem ynanasy gelýäni üçin ynanypdy. Bir tarapdan, asuda suwy bulandyrmakdan gorkýandygy üçin, ol düşündirişi dessine kabul edipdi. Ýöne beýleki bir tarapdan ynjalmandy, şübhelenmegini dowam edipdi. Ahyrynda-da bilesigelijiliginden asgyn gelip, telefon kitapçasyndan myhmanhananyň belgisini tapyp jaň edipdi we şonsuzam çak edýän zadyny eşidipdi. Şu ýylam, geçen ýyl hem şol myhmanhanada diş lukmanlarynyň hiç hili ylmy maslahaty geçirilmändir. Özüniň aldanmagy Ellada hem kemsidilmek, hem-de günäkärlik duýgusyny döredýärdi. Ol öz ýanyndan özüne gahar edýärdi. Indi ol ýaşam, owadanam däldi. Şu soňky alty ýylyň içinde esli semräp, özüni goýberipdi. Onuň görk-görmegi aýba-aý kemelip barýardy, ýüz-gözüniň nury öňküligini saklap bilenokdy. Hepdede bir gezek gidýän aşpezlik sapaklary hem semremegine täsirini ýetirýärdi. Dogrusy, sapakda ondan has gowy naharlary bişirip bilýän we köp iýýän, ýöne asla semremeýän bir topar aýal bardy, ýöne gep onda däl. Ol heran-haçan çagalygyny we ýaşlygyny ýatlasa, öz diýenini gögertjek bolup çytraşan ýeriniň bolmandygy ýadyna düşýärdi. Tebigaty şeýledi: ýumşakdy, diýenedijidi, mylaýymdy. Ýaş gyz bolmagyň iň dälişge günlerinde joralary bilen bukdaklap, garagolluk etjek bolmandy, çilim çekmändi, lül-gammar serhoş bolup, içgihanalardan kowulmandy. Bolgusyz adamlara asla göwün bermändi, soň ökünje eltjek gatnaşyklara baş goşmandy, özüňden geçip kylynýan aýşy-eşretden soň, howsala düşüp oýanyp, «göwrelilige garşy derman» içmäge mejbur ýagdaýa düşmändi. Tas ähli deň-duşlarynyň diýen ýaly başyndan geçiren heläkçilikdir ruhy sarsgynlaryna hem ulaşmandy. Hiç wagt dowla düşüp görmändi, erbet gaharlanan gezegi-de ýokdy, ruhy sarsgyn üçin derman içmeli hem bolmandy. Ol özüni bileli bäri aýdylany bilen bolýan gyzdy. Ejesine ýa-da mugallymlaryna ýalan sözläp görmändi, birje gezegem sapaklaryndan galmandy. Liseýiň ahyrky ýyllary bile okaýan gyzlarynyň ençemesi abort hassahanalaryna gatnan ýa-da bäbeklerini perzentlige beren bolsa, ol bu hasratlaryň ählisini dokumental filme tomaşa eden ýaly, uzakdan synlapdy. Deň-duşlarynyň başdan geçirýän sarsgynlaryna şaýat bolmak onuň üçin teleýaýlymdan alys Efiopiýadaky açlyga tomaşa etmek ýaly bir zatdy. Olaryň başyna düşen işlere gynanýardy, hatda wagtal-wagtal onuň özi-de başdangeçirmeleriň tagamyny dadasy gelýärdi, ýöne oýlanyp-ölçerip, özüniň deňduşlaryndan üýtgeşik älemde ýaşaýandygyna ynanýardy. Bolmajyny bolunýan oturylyşyklara-da gidip görmändi. Ýaş gyz wagtyndan bäri iller ýaly, anna agşamlarynda daşaryk çykmagyň deregine, kürsä geçip, gowy görýän kitabyny okanyny kem görmeýärdi. Goňşy-golam öýlerde aýallar öz gyzlaryna hemişe: –– Näme üçin Ella ýaly bolup bolanok? –– diýerdiler. –– Seret, ol nähili asylly hem pespäl. Heý, başyny bela sokan ýerini gördüňizmi şoň? Ejeleri öwüp arşa çykarsalar-da, deň-duşlarynyň ýek ýigrenýäni Ellady. Durmuşyň keýpi-sapasyndan mahrum, wagt tapsa kitap okaýan terkidünýä! Ol şeýle bolsa-da hiç haçan hemmeleriň gowy görýän okuwçysy bolup bilmändi. Hatda bir gezek synpdaşlarynyň biri ýüzüne gelip: –– Seniň näme kemçiligiň bardygyny aýdaýynmy? –– diýdi. –– Durmuşy öte çynlakaý tutýanyň üçin, seniň ruhuň garrapdyr. Saçynyň bejergisini üýtgetmänine näçe ýyllar bolandyr. Onuň uzyndan göni sary saçlary bardy. Saçyny üýtgetdim diýende, ýa ykjam edip toplap daňardy, ýa-da ýeňsesinden örerdi. Ýüz-gözüni hynalap bejerişinde-de belli bir düzgüni ýokdy. Ynjyklygy halamazdy. Ýekeje çalynýany sähelçe gyzylymtyl goňur pudra bilen açyk ýaşyl göz çalgysydy (o-da uly gyzynyň aýdyşyndan çen tutsaň, gözlerini owadan görkezmän, gaýta oňa päsgel berýärmiş). Şonsuzam Ella şu wagta çenli göz galamy bilen iki çyzygy birmeňzeş çyzmagy öwrenmändi. Hemişe oňarman, bir gözüniň çyzygyny beýlekisinden ýogyn edýärdi. Ol mydama bir zatlary ýalňyş edýän bolaýmaýyn diýip, özüni müýnli duýýardy. Ýa töweregindäki adamlaryň durmuşyna aşa kän goşulyşýardy (Janetiň durmuşa çykmak meýillerini eşiden mahaly goh edişi ýaly), ýa-da gereginden artyk passiw we diýenediji bolýardy (adamsynyň sag-sol diýmän, gülden-güle gonanda bolşy ýaly). Bir tarapda başgalaryň içine-bagryna girip barýan Ella bardy, beýleki tarapda bolsa, ses-üýnsüz, ümsüm hem ýygrylyp ýören Ella. Haçan bularyň haýsy biriniň peýda boljagyny onuň özi-de bilmeýäne meňzeýärdi. Ýöne üçünji bir Ella-da bardy. Ol ähli zady bir çetden ümsüm synlap oturan, wagtynyň dolmagyna garaşýan Ellady. Ynha, häzir gizlenen ýerinde gymyldap ugran, suw ýüzüne çykmaga taýýarlanýan Ella şol Ellady. Onsoň ol: «Şeýle dowam etseň, bir gün guran düzgüniň dargar» diýip duýdurýardy. Bu göz açyp-ýumasy salymlyk işdi. Şeýledigine onuň gözi ýetip durdy. Aýyň aýaklarynda bu zatlar barada oýlanan mahaly Ella uzak mahal bäri etmedik işine baş goşdy: Hudaýdan dileg etdi. «Taňrym, uzak wagt bäri gapyňy kakmanymy bilýärin. Çynymy aýtsam, häzir maňa dergähiňi açyp-açmajagyňy bilemok. Ýöne ýagdaýymy Özüň görýäň. Elden-aýakdan çykyp barýan. Maňa ýa-ha hakyky yşk ber, şu hupbatlardan, alaçsyzlykdan dynaýyn, ýa-da meni tenbilmez biperwaý et, durmuşymda yşkyň barlygy-ýoklugy deň bolsun». Ol sägindi. Çala ýuwdunyp basyk ses bilen dowam etdi: «Ýöne haýsyny saýlasaň hem, ýalbarýan, tizleşeweri. Özüň bilýäň, indi kyrk ýaşadym, maňa ýaş adam diýip boljak däl. Bu meniň ahyrky mümkinçiligim». «Maňa ýa-ha yşky öwret, ýa-da yşkyň ýoklugyna gyýylmazlygy kalbyma guý». Çöl Güli Коnýa, 1244-nji ýуlyň 8-nji оktýabry Hаýwan ýаly еdip, ýеňsämden tutuр, mеni mеtjitden kоwdular. Оlardan hаlas bоlan badуma dаrajyk köçеler bilеn yzymа garamаga-da gоrkup gаçdym. Аhyry mähеlleli bazаr ýеrine bаranymdan sоň, bir diwаryň ýeňsеsine gеçip, aşаk оturdym wе dеmim-demime ýеtmän, şо ýеrde gizlеndim. Diňе şоndan sоň, yzуma garаnmaga gаýratym çаtdy. Нernä, gеň galsаmam, jаnym ýеrine gеldi, özümi hiç kimiň yzаrlamaýanyna göz ýеtirdim. Yzуmdan еşidilen taрyrdy hеm görgüli Susаmyň аýak sеsi eken. Аhyry yzуmdan ýеten mаhaly оl tutuş göwrеsi bilеn haşlаp dеm аlýardy, sоň çökünе düşüр оturdy. Оnuň ýüzündе аljyraňňylygyň аlamaty bаrdy. Nämеleriň bоlup geçеnine, nämüçin dälirän ýаly, köçеden-köçä уlgap gеlşime düşünmändigi görnüр durdу. Ähli zat juda çalt bolup geçensoň, bolan işlere diňe häzir umumylykda göz ýetirip bilýärin. Metjitde bar ünsümi wagza berip, ümsüm otyrdym. Möwlananyň her bir sözi ýakut daşy deý gymmatlydy. Şeýle bir özümi unudypdyryn welin, ýanymdaky ýaş ýigidiň ýüzümi ýapyp duran ýaglygyň ujuna basanyny-da duýmandyryn. Heniz näme bolanyny aňşyryp ýetişmänkäm, ýaglyk syrylyp, selläm ýere gaçdy, ýüzümgözüm göründi duruberdi. Hiç kim aňan däldir öýdüp, derrew ýygnaşdyrdym. Ýöne başymy galdyran mahalym öň hatarda biriniň özüme tiňkesini dikenine gözüm düşdi. Onuň buz ýaly gök gözlerini, hyrsyz sypatyny, ýowuz ýüzüni şobada tanadym. Tanamajak gümanym barmy?! Ol Baýbarsdy. Baýbars bozukhanadaky gyzlaryň hiç biriniň golaýyna barasy gelmeýän yzgytsyz müşderileriň biridi. Näme üçindigini bilemok, erkekleriň käbiri hem-ä bozuk aýallar bilen bolmakdan gaýdanoklar, hemem biz ýalylary ýigrenýärler. Baýbars hem şeýledi. Häli-şindi bolar-bolgusyz degşen bolar, küpür gürlär, kemsidiji sözler aýdar, yrsarara ýer gözlär-de, dessine-de gyzar. Bir gezek biziň birimizi erbet edip ýençdi welin, pula buta çokunan ýaly çokunýan hünsa hojaýyn hem durup bilmän, «Owarra bol, gaýdybam garaňy göräýmäýin şu ýerde» diýip, ony kowupdy. Ýöne Baýbars ýene geldi. Bolmanda, birnäçe aýyň dowamynda gelmesini bes etmedi. Soňra näme üçindigini bilemok welin, ol gelmesini birden kesdi. Gaýdybam oňa duşmadym. Ýöne, häzir görýän welin, metjitde otyr. Sopular ýaly, tegeläp sakgal goýberenem bolsa, gözi şol öňki göz. Görejinde henizem şol wagşyýana ýalpyldy bardy. Nazarymy bukdum. Ýöne gijä galypdym. Ol meni tanapdy. Baýbars ýanyndaky adama bir zatlar pyşyrdady. Soňra ikisi birden yzyna bakyp, sowuk nazaryny maňa gönükdirdiler. Soňra üçünji bir adama-da yşarat etdiler, onsoň ýene birine... Şeýdip, şol hatardaky adamlaryň ählisi birin-birin maňa seredişdiler. Ýüzüm çym gyzyl boldy. Ýüregim ýerinden gozganarmyka diýdim, ýöne şonda-da gymyldamadym. Çaga umydy bilen duran ýerimden butnaman, waka öz-özünden ýatyşar hasap etdim. Ýöne gaýtadan gözümi açanymda Baýbarsyň mähelläni böwsüp, özüme tarap gelýänini gördüm! Gapa tarap ýönelmek islesem-de, adam deňzinden gutulmak mümkin däldi. Baýbars bir bökende yzymdan ýetdi. Ol ed-dil alkymymda gögerensoň, deminiň ysynam alýardym. Ol golumdan tutdy: –– A-haw, sen ýaly ýoluny urduran aýalyň bärde näme işi bar?! –– diýdi. –– Heý, utanç-beýleki ýokmy sende? –– Goýber, gideýin –– diýip, sakawlap aýtsam-da, Baýbars gulak asmady. Şol wagtam ýoldaşlary ýetişdi. Olar biri-birinden beter gaharly, üstüňe sürnüşip duran gödeňsi adamlardy. Gahardan ýaňa agyzlaryndan ot çykýardy. Metjitde duranymyzy ýatlaryndan çykaran ýaly, olar töweregimi gurşap alyp, meni kemsidip başladylar. Hemmeler öwrülip bize tarap seredişdi, hatda birnäçe adam juk-juk edip, nebsagyryjylykly seslense-de, beýtmäň diýen tapylmady. Göwrämde ysgyn-mejal galmady, dyzlarym sandyr-sandyr etdi. Idenekledip daşaryk çykardylar. Köçä çykanymyzda Susam dadyma ýetişer diýip umyt edýärdim. Ugruny tapyp gaçaryn öýdýärdim. Ýöne beýle bolmady. Köçä çykan dessimize adamlar has hem ýowuzlaşyp, haýbaty artyp, dyzaşyp duran boldular. Howsalanyň içinde metjitde ymama hem jemagata hormat goýandyklary üçin seslerini beýle gataltmandyklaryna düşündim. Emma köçede welin, olara päsgel berýän zat ýokdy. Şu ömrümde gaty köp hasratly pursatlary başdan geçirsem-de, görýän welin, olaryň hiç biri meni şu gezekki ýaly sarsdyrmandy. Ençeme ýyldan soň, ahyry toba etmäge niýetlenip, Haka ýakynlaşmak üçin bilşimçe ädim ätdim. Ýöne, ynha, Ol maňa nähili gaýtargy berdi? Öýünden idenekledip kowdy! –– Käşgä, metjide gitmedik bolsadym –– diýip, öz-özüme belent ses bilen aýtdym. –– Adamlar dogry edýär. Mukaddes ýerde men tetelliniň näme işi bar? Maňa metjitde-de orun ýok, kilisede-de! –– Beýle diýme –– diýip, bir ses geldi. Gaňrylyp seredenimde, gözlerime ynanyp bilmedim. Şoldy. Şol saçsyz-sakgalsyz derwüş! Dessine aýagyna ýykylyp, ellerinden öpjek boldum. Ýöne ol ýol bermedi. –– Ýok, estagfurullah, elimi öpdürýän däldirin –– diýip, çürt-kesik, ýöne parahat aýtdy. –– Size diri galanym üçin bergidar –– diýip pyşyrdadym. –– Maňa hiç hili bergiň ýok –– diýip egnini gysdy. –– Ýeke-täk bergidarymyz Alladyr. Ýöne Onuň Kuranda näme diýýänini bilýäňmi? «Maňa gözel bir bergi beriň!» Ulug Allanyň öz bendelerinden näme üçin bergi isländigi barada, heý, oýlanyp görüpmidiň? Näme diýjegimi bilmedim. –– Iman getirmek, ynanmak Oňa gözel bergi bermek diýmekdir. Eger ýüregiňden bermegi başarsaň, Ol hem ony esseläp yzyna gaýtarar. Şu zatlary aýdandan soň, derwüş özüni tanatdy. Ady Töwrizli Şems eken. Ol gara gözlerini ýüzüme dikip, ömrümde eşiden iň täsin sözlerimi aýtdy: –– Adamlaryň käbiri durmuşa ajaýyp başlangyçlar bilen başlaýar, töwereginde nur halkasy ýalkym saçýar. Ýöne wagtyň geçmegi bilen şol nurly halkanyň reňkleri solup garalýar. Senem şolaryň biri. Daşyňdaky nur halkasy birmahallar üýtgeşik, ap-akja reňkde eken. Kä ýerinde sary hem goňur reňk menek-menek bolup dur eken. Ýöne häzir bedeniň daşyna solgun goňur zolak aýlanypdyr. Muňa gynanaňokmy? Hakyky öz reňkiňi küýsäňokmy? Aslyň bilen birleşesiň gelenokmy? Agzymy açyp, aňk bolup galdym. Onuň sözleri meni aljyradypdy. –– Häzir daşyňdaky halka ýalkymyny ýitiripdir, sebäbi öz-özüňe erbet hem hapysadygyňy ynandyrypsyň. Dodagymy dişledim. –– Ýöne men şeýle... hapa bulaşdym – diýip, ýuwaşja aýtdym. –– Ýa kimdigimi aýtmadylarmy? Güzeranymy nädip aýlaýanymy bileňokmy? Şems jogap bermegiň deregine, nazaryny uzaklara dikdi. –– Rugsat etseň, saňa bir hekaýat gürrüň bereýin ― diýdi. Onsoň ol, ynha, şu hekaýaty aýdyp berdi: Birmahal bir bozuk zenan ýoldan gidip barýarka, köçede galan bir ite duşupdyr. Janawar Günüň aşagynda gaty suwsan eken, dili damagyna ýelmeşip durmuş. Ýaňky zenan dessine aýakgabyny çykaryp, ýaglygyna daňypdyr-da, golaýdaky guýudan ite suw çykaryp beripdir, onuň teşneligini gandyrypdyr. Soňra hem öz ýoly bilen gidiberipdir. Ertesi gün ol zenan ylymdan ýüki ýetik bir sopa duş gelipdir. Ol sopy ýaňky zenany gören badyna barypdyr-da, hormat bilen onuň elinden öpüpdir. Bozuk zenan haýran galmakdan hem utanmakdan ýaňa näderini bilmändir. Ol ömründe beýle hormaty görmese näme! Näme üçin beýle edenini soranda, sopy: –– Düýn sen bir suwsuz ite rehim etdiň ahyry, Haktagala merhemet edip, ähli günäleriňi şol ýerde bagyşlady. Indi sen gardanam päk... –– diýipdir. Uludan demimi aldym. Şems-i Töwriziniň näme diýmekçi bolýanyna aňryýany bilen düşünsemem, oňa bir hili ynanasym gelenokdy. –– Aýdyp beren hekaýatyň gowy eken, ýöne Konýadaky itleriň ählisini teşnelikden gandyrsamam, günämi ýuwmaga ýeter öýdemok. –– Ony sen bilmersiň –– diýip, Şems aýtdy. –– Ony diňe Alla biler. Has beterem, şu gün seni metjitden kowup çykaran adamlaryň Oňa özüňden has ýakyndygyny sen nireden bilýäň? –– Şeýle bolaýanda hem, bar-da, ony şol adamlara düşündirjek bolup gör –– diýip, lapykeç dillendim. Ýöne derwüş başyny aşak egdi. –– Ýok, bu dünýäniň çarhy beýle aýlananok. Olara muny biri düşündirmeli bolsa, olam özüň bolmaly. –– O nähili? Ýagşy-da bir diňlärler-ow! Adamlar meni ýigrenýärler. Olar tasdanam öldüripdiler-ä, görmediňmi? –– Diňlärler! –– diýip, Şems aýgytly aýtdy. –– Sebäbi «olar» diýen aýratyn bir barlyk ýok, edil «men» diýen zadyň bolmaýşy ýaly. Şuny ýadyňdan çykarma: älemde näme bar bolsa, ählisi biri-birine baglydyr. Ynsan, haýwan, ösümlikler, jansyz zatlar... Biz ýüzlerçe, müňlerçe aýry-aýry ýaradylanlar däldiris. Hemmämiz Birdiris. Näme diýmekçi bolanyna düşünmedim. Düşündirerine garaşdym. Ýöne ol joşup gürlemesini dowam etdi. –– Bu-da kadalaryň biri. On dokuzynjy kada: özgelerden hormat-sylaga, ýagşylyga ýa-da söýgä garaşýan bolsaň, ilkinji nobatda, bular üçin özüňe borçlusyň. Öz-özüni halamaýan adamynyň söýülmegi mümkin däldir. Sen özüňi halaýan, gowy görýän mahalyň dünýä saňa tiken ýollasa, begen. Diýmek, onuň bahym güli-de iberjekligidir. Sesimi çykarman durdum. Bir tarapdan, bu aýdylanlara düşünjek bolup dyrjaşsam, beýleki tarapdan, diňledigimçe janym rahatlyk tapýardy, göýä bu maddy älemden gaýyp bolup gidýän ýalydym. –– Özüňi gowy görülmäge mynasyp saýmasaň, meni äsgerenoklar diýip, başgalara gahar edip bilermiň? –– diýip, Şems sorady. Şu wagta çenli bile bolan erkek kişilerim barada oýlandym. Olaryň ysy, demi, gabarçakly elleri... Ömrümde, gör, nijema geň öwrümlere şaýat bolupdym. Arassa maşgalada önüp-ösen perzentleriň düşekde wagşy jandara öwrülip bilýändigini-de, daşyndan wagşyýana görünýän adamlaryň ýürekleriniň neneňsi ýumşak we rehimdar bolup bilýändigini-de görüpdim. Öz döwründe galtaman, jenjelçi bir müşderim bardy. Düşege geçende ýüzüme tüýkürmegi endik edinipdi. Her gezegem «Nejislik! Seniň bir haramzada!» diýip gygyrardy. Ýöne häzir gap-gara geýnen bir derwüş öňüme geçip, meniň dag çeşmesi ýaly durudygymy, päkdigimi aýdýar. Ol hamala oýun edýän ýalydy. Ýöne güljek boldum welin, bir ýumry bokurdagyma tegek bolaýdy. Gülmeg-ä beýlede dursun, ýuwdunybam bilmedim. Şems serimden geçen pikirleri okaýan ýaly, çalaja ýylgyrdy. –– Geçmiş bir girdapdyr. Duýman durkaň, ýuwdar goýberiberer –– diýdi. –– Ýöne saňa geregi diňe häzirki pursatdyr. Esasy zat, häzirki pursady hakyky ýaşap bilmekdir. Şeýle diýdi-de, jüpbesiniň içki jübüsinden ýüpek elýaglyk çykaryp, maňa uzatdy. –– Al şuny –– diýdi. –– Bagdatda mübärek bir adam beripdi, seniň nesibäň eken. Bu elýaglygy tämiz sakla. Heran-haçan ýüregiňe şübhe aralaşsa, ol saňa içki dünýäň arassadygyny ýatladar. Şeýle diýenden soň, ol hasasyny alyp, gitmek bilen boldy. –– Tizräk şol bozukhanadan daşlaş, gaýdybam o ýere barma! Sen Anka guşusyň, hapaçylykda nä işiň bar?! Bar, git. Hergiz yzyňa garama. –– Ýöne nirä gideýin? Barara gapym ýok. Onsoňam meni dessine taparlar. Bozukhanadan gaçan gyzlaryň soňy erbetlik bilen gutarýar. –– Soňumyzyň nähili boljagyny biz bilmeris – diýip, Şems aýtdy. –– Ýoluň ahyrynyň nirä baryp direjegi barada oýlanmak bihuda işdir. Sen diňe ilkinji ätlejek ädimiň barada oýlanmalysyň. Galan zat kem-kemden düzeler. Başymy atdym. Soramaga zerurlyk galmady, munuň Şemsiň kadalarynyň biridigi görnüp durdy. Süleýman serhoş Konýa, 1244-nji ýylyň 18-nji oktýabry Galanja meýi-de bir göterenimde başyma çekip, gijäniň ýarynda meýhanadan çykdym. Hristos gapa çenli ugratdy. Ugradyp barýarka-da, nekirtläp-nekirtläp sargady: –– Süleýman jan, aýdanlarymy ýadyňdan çykaraýmagyn. Diliňe berk bolgun! Başymy atdym. Bir tarapdanam, adamyň özi üçin alada edýän dostunyň bolmagy nähili gowy diýip, öz ýanymdan begendim. Özümi bagty çüwen hasapladym. Ýöne garaňky köçä ädim äden dessime, süňňümi öň hiç wagt duýmadyk argynlygym basmarlady. Ýanymda bir küýze şerap bolsa, birje ýuwdum içäýsem, şobada janlanaýjagymy bilýärdim. Ýanýoda bilen çaryklarymy tykyr-tykyr seslendirip ýöräp barýarkam, Möwlana Rumynyň ala goh bolup geçip barşy ýadyma düşdi. Uly wagyzçynyň muşdaklarynyň göwnüme degmegi maňa erbet täsir edipdi. Meni tanaýan ýokdy. Diňe meýhanada içýäň diýip, metgi edip belläpdiler. Bu dünýäde meniň iň içimi gysdyrýan zat özüni hondan bäri tutýan adamlardy. Her kimiň günäsi özünekä, her kim özüne jogap berýärkä, olara näme bolýarka, teý, düşünip bilemok-da? Şu ýaşyma çenli näme gören bolsam, özüni ýokary tutýan adamlardan gördüm. Şeýle adamlar maňa öte köp azar beripdiler welin, olary ýatlasam, saçlarym dik-dik boluberýär. Ynha, şeýle oý-pikirler bilen tutluşyp, burçdan öwrülip, kiçijik köçä düşdüm. Iki tarapdaky düzüm-düzüm äpet agaçlar bu ýeri hasam garaňky görkezýärdi. Şulam az ýaly, Aý buludyň aňyrsynda gizlenende töwerek dürtme garaňkylyga öwrüldi. Şeýle bolmadyk bolanlygynda golaýyma gelen iki ýasawuly bireýýäm görerdim. –– Essalawmaleýkim –– diýip, olara salam berdim. Ýöne ýasawullar salamyma «waleýk» diýmediler. Oňa derek gijäň bimahal çagy köçede näme işläp ýörenimi soradylar. –– Hiç-läý, öýe barýan –– diýenimde az-kem sakawladym. Ýüzbe-ýüz durduk. Arada sowuk ümsümlik höküm sürdi; uzakdan üýrýän itleriň sesi eşidilýär diýmeseň, töwerekde ses-üýn ýokdy. Birden ol adamlaryň biri maňa tarap bir ädim süýşüp, howany ysgady. –– Pö-üf, ýaman erbet ys bar-aý –– diýip, abşarylyp durdy-da, ýaňsyly seretdi. Beýleki-de şobada gürrüňe goşuldy: –– Hawa-laý, porsan maslyk ýaly şerabyň ysy gelýär. Gürrüňi degişmä salmagy ýüregime düwdüm: –– Alada galmaň, bu ys hakyky ys däl. Dogrusy, hakyky meý haram edilip, diňe göçme manydaky meý mübah kylnypdyr, şu alan ysyňyzam göçme manydaky meýiň ysy bolsa gerek. Bu jogap ýaş ýasawulyň göwnüne ýaramady. –– Merez bolsa gerek, zäher bolsa gerek, näme samahyllaýaň? –– diýip gaharly hüňürdedi. Hut şol mahalam bulutlaryň arasyndan Aý peýda boldy-da, ählimizi şuglasyna gark etdi. Indi öňümde duran ýasawuly arkaýyn görüp bilýärdim. Tegelek dolmuş ýüzli, eňekmen ýasawulyň gök gözleri sop-sowukdy, burny bürgüdiň çokjasy ýaly somalyp durdy. Bir gözi çaşy bolmadyk bolsa we elbetde, keşbinde ýakymsyz ulumsylygyň sudury duýulmaýan bolanlygynda, görmegeý ýigit diýip boljakdy. Ýasawul gaýtalap sorady: –– Gijäň bimahal çagty nämä entäp ýörsüň? Nireden gelip, nirä barýaň? –– Nireden gelip, nirä barýaň diýýäňizmi –– diýip, totuguş bolup gaýtaladym. –– Ogul, bu aýdýanyň gaty inçe mesele. Eger bilýän bolsadym, onda ulama-molla bolardym. Ýasawul gaşyny çytdy. –– Men bilen henek atyşjak bolýaňmy, nejis haramzada! Heniz näme bolup geçýänini aňyp ýetişmänkäm, ol gamçysyny eline alyp bulaýlady. Biygtyýar güldüm. Ýaş ýigit urara jaýdar ýer aňtaýardy. Hamala oýun edýän ýaly, hereketleri diýseň haýbatlydy. Şol pursat gursagyma duýdansyz urlan gamçynyň zarbasyna aljyradym. Urgy diýseň duýdansyz boldy welin, bu zarbada göwrämi saklap bilmän ýere ýykyldym. –– Me saňa, aýdylandan netije çykarmaýanyň paýy şü... –– diýip, ýaş ýasawul gamçyny bir elinden beýlekisine aldy. –– Içgi içmegiň günädigini bileňokmy? Agzymda gyzgyn, şorumtyk tagam duýdum. Onuň öz ganymyň tagamydygyna düşündim. Iş ula ýazmaz ýaly, dilime berk bolmalydygymy bilýärdim, ýöne oglumyň ýaşyndaky ýigidiň taýagyny iýip durmaga çydam edip bilmedim. Dil açdym. –– Eger jennete sen tetelliler girjek bolsa, men girmesem-de bolar, gardaş –– diýdim. –– Içerinem, günämem özüm götererin, şeýdenim müň paý gowy. –– Seniň bir, deýýus! – diýip, ýaş ýasawul jabjyndy. Soňra-da gamçysyny depämden indirip başlady. Elim bilen ýüzümi tutsam-da, peýdasy degmedi. Gamçy her gezek inende agzymdan hykgyldydan başga zat çykmady. Şol wagt köne, hereketli bir aýdym ýadyma düşdi. Hiňlenip aýdyma başladym: –– Aman, ýarym, jan ýarym, bu janym saňa gurban, Sen bir meý, menem bada, doldur meni ýaňadan. Men aýdyma gygyrdygymça, ýasawulyň myrryhy atlandy. Gamçy barha gazaply inmäge başlady. Janhowluma menem barha belent sesde gygyrýardym. Ikimizem biri-birimiziň kejimize gaýdyp, ýan bererli däldik. Men gygyrdygymça, ol şonça-da paýyş sögünýärdi, ol sögündigiçe-de, men barha gaty gygyrýardym. Eli ýadar goýar öýtdüm, ýöne goýmady. Haýran galaýmaly, adamda beýle-de ýigrenç boljak oguşýa! Ahyry sesim gyryldy. Gözümiň öňünde şöhlejikler gaýmalaşdy-da, birdenem bar zady tüm garaňkylyk gaplady. Beýleki bir ýasawulyň: «Baýbars, besdir! Beýtme ahyry!» diýýänini çala eşidýärdim. Gamçy urgulary birden kesildi. Bir zatlar diýesim geldi. Soňky sözi özüm aýdaryn öýtdüm, ýöne agzym gandan dolup gürläp bilmedim. Ýüregim bulandy, öz üstüme gaýtardym. Baýbars: –– Bolup ýatyşyňa seret, sen ýaly adama tüýs geregi, seni göreňde, nebsiň agyrýar –– diýdi. –– Ýöne päliňe görä tapdyň. Olaryň menlik işleri gutarypdy. Ýeňselerine öwrüldiler; uzaklaşýan aýak seslerini eşidip galdym. Şol ýerde näçe wagt ýatanymy bilemok. On minut bolmagam ahmal, ençeme sagada ýeten bolmagy-da mümkin. Wagt duman perdesi deýin ýukaldy. Asmandaky Aý bu halymy görmek islemeýän ýaly, bulutlaryň aňyrsynda gizlendi. Akyl-huşum, göwräm ömür bilen ölmüň arasynda –– berzahda hallan atýardy. Birden bir tarapymyň doňup durmasy aýryldy; bedenimiň öýjükleriniň her biri yza öwrülip agyryp başlady. Ýaraly haýwana dönüp, şol ýerde iňledim ýatdym. Birhaýukdan soň biriniň golaýyma gelenini duýdum. Ilki gorkudan daşa döndüm. Birden ogry-jümri bolaýsa bildiňmi? Soňra gülkim tutdy. Ýasawullaryň taýagyny iýeniňden soň, gel-gel, jübükeserlerden gorkmaň näme diýsene! Garaňkylykdan uzyn boýly, inçesagt derwüş peýda boldy. Ýanyma gelip salam berdi, ýerimden turmaga kömekleşdi. Töwrizli Şems diýip, özüni tanatdy, soňra meniň adymy sorady. –– Konýaly Süleýman serhoş emriňize taýyn. Hormatyňyza minnetdardyryn – diýdim. Şems ýüzümdäki ganlary süpürýärdi. –– Ýaraly ekeniň –– diýip, mydyrdady. –– Içiňem şeýle, daşyňam. Jüpbesiniň jübüsinden bir çüýşe çykardy. –– Şu melhemi ýaralaryňa çalarsyň –– diýdi. –– Bagdatly mübärek bir adam sowgat berdi. Seniň nesibäň eken. Içiňdäki ýaraň daşyňdakydan has erbet. –– Taňry ýalkasyn –– diýip sakawladym. Onuň rehimdarlygyndan gözüme ýaş aýlandy. –– Meni gamçylaýan adam: «Siz tetelliler dünýäde öte köplük edýär» diýdi –– diýdim. Bu zatlary gürrüň berýärkäm, sesim endiräp çykdy, tas aglapdym. Ejizlänime utandym. –– Biderek aýdypdyr –– diýip, Şems dillendi. –– Biler bolsaň, bu dünýäde her bir adam hökmany zerurlykdyr hem-de ýüz öwrüp bolmajak derejededir. Tötänden düşen ýa-da artykmaç ýekeje-de zat ýokdur. Bu kadalaryň biridir. Näme kadanyň gürrüňini edýändigini sorap ýetişmänkäm, şeýle diýdi: –– Ýigrimi birinji kada: Her kime bir hili häsiýet berlendir. Eger Alla hemmeleriň birmeňzeş bolmagyny islän bolsady, şübhesiz, şeýle ederdi. Tapawutlylyklara hormat goýmazlyk, öz hakykatlaryňy özgeleriň boýnuna dakmaga çalyşmak Hakyň mukaddes nyzamyna hormat goýmazlykdyr. –– Aýdýan zatlaryň gowy, ýöne... –– diýip, kynlyk bilen dillendim. − Men ähli zada şübheli garaýaryn, hatda Taňra-da. Şems-i Töwrizi argyn ýylgyrdy. –– Şübhe erbet zat däl ahyry. Şübhelenýän bolsaň –– diridigiňdir. Bir zatlar gözleýänsiň. Ol sözüni kitapdan okaýan ýaly, joşgunly labyzda dowam etdi: –– Adam bir gijede iman eýesi bolmaýar, Süleýman. Ynsan özüne ynanýandyryn öýder, ýöne soňra başyna garaşmaýan bir işi düşse, ikirjiňlener, yraň atar. Soňra ýene özüni dürsär, imanyny kuwwatlandyrar, soňra ýene şübhe çukuryna togarlanyp gaýdar... Bu şeýder dowam eder barar. Belli bir basgançaga ýetýänçäk, bir o ýana, bir bu ýana gyşarjak bolar durarys. Kä mömin, kä müňkür, kä şübheçil. Kä jennete mynasyp, kä jähenneme laýyk. Diňe şeýdip öňe gidip bileris. Her ädimimizde-de Haka az-kem ýakynlaşarys. Şübhe duýmazdan, iman mümkin däldir. –– Hristos bu sözleriňi eşitse, alada galar, walla. Agzyňdan çykýan sözlere üns ber diýip, garalla baryny ýagdyrýar –– diýdim. –– Her sözüň öz gulagy bardyr diýip, mydama gulagyma guýup ýör. Şems-i Töwrizi güldi: –– He, olam dogry aýdýar –– diýdi. Soňam birden ýerinden turdy. –– Ýör, hany, seni öýüňe äkideýin. Ýaralaryňy daňarys, soňam biraz ýatsaň kem bolmaz. Goltugyma girip, aýak üstüne galmaga kömek etdi. Ýöne ýöräre mejalym ýokdy. Şol wagt derwüş ýaýdanyp durmady-da, meni arkasyna hopba etdi. Öz ysym öz burnuma urdy. Utanyp gitdim. –– Meni ýere taşla. Gaty erbet porsapdyryn –– diýdim. –– Işiň bolmasyn, sen gowusy, öýüňe nähili gitmelidigini salgy ber. Ynha, şeýdip, Töwrizli Şems üst-başymdaky gan-koka, siýdige, gusuga garaman, meni Konýanyň darajyk köçeleri bilen arkasyna alyp gaýtdy. Çuň ukuda ýatan öýleriň, dükanlaryň, külbeleriň deňinden geçdik. Howlularyň haýatlarynyň aňyrsyndan itler üýrüşdiler. –– Mydama bilesim gelip ýören bir zat bardy –– diýdim. –– Sopularyň taryp edýän meýi hakyky meýmidir ýa göçme manydaky aňlatmamy? Şems çaga bilen gürleşýän ýaly, mylaýym ýylgyrdy: –– Ylahy meý, Süleýman! Şony bilesiň gelýärmidi? Onuň näme parhy bar? –– diýdi. Ahyry öýümiň deňine gelip ýetdik. Meni seresaplyk bilen arkasyndan düşürdi. Soňam şeýle diýdi: –– Ýigrimi ikinji kada: Allanyň çyn aşygy bir meýhana girdimi, ol ýer onuň üçin namazgähe öwrüler. Ýöne serhoş şol namazgähe girdimi, ol ýer onuň üçin meýhana döner. Bu durmuşda näme etsegem, tapawutlary ýüze çykarýan daş görnüşimiz dälde, niýetimizdir. Şems meni öýüme getirip gidenden soň, tükeniksiz görnen hem halys eden gijäniň säher çagynda düşegime geçip, ýüzin düşüp ýatdym. Ýaralarymyň agyrysyndan ýaňa uklamak mümkin däldi, ýöne şonda-da içimde bir ýerlerde özüm üçin nätanyş bolan rahatlyk, kaýyllyk bardy. Ähli ýerim agyrydan zerzaw hem bolsa, haýran galaýmaly ýeri, näme üçindir, janym ýanyp durmaýardy. Ella Boston, 2008-nji ýylyň 3-nji iýuny Beýle-beýle zatlara garaşanokdy. Iýun aýynyň ilkinji günlerinde şeýle bir işler başyna düşdi welin, olaryň hiç birini küýüne getirmeýärdi, esasanam, Kölege aşhanada öli halda tapylar diýip güman edenokdy. Itiň garranyna, mütdetiniň dolup ýörenine aňry ýany bilen düşünse-de, şunça wagtlap öýde iň ýakyn ýoldaşy bolan jandary ýitirmek Ellany erbet elendirdi. Soňra Orlynyň mekdep müdirinden hat aldy. Hatda gyzynyň ýetginjeklikde bolup geçýän ruhy sarsgyny başdan geçirýändigi we ony psihologa görkezilse, artykmaçlyk etmejekdigi bellenýärdi. Onuň synpdaşlarynyň ählisi bu ýagdaýdan habarly eken. Ella habary çuňňur günäkärlik duýgusy bilen kabul etdi. Nädip, perzendiniň ýagdaýynyň şeýledigini aňmadyka? Näme üçin alkymynda bolup geçýän zatlary görmekde gijä galdyka? Ýazyklylyk duýgusy Ella üçin täze zat däldi. Ýöne özüniň enedigine şübhe etmek welin, bütinleý täze duýgudy. Şol döwürlerde Ella her gün Aziz Z. Zahara bilen hat alşyp başlapdy. Her gün iki, üç, käte bäş-alty hat ýazyşýan halatlary-da bolýardy. Ýadyna düşen, içini gysdyran ähli zat barada Azize habar berýärdi. Aziz hem gijä goýman jogap ýazýardy. Şunça syýahat edýändigine we dünýäniň aňrujuna gidip gelýändigine garamazdan, onuň, nädip, internet aragatnaşygyny ýitirmeýşi Ella üçin syr bolup durýardy. Özi-de bilmezden, Aziziň sözleriniň muşdagyna öwrülipdi. Indi ol her pursatda elektron hatlary barlap durýardy. Irden gözüni açyp-açman, ertirlik edinenden soň, irki gezelenjinden gaýdyp gelende, öýlän nahar bişirýärkä, daşaryk çykmazdan ozal, hatda köçede odur-budur alýarka-da, internet kafelere baryp, gelen hatlary gözden geçirýärdi. Iň halaýan serialyna tomaşa edýän mahaly, nahar bişirme jemgyýetinde pomidor dograp durka, goňşulary bilen telefonda gürleşýärkä ýa-da ekizleriň mekdep hem öý tölegleri baradaky mydy-mydylaryny diňleýärkä-de, ýan kompýuteri hemişe ýanynda, hat gutujygy bolsa elmydama açykdy. Azizden täze hat gelmedik bolsa, öňkülerini gaýtadan okaýardy. Täze hat gelen bolsa, söýgä ulaşan ýetginjek ýaly, tolgunman durup bilmeýärdi. Çünki indi bir zady bilýärdi, bu hat alyşmalar ýönekeý tanyşlyk däldi. Aziz bilen alyşýan hatlarynyň arasy güreldigiçe, Ella öňki arkaýynlygyndan ara açýandygyny duýýardy. Çal hem goňur reňk agdyklyk edýän polotno meňzeş durmuşyna häzir diýseň janly –– ýagty, kümüşsöw, aldawçy reňk goşulypdy. Ol bu reňkden çekinýärdi. Ýöne onuň dartyş güýjüniň öňüni alyp bilmejegini-de bilýärdi. Aziz boş ýere hat ýazyp ýören adam däldi. Ýüregini ýolbelet edinmeýän, yşka özüni bermedik adamlaryň hiç biriniň, Aziziň pikiriçe, jansyz göwreden tapawudy ýokdy. Aziz ýazmagyň hatyrasyna ýazmaýardy. Hatlaryny elmydama yhlas bilen, esasy meseleler barada: ölüm hem dirilik, ynanç hem pelsepe, onsoňam yşk hakda ýazýardy. Ella şeýle düýpli mowzuklarda pikirini aýtmaga asla öwrenişmedigem bolsa, oňa höwes bilen imrigýärdi. Bu gatnaşygyň bir ýerlerinde ýaşyryn söýgi ýokundysy, elbetde, bolsa bardyram, ýöne Ella onuň zyýansyz söýgüdigine ynanýardy. Eýse, kiperälem diýilýän tükeniksiz ähtimallyklar labirintiniň hersi bir künjeginde durup, bir-birine söýgi bilen bakmaga näme päsgel berip bilsin? Hat alyşmalar arkaly Ellanyň maşgala bolaly bäri inçelip, üzülere gelen özüne ynamlylyk duýgusyny gaýtadan dikeldip bilmegi ahmaldy. Başga bir tarapdan, orta ýaşly, maşgalaly-zatly amerikaly bir aýalyň gyzyklanmasyna sezewar bolmak, belki, Aziziň hem özüne bolan buýsanjyny artdyrýandyr. Her näme bolanda-da, ol seýrek gabat gelýän erkek kişilerdendi. Garşysyndaky aýalyň özi bilen gyzyklanýanyny duýar-duýmaz, temegini göge tutup, gurda dönübermeýän erkekdi. Çagaly-çugaly halyna keseki erkek kişi bilen ertir diýmän, agşam diýmän hat ýazyşyp, içgin söhbet etmek Ella wyždan azabyny berýärdi. Ýöne herhal, bu gatnaşyk ten lezzetine öwrülmez. Hemişe platonikligine – galtaşmasyzlygyna galar. Bu ýazyksyz günä, günäsiz etmişýaly bir zatdy... Ella Boston, 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny «Öňki hatyňda şeýle ýazypsyň: geldi-geçer netijä esaslanýan meýilnamalar düzüp, durmuşyň akymyna erk edip bileris öýdýäris. Ýöne balyk ýüzüp ýören ummanyna erk edip biler öýdýäňmi? Bu diňe soňy puç umytlara hem ýitgilere getirer. Meniň durmuşym bolsa, hemişe her dürli meýilnamalardyr sanawlar düzmek bilen geçýär, Aziz. Maşgalamyza gerekli zatlaryň ählisi meniň boýnumda. Iň owunjak zatlara çenli özüm seretmeli bolýan. Meni tanaýanlaryň haýsy birinden sorasaň, saňa doly aýdyp berer. Men öňden gelýän ýörelgelere eýerýän ene. Bellän düzgünimden çykylsa halamok (meniň düzgünlerim Şemsiň kadalary ýaly özüne çekiji däl, elbetde). Bir gezek uly gyzym gaharlanyp, partizançylyk taktikasyny ulanýandygymy aýtdy. Olar bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, özlerine garşy «umumy uruş» yglan etmegiň ýerine, «durmuşyna sokjarylmak» usulyny peýdalanýarmyşym. Bir aýdymda aýdylýardy ahyry: «Que sera, sera» –– «Boljak işe ýokdur çäre» diýip, ýadyňa düşýärmi? Bu meniň diýjek aýdymym däl. Özümi hiç erkime goýberemok. Sen dindar adam, ýöne men beýle däl. Dogrusy, her hepde maşgala bolup Şebti belleýäris. Ýöne bu dini çäre bolmakdan beter, biz üçin medeni däp ýaly bir zat. Uniwersitetde okaýarkam, bir ýola Gündogar mistisizmi bilen gyzyklanyp, buddizmi we taoizmi esli wagtlap öwrenipdim. Bile okaýan joralarymyň biri bilen Hindistana gidip, ybadathanalarda ýaşamak hyýalyna-da mündük. Ýöne durmuşymyň şol döwri uzaga çekmedi. Mistiki taglymatlar her näçe ajaýyp bolsa-da, döwrebap ynsanyň zeruryýetlerini kanagatlandyryp bilmeýär diýip şol wagtlar pikir ederdim. Dine beýle sowuk çemeleşmäm seni ynjydyp duran däldir-dä hernä. Şu zatlary özüň babatda hemişe dogruçyl bolmagy isleýänim üçin ýazýaryn. Ony wagty ýeten boýun alma diý-de hasap edäý. Seni görmezden küýseýän Ella. *** «Gadyrdan partizan Ella, Hatyňy Amsterdamdan Malawä gitjek bolup durkam aldym. AIDS-iň ýaýran ýerine, çagalaryň üçden ikisi hossarsyz galan obany surata düşürmäge gidýärin. Işler ugruna bolsa, dört günden soň, öýüme dolanyp gelerin. Onuň şeýle bolmagyny umyt edip bilerinmi? Hawa. Onda ony şeýle etmäge erkim ýetermi? Ýok! Bar edip biljek zadym: ýan kompýuterimi ýanyma almak, gowy işleýän internet aragatnaşygyna girmek we şu durmuşda ýene bir gün ýaşap biljekdigime umyt edip, hereket etmek. Galan zat meniň hem elimde däl, seniň hem. Ynha, şu erkimiziň ýetmeýän bölegine sopular «bäşinji unsur - element» diýýärler. Ot, toprak, howa we suw bilen birlikde dünýäni emele getirýän bäşinji unsur: Boşluk. Düşündiribem, erk edibem bolmaýan, netijede-de partizançylyk taktikasyny ýola goýmak mümkin bolmadyk ölçeg. Biz ynsanlar bu unsura doly akyl ýetirip bilmesek-de, onuň bardygyny bilýäris. Kaýyllygyň nämedigini bilmeýändigiňi aýdýaň. Eger kaýyllyk diýip, asla isleg ýa-da garşylyk bildirmezlige, pikir beýan etmezlige düşünýän bolsaň, onda oňa menem ynanmaýaryn. Meniň kaýyllyk diýip düşünýän zadym bäşinji unsura uýmagyň gerekligidir. Tasawwuf bilen tanşan mahalym, Taňrynyň huzurynda öz-özüme söz berdim. Dogry ýoldan aýrylmazlyk üçin elimden geleni etjekdigime, egoma –– menligime boýun egmejegime we galan zatlaryň ählisini Oňa we diňe Oňa tabşyrjakdygyma lebiz etdim. Meniň göz ýetirýän çäklerimden aňyrda-da bir zatlaryň bardygyny ykrar etdim. Gepiň keltesi, Oňa ynandym. Ynanç hem yşk ýalydyr. Ol subut edilmegini talap edip durmaýar. Mantyga laýyk düşündirişe-de mätäç däl. Ol ýa bardyr, ýa-da ýok! Meni dindar adam hasap edipsiň. Ýöne men beýle däl. Dindar bolmak bilen ynançly adam bolmak şol bir zatlar däldir. Bu iki düşünjäniň arasyndaky tapawut, belki, hiç haçan şu günlerdäki ýaly aýyl-saýyl bolan däldir. Döwrebap dünýäde barha ýitileşýän bir çykgynsyz ýagdaý bar. Biz adamlar dinden, döwletden, jemgyýetden garaşsyz «rasionalist, paýhasly şahsyň» erkanalygyna esaslanýan bir ulgam döretdik. Ýöne adamzat ruhy gözleglerinden hem ýüz öwürmedi. Biz indi akylyň ýetýän çäklerinden aňyrlarda nämäniň bardygyny bilmek isleýäris. Şunça wagtlap akyla daýananymyzdan soň, aňymyzyň çäkli bolaýmagynyň ahmaldygyny boýun almaga başladyk. Bu gün, edil döwrebaplaşma döwründen ozal bolşy ýaly, ruhanyýete bolan gyzyklanma babatda uly öňegidişlik bolup geçýär. Bütin dünýäde barha köp adam özleriniň başagaý durmuşlarynda ruhanyýete has uly orun bermäge çalyşýarlar. Emma ruhanyýet täze bir «pişe» däldir. Ol durmuşymyzda we şahsyýetimizde düýpli özgerişlikleri amala aşyrmazdan, özleşdirip boljak zat däl. Nahar bişirmegi halaýanyňy ýazypdyň. Töwrizli Şems dünýäni ullakan gazana meňzederdi. Onuň içinde iňňän datly tagam bişip dur. Edýän işlerimiz, duýýan, diýýän, hatda pikir edýän her bir närsämiz nahar bişirmek üçin bu gazana atýan zadymyzdyr. Şeýle bolýan bolsa, bu ählumumy tagama näme goşant goýandygymyz barada öz-özümizden soramagymyz gerek. Biz oňa öýke-kine, gahar-gazap, ganly çaknyşyklar we ýowuzlyk atdykmy ýa-da yşk, ynanç hem agzybirlik? Eýse, sen näme goşduň, gadyrdan Ella? Adamzat diýilýän çorba nähili tagam goşant goşduň? Heran-haçan sen hakynda oýlansam, meniň bu gazana atýan zadym ullakan ýylgyryş bolýar. Seni heniz tanamasam hem küýseýärin... Çuňňur söýgi bilen Aziz». | |
|
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Duman daganda: Döwüljek araba kyrk gün öňünden jygyldar - 19.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |